19:21 Kosmos zibilligi | |
KOSMOS ZIBILLIGI
Publisistika
Gynansak-da, biziñ günlerimizde adamlaryñ iñ esasy problemalarynyñ biri zir-zibiller we hapaçylykdyr. Adamlar tebigaty, howany, okeanlary hapalaýar. Hatda kosmosy-da hapalap ýetişdiler. Hawa, Ýer togalagynyñ orbitasyndaky kosmos boşlugynda gaýyşyp ýören taşlandylardan kän zat ýok. Kosmos zibilligi geljekde alnyp baryljak kosmos barlaglary üçin barha ulalýan problema öwrülip barýar. • Kosmos zibilligi näme? Kosmos zibilligi diýip kosmos barlaglarynyñ netijesinde Ýer şarynyñ orbitasynda galan, ownukly-irili müñlerçe bölek taşlanda diýilýär. Ellinji ýyllaryñ ikinji ýarymyndan bäri adamlar güýçli raketalar bilen kosmosa dürli emeli hemralary we teleskoplary ugradýar. Ösen tehnologiýanyñ önümi bolan bu enjamlaryñ agramly bölegi ömri soñlananda (ýagny, möhleti geçende) duran orbitasynda aýlanyp ýörmegini dowam etdirýär. Köne emeli hemralar, raketalar we kosmos gämileriniñ bölekleri, reñk taşlandylary, kosmos ýörişleri wagtynda gaçan gurallar kosmos zibilligini emele getirýär. 2019-njy ýylyñ maglumatlaryna görä, edil häzir Ýer şarynyñ orbitasynda (dürli belentlikde we ýerde) 129 million çemesi adamyñ taşlan jisimleri aýlanyp ýör. Bularyñ 128 milliony 1 santimetrden kiçi, 900 müñe ýakyny 1-10 sm arasynda, 34 müñü-de 10 santimetr ýa-da ondanam uly. Orbitanyñ aşakky gatynda aýlanyp ýören "Delta-II" raketasynyñ ikinji tapgyr motory. Surat: Wikiwand ABŞ-nyñ 1958-nji ýylda orbitanyñ aşakky gatlagyna uçuran "Vanguard" emeli hemrasynyñ ýene 240 ýyllap orbitada galmagyna garaşylýar. Surat: Wikiwand 1998-nji ýylda "Endaavour" kosmos raketasynyñ "STS-88" belgili tabşyrygy wagtynda fotosuraty alynan kosmosda aýlanýan termal odeýal. Surat: Wikiwand Ýerden 2 müñ kilometr belentlikdäki zolaga "Ýeriñ aşakky orbitasy" diýilýär. Kosmos zibilliginiñ agramly bölegi şu zolakdadyr. Surat: NASA • Kosmos zibilligi howplumy? NASA-nyñ habar bermegine görä, her günde diýen ýaly kosmos zibilliginden ownuk bölekler Ýeriñ ýüzüne düşýär. Düşende atmosferada ýanyp tüssä öwrülýär ýa-da (uly bolsa) okeana düşýär. Elbetde, wagtal-wagtal uly kosmos zibiliniñ gury ýere düşýän wagtam bolýar. Hernä bularyñ adama degip, ýaralama ähtimallygy nola ýakyn. Ýagny, kosmos zibillihi ýer ýüzündäki adamlara ullakan howp abandyrmaýar. Emma orbitadaky emeli hemralar, kosmos gämileri we kosmonowatlar üçin beter uly howpdye. Çünki bular sagatda 27 müñ kilometre ýetýän tizlikde hereket edýär. Şonuñ üçin kosmos zibiliniñ dyrnak ýaly bölegi-de howpludyr. • Çaknyşýan emeli hemralar 2019-njy ýylda orbita ýerleşdirilen aktiw hytaý emeli hemrasy öñden bäri emeli hemrany göterip ýören kosmos zibilleriniñ bir bölegi bilen 2021-nji ýylyñ martynda çaknyşdy we hatardan çykdy. Şuña meñzeş başga bir hadysa "Иридиум-33" we "Космос-2251" atly iki rus emeli hemrasy ýerden 790 kilometr belentlikde çaknyşdy. "Иридиум-33" hereketdäki emeli hemrady, "Космос-2251" bolsa 1995-nji ýylda işlemegini bes edipdi. Emeli hemralar biri-birine sagatda 42 müñ kilometr sagat tizlikde çaknyşdy. Çaknyşygyñ yzýany bilen geçen günlerde müñden gowrak uly we has ownuk on müñlerçe täze bölegiñ kosmos zibilligini emele getirendigi görüldi. "Иридиум-33", "Kосмос-2251". Surat: Wikipedia • Näme edip bolar? Käbir kosmos kompaniýalary kosmos zibilliklerini arassalamak üçin dürli meýilnamalaryñ üstünde işleýär. Ýöne bularyñ birem amala aşyrylmady. Häzirlikçe orbitanyñ aşakky gatyny kosmos zibillerinden arassalamak üçin edilen iş az. Ýerden teleskop we radarlar bilen 10 santimetrden uly 12 müñe çenli taşlandylaryñ bardygyny görülýär. 2018-nji ýylda Halkara Kosmos stansiýasyna alnyp barylan "RemoveDEBRIS" atly emeli hemra kosmosa goýberildi. Bu emeli hemranyñ maksadt kosmos zibilleriniñ üç ölçegli kartasyny çykarmak (ýagny duran ýerlerini anyklamak) we tizliklerini ölçemek. Şeýtmek bilen karta laýyklykda geljekdäki uçuşlar has howpsuz edilip bilner. "RemoveDEBRIS" - birnäçe kosmos şereketiniñ bilelikde kämilleşdiren 65×65×72 sm ölçeglerde we 100 kilograma golaý agyrlykdaky emeli hemra. Surat: NASA Çaglar SUNAÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |