22:30 Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa | |
KUPEDÄKI ÝOLDAŞLAR
Hekaýalar
Otly ugrady. Penjireden Soçi wokzalynyň çyralary yzly-yzyna geçip başlady. Nikolaý Petrowiç Sokolowskiý çemodanyny bir gyrada goýdy. Kiçiräk gara çemodanyny ýokaryk, polka ýerleşdirdi. Çemodanyň gulpyny barlady. Berkligine göz ýetirmek üçin birnäçe gezek çekibem gördi, paltosy bilen üstüni örtüp goýdy. Şondan soňra rahatlanyp penjiräň garşysynda oturdy. Birnäçe sagatdan soňra deňiz manzarlaryndan ýadap Nikolaý Petrowiç wagonyň kolidoryna çykdy. Penjireden ullakan wokzalyň binasy göründi. Otly haýallady. Nikolaý Petrowiç "Lazarewskaýa" diýen ýazgyny okady. Otly durdy. Sokolowskiý deňinden birnäçe gezek geçibem ýekejesinde hem düşüp gezelenç etmedik wokzalyny tomaşa etmäge başlady. "Ýakymly ýer bolsa gerek, aýlanyp görsemä gowy bolardy" diýip oýlady. Şol mahal wokzalyň öňündäki dükandan nämedir bir zat satyn alyp, çalt-çalt ýöräp otla ýöräp gelýän ýigide gözi düşdi. Nikolaý Petrowiç: — Sergeý— diýip gygyryp elini bulady. Ýigit başyny galdyrdy: — Nikolaý Petrowiç? Otly gymyldady, Sergeý elindäkini mäkäm gysyp basgançaga bökdi. Otly ýerinden gozgalyp bat alyp başlady. Sergeý wagona girdi. Nikolaý Petrowiç, Sergeý ýanyna gelensoň geň galyp: — Senem şu otlyda gitmelimi?— diýdi. Bu otuz ýaşlaryndaky, goňur saçlary gysga, görmegeý penjek giýinen ýigitdi. Bir wagtlar Sergeý, Sokolowskiýiniň elinde, onuň firmasynda işläpdi. Şondan bäri näçe ýyl geçdi, belki üç-dört ýyl Nikolaý Petrowiçiň ýadyna düşenok. Häzir olar biri-birine gyzyklanma bilen seredip durdylar. Sergeý ýylgyryp elini uzatdy: — Şeýle hem bolup durýar. — Senem Moskwa barýaňmy? — Başga nirä bolsun. — Soçida dynç aldyňmy? Sergeý baş atdy. — Siz nä? — Iş bilen geldim. Şertnama baglaşdym. Dynç almaga wagt ýok. Umuman, men Gresiýada dynç almagy halaýan ýa-da Kiprda... Sergeý ýylgyryp baş atdy: — Ýaşaýan ýaşaýar. — Isleseň meň kupeme gir. Bir adama ýürek gysgynç. — Bolýar. Sataşanlaryny ýuwdylar. Nikolaý Petrowiçiň kupesindäki stolda bir çüýşe "Smirnowskiý" bilen iki sany plastik stakan, her dürli salatlar peýda boldy. Gürrüň gyzyşdy. Gelejekki prezident saýlawlary hakynda, Çeçenistan hakynda, Ýugoslawiýa hakynda, gürrüň etdiler. Çüýşe ýarsyna ýetende Nikolaý Petrowiç gyzyklanyp: — Sen näme iş edýäň?— diýip sorady. Sergeý oýlanyp elindäki stakana bakdy, ony barmaklarynyň arasynda pyrlady. — Maliýe ministriliginde kiçiräk wezipede işleýän. — Nähili wezipe? — Bagyşlarsyňyz, işim örän gizlin, hiç zat aýdyp biljek däl. — Düşünýän. Nikolaý Petrowiçiň özi hem gizlin biznes bilen meşgullanýardy, şonuň üçin hem agzy gaýym adamlara hormat goýýardy. Sergeý stakanlary doldurdy. Nikolaý Petrowiç ýerinden galyp: — Bir az garaş, men daş çykyp geleýin— diýdi. Ol az salym ikirjiňlendi, soňra ikinji polkadan paltosynyň astyndaky çemodanyny hem alyp daş çykdy. Bäş minutdan soňra dolanyp geldi. Onuň görünişi şadyýandy. Sergeý oturan ýerinden daşaryny üns bilen synlaýardy. Sergeý biraz pikirlenip: — Nikolaý Petrowiç men siz bilen maslahatlaşmakçydym. Ol çüýşäni gyra süýşürip penjiräň aňyrsynda garalyp gelýän awgust agşamyny ýagtyldyp duran aýa seretdi. Nikolaý Petrowiç gaýtadan çemodanyny palto dolap öňki ýerinde goýdy. Soňra Sergeýiň garşysyna geçip oturdy. Sergeý gürrüňe başlady: — Siz tejribeli işewür adam, men siziň pikiriňize hormat goýýan. Maňa maslahat bermegiňizi isleýän. Ýönekeý maslahat. Nikolaý Petrowiç baş atyp diňlemäge taýýarlandy. — Işim sebäpli özümiň halamaýan işlerimi etmeli bolýan. Size muny nähili düşündirsemkam— Sergeý egnini gysdy— Wyždanym gynalýa diýsemmi?... Işi welin etmeli bolýan. Siz düşünýäňizmi?. Nikolaý Petrowiç baş atdy. — Düşünýän. Mende hem seniň ýaşyňda şuňa meňzeş ýagdaý boldy. Hemme şol basgançakdan geçýär. Sergeý jübisinden "Malboroň" gutusyny aldy. Bir sanysyny lebine goýdy, soňra bärde çekilmeýändigi ýadyna düşüp çilimi stola oklady. Nikolaý Petrowiç: — Iň möhümi, pul gazanmak. Pul erkegiň kuwwaty. Pul adamy azat, erkin edýär. Garyplyk dünýädäki iň aýylganç zat ahyryn. Garyplyk seni garynja öwürýär, garynjany bilmän basyp, ýençýärler, ünsem berenoklar. Pul seni dünýäniň depesine galdyrýar, erkin edýär. Erkinlik näme? Bu özgelere höküm etmek. Adamlar— haýwanlar, açgöz şagallar. Olar güýçliň aýagyny ýalap, ejizi dişleýärler. Deňleriň arasynda deň bolaryn diýip oýlamak akmaklyk. Erkinlik... Özgeler seniň aýagyň astynda bolsalar sen erkinsiň. Erkinlik— şul. Munyň ýaly erkinligi saňa pul berýär. Pul näme? Pul— bergidarlyk kagyzy. Pulyň näçe kän bolsa, bu dünýä saňa şonça bergidar bolýar. Möhümi şul. Günäler... günäleri ýuwmak üçin ybadathana bar-a. Günäler hakynda oýlama. Ýene-de. Sen möhüm bir zady bilmegiň gerek. Bu dünýäde ýaşamakçy bolsaň, ýaşa, göwnüňdäki ýaly ýaşa. Dünýädäki barça adamlar iki topara bölünýär. Işewürler we samsyklar. Sen kim bolmakçy, özüň saýla. Işewürler öňe ymtylýarlar, samsyklar eşek ýaly işleýärler. Işewürler ýaşaýarlar, samsyklar gün geçirýärler. Dünýäniň bar baýlygy, bar rahatlygy işewürler üçin. Samsyklar olar üçin hemme şerti döredip berýär. Öňem şeýle bolupdyr, mundan soňrada şeýle bolup galar. Ahlak, edep, wyždan— bulary işewürler oýlap tapypdyr. Özleri üçinmi? Ýok, samsyklar üçin. Sergeý üns bilen diňleýärdi. Nikolaý Petrowiç dowam etdi: — Olar ýene dini oýlap tapypdyr. Garyplara olar näme üçin adama meňzäp ýaşap bilmejekdigini düşündirmek, olary garyplyga öwrenişdirmek gerekdi. Sergeý: — Belki dini bu geplere goşmasak gowy bolar? — Ýok. Ol dünýäden heniz hiç kim gaýdyp gelmedik, taňryny hem hiç kim görmändir. Ýa nädogry aýdýanmy? Sergeý egnini gysdy: — Dogry ýaly. — Hawa, şeýle— Nikolaý Petrowiç köýneginiň ýokarky iliklerini ýazdyrdy, ol gyzýardy— Ähli patyşalar, begler, jenaplar— işewür adamlar olaryň hyzmatkärleri, daýhanlar, gullar— ejizlerdi. Işewürler kanunlary oýlap tapdy. Dine ynanmaýan akmaklar üçin kanuny oýlap tapdylar. Hemme wagtda we ýerde kanunlar işewürleri akmaklardan goraýar. Akmaklara bu ýokanok. Inkilap nämeden başlan bolsa, şol bilen hem gutardy. Käbir akyllyrak garyplar bölünip çykyp özleri işewür boldy. Ýene-de barça zat öňki-öňkiligine galdy. Sergeý inkär etmekçi boldy: — Emma, sungat, medeniýet, bular kim rehimsizlik etse jezasyny alýar we kim wyždanly bolsa ahyr soňunda maksadyna ýetýär diýip öwredýär... — Sungat — işewürleriň ýene bir önümi— Nikolaý Petrowiç ýerinden galaýjak boldy— Garyplar üçin ýene bir gapan. Özüň pikirlenip gör: sungat, ahlak, kanun, din. Ählisi bir zat hakynda: ýagşylyk et, ýamanlyk etme. Kim ýamanlyk etse, jezalandyrýarlar. Din duýdurýar, kanun jezalandyrýar, ahlak öwredýär, sungat öwrenişdirýär. Hemmesi öldürme, ogurlama, aldama diýýär. Şeýlemi, dälmi? Ýöne sen daş-töweregiňe seret— islendik ýurtda, islendik wagtda kim öldürse, ogurlasa we aldap bilse şol hökmurowanlyk edýär. Olar aňrybaş derejede ýaşaýar we ta dünýä durýança şeýle hem ýaşarlar. Olaryň geplerine gulak asanlaram diňe galyndy bilen gün görerler. Işewür oňa aýagyny süpürer we özi amal etmeýän kadalaryny öwreder. Nikolaý Petrowiç ýassyga ýassandy. Ol ýadapdy, emma öz pelsepesiniň güýçlidigine guwanýardy. Sergeý oýlandy. Inkär etmekçi boldy, emma, inkär edere söz galmandy. Ol gamgyn baş atdy. Nikolaý Petrowiç: — Haýsy tarapa goşulmakçydygyňy özüň saýla. Eger garyp bolmagy islemeseň "hallalyk" "wyždany" unut. Bular aldaw. Haçan pulyň kän bolsa islän zadyňy alyp bilseň şu — hallalyk, wyždan... saňa näme peýdaly bolsa, şony et we mydama özüňi akla— wyždan diýileni şul. Sergeý baş atyp tassyklady: — Nikolaý Petrowiç siz meni ynandyrdyňyz— ol ýerinden galdy— Dogrusy, men size garşy delil getirmekçidim. Emma mende delil ýok... belki nähilidir çäklendirmeler bardyr? Belki edeniňden, etmedigiň gowy bolýan zatlar bardyr? Nähilidir çäk, serhet bardyr? Nikolaý Petrowiç başyny ýaýkady: — Sergeý, sen ministrilikde näme edýäniňi bilemok, bilmegi hem islämok. Sen öz işiňi rahat et. Nämeden pul gelýän bolsa şony et. Et we wyždany unut. Eger akylly adam bolsaň, unut. — Bolýar— Sergeý jübisinden niline ses peseldiji ornadylan rewolwer (sapança) çykardy. — Bolýar— ol nyşana aldy— Men ministrlikde işlemeýän, Nikolaý Petrowiç. Ýöne bu möhüm däl. Nikolaý Petrowiç agzyny açdy-da şägirdine seredip aňk bolup galdy. — Siz, ýalňyşmasam, Şoçi-a nobatdaky şertnama gol çekmäge bardyňyz, şeýlemi? — Sergeý, saňa näme boldy? — Diýmek siz ezizläp, hajathana hem özüňiz bilen äkiden çemodanyňyzda... — Sergeý, bu gowy däl. Biz biri-birimizi näçe wagtdan bäri tanaýas. — Nämesi erbet? Haçan jübiňde pul bolmasa şonda erbet bolýar. Şeýle diýip özüň aýtdyňmy? Çemodany aç! Çalt! Nikolaý Petrowiç ýerinden galyp, çemodany aldy. Aldamakçy boldy: — Parolyny bilemok. — Üçe çenli sanaýan. Bir... — Bolýar, häzir. Ol özüne boýun egmeýän, sandyraklaýan barmaklary bilen iki gulpy hem açdy. Sergeý ýalňyşmandyr, çemodan dollarlardan hyryn-dykyn doludy. — Se-Sergeý— sakawlap zordan gürledi— ta-taňrydan gork. —Nähili taňrydan, Nikolaý Petrowiç? Ony hiç kim görmedik ahyryn. Ol dünýäden hem hiç kim dolanmadyk. Nikolaý Petrowiçiň beýnisinde her dürli garama-garşy pikirler at çapýardy. Bir zatlar diýmelidi. Çaltlyk bilen nämedir bir zatlar diýmelidi, ýöne näme diýsin? Ol aýtjagyny aýdyp bolupdy ahbetin. Aleksandr BONDAR. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI. | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||