KÖNE KITAPLAR DERDI
Rahman bilen Nedir kitap dükanynda sataşdylar. Olar talyplyk ýyllarynda umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda ýaşapdylar. Rahman şol döwürlerden bäri Nediriň kitaba bolan yhlasynyň güýçlidigini bilýärdi. Owaly bilen bir-biregiň hal-ahwaly, durmuş-güzerany barada soraşdylar. Soňra söhbetiň ugry özgerip, alys ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly degişmä ýazdy.
Rahman elini haýbatly kitap tekjelerdäki kitaplara uzadyşyna, gözlerini güldürip:
– Kitap okamak keselinden entegem gutulmansyň öýdýän – diýdi.
Nedir hem dostunyň kinaýasyna kinaýa bilen jogap berdi:
– Sen-ä kitap okamaga indi başlana meňzeýäň… Ýogsa-da bu ýerde näme işleýäň?
– Dogry aýdýaň, men hem kitap okamaga başladym – diýip, Rahman güldi-de gürrüňini dowam etdi – emma seniň okaýan kitaplaryňy okamok. Men ömrüm boýy birje kitap okaýan, ol hem buhgalteriýa-hasap kitaby. Şu günlerde onuň täze neşiri çykypmyş. Şol täzesini tapsam, könesiniň haýryndan geçjek. Köne kitaplara takatym ýok. Kitap diýleni täze pul ýaly bolsa ýagşy… Sahypalary şark-şark bolup açylyberse…
Soňra Rahman birden bir zat ýadyna düşen ýaly sägindi-de, elini dostunyň egnine goýup gürledi:
– Maňa seret, Nedir, bu ýerdäki kitaplary görüp, bir zat ýadyma düşdi. Gel, men saňa näçe isleseň, kitap bereýin. Bilýän-ä seniň kitap diýseň, durup bilmeýäniňi…
Nedir Rahmanyň bu sözlerine haýran galyp:
– Bä… Bu gün Gün nireden dogduka?! – diýdi.
– Öýümi çalyşdym. Alan öýümiň öňki eýesi kitaplaryny alyp gidesi gelenok. Sebäbi ol meniň öňki öýüme göçmeli, ol ýerde bolsa onuň münder-münder köp kitaplaryna ýer ýok.
– Täze öýüň gutly bolsun!
– Sag bol! Aýtsam, öý eýesi aýal ýeke, özem ýarawsyz. Bir ogly bar eken, ol hem daşary ýurtda ýaşaýarmyş, äri bolsa alym eken, bir wagtlar aradan çykypdyr. Bütin bir otag poldan petige degip duran kitaply şkaflar. Onça kitaby başyma ýapaýynmy?! Saňa duşanym gowy boldy. Gel, saňa şol kitaplary mugtja bereýin. Maşyna ýükle-de äkit. Maşynyň hakynam özüm bereýin. Näme diýersiň? – diýip, Rahman Nedire ýüzlendi.
Nedir biraz oýurganyp durdy-da:
– Bolýar. Ýogsa-da kitaplar haýsy ugra degişli? – diýdi.
– Aýalynyň aýdyşyça, äri uly alym bolupdyr. Dogrusy, adyny, familiýasyny hem aýdypdy welin, ýadymda saklamandyryn. Meniňçe, şkaflardaky kitaplaryň arasynda her ugra degişlilerini tapmak boljaga meňzeýär.
– Boldy-boldy. Sen teklip etseň, razy bolman bolmaz.
Olar täze öýi gözden geçirdiler. Uly otaglaryň birinde merhum öý eýesiniň kitaplary ýerleşýärdi. Hakykatdan hem, Rahmanyň aýdyşy ýaly, bu ýerde dürli ugurlara degişli kitaplar bardy. Uzak ýyllaryň dowamynda el degmedik bu kitaplar Nedire, nähilidir birhili, tanyş ýaly duýuldy. Kitaplaryň daşyndaky ýazgylardan, awtorlarynyň atlaryndan olaryň esasy böleginiň matematika ugruna degişlidigini bilse bolýardy. Belki, bu kitaplaryň tanyş duýulmagy Nediriň bir wagtlar matematika ugrundan ýokary bilim-hünär alanlygyndandyr. Soňra başga ugurda işlese-de, ençe ýyllar mundan öň, talyplyk ýyllarynda okalan bu kitaplara gözi düşüp, Nedir köne dostlaryna duşan ýaly begendi. Ol kitaplaryň we olaryň awtorlarynyň atlaryny edil şygyr okaýan ýaly aýratyn labyz bilen okap başlady:
– Kramer, Markus, Godunow…
Aşhanadan çaý içmek üçin saçak ýazan Rahmanyň owazy eşidildi:
– Hawa, öý saňa ýaradymy? Men ençe ýyllardan bäri şu ýerlere göçmegi isleýärdim. Aýalym hem şu ýerde ösüp-ulalan. Garyndaşlary hem şu töwerekde ýaşaýarlar. Çalşan öýümiň üstüne biraz pulam berdim…
– Oňat öý eken, ýagşylyga buýrsun… Eýler, Paskal, Ybrahimow… Toýlara, baýramlara gelmek nesip etsin…
– Näme üçindir gaz pesräk…
– Aýby ýok, çaýsyz oturybereris… Samarskiý, Iwanow, Halylow…
Kitaplar tekjelerde degişli ugurlar boýunça ýerleşdirilipdir. Ylmy kitaplar bir tarapda, çeper eserler awtorlarynyň ýaşan döwürlerine görä, aýry-aýrylykda şkaflaryň tekjelerinden orun alypdyr. Göýä bu ýerdäki köne kitaplardan doly şkaflarda wagt togtap galan ýalydy.
Kitaplaryň arasynda has gadymkylary hem göze ilýärdi. Olaryň sahaby owadan nagyşlar bilen bezelendi. Näme üçindir, Nedire bu öý hem, şkaflar hem, hatda olardaky kitaplar hem juda ýakyn we gymmatly duýuldy. Hyýalynda bir wagtlar bu öýde bolan ýaly duýgyny başdan geçirdi, emma onuň bu ýere ilkinji gezek gelşidi.
Nedir kitaplardan birini eline aldy. Sahabyny açyp, birinji sahypasyny gözden geçirdi. Haýal ses bilen ýazgylary okap başlady: «Eziz dostum, uly alym Ýylmaz Gulamzada awtordan».
Bu dünýäniň işlerini görsene! Bir wagtlar Ýylmaz Gulamzada Nediriň mugallymydy. Birden onuň damagyna bir zatlar dykylan ýaly boldy. Kitap bolsa, edil çog gyzyl ot ýaly bolup, onuň ellerini köýdürýärdi. Nedir titir-titir edip sandyraýan elleri bilen ýeke-ýekeden kitaplary alyp waraklap başlady. Olaryň köpüsini awtorlar gol çekip, sowgat beripdirler. Elýazmalaryň hemmesi diýen ýaly şu meňzeş jümleler bilen başlanýardy: «Hormatly, Ýylmaz Gulamzada…»
Diýmek, bu mugallymynyň öýi eken-dä. Nediriň göz öňünde Gulamzadanyň mährem keşbi janlandy. Ol kişi bitginli, garaýagyz, saçlary düşüşen, gaşlak adamdy. Leksiýa okanda onuň belent owazy çetki okuw otaglaryna hem baryp ýetýärdi. Ýylmaz mugallym hemmeler üçin, ylaýta-da talyplar üçin söýgüli ynsandy. Talyplardan elinden gelýän kömegini aýamazdy. Matematika ylmyndan, dünýä edebiýatyndan çuňňur bilime eýedi. Soňky jaň dabaralarynda, baýramçylyklarda ýa-da dostlary bilen bolýan oturylyşyklarda tar saz guralynda halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Onuň ýognasdan gelen şirin owazy diňleýjileri maýyl edýärdi.
Bir gün toparyň toparbaşysy Nedire sapakdan soň aýakgap dükanyna gitmäge teklip etdi. Anyk ýadynda, aýazly gyşdy, bütin şäheri galyň gar gaplap alypdy. Nediriň ädiginiň tumşugy ýyrtylyp, gat-gat geýlen joraplardan peýda ýokdy. Dükanda gepiň nämedigi aýan boldy. Toparbaşy dogrusyny aýtdy. Şonda Nedir gaty gysyndy, uýalyp näderini bilmedi…
Ýylmaz mugallym Nedire ädik almak üçin toparbaşa pul berende, ony kimiň berenligini aýtmazlygy haýyş eden eken. Eger Nedir puluň nireden gelenligini
bilmekçi bolup, ýer depip dursa, sapaklaryndan oňat ýetişýän ökde talyplara
döwletden berilýän kömek pul ýa-da sowgat diýip aýtmagy tabşyrypdyr. Emma toparbaşy agzyboşluk edip, puly Gulamzadanyň berendigini aýdypdy. Bir tarapdan, dogrusyny aýdany gowy boldy. Çünki Nedir kimdir biriniň sadakasyny kabul etjek kişi däldi. Emma Ýylmaz Gulamzada welin… Bu ynsan her bir edýän işini ýürekden amala aşyrardy, niýeti-maksady ýagşylykdy. Eziz mugallymynyň sowgat eden ýyljak aýakgabyny köçä geýip çykanda, bedenine ýakymly duýgularyň ýaýraýşy Nediriň henizlerem ýadyndan çykanok.
Nedir uniwersitetiň soňky kursunda okap ýörkä, Ýylmaz Gulamzada tarpa-taýyn aradan çykdy. Merhum bilen hoşlaşyk hem onuň iş jaýynda, talyplara sapak beren uniwersitetinde geçirildi. Onuň jaýlanyşynda hemmeler göz ýaşlaryny saklap bilmediler. Soňra durmuş ýene öz akymyna gitdi. Ýatda galanlar ýatlandy, unudylanlar ýada düşmedi.
Dünýäniň ajap işleri köp eken. Aradan ençe ýyl geçip, hormatly Gulamzadanyň aýaly ärinden miras galan öýüni içindäki kitaplary bilen birine satyp, kiçiräk öýe göçmäge mejbur. Alymyň ýarawsyz aýalyna bu kitaplaryň geregi ýok. Gepiň keltesi, bu köne jaýdaky köne kitaplaryň täleýi şudy. Emma Nedire Ýylmaz mugallymyň bir wagtlar bir kişiniň üsti bilen alyp beren ädiginiň bedenini ýyladyşy ýaly, şol kitaplar hem bir kişiniň üsti bilen onuň eline düşüp, kalbyny ýyladýardy.
Nedir agyr oýlardan saplandy. Gözünden akan ýaşlar kitabyň üstüne damdy. Aşhanadan Rahmanyň sesi geldi:
– Nedir, kitaplar göwnüňe ýaradymy? Sen alyp gitmeseň, olary zyňmaly boljak. Munça kitap-depderiň maňa geregi ýok. Maňa bary-ýogy birje kitap zerur, ýagny buhgalteriýa kitaby… Hany, bäri gel, eliňi ýuw. Çaý taýýar. Isleseň bu duşuşygymyzy belläli. Hä, näme boldy, sesiňi çykaraňok?
Nedir kitaby tekjede goýup, ellerini owkalaşdyrdy. Aşhanadan Rahmanyň aýak sesleri eşidildi.
Firuz MUSTAFA,
azerbaýjan ýazyjysy.
Terjime eden Nury SEÝIDOW.
Hekaýalar