15:08 Lebap / goşgular | |
LEBAP
Goşgular
Lebap! Senden uzaklaşsam bir günlük, Zerurlykdan dörän alada görä, Kalbyma durmuşdan berlen gurgunlyk, Nowruz gary kimin bada-bat erär. Perwana diýermiş: - "Jandan geçsem-de, Yşga kowalaşyp, Güni küýsärin". Müñ bir gözellikden şerbet içsem-de, Men seni küýsärin, Seni küýsärin! Lebap! Heý, barmydyr senden gözel ýer?! Senden gözel mekan bolup bilmez hiç. Duýar muny gursagyñda gezenler, Añyrsy, Añyrsy üç güne deñiç. Altyn çagalygym keýpin çag edip, Geçdi señ göwsüñden ajap gudrat dek. ...Ne hezildi buýanlardab bag ekip, Bulda bakyp ýörenleri büdretmek. Atalar deý gan dökmeli bolmadymn Lezzet aldym Jeýhunymda ýüzmekden. Çagakam köp zadyñ syryn bilmedim, Bar zadyñ manysy oýnap gezmekdi. Dogry, käte aýagyma çümende Ýandaklaryñ yzasyny duýdum men. Azaşsam-da oturmadym ejizläp, Ýoly ýöräp ýeñmeklige uýdum men. Ýigit çykdym çagalykdan saplanyp, Bu gün hyzmat edýän Watan duzuna. Çagalygym geçmişimden saýlanyp, Indi her gün salam berýär özüme. Menzil ýatyr, menzillerden ötsem-de, Barha gyzyp barýar bu göreş ýoly. Birden orbitañdan çykyp gitsem-de, Dolanyp gelerin Gagarin ýaly. ■ ÝAŞLYGYM Bagty zer baldakly gözel ýaşlygym, Çalym edýär ýyldyrymyñ ýalkymna. Düwlen ýumruk deýin jemläp güýjüni, Bagyşlaýar Watanyma, halkyma. Çalyp ýeñişleriñ mukamyn, Ellermi ýetirdim Bagt gapysyna. Ýaşlygmyzy aýdyp edip girizýän Mukaddes poeziýañ sahypasyna. Gudratlardan gaýym bolan güýjüm bar, Üýtgedýärin derýalaryñ ugruny. Şeýdip döwrümiziñ taryhyna men, Ýazýaryn ýaşlygmyñ ajap şygryny. Darka ýaryp gatbar-gatbat daglary, Menzillerden-menzillere ýol çekýän. Dabaraly ýaşlygmyzyñ adyndan Asyrmyzyñ gündeligne gol çekýän. Täze romanlarda bolyp gahryman, Täze eýýäm içre geçip eýýäme. Öçmese-de Magnitkanyñ şöhrady, KAMAZ-y işledip, başladyk BAM-a. Gülleýär gan döküp gazanan dünýäm, Takyrly sähralar bir görseñ bagdyr. Bagtlydyr kim diýse: - Bu göreşde Meniñem ujypsyz goşandym bardyr". Merdana ýaşlygym döwrüñ pälwany, Gaýratymy gizlemeli bolmaryn. Şonuñ üçin bu ömrümde hiç haçan, Ýaşlygymy gözlemeli bolmaryn. Kem-kemden dünýäñem keşbin özgerdip, Gojalyga guwanç bilen bararyn. ...Bir çak sorasalar ýaşlygym hakda, Şu günki günleri salgy bererin. ■ SEÝDI DIÝLENDE... Seýitnazar Seýdiniñ 200 ýyllygyna Uç-gyraksyz ýaýlyp ýatan boz çöller Kalbyñy gaplaýar Seýdi diýlende. Güler ýüzli, parasatly gözeller, Kalbyñy gaplaýar, Seýdi diýlende. Hakdan däl, halkynyñ gamyby içmiş, Üç müñ hesret bilen üç gezek göçmüş, Horlukly, Zorlukly gowgaly geçmiş, Kalbyñy gaplaýar, Seýdi diýlende. Soñky demine çen döwüşen pälwan, Egri gyljyn syryp, göreşen pälwan, "Watan!" diýp, at münüp, söweşen pälwan Kalbyñy gaplaýar, Seýdi diýlende. Guwançly tutulýar ady her ýerde - Hem çet ülkelerde, hem merkezlerde, Dana şahyr bilen batyr serkerde, Kalbyñy gaplaýar, Seýdi diýlende. Belki, ýer astynda däldir ol ýatan, Belki, ol şapakdyr dañ bolup atan, Jandan eý görülen, görülýän Watan, Kalbyñy gaplaýar, Seýdi diýlende. ■ JÖWEN Gulaç boýly ýapraklaryn galgadyp Mymyk şemala. Ýaşyl begres geýnen inçejik jöwen, Geldi kemala. Toprakdan deñ çykan kädiler ýerde Galdylar garap. Otyr kelem, käşir, sogan - bular-da Başlaryn yrap. Baş çykardy welin, Duýdansyz ýerden, Dänelije çogdam başy aşaga Egildi birden. Pikir etdim onuñ däneleriniñ Görüp agyny. Meger ene Ýerden gözleýär eglip Juwan çagyny. ■ BAKY BAHARA BARÝAN Ugran otly kimin umma gitdi gyş. Buşluk! Bahar gelýär, açylýar güller. Gökde bulut oýnap, sil ýasýar ýagyş, Mylaýym howadan dem alýar günler. Agaçlar kem-kemden ýazýar ýapragyn, Hem dolanýar olar begres şalyna. Çalym edýär çemenzarly topragym Şaý dakynyp toýa gelýän geline. Müñ görk bilen ýüz dürli gül açylýar, Töwerege saçýar müşküñ ysyny. Duýgy ganatlanýar, ylham eçilýär, Şahyrlar döredýär ýaz goşgusyny. Bahar geldi, gül äkeldi ajaýyp, Güller bilen gurşalypdyr her ýanym. ...Gözelligi juwan kalbyma çaýyp, Men baky Bahara tarap barýaryn. ■ ŞAHYRYÑ ARZUWY Şahyryñ ýüregi möwç urýar dyñzap, Arzuw bilen uçýar paýhas durnasy: Adamynyñ ýüreginden önen zat Adamlaryñ arasynda ornasyn! Gurşun bolup girsin danañ sözüne, Aşyklaryñ dodagyna bal gatsyn! Kuwwat berip gojalaryñ dyzyna Menzillerden menzillere ylgasyn! Ajap-ajap goşgularyñ käninde Meñ goşgymam göze ilsin, uz bolsun! Jahyl çykan ýigitlerin ýanynda Özem söýülmedik gözel gyz bolsun! ■ ÝOLDA Täze ýol garşylap ýaş ýolagçyny, Äleme nur çaýdy Wolga säheri. Göründi ýyldyzly asmana meñzäp, Alysdan Leniniñ doglan şäheri. Gyzlymtyl gabykly sosna tokaýy, Buluda direýär merdem başyny. Başlanýar bu tokaý Wolga boýundan, Otyr giñ şäheriñ gurşap daşyny. Tolkunlar böküşip, seretseñ Wolga, Çyrpynşyp gelýär-de, Çyrpynşyp gidýär. Nirdendir bir ýerde owralan buzlar; Akym bilen ýuwaş hereket edýär. Wolganyñ çägesöw giñiş güzerin, Gezim edip synlaýar ol her ýany. Tolkunlara çaknyşanda nazary, Gören ýaly bolýar Amyderýany. ■ BOLSA-DA ARADA ALYS MENZILLER Toý şowhuny bilen ýañ salyp dünýä, Hereket şerbetin paýlanda bahar, Ýetişen gyz kimin, güller açylyp, Tapyşan aşyk deý ýylgyryp bakar. Şahyrlyk duýgulam her esger kalbym, Kepderlere goşup kakýar ganatyn. Beýik söýgi hakda goşgy ýazmaga, Saýlap aldym şol gülleriñ arasyn. Şu gülleri - tebigatyñ görküni, Şu topragy, Şu Watany goraýan. A sen bolsa menden alys mekanda Öz bagtyñam, Meñ bagtyñam goraýañ. Menzillere ara salyp Lebapda, Beýlekimjz Powolžýede dursak-da, Ymtylyp geljegiñ belentliklernw Iki ýürek urýar ýalñyz gursakda. Iki ýürek urýar ýalñyz gursakda, Arada menziller bardyr öýdemok. Gaplanypdyr guwanjyna geljegiñ, Aýralygyñ aýdymyny aýdanok. ■ BILBIL Uzakda bir bilbil şadyýan saýrap, Bütin töweregi joşa getirdi. Muhabbet owazy çar ýana ýaýrap, Nowjuwan kalbymy göge göterdi. Çilim çekmek üçin saklandyk biraz, Saýlap goja dubuñ goýy kölgesin. Gitdik goramaga soñra bolsa viz Watan, Hem-de şol bilbiliñ nagmasyn. ■ POSTDA Aý saçyp asmandan süýt ýaly nurun, Bütin töweregi görkezýär aýdyñ, Ýazyñ bir gijesi postumda durun, Eşdilýär uzakda ýañlanýan aýdym. Görünýär depeden ser salan bada, Şäherde lowurdap ýanýan yşyklar. Belki, şu eşdilýän aýdymlary-da, Aýdýandyrlar şol ýerdäki aşyklar. Mertlik duýgulary gaplap ýüregmi, Bir gez göterildim aýdym sesine. Elde has-da ykjam tutdum ýaragmy, Şol azat aýdymlañ hatyrasyna. ■ SYRGYN Ýel öwüsýär, Ýel öwüsýär, şuwlaýar Üzsem diýýär telegrafyñ simlerin. Syrgyna parh etmän gorýar esgerler Mähriban Watanyn hem Ene ýerin. Sowuk şemal tolkun ýaly towlanyp, Gar sowurýar, Görünmeýär ýer-asman. Bar zat gözden ýitýär gara duwlanyp, Watan goragynda dik durun sarsman. Syrgyny düýbünden duýanok ganym, Syrgynlardan ýüz-müñ esse uly men. Ýeñilmezek halky bolan Watanyñ, Tapylgysyz dünýäñ garawuly men. Göwräm gala bolup bellenen ýerde, Hüşgärligme baglap sagy-soly men Durun Lebabymdan uzak ýerlerde, Parahat durmuşyñ garawuly men. Sowuk şemal tolkun ýaly towlanyp, Gar sowurýar, Görünmeýär ýer-asman. Watan, Söýgi, Durmuş hakda oýlanyp, Durun men postumda, Durun men, sarsman. ■ HEMIŞE ESGER Goradyk Watanyñ asudalygyn, Gijeler gyrpmadyk kirpigimizi. Ganymyzda gadam urdy hüşgärlik, Talap edýär häli şeýle bolmaga Atalaryñ dadan "şarpygy" bizi. Deñizleriñ çuññur düýbünden başlap, Ümbülmez asmanyñ göwsüne çenli. Her daban topraga söýgi bagyşlap, Serhetden serhediñ özüne çenli Goraýas Watanyñ bar ýer, bar künjün, Goraýas mukaddes Ene ýeri biz. Atalaryñ ýolun dowam ediji Beýik erkinligiñ esgerleri biz. ...Ynha ugraýarys bu gün öýmüze, Tamamlaýas gysga gulluk möhletin. Ornumyzy berýäs jigilernize Hem Watanyñ bozulmajak serhedin. Watan! Seniñ üçin sakçy durmaga, Gerek pursatynda men mydam taýyn. Emma şeýle ýagdaý döremesin hiç, Menem gaýdyp esger geýmin geýmäýin. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |