08:03 Köp garaşdyran "Gurulyş. Osman" teleserialy başlandy | |
KÖP GARAŞDYRAN "GURULYŞ. OSMAN" TELESERIALY BAŞLANDY. TELESERIALYÑ AKTÝORLAR SOSTAWYNDA KIMLER BAR?
Teatr we kino sungaty
"Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ iñ soñky jemleme bölüminiñ teleýaýlymda berilen gününden bäri taryh söýüjiler we bu teleserialyñ muşdaklary "Direliş. Ärtogrulyñ" dowamy hökmünde ekranlaşdyryljak täze "Gurulyş. Osman" teleserialyna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Düýn, agşam sagat 22:00-da köp garaşdyran bu serialyñ birinji bölümi Türkiýäniñ "ATV" teleýaýlymynda ýaýlyma berildi. Eýýäm serialyñ birinji bölüminden Bamsy begiñ ogly Aýbarsyñ duşmanlar tarapyndan duzaga düşürilip şehit edilmegi, türkmenler bilen parahatçylykly gatnaşyk saklamak isleýän wizantiýa tekfurynyñ öz aýaly Sofiýanyñ biwepalygyna we haýynlygyna gurban bolup, oýnaşy tarapyndan öldürilmegi Osman begiñ alplary bilen bile hem ar almak üçin, hem bu haýynlygyñ kimler tarapyndan edilendiginiñ magadyna ýetmek üçin duşman kastyna çykmagyna sebäp bolýar. Kast edilşikler tomaşaçylara mundan soñky bölümleriñ dartgynly epizodlara baý boljakdygyny wada berýär. ■ "Gurulyş. Osman" serialynyñ aktýorlar düzüminde kimler bar? Türkiýäniñ TRT-1 döwlet teleýaýlymynyñ birnäçe ýyllap iñ köp tomaşa edilen "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ dowamy hökmünde, emma bütinleý täze konseptde düşürilen "Gurulyş. Osmanda" ýene-de biri-birinden ussat aktýorlar bar. "Direliş. Ärtogrulyñ" awtory Mehmet Bozdagyñ prodýuserlik edýän täze teleserialynda Osman Gazy Türkmeniñ rolunda meşhur aktýor Burak Özçiwit oýnaýar. Serialda Saruhan Hünel, Özge Törer ýaly tanymal artistler hem bar. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Osman Gazynyñ rolunda - Burak Özçiwit; "Direlişiñ" Bamsy begi Ärtogrul Gazynyñ alpy Bamsynyñ rolunda ýene-de - Nureddin Sönmez; Dündar beg Türkmeniñ rolunda - Ragyp Sawaş; Alişaryñ rolunda - Saruhan Hüner; Samsanyñ rolunda - Ysmaýyl Hakky Ürün; Zöhräniñ rolunda - Aýşegül Günaý Demir; Wizantiýaly Sofiýanyñ rolunda - Alma Terziç; Kalonozyñ rolunda - Abdül Süsler; Batyryñ rolunda - Eren Hajysalyhogly; Bala hatynyñ rolunda - Özger Törer; Aýgüliñ rolunda - Buse Arslan Deniz; Burçiniñ rolunda - Aslyhan Karalar; Nyzametdiniñ rolunda - Ugur Arslan; Boranyñ rolunda - Ýigit Uçan; Aýşa hatynyñ - Açelýa Özjan we başgalar. ■ "Gurulyş. Osman" teleserialy nirede düşürilýär? Ekranlaryñ fenomeni bolmagyma garaşylýan "Gurulyş. Osman" teleserialynyñ nirede düşürilýändigi hem iñ köp soralýan soraglaryñ başyny çekýär. Serial Türkiýäniñ Stambul şäheriniñ Beýkoz etrabynyñ Riwa diýen ýerinde düşürilýär. Serialda kyrk sany kaskadýor çykyş edýär. Öz döwrüniñ binalaryny we oturymly ýerlerini ýatladýan şekilde düşürilýän serialda bedew atlar üçin aýrylan aýratyn meýdan bar. Şeýle-de, atlar tebigy şertlere laýyklykda seýisler ýörite tarapyndan ideg edilýär. Serialyñ düşürilýän meýdanynda ýörite taýýarlanan galalar, hammamlar, metjitler, öýler bar. Ýewropanyñ iñ uly platolaryndan hasap edilýän meýdanda häzir altmyş sany neçjar (agaç ussasy) işleýär. Şeýle-de jemi bir müñ bäş ýüze golaý adamyñ zähmet çekýän serialyñ düşürilýän ýeri emeli köl hem döredildi. ■ "Gurulyş. Osmanyñ" temasy Ol otlukly şar gara gözleri bilen gaza we azatlyk oduny tutaşdyrjak gerçek ýigitdi. Ony ady Ärtogrul Gazy ogly Osmandy... Tümlügiñ içinde oña şamçyrag bolan gelejege bolan umytdy... Gandyr gözýaş bilen eýlenen topraklarda tohum kimin sepelenen, ýedi gat asmany, ýedi gat ýeri, daglary, deñizleri aşyp geljek halkyñ ýagty ertirini gelejege bolan umytdan aldy. Ol güýjüni gylyçdan däl-de, umytdan aldy... Diýdimzorlyga adalat bilen, bendilige azatlyk bilen garşy çykan, dünýä taryhynyñ şaýat bolan iñ uly beýik imperiýasyna adyny umyt bilen berdi. Ýetmiş iki milletiñ bagryny ezen berbat düzgüne garşy baş galdyran, ejizleriñ sessiz nalasyna umyt berip, GURULYŞYÑ ady boldy... Gurulyş Osman... Dört ýüz çadyrlyk türkmen obasyndan syçran ylahy yşkdan we umyt uçgunlaryndan gurulan jahan imperiýasyna tarap gadam basmagyñ hekaýaty. ■ Burak Özçiwit kim? Osman Gazy Türkmeniñ keşbini janlandyrýan belli aktýor Burak Özçiwit hem "Gurulyş. Osmanyñ" başlamagy bilen kino muşdaklarynyñ üns merkezine oturdy. Mundan öñem türk serial sektorynda partlama döreden we Osmanly türkmen soltany Soltan Süleýman Kanunynyñ döwründen söz açýan "Ajaýyp asyr" taryhy teleserialynda Malkoçogly begiñ rolunda oýnap, teletomaşaçylaryñ söýgüsine mynasyp bolan Burak Özçiwit "Gurulyş. Osman" teleserialy bilen eýýämden ekranlaryñ baş fenomeni boljaga meñzeýär. Aktýorlyk karýrasynda dürli teleseriallarda we kinofilmlerde oýnan Özçiwit 2005-nji ýylda "Best Model of Turkey" bäsleşiginde ýeñiji bolupdy. Burak Özçiwit 1984-nji ýylyñ 24-nji dekabrynda Stambulda dünýä indi. Asly Türkiýäniñ Gaziantep şäherinden bolan Özçiwit Marmara uniwersitetiniñ sungat fakultetiniñ fotosuratçylyk bölüminde okady. 2003-nji ýylda "Best Model of Turkey" bäsleşigine gatnaşyp, "gelejegine bil baglanýan" ýaşlaryñ hataryna saýlandy. Bäsleşikden soñ "Uğurkan Erez Ajans" agentliginde 2003-2007-nji ýyllar aralygynda modelýer bolup işledi. Soñra mankenligi taşlap, şol agentlikde kaskadýor bolup işledi. 2005-nji ýylda "Best Model of Turkey" bäsleşigine täzeden gatnaşdy we ýeñiş gazandy. Yzyndan "Best Model of The World" bäsleşigine gatnaşdy we dünýäniñ iñ gowy ikinji mankenligine saýlandy. "Faruk Saraç", "Abbate", "Tween", "Network" ýaly iñ gowy markalarda we daşary ýurt sergilerinde ýer aldy. Ilkinji aktýorlyk synanşygyna 2006-njy ýylyñ “Eksi 18” serialynda Myrat atly ýaş komissaryñ roluny janlandyrmak bilen başlandy. 2007-nji ýylyñ noýabr aýynda kinoteatrlara çykan "Musallat" atly fantastiki gorkunçlyklar filminde hem rol aldy. 2008-nji ýylda "Zoraýakdan är", "Dönüklik" teleseriallarynda oýnady. 2008-nji ýylyñ tomsunda eýýäm "Ata ojagy" serialynda oýnady. Has soñ “Gossip Girl” atly daşary ýurt serialyndan täsirlenilip düşürilen "Kiçijik syrlarda" oýnady. 2011-nji ýylda "Ajaýyp asyr" teleserialynda janlandyran Malkoçogly obrazy aktýory öz ýurdunyñ çäklerinden daşarda-da giñden tanatdy. 2013-2014-nji ýyllarda meşhur türk ýazyjysy Reşat Nury Güntekiniñ adybir eseri esasynda üçünji gezek düşürilen "Çalyguşy" serialynda Fahriýe Ewjen (häzir aýaly) we Begüm Kütük dagylar bilen baş rollarda oýnady. 2015-nji ýylyñ 23-nji ýanwarynda kinoteatrlara çykan "Saña meñzeýän söýgi" ("Aşk Sana Benzer") atly kinofilminde hem Fahriý Ewjen, Selim Baýraktar, Ýawuz Bingöl bilen bilen oýnady. 2016-njy ýylyñ 16-njy ýanwarynda kinoteatrlara çykan "Meniñ doganym" atly uzak wagtdan soñ biri-birine duşýan hekaýatyñ gürrüñ berilýän kinofilminde Murat Boz we Asly Enwer bilen bile oýnady. 2015-nji ýylyñ oktýabr aýynda görkezilip başlanan "Keç söýgi" ("Kara Sevda") teleserialynda baş rollarynda Neslihan Atagül bilen bile oýnady. Serialda Zerrin Tekindor, Melisa Asly Pamuk, Kaan Utganjyogly, Burak Sergen, Kürşat Alnyaçyk ýaly belli artistler hem ýer aldy. 2018-nji ýylda "Janpida" kinofilminde Kerem Bursin bilen baş rollary paýlaşdy. Burak Özçiwit "Çalyguşy" serialynda oýnaýarka Fahriýe Ewjen bilen tanyşdy we 2017-nji ýylyñ 29-njy iýunynda nikalaşdylar. ■ Burak Özçiwitiñ oýnan kinofilmleri we teleseriallary: - Prodýuserlik eden kinofilmleri: 2017 - "Meniñ doganym -2"; 2015 - "Saña meñzeýän söýgi". - Oýnan kinofilmleri we seriallary: 2019 - "Gurulyş. Osman" (Osman) (serial); 2018 - "Janpida" (kapitan Alpaslan) (kinofilm); 2017 - "Meniñ doganym -2" (Hakan) (kinofilm); 2015 - "Meniñ doganym" (Hakan) (kinofilm); 2015 - "Keç söýgi" (Kemal) (serial); 2015 - "Uçup giden gögerçin" (özüni) (kinofilm); 2015 - "Saña meñzeýän söýgi"(Aly) (kinofilm); 2013 - 2014 - "Çalyguşy" (Kamran) (TV Dizisi); 2011 - 2013 - "Ajaýyp asyr" (Malkoçogly) (serial); 2010 - 2011 - "Kiçijik syrlar" (Çetin Ateşogly) (serial); 2010 - "Dönüklik" (Emir) (serial); 2008 - 2009 - "Ata ojagy" (Güwen Yörükogly) (serial); 2008 - "Zoraýakdan är" (Ömer Teksoý) (serial); 2007 - "Musallat" (Suat) (kinofilm); 2006 - "Eksi 18" (Myrat) (serial). | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||