DAGDAN-DAŞDAN BETER AGYR GÜNÄNI, GYBAT BILEN ÝALAN SÖZLÄN DIL GÖTÄR
■ Magrupynyñ köñül nagyşlaryndan
Muhammetdir garyp ymmat geregi,
Aly ermiş üşbu diniñ diregi.
Ahyr Hakdan Magrupynyñ dilegi,
Ozalda abraý, ahyrda iman.
* * *
Çyn ärler iblisiñ sözüne gitmez,
Mynapyklar Hakyñ emrini tutmaz.
Iman bilen şeýtan bir ýerde ýatmaz,
Niçik mydar tapar goýun gurt bile.
* * *
Döwlet gelse bedasyla bir pasyl,
Bilmez özün, eden işin tanymaz.
Bir namart ugrasa bir gün ganyma,
Reñgi gaçar, akyl-huşun tanymaz.
* * *
Ölmez jaýda namart bat biýr özüne,
Söweş güni gara çalar ýüzüne,
Köp muhannes aýalynyñ sözüne, -
Uýar aña, kowmy-hyşyn tanymaz.
* * *
Bäş wagtyñ goýmagyl, aýgyl senany,
Höwes etseñ jennetdäki jenany,
Dagdan-daşdan beter agyr günäni
Gybat bilen ýalan sözlän dil götär.
* * *
Möwlam ýalan eder iman diññäni,
Özüñ öwüp, syndyrmagyn öññäni,
Bäş ýüz kişä güýç bermedik töññäni,
Gudrat bilen baran ýagsa, sil götär.
* * *
Bir ýigidiñ mylakaty bolmasa,
Ol ýigidiñ deñi-duşy begenmez.
* * *
Ajal gelse, bir dem goýmaz zamanyñ,
Ganymat bile munda galsa nyşanyñ.
Gahar aklyñ alar, kine imanyñ,
Ynan bu sözlere, gümandyr diýme.
* * *
Gel imdi, Magrupy, tany ýoluñy,
Kö hetdiñden aşma, bilgil halyñy,
Il derdine sarp eýlegen malyñy,
Peýda bil özüñe, zyýandyr diýme.
* * *
Tekepbir kylmagyl, menlik eýleme,
Bu bäş günlük döwran gider, mal galmaz.
* * *
Ýigide ölinçä ýagşy at gerek,
Aýal gerek, zürýat gerek, at gerek,
Baryşmaga, gelişmäge ýat gerek,
Dyz döküler, kuwwat gider, bil galmaz.
* * *
Bihuda gezmegin, uçrarsyñ derde,
Ryzkyñ bolsa, Alla ýeter her ýerde,
"Aç" diýip gaýgyrma, dogry bar merde,
Zynhar muhannese ýüzüñ tutmagyn.
* * *
Eý byradar, söýme loly aýaly,
Aldar seni, azdy:r, köpdür hyýaly,
Bu dünýä bir kör syçan dek mysaly,
Kökümizden bir-bir kertip baradyr.
* * *
Magrupy diýr, aýtsam çilim şanyna,
Ülpetleri köp ýygylar ýanyna,
Zyýany köp bolar güýç, imanyna,
Bir kysym gedaýa meñzär çilimkeş.
* * *
Ýagşy ogul - bilseñ köñül çagydyr,
Ýoksuzlykdan iki golum baglydyr,
Ýaman hatyn ýygan malyñ dagydyr,
Ýagşy hatyn öýüñ goşuny şaýlar.
* * *
Towfyky-hedaýar peýweste hakdan,
Şeýtan ol bendäni azdyra bilmez.
Huda her kimsäge çoh döwlet berse,
Hiç kim ol döwleti ýazdyra bilmez.
* * *
Bu ýalançy dünýäni sen bihuda ötürme,
Beýle menaly dünýä, beýle bikär oturma,
Magrupy, sen zowk üçin köñlüñe gam getirme,
Haýyr işe tagjyl et, şer işiñi bitirme,
Hem dilde zikriñ, pikriñ bolsun ol Subhan bile.
* * *
Gussadan dür eýlegil, köñül mydama şat gerek,
Dört daşymda jan ýanan gardaş gerek, imdat gerek.
Hak ýene kylsa miýesser hem ýakynu-ýat gerek,
Bu köñülniñ hoşlugy ýalançyda zürýat gerek,
Dünýäde ýansa çyragym, bir nyşan istär köñül.
Sözler