08:28 Leýlanyň taryhy / hekaýa | |
LEÝLANYŇ TARYHY
Hekaýalar
Leýlanyň buýnuzagy üçege ýetýär. Oň göwresiniň berdaşly üçburçlugy, iş otagynyň girelgesiniň öňüni germeýär. Meýdanly döşünde, edil strategiki partlaňbaşlar deý göwüsleri öňe müňzeýär, olaň dym-dykyzlygam atylmaga tapba-taýýarlygyny ýaňzydýan ýaly. Leýlaň sesi, gaharly pursady gämi zoguldagynyň gazaby bilen bögürmäge mümkinçilik berýär. Her ýekşenbede ol özüniň garagan ýüregini getirýär-de, meniň aýagastyma zyňýar. -Ine,-diýýä ol:-Seret. Men seretmelidim, soňam diýmelidim, hemme zat edil beýlebir erbedem däl, durmuş bolsa – bary-ýogy düýş, käte, dogrusy, garabasma-da welin. Owmaççyň gerşime ýüklän gönüden-göni borçlaryndan başga-da, men Leýlanyň tobaçysydym, ony rahatlandyrýardym, çus hala getirýärdim. Onuň teniniň mähnetligini owup, ýazmak üçin men, kürekçi gul deý ýorulmaga mejburdym. Şeýle-de zähmetleç owma, Leýla bilen baglylykda ezýetiň bir görnüşine öwrülýärdi. Ýönekeýje sypaň-sermeňem, edil kütek ýonguç bilen ýonan ýaly lütüňi çykarýardy, sürtmek bolsa meni süýkäp ot ýakjak bolýan ýabany adam bilen dogana öwürýärdi. Leýlaň betbagtlygy onuň berdaşly bedeniniň çakdanaşa howurlylygyndady, onam şu güne çenl-ä hiç kes sowatmaga het edip bilmän gelýärdi. Leýlanyň äri, gulluk etmekde gyzgynlyk görkezip, kyrk ýaşlarynda milisiýanyň polkownik lybasyna beslenen kişi, hatynynyň başbermezek howruny belli-külli ýatyrmagyň hötdesinden öň-ä gelmän, indem düşekde sop-sowukdy. Ýöne Leýla takdyra ten bermeýär: äriniň elastyna erotik žurnallary sokýar, hoşboý taýajyklary tütedýär, gyrmyzy, nepis içki eşige beslenýär, şeýdibem, ýanyp duran gülälege basyrynan daga çalymdaş bolýar. Wagtal-wagtal, ärini gyjyklajak bolmaň bihuda synanyşyklaryndan ýadan Leýla ograş tutunmagyň kül-külüne düşýär, hatda ýatmazyndan öň hepdäň dowamynda hökman oýnaş tapynjakdygy barada ähdem edýär. Gijeki wysal pursatlarynda Leýlaň hyýaly, näkeslik bilen Klark Geýbli direldýär, olam Leýlanyň dodagyndan öpýär, hatda onuň mähnet bedenini güýçli hem ýeňiljek eli bilen saklap, birneme yzlygyna-da egýär. Şeýle kasamlary Leýla öz-özüne ýigrimi gezeg-ä berendir, emma hijem öňünde goýan maksadyny amal eder hetde baryp ýetmändi, özüne eden gijeki wadalarynyň birinem berjaý kylyp bilmändi. Aýal babatda arzuwy, hatda çalak-çulagragm bolsa Leýlany ýatladýan erkek kişi, bir ýerlerde baram bolsa, megerem, oňa görünýän gözýetimiň çäklerind-ä-hä göze ilerden daşda bolsa gerek. Öz ömrüniň betbagtlygyny Leýla seýrek duş gelýän, dergazap söýgi bilen söýýärdi. Ol ony özünde, edil duýdansyz hamyla bolan öň önelgesiz zenanyň göwresindäki düwünçegini apalap gezişi deý, çensiz galpyldy bilen göterip gezýärdi. Betbagtlyk onda, edil düwnükçiş deý ýaşaýardy, ony yza bilen-ä kösäp, umyt bilenem huwwalaýardy. -Ine,-diýip gaýtalaýar ol:-Seret. Şeýdip iki hepde bilen biziň duşuşyklarymyzyň ýarysy ötdi. Seansdan soň Leýla bengal yşygy ýaly uçgun syçradýar, maňa tarap işdämen ýalmanýan assyryn garaýyşlary oklaýar. Men bolsa, ötmezek ýapynja çolanýardym-da, jogap deregine ýylgyryp, berhiz saklamagyň hökmandygy hakda ýatladýardym. Eýýäm ikinji seansda Leýla meniň öňümde taryhy sahnalary şekillendirmäge başlady. Onuň taryhçy diplomy bardy, ýöne özi şerbet satýan şereketde işleýärdi. Taryha höwesi oňa lapykeçlik basmarlanda medet berýär, megerem, ikinji seansda-da ony şol göwnüçökgünligem gabsan bolmaly. Leýlaň hekaýatlarynda patyşalar hem köşkdanlar direlýärdi, dönükleň gany akýardy, uzaga çekýän azgyn meýlisleň melewşe şiresi dolup-daşýardy. Gadymyýet altyny, edil ataş deý alnymda lowlaýar. Men Genrih Plantagenetiň Eleonora aşyk bolşuny synlaýan, Eduard Ikinjiň artbujagyny lowurdadyp gyzdyrylan gylyç ýyrtanda onuň aýylganç pyganyny eşidýän, Iwan Zabun bolsa meniň üç ädim öňümde özüniň porsap duran şiberli ýaralaryna zümerretdir ýakutlary ýapyp, em edýär. Bäşinji seansa çenli biz Täze döwrüň serhetlerine ýetdik. Patyşa Petr hem Karl XII. Ajal ahy-nalalarynyň al mata-marlagyna dolanan ägirt uly özgertmeler. Eýýäm sekizinji seansda Ilýiçiň şahsy durmuşy meniň öňümde dynnym ýalyjagam ýaşyryn syrsyz söm-saýak boldy. Owma tapgyrynyň ahyry Soýuzyň dargamagyna gabat geldi. Kreml köşgi-eýwanlarynda meýlisbazlykdyr, başly-barat azgynçylyk, ýurt edil serhoş gämi deý erkinlige garşy myçyp barýar, onuň jümmüşidir üstünde-de öwran-öwran tüpeň sesleri ýaňlanýar, jesetleri gämigermewinden daşyna zyňýarlar. Maňa Leýlaň aýdyp beren dünýä taryhy, ynsan teniniň ezýetinedir kasasyň dabaralanmagyna eýlenendi. Her bir taryhy çelgi dünýäni özgertmegi wada beripdi, şol wada-da, adatça köpçülikleýin gandöküşiklik bilen berkidilýärdi. Halk heşelle kakýar, soň bolsa hemme zat öňki-öňküligine dolanýar, ähli zadam öňki endiganlygyna akmaga başlaýar – ýene-de indiki sapar nämedir bir zady wada berip, gan dökmegiň täze zerurlygy ýüze çykýança. Soňky saparda, onuň ahyrky pursatlarynda, men ellerimiň sodaja owmaç hereketleri bilen bedeni bir bütewilige sepläp, aýalarymy depesinden dabanyna çenli ýöredip ugranymda, Leýla möňňürip goýberdi. Men şol pille, üç hereketden ikinjisini tamamlap, soňky herekedime girişmek üçin onuň kellesine ýakynlapdym. Leýla agzy açyldy-da, ondan iňleme sozuldy, gulagyňy deşip gelýän, gyryksy, edil onuň arkasyndan ganhor ýetip, ýüreginden pyçak sokan dek iňleme. Haýranylykdyr yza, edil gamçyň çawynyň rişdeleri deý işilip, onuň sojamasynda sepleşdi. Men yza serpikdim-de, iş otagynyň ortasynda dikilgazyk boldum. Diwaryň aňyrsyndan tokurtga-günhanajy işleýän sesi eşidilýär, yzaly seza kuwwatly üfleňňiçden öwüsýän howa akymynda eredi. Owmaç-stoluň gyrasyna ellerini diräp, Leýla biraz dikeldi. Ony ýapan ýorgançam, syryldy-da, ap-ak, mermer beden bilen garpyz-göwüsler ýalaňaçlandy. Olar söz bilen aňladyp bolmaz derejede berdaşly hem äpetdi, ýöne, nähilidir birhili gussaly sallanyp ýatyrdylar, göwnüňe bolmasa, olara öz duruşlary birahat bolup, öz-özlerine-de olar hiç hili hemaýat edip bilmeýän ýalydylar. “Gamgyn süýtden doly göwüsler” diýip men oýlandym. Ýöne, olarda eýýäm ýigrimi ýyl bäri damdygam süýt ýokdugy bes-bellem-le weli: Leýlanyň gyzy institutda okaýardy, özem ejesine ýigrenýär, kakasyna-da dözenok. Leýla oturdy-da, möňňürip başlady. Onuň kellesi, ýüzüni bukýan aýalarynda saňňyldap ugrady, göwüsleri bolsa şadyýan çagalar deý bökjekleşýärler. Men şo duran ýerimde söm-saýak, nätjegimi bilmeýärdim. Meniň oňa haýpym gelmeýärdi. Çişikdir bedroýlar juda seýrek dözmezçilik oýarýar. Diňe ýaş, owadanlar gynandyrýar, diňe şolaryň hasraty, olara bagyş edilen bu durmuş baýramçylygynda saýlantgy bolmak bagty bilen gapma-garşylyga girýär. Syrkaw çagalara nebsiň agyrýar, ýalňyz garrylaradyr, jebir-jepa baryny çekip amanadygyny tabşyrýanlara dözeňok, ýöne bu zatlaň barysy başga – bu özüňe, öz geçmişiňedir gutulgysyz geljegiňe bolan dözmezçilik, Leýla bolsa çaga-da däl, ölübem baranok: ondaky güýç-kuwwatdyr saglyk bolsa bir oýnam ýagşy ýigitleriň diriligine-de ýeterlik. Gözýaşlar, ýagjymak sürmäni akdyrýardy-da, aşaklygyna gara akabajyklar bolup syrygýardy, aýalarynyň üsti bilen bilegine syrygybam, ondanam aşaklygyna, göwüslerine damyp, soňam olaryň ýüzünden akýardy. Leýla saklanyp bilmän, şol aglap otyrdy. Hesret ony barha beter çuňluga sorýardy, ol edil girdabyň demine düşen dek, özüni holtumyna dolan nalajylyga, süňňüni eýelän ejizlige dynnymça-da garşylyk görkezmeýärdi. Niredendir bir böwür tarapdan bu duýgy meni agtaryp tapdy. Edil oslagsyz oýanyş dek, edil uzaga çeken, kyn meseläniň çözgüdi deý, ol meni gapyl basdy. Men ilk-ä Genrihiň taşlan Eleonorasyny ýadyma saldym, soňra gyrmyzy ýüpek köýnekde dar agajynyň astyna buýsançly galyp barýan Mariýa Stýuarty hakydama getirdim, öz ýatyşhanasynda boglup öldürilen Pawel Birinjini, soň olaryň oýulan gözleridir çapym-çapym edilen çaga ýüzleri bilen bilelikde Nikolaý Ikinjiň atylan gyzlaryny ýatladym, onsoň ejeleri bilen bilelikde diriligine ýakylan belorus çagajyklaryny, gettodaky jöhitleri, gaýadan zyňlan ermenileri... Yns kowmy hunaba ýuwudýar, patyşalardyr soltanlar güzapda ölýär, gullar açlykdyr sütemden gyrylýar, Leýla-da, milisiýaň polkowniginiň aýaly – paşmadyk arzuwlardan püre-pür, kanagatlandyrylmaýan zenan, şu müddet owmaç-stolda oturan ýerinden, öz ajy ykbalyndan nalap, bihaýa hyjuwy, tükeniksiz ýalňyzlygy üçin hasrat çekýär. Men Leýla ýakynladym-da, ellerimiň ýetişine görä, ony gujakladym. Men ony gujakladym-da, gözýaşa ezilen, sürmesi akan gözlerinden ogşadym. Leýla, edil gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy dek maňa ýapyşdy-da, durky-düýrmegi bilen maňa gysmyljyrady. Sag göwsi meniň garnyma ugurdaş myşşardy, bu sebäplem gysylan emzigi meniň gapyrgalarymyň gapdalyndan zomap çykdy-da, o taýdan edil züwwetdinje haýwanjyk deý jyklady. Leýla lam-jim bolup, meniň goltugymyň astynda howurly dem aldy. -Uýam meniň,-diýdim men oňa:-aglama. -Ine,-diýip ol hyrryldady:-Seret. Men gözümi göterenimde, gördüm, jellat paltasyny al-asmana galdyrdy-da, bar güýji bilen ony aşak goýberdi, Mariýa Stýuartyň kellesi dar agajyndan aşaklygyna, lezzetden ýaňa doňňara-daşa öwrülen mähellä tarap togalanyp gaýtdy. Waleriý Leonidowiç Aýrapetýan, 1980-nji ýylyň 2-nji martynda Baku şäherinde doglan, rus kyssaçysydyr. Onuň maşgalasy 1988-nji ýylda garabag hadysalary bilen baglylykda Ermenistana göçüpdir. 1993-nji ýyldan bäri ol Russiýada ýaşaýar. Ol ilki lukmançylyk mekdebini, soňra A.S.Puşkin adyndaky uniwersitetiň syýahatçylyk fakultetini tamamlapdyr. Çopan, ýükçi, gara işçi, bagban, syýahatşynas, reňkleýji, owmaççy (owujy, massažçy), sakyrtga bilen bejeriji bolup işläpdir. W.Aýrapetýanyň hekaýalary “Halklaryň dostlugy”, “Ural”, “Moskwa”, “Awrora”, “Newa”, “Belsk giňişlikleri” we beýleki edebi-çeper žurnallarda çap edilipdir. Ol häzirki wagtda Sankt-Peterburgda ýaşaýar. German Sadulaýew, Lidiýa Döwletkireýewa, Anastasiýa Kozakewiç, Aleksandr Snegirew ýaly ýazyjy, alym tankytçylar W.Aýrapetýanyň prozasyny onuň hakykatçyllygy, barlyşyksyz çeperçiligi, durmuşy hakykaty gep owadanlamasyz, bassyr-ýussursyz aç-açan beýan edýändigi üçin halandyklaryny ýazyp, onuň döredijiligine ýokary baha beripdirler. Olaryň tersine, Artem Rondarew bolsa W.Aýrapetýanyň döredijiligi hakda şeýle belleýär: “...biziň öňümizde – etalonlaýyn grafomaniýa, ýagny, awtoryň diňe özi hakda ýazýan, ýüzugruna-da özüniň “ýaş ýazyjydygy” hem-de “Gýunter Grass” bilen duşuşyga gatnaýandygy bilen öwünýän, epitetlerdir metaforalary ýagdyrýan, tejribeli erkek kişä gelişýän derejede çürt-kesik, ýöne duýguçyl ýazýan, tymsallardanam (aforizmlerdenem) gaça durmaýan [Артём Рондарев. Валерий Айрапетян «В свободном падении». natsbest.ru. Архивировано из оригинала 28 марта 2014 года.]”. W.Aýrapetýanyň aşakdaky kitaplary neşir edildi: “Erkin gaçyşda” – В свободном падении. — М.: ИЛ-music, 2013. — (Карантин). — 1000 экз. “WRAÝ” – ВРАЙ. — М.: ФОНД СЭИП, 2013. — 1000 экз. “Mekdep: Dýatlowyň işi” – Школа: Дело Дятлова. — М.: Амфора, 2010. — 5000 экз. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |