21:58 Kyýamat baradaky gürrüñleriñ örüsi giñeýär | |
KYÝAMAT BARADAKY GÜRRÜÑLERIÑ ÖRÜSI GIÑEÝÄR
Publisistika
Ýadro urşy, klimat üýtgeşmeleri, köpçülikleýin ýokanç keseller, emeli añ boýunça gorky-howatyrlanmalar çekişmeleriñ temasyny üýtgedýär Emeli añ, uruşlar, klimat üýtgeşmeleri we köpçülikleýin ýokanç keseller baradaky gorky-ünjiler "kyýamat" hakda has köp gürrüñ edilmegine sebäp bolýar. ABŞ-nyñ Wermont ştatyndaly Middlebury Kolležiniñ professorlary Erik Bleýçdir Kristofer Staryñ analizine görä, "ahyrzaman" indi giñden ýaýran, ýöne agşamlyk naharynyñ ürküziji gürrüñine öwrüldi. Bleýç we Star "StudyFinds" üçin ýakynda bilelikde ýazan makalasynda öñe çykan dört "kyýamat" temasynyñ mediýadaky habarlaşdyrylma ugurlaryny analiz etdi: Ýadro urşy, köpçülikleýin ýokanç keseller, klimat üýtgeşmeleri, emeli añ. Barlagçylar mediýada kyýamat baradaky çekişmeli gürrüñleriñ "jemgyýetçige hökmüni ýöredýän gaýgy-aladalar üçin barometr" bolup ulanylyp bilinjekdigini öñe sürýär. ABŞ-nyñ üç "The New York Times", "The Wall Street Journal", "The Washington Post" gazetlerinde 1980-nji ýyl bilen 2023-nji ýyl aralygynda "kyýamat" ýa-da "kyýamat bilen baglanyşykly" sözleriñ geçen makalalary analiz edildi. Dini temaly we güýmenje makalalar süzgüçden geçirildi, şondan soñ dört kyýamat endişesiniñ birinden ýa-da has köpüsinden söz açýan 9 müñ 380 makala galdy: Ýadro urşy, köpçülikleýin ýokanç keseller, klimat üýtgeşmeleri, emeli añ. Gyzyklanmalar agzalan döwürde dört temadanam gürrüñ edýän makalalarda durnukly artyş bolýandygyny görkezýär. Munuñ bilen birlikde iñ köp edilen endişeler onlarça ýyldan soñ üýtgeýär. Emeli añ birinji gezek 2023-nji ýylda ýadro urşundan has köp kyýamat çekişmeleri bilen baglanyşyklylykda ýetirildi. Bu analiz esasy gorkynyñ ýadro urşunyñ bolan "Sowuk uruşyñ" soñlanmagyndan, munuñ keseller we klimat üýtgeşmeleri tarapyndan yzda galdyrylan 90-njy ýyllara çenli gorky-ünjileriñ nähili ösendigini synlaýar. Makalada "2000-nji ýyllara gelinende gazetleriñ gyzyklanmasy gönüden-göni daşky gurşawyñ gaýgysyna ýönelipdi we 2010-njy ýyllarda bu ýönelme hasam artdy" diýilýär. Koronawirus pandemiýasynyñ başlan 2020-nji ýylynda "kyýamat" we "kyýamat bilen baglanyşykly" saglygy goraýyş ulgamynyñ işine we ýokanç kesele bagyşlanan makalalar aşa köpeldi. Professorlar 2010-njy ýyllar bilen deñeşdirende 2020-nji ýyllarda ýokanç keseli kyýamat bilen baglanyşdyrýan habarlaryñ üç esse köp berilendigini aýdýar. Şol sanda, emeli añ 2015-nji ýyla çenli mediýada ýeke ýerde agzalmadygam bolsa, "soñky tehnologiki ösüşleriñ 2023-nji ýylda ilkinji gezek ýadro gorkularyndan has köp emeli añyñ üstünde durup geçýän kyýamat makalalarynyñ ýazylmagyna sebäp bolandygyny" aýdýarlar. "Pew" ylmy-barlag merkeziniñ 2022-nji ýylda geçiren pikir soralşygy eýýäm kämillik ýaşyna ýeten her on amerikan raýatyndan biriniñ "ahyrzamanda ýaşaýandygyna" ynanýandygyny ýüze çykarypdy. Munuñ bilen birlikde bu pikir soralşygy şol sanda 58%-niñ beýle pikiriniñ ýokdugyny we "ýokary bilimi bolmadyk amerikanlaryñ ýokary bilimli raýatlara garanda adamzadyñ soñunuñ golaýlaşandygyna ynanma ähtimallygynyñ has artykdygyny" görkezipdi. Maýk BEDIGAN. Şenbe, 04.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |