19:03 Kosmosdaky zibillerimizi çöplemegiñ wagty | |
KOSMOSDAKY ZIBILLERIMIZI ÇÖPLEMEGIÑ WAGTY
Publisistika
Adamlar kosmosa uçma arzuwyna ýetip başlan gününden bäri diñe Ýer togalagynyñ üstüni däl, daşyny-da zir-zibilden doldurdy Adamlar äleme uçma arzuwyna ýetip başlan gününden bäri diñe Ýer togalagynyñ üstüni däl, daşyny-da zir-zibilden doldurdy. Ruslar tarapyndan 1957-nji ýylda uçurylan we dünýäniñ birinji "Спутник-1" emeli hemrasyndan soñ kosmosa 6 müñe golaý emeli hemra ugradyldy. Emma şol emeli hemralaryñ bary-ýogy müñe golaýy häzir ulanyşda. Munuñ özi kosmosda ep-esli mukdarda zibilimiziñ bardygyny añladýar. Ýagny, adam eli bilen dörän galyndylar ýer ýüzünde bolşy ýaly kosmosda-da problema döredýär. Ýer şarynyñ daşynda aýlanyp ýören bölejikleriñ uly bölegi adamyñ taşlan galyndylary - ömrüni soñlan emeli hemralar, kosmos gämilerini göteren raketa galyndylary, uçurylandan sob kosmos gämisinden bölünip aýrylýan komponentler netijesinde orta çykýar. Şonuñ üçinem oña orbita galyndylary diýibem at berilýär. Orbita galyndylarynyñ uly bölegi gaýtadan ýer ýüzüne düşýändigine (käbiri atmosferada ýanyp ýok bolsa, käbiri ýer gatlagyna çenli gelip ýetýär) garamazdan bir bölegi Ýer şarynyñ daşynda gaýmalap ýör. Ýer togalagynyñ daşynda aýlanyp ýören dürli ululykdaky millionlarça galyndynyñ bardygy çak edilýär. Şol galyndylaryñ käbiriniñ tizligi sagatda 30 müñ kilometre ýetip bilýändigi üçin örän ownuk bölejikleri-de kosmos gämilerine uly zeperleri ýetirip bilýär. ESA - Suratda sekuntda 6,8 km tizlik bilen (25.000 km/sag.) hereket edýän 1,2 sm ululykdaky metal şarjagazyñ 18 sm galyñlykdaky metal bölege gelip urlanda ýetirýän zeperi görülýär "Space Surveillance Network" (SSN) diýilýän sistema radarlary we teleskoplary ulanyp, Ýer şarynyñ daşynda aýlanýan galyndylary anyklaýar, sanawa girizýär we synlaýar. Eýsem-de bolsa, Ýer şarynyñ daş-töweregi häzir işläp ýören kosmos serişdeleri üçin alada goýup biljek derejede köplükmi? NASA-nyñ ylmy-barlagçylarynyñ aýtmagyna görä, Ýer şarynyñ töweregindäki kosmos serişdeleriniñ birnäçesiniñ hereket edýän orbitasyndaky (LEO) galyndylaryñ köplügi toplumlaýyn çaknyşyklara getirip biljek sepgitden geçibem gitdi. Kessler sindromy diýilýän bu ýagdaýy kosmosdaky adamyñ taşlan galyndylarynyñ arasyndaky çaknyşyklaryñ köp sanly täze bölejikleriñ emele gelmegi çaknyşma howpunyñ barha artmagyna getirmegi diýip düşündirip bolar. 2013-nji ýylda çykan "Ýeriñ dartylyşy" ("Gravity") kinofilminiñ temasy-da kosmosdaky toplumlaýyn çaknyşyklaryñ getirip biljek howplary baradady. Kinofilmde Halkara Kosmos stansiýasynda işleýän kosmonawtladyñ "Hubble" kosmos teleskopyny abatlaýan wagtynda rus raketasy tarapyndan urlup ömri soñlanan emeli hemranyñ galyndysynyñ sebäp bolýan toplumlaýyn çaknyşygy, şol çaknyşyklar netijesinde kosmos stansiýasyna we orbitadaky beýleki köp sanly kosmos gämisine zeper ýetmegi, şol wagtyñ içinde kosmonawtlaryñ ýere dolanyp geljek boluşlary gürrüñ berilýär. Hakykatda şuña meñzeş wakanyñ bolup geçendigi ýa geçmändigi hakda sorag kelläñize gelip biler. Şu wagta çenli orbita galyndylarynyñ arasynda bolup geçen çaknyşyklaryñ iñ esasysy ABŞ-na degişli aragatnaşyk emeli hemrasy bolan "Iridium-33" bilen Russiýa degişli "Космос-2251" emeli hemrasynyñ arasyndaky çaknyşykdy. Iki emeli hemra 2009-njy ýylyñ 10-njy fewralynda takmynan 790 kilometr belentlikde çaknyşdy. Iki emeli hemranyñam böleklenmegine sebäp bolan hadysadan soñ orbita galyndylarynyñ üstüne dürli ululykdaky müñlerçe täze bölejik goşuldy. Mundan başga-da emeli hemralaryñ bilgeşleýin ýok edilýän ýagdaýlary-da bar. Mysal üçin, käbir ýurtlar emeli hemralara garşy çykarýan ýaraglaryny synap görmek üçin ömri soñlanan emeli hemralary nyşanalap goýberýär. Kosmosdaky şular ýaly heläkçilikleriñ öñüni almagyñ iñ täsirli ýoly bolsa kosmosdaky zir-zibillerimizi arassalamakdyr. Kosmos zibillerini arassalanmaga niýetlenen ylmy-barlaglaryñ birem "RemoveDebris" atly maksatnama. 2017-nji ýylda synap görmek meýilleşdirilen maksatnamada orbita galyndylaryny ýok etmek maksady bilen dürli usullar ulanylýar. Bularyñ birinjisinde kosmos zibillerini balykçy toruna çalymdaş sistema bilen ele salmak, soñra kosmos serişdesi bilen bile hereket edýän galyndyny kosmos gämisi bilen Ýere gaýdyp gelende atmosferadaky sürtülme bilen ýakyp-ýok etmek göz öñüne tutulýar. Barlanyp görüljek ýene bir usulda baş maksat orbita galyndylarynyñ hereket ediş ugrunyñ atmosfera girmegini üpjün etjek görnüşde üýtgedilmegidir. Ýaponiýanyñ Kosmos gullugy (JAXA) bolsa ýakyn wagtda kosmos zibillerini arassalamak maksady bilen kämilleşdiren sistemasyny synap görmek üçin kosmosa ugratdy. JAXA "KITE" diýip atlandyrylan synagda kosmos gämisinden ujunda 20 kilogramlyk agramy bolan 700 metr uzynlykda ýüp sallanylar. Synag wagtynda ýüpdäki elektrik akymynyñ we Ýer şarynyñ magnit meýdanynyñ täsiri bilen daş-töwereginizi gurşap alan kosmos zibilleriniñ ugruny üýtgetmegi we atmosfera girmegi göz öñüne tutulýar. Ýewropanyñ Kosmos gullugy (ESA) hem Ýer togalagynyñ orbitasyny howpsuz we arassa zolaga öwürmek maksady bulen "Clean Space" atly programmany işläp düzüpdir. Programmanyñ çäginde üstünde işlenýän we 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen "e.Deorbit" taslamasynda robot gol ýa-da tor ulanylyp, orbita galyndylaryny ele salmagyñ üstünde işlenýär. "e.Deorbit" Emma kosmosdaky yzlarymyzy arassalamak işinde diñe kosmos zibillerini "çöplemäge" üns bermek ýeterlik bolman biler. Bu meselä durnukly çözgüt tapmagyñ iñ esasy ýoly, belki-de, kosmos barlaglarynyñ her tapgyrynda (işläp düzme, önümçilik, uçurma, işletme, ýok etme) has daşky gurşawlaýyn we amatly tehnologiýalary kämilleşdirmekdir. • Has giñişleýin maglumatlary okamak isleýänler şu aşakdaky çeşmelere ýüzlenip bilerler: 1). Liou, J. -C., Johnson, N.L., “Instability of the present LEO satellite populations”, Advances in Space Research, Jilt 41, Sany 7, s. 1046-1053, 2008. 2). Liou, J. -C., “The Orbital Debris Problem and the Challenges for Environment Remediation”, Space Debris Symposium, Japonya, 25.01.2013. 3). Johnson, N., “The Collision of Iridium 33 and Cosmos 2251: The Shape of Things to Come”, 60th International Astronautical Congress, Günorta Koreýa, 2009. http://www.esa.int/Our_Activities/Space_Engineering_Technology/Clean_Space Dr. Tuba SARYGÜL. 23.01.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |