19:19 Magrupydan magrup goşgular | |
■ Zyba gerek
Goşgular
Agalar, ýagşy hatynyň Kamaty köp zyba gerek, Biri-birinden zyýada Altyn saçy syýa gerek. Ýagşy bir-birine duşsa, Ryza bile läle guçsa, Göz bile ümläňde düşse, Ýary şondan ryza gerek. Hudaýymdan köpdür umyt, Goldan gelse, etsek haryt, Ýüzi aý dek, dişi sepit, Ýuzünde merhaba gerek. Magrupy, çeksem ahy-zar, Mydamdyr istegim didar, Hahy erkek, hahy (naçar), Ýüzünde bir haýa gerek. ■ Kanda bolar Eý, ýaranlar, halaýyklar, Çyn gözeller kanda bolar? Gün görmeýen melaýyklar Ürgenç bile Hotandadyr. Üstüne mahmal atdyran, Ýüzüne perde tutduran, Her ne diýenin etdiren Näzli maral Buhardadyr. Ala köýnek, dony belli, Syýa gara saçy telli, Uzyn boýly süýji dilli Mylaýymlar özbekdedir. «Alaý-şulaý!» diýip sözler, Ýorga münüp, ýylky gözlär, Sagrysy bäş garyş gyzlar Gazak bile galpakdadyr. Döwletýar beg diýr, öwmeli, Ýakasy goşa düwmeli, Başy tylladan egmeli, Çyn gözeller türkmendedir. ■ At ýagşydyr Ýigide on bäş ýaşynda Söýgüli arwat ýagşydyr; Andan soň köňlüniň hoşy, Ýarag bilen at ýagşydyr. Yşksyz ýürekde dert bolmaz, Zaty namartdan mert bolmaz, Barça adam jomart bolmaz, Jaýynda hümmet ýagşydyr. Gel, nesihat eşit bizden, Aşa tagam geler duzdan, Märekede bijaý sözden Gury üýren it ýagşydyr. Ýigitlik bir gyzyl gülşen, Garrylykda öçer röwşen, Gylykly-da bolsa herçen, Gözele summat ýagşydyr. Atdyr ýigidiň ýoldaşy, Oguldyr döwletiň başy, Gyz-da bolsa koňül hoşy, Ýigide zürýat ýagşydyr. Ryzkyň dile gaýypdan, Başyň gutulmaz aýypdan, Heýwere näkes zagypdan, — Ötseň müjerret ýagşydyr. Magrupy, bilgeniň söýle, Goç ýigitniň waspyn eýle, At bilen ýaragyň şaýla, Duşmana haýbat ýagşydyr. ■ Bedew Hak ezelde halk eýlemiş, Bir ajaýyp zatdyr bedew. Jennet Byragy diýmişler, Ýalançyda atdyr bedew. Berse hanlar ýüz-müň tümen, Sata bilmez seni münen. Ak ýol kibi gyr-u-semen, Çekilen bir hatdyr bedew. Kakdyryp nalyn kümüşden, Iýmiti dürli iýmişden, Ýüwrüşi artykdyr guşdan, Bahar öwsen batdyr bedew. Goç ýigit münse üstüne, Jyzasyn alsa destine, Dest berse möwlam dostuna, Ýigide gaýratdyr bedew. Döwletýara ýoldaş boldy, Muňly güni syrdaş boldy, Maňa hemdem Serhoş boldy, Ýalňyza zürýatdyr bedew. ■ Ýigide Eý ýaranlar, söweş güni Ussat gerekdir ýigide; Gözel Allanyň yşkyna Haýrat gerekdir ýigide. Güni bile, aýy bile, Ýörüň Hakyň raýy bile, Bir mynasyp taýy bile, Zürýat gerekdir ýigide. Jesedini oda ýakmaz, Nämährem ýüzüne bakmaz, Ýeke atdan tozan çykmaz, Imdat gerekdir ýigide. Bir hak çykmasyn ýadyndan, Aýyrma köňül şadyndan, Taňla gün dowzah odundan Azat gerekdir ýigide. Magrupy, ýar derdim bilse, Her dem rehim eýläp gelse, Bir amal eýesi bolsa, Irşat gerekdir ýigide. ■ Başy gerek Eý ýaranlar, goç ýigidiň Bir dil bilen başy gerek; Ýa gylygy, ýa gylyjy, Gazan içre aşy gerek. Haky özüňe kyl dalda, Bolmagyl özge hyýalda, Ýa ogulda, ýa aýalda Bir köňlüniň hoşy gerek. Bir goç ýigidiň aşyna, Deň-duşy gelse daşyna, Ýowuz gün düşse başyna, Jan köýer gardaşy gerek. Arşa çykar perýatlaryň, Hiç kim eşitmez datlaryň, Hakykat perizatlaryň Gözi bilen gaşy gerek. Belli, alyjy ärleriň, Rüstem Zal dek pälwanlaryň, Magrupy diýr, çyn pirleriň Gözleriniň ýaşy gerek. ■ Nedir Görüň, begler, ara açar, Belki, Serhoşmydyr, nedir! Gähi gonar, gähi uçar, Göýäki guşmudyr, nedir! Aýdyň, begler, boýun sunup, Geler ýyldyz kibi süýnüp, Beýge çykyp, pese inip, Ýa üsti boşmudyr, nedir! Depeler aňa ýol kibi, Özi bir öwsen ýel kibi, Daglardan inen sil kibi, Bir daşgyn joşmudyr, nedir! At üstünde bola bolmaý, Ele gamçy ala almaý, Oglan takat kyla kylmaý, Gözünde ýaşmydyr, nedir! Serhoş, diýseň serhoş özi, Daň ýyldyza meňzär gözi, Toýnagyndan çykan tozy Atylan daşmydyr, nedir! Döwletýaryň hak ýoldaşy, Jany at — kowmy-gardaşy, Ýaman gününde goldaşy, Gelen Serhoşmydyr, nedir! ■ Bilip bolmaz Ne hünäri bar ýigidiň Garyplykda bilip bolmaz; Garyplyk bir şum owkatdyr, Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz. Görmän dünýäniň lezzetin, Çekmän ahyret mähnetin, Eýäm bermegen döwletin Dogum bilen alyp bolmaz. Owwalda olsaň hub idi, Bermişem pendi-öwüdi, Özi bolmadyk ýigidi Märekäge salyp bolmaz. Mert ýigitler hiç ölmese, Namart dünýäge gelmese, Zaty bigaýrat (bolmasa), Il derdinden galyp bolmaz. Magrupy çeker ahy-zar, Meniň istegenim didar, Ýaman bendeden Hak bizar. Ýagşydan aýrylyp bolmaz. ■ Şaltyk Dur gardaşym, senden habar alaýyn, Artyknyýaz atly ýarym amanmy? Selbi dek boýlary, aý dek ýüzleri, Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy? Aby-zemzem suwy—çeşme bulagy, Amanmyka gözelleriň awlagy, Hindistanda biten Rumy tüwlegi Samarkantda biten narym amanmy? Ýadymdan çykarman her şamu-säher, Ýaryldy ýüregim, tiz bergil habar, Dilleri totuýa, lebleri semer, Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy? Her agaçda alma bolmaz, nar bolmaz, Çyn aşykda namys bolmaz, ar bolmaz, Nikasyz ýarlardan maňa ýar bolmaz, Bilbil uçan şol gülzarym amanmy? On dördi gijäniň şam salan Aýy, Iki aşyk aýrylşyp, boldy sähraýy, Magrupy diýr, sen eýlegil haraýy. Wadaly, wepaly ýarym amanmy? ■ Gözele Owal başda bu dünýäge gelemde, Bir ata aşygam, bir-de gözele, Jäht ediban dünýä nazar salamda, Bir ata aşygam, bir-de gözele. Daşarda bir bedew köwlenip dursa, Ak öýde bir gözel towlanyp dursa, Allahym ikisin bir ýerde berse. Bir ata aşygam, bir-de gözele. Goýbereňde kuýan yzyn yzlaýan, Gaňtaraňda, dag başyny gözleýän, Ibrişim käkilli oglan gizleýän, Bir ata aşygam, bir-de gözele. Günde görsem on dört ýaşar gyz kibi, Münen çagym köňlüm daşar ýaz kibi, «Däh!» diýende daglar-daşlar düz kibi, Bir ata aşygam, bir-de gözede. Bir tar käkilini müň tümen diýr men, Ýupar ysy gelen ýüz gyza bermen, Münüp guwanar men, görüp doýar men, Bir ata aşygam, bir-de gözele. Saçlary serinden düşer ýüzüne, Söweş güni gan tutular gözüne. Dünýä maly hiç taý gelmez özüne, Bir ata aşygam, bir-de gözele. Döwletýar beg diýer, gördüm ertäni, Hak ýagşy ýaratdy döwlet bersäni, Söýmüşem dünýäde iki nersäni, Bir ata aşygam, bir-de gözele. ■ Gaýtgyl Serdar, mundan gitseň Tähran ýurdyga, Şanyň bergen malyn sür-de gaýtgyl! Ýene gaýdyp öýli oglan dilese, «Bitmez» diýip, jogabyn ber-de gaýtgyl! Men biler men gyzylbaşyň alyny, Çekiň hazynasyn, uruň malyny, . Üç ýüz öýli ýigitleriň halyny, Ne sylagy baryn gör-de gaýtgyl! Ynangyl sözüme, hergiz lap emes, On gyzylbaş bir türkmene tap emes, Bilseň gyzylbaşyň köňli sap emes, Kerweni ýoluksa, ur-da gaýtgyl! Dostum, yrak bolgul beýle mähnetden, Gaçawergil şa gazapdan, töhmetden, Tährandaky üç ýüz öýli ýomutdan Gelerin, gelmezin bil-de gaýtgyl! Magrupy diýr, arzym anda ýetirseň, Ýarlygymny şa aldynda ötürseň, Gyzylbaş ýörese, habar getirseň, «Bähbit» diýip, tizden bar-da gaýtgyl! ■ Olmaz Goç ýigidiň tagrypyny diýeli, Dessanyň sözlesem tükenmez olmaz. Hak özi kuranda diýmiş simahum, Ynsan mundan artyk Isgender olmaz. Ylaha, bir ýigit dogupdyr munda, Ne tesawwur malda, ne şirin janda, Ýagşy gelip geçen köpdür jahanda, Munuň dek bir ýigit jahana gelmez. Kimsäýe atyn biýr, kimsäýe donun, Kimsäýe bäş berer, kimsäýe onun, Bir kimse harç etse dünýälik malyn, Ýagşy men diýenler andan zor olmaz. Tomaşa tasawwuk eden sözleri, Şerafatly mydam güler ýüzleri, Şerigat, tarykat hakyň yzlary, Şerapatda, meger, perişte bolmaz. Bir merdi dost tutdum deşti-sährada Ne manzury malda, ne şirin janda, Döwletýaryň dosty çohdur jahanda, Jahanda hiç biri mun deý jan olmaz. ■ Gül götär Bahar eýýamynda gögeren zatlar, Owwal gögär, soňrasyndan gül götär; Temurler jem bolup, baryr gül kibi, Akyl eýläň, dostlar, sizi pul götär. Bäş wagtyň goýmagyl, aýgyl senany, Höwes etseň jennetdäki jenany, Dagdan-daşdan beter agyr günäni Gybat bilen ýalan sözlän dil götär. Üstüme Allanyň rahmeti ine, Köňlümiň derýasy dolsa hem syna, Owal eşek münen soňra at müne, Özün bilmez howa eýläp, dil götär. Möwlam ýalan eder ýaman diňňäni, Özüň öwüp, syndyrmagyn öňňäni, Bäş ýüz kişä güýç bermedik töňňäni Gudrat bilen baran ýagsa, syl götär. Kimseler molladyr, kimse bagşydyr, Kimsäniň gözünde gözel nagşydyr, Magrupy diýr, andan it hem ýagşydyr, — Maly bolar, her işikde gol götär. ■ Watanym galdy Agalar, arzymny beýan eýlesem, Durun, Mehin atly watanym galdy; Gat-gat düşek düşäp üçek üstüne, Mest olup, agdarlyp ýatanym galdy. Bir şahyny alamana (çaglaryn), Lap eýlesem, on kişini eglärin, Gyzylbaşyň ýurt soran beglerin Eltip Harazminde satanym galdy. Gökdepe, Bähre il, Ürgençdir ýurdum, Bamydyr leňňerim, arslanym-şirim, Hoja Alamberdar — bir gözli pirim, Gum ýassanyp anda ýatanym galdy. Aç gurt idim, aljak ýerim düşlärdim, Ýaby münüp, has bedewler uşlardym, Durunda ýazlaýyp, Mehin gyşlardym, On gije-gün toýlar tutanym galdy. Magrupy diýr, gül aýrylsa zaglardan, Sowuk suwly, ter çemenli baglardan, Altmyş başly, ala garly daglardan At münüp, üstünden ötenim galdy. ■ Deňi-duşy begenmez Bir ýigidiň mylakaty bolmasa, Ol ýigidiň deňi-duşy begenmez; Hakykat, çyn ýola düşen derwüşler Dünýäde lezzeti, hoşy begenmez. Aşyk yşk bahryny, derýasyn boýlar, Ýamandan daş gaçar, boýuny saýlar, Çopan päkisini, çakmagyn şaýlar, Almaz atly baha daşy begenmez. Öldürse — kazydyr kapyrny çapan, Magşarda hülledir — don munda ýapan, Öz öýünde gury nany az tapan, Kişi öýünde her bir aşy begenmez. Biler sen jahanda galmazlar abat, Jan guşy tutulyp, gurular saýýat, Pir-ustatdan taglym (almagan) ustat Öz işinden özge işi begenmez. Magrupy diýr, haýran saňa älemler, Öwlüýäsin, dinin ýakar zalymlar, Şerigatdan pähim bolmaý alymlar Gury her bap üçin başy begenmez. ■ Zamandyr diýme Gel, köňül, nesihat eşitgil bizden, Biwepany baky zamandyr diýme; Hakyň ryzasyna bagla biliňi, Herne hökm eýlese, ýamandyr diýme. Ajal gelse, bir dem goýmaz zamanyň, Ganymat bil munda galsa nyşanyň, Gahar aklyň alar, kine imanyň, Ynan bu sözlere, gümandyr diýme. Galandar dek geýen köne şalyňa, (Aşak) tut päliňi, pikir et halyňa, «Döwletim» diýp guwanmagyl malyňa, Ogulsyz döwleti döwrandyr diýme. Ýatma, ahyretiň tohmun ekewer, Gözleriňden ganly ýaşlar dökewer, Köp ýalbaryp, mert minnetin çekewer, Muhannes ähline zamandyr diýme. Söweş gün ýesiri bolsaň bir merdiň, Harç etgin hünäriň, goç ýigit gördün, Ýoldaşyny taşlap gaçan namardyň Ölende hemrahy imandyr dýýme. Tagat bilen ötür ýaz bilen gyşy, Gözleriňden akdyr gan bilen ýaşy, «Dogry ýola gir» diýp urgan derwüşi Dost bilgin özüňe, duşmandyr diýme. Gel imdi, Magrupy, tany ýoluňy, Köp hetdiňden aşma, bilgil halyňy, Il derdine sarp eýlegen malyňy Peýda bil özüňe, zyýandyr diýme. ■ Hal galmaz Döwlete ynanma, biakyl adam, Baky degil, pany geçer, hal galmaz; Tekepbir kylmagyl, menlik eýleme, Bu bäş günluk döwran gider, mal galmaz. Kesiler söhbetler, ýat olar sazlar, Köl içinde gezen ördekler, gazlar, Mestana juwanlar, serhoşly gyzlar, Döwran gider, söhbet gider, il galmaz. Ýigide ölinçä ýagşy at gerek, Aýal gerek, zürýat gerek, at gerek, Baryşmaga, gelişmäge ýat gerek, Dyz büküler, kuwwat gider, bil galmaz. Magrupy, sen bu ýollardan çykmagyl, Düzülgen ribatdyr, diniň ýykmagyl, Nämähreme nazar salyp bakmagyl, Çeşmiň gider, süňküň çüýrär, til galmaz. ■ Watanym galdy Ata-baba tutan datly watanym, Köp bagly-bostanly watanym galdy; Almaly, engurly, şirin-şerbetli, Gezmäge sapaly watanym galdy. Daglarynda dürli giýah gögeren, Çeşmelerde keýik, gulan suwlanan, Köllerinde ördek, sona awlanan, Hoş sapa, hoş maza jaýlarym galdy. Margyzda ýaýlardym, gumda gyşlardym, Aç gurt idim, alar awum duşlardym, Ýorga münüp, ýüwrük bedew uşlardym, On gije-gün tutan toýlarym galdy. Garaseňir, Jamly, Döwletdir jaýym, Tutluda, Furanda köp bolar baýym, Meni şondan aýra saldyň Hudaýym, Kesetekden şaňlap ötenim galdy. Hiç kimge bu pelek bermez wepany, Köplerden galmyşdyr köne watany, Segredip bedewni, uşlap tutany, Ala dyrmyk öýler çatanym galdy. Magrupy, sen saýrat bäş gün tiliňni, Kaza oky gelmezden ýeň tiliňni, Ýat etme, gam tutma oşal göwnüňni, Garkyldaşyp ýatan köllerim galdy. ■ Işin tanymaz Döwlet gelse bedasyla bir pasyl, Bilmez özün, eden işin tanymaz; Bir namart ugrasa bir gün ganyma, Reňgi gaçar, akyl-huşun tanymaz. Çust berip şemşire, salgyl jydany, Batyra eýlerem janym pidany, Goç ýigide bir görsetse meýdany, Baş gyzar, söweş gün läşin tanymaz. Ölmez jaýda namart bat biýr özüne, Söweş güni gara çalar ýüzüne, Köp muhannes aýalynyň sözüne, — Uýar aňa, kowmy-hyşyn tanymaz. Bir goç ýigit arman çeker aç bolsa, Merdanalar il başyna täç bolsa, Bir gün söweş gurlup, gaçha-gaç bolsa, Muhannesler deňin-duşun tanymaz. Magrupy diýr, abraý etseň, at galar, Pelek aýra salsa, dostlar ýat galar, Bu dünýä bil baglan ahyr mat galar. Ýyglar gider, gözde ýaşyn tanymaz. ■ Ýatmagyn Göwnüm, saňa bir nesihat bereýin, Gapyl, gaflat içinde sen ýatmagyn; Bir kişi «gel» diýip, innek etmeýin, Öz göwnüňden gubar baglap gitmegin. Tanyrmyň göwheri — bir zerre daşdyr, Tanalmadyk ýerde bahasy bäşdir, Akly bolan biler, bu dünýä hiçdir, Tanalmagan ýerde gadryň satmagyn. Bihuda gezmegin, uçrarsyň derde, Ryzkyň bolsa, Alla ýetir her ýerde, «Aç» diýip gaýgyrma, dogry bar merde, Zynhar muhannese ýüzüň tutmagyn. Magrupy, sen guwanmagyn malyňa, Magşar güni serederler halyňa, Eden işiň bir-bir geler alnyňa, Halal malyň haramyňa gatmagyn. ■ Harap eýledi Eý ýaranlar, geldi ýaman zamana, Zalymlar ülkäni harap eýledi; Derwüşler mest olup, gaýtmaz haramdan, Mollalar içenin şerap eýledi. Aradan kesildi azany-kamat, Galmady illerde ähli-diýanat, Patyşalar kylmaz boldy adalat, Şalar nökerine azap eýledi. Bilip, özün dogry ýola salmazlar, Jahyllar zahytlar gadryn bilmezler, Kazylary adyl diwan sormazlar, Para alyp, (birege) güzap eýledi. Biliň, kiçiklerde iba galmady, Taňry takdyryna ryza galmady, Ekseri gyzlarda haýa galmady, Ogul atasyna jogap eýledi. Magrupy diýr, garyp guluň adyna, Hak sungundan her söz düşer ýadyna, Şibli kibi ýansam yşkyň oduna, Yşk meniň bagrymy kebap eýledi. ■ Daşyny şaýlar Küffar ähli bilmez otga köýerin, Özleri ürç edip, läşini şaýlar; Resul kaýsy, Aly kaýsy näbilsin, Butparaz «taňrym» diýp, daşyny şaýlar. Ýagşy ogul — bilseň köňül çagydyr, Ýoksuzlykdan iki golum baglydyr, Ýaman hatyn ýygan malyň dagydyr. Ýagşy hatyn öýüň goşuny şaýlar. Könlüniň bir zerre bolmaz ynsaby, Daşdan owsun urar, nebsiň bir apy, Görüň, şu eýýamda bir niçe sopy Ilden almak üçin peşini şaýlar. Akly ýetmez ýagşy bilen ýamana, Keramatyn eýlär halka beýana, Nebs ugrunda heläk bolan diwana Jinde, kulah geýip, daşyny şaýlar. Hijranyň golundan örtenip, köýüp, Meşhur olup, ile dessanyn ýaýyp, «Bu sözümniň ýokdur hylafy» diýip, Magrupy şahyrlyk işini şaýlar. ■ Aýan getirdi «Zeburny» Dawuda, «Injilni» Isa, «Töwratny» Musaga aýan getirdi; Hak ilçisi bir gün Jebraýyl emin «Oka» diýp, Resula «Kuran» getirdi. Çoh müňni aldady dünýäniň mähri, Bir gün talh eder agzymy zähri, Ol Rumy-Haýbaryň möhteşem şähri Alynyň zarbyndan iman getirdi. Aldag bilen Ýezit geçdi daşyna. Rehm etmedi gözden akan ýaşyna, Kerbelada Ýezit Husaýn başyna Göýä, diýr sen, ahyrzaman getirdi. Hak permany bile kazasy ýetip, Ol eziz jismini gara ýer ýutup, Melekler ýyglaşyp, pelek ýas tutup, Üç güne çen älem duman getirdi. Sahabalar sordy, berdi öwüdi, «Sen ölinçäň bizler ölsedik» diýdi, Omaryň jeňinde ölen ýigidi Doga bilen Resul aman getirdi. Bu jahanda menşur olup Magrupy, Maly-mülküň manzur olup Magrupy, Biwepaga magrur olup Magrupy, Sud istäp, özüne zyýan getirdi. ■ Nirde bitildi — şonda bitildi / aýdyşyk Magrupy: Bizden salam olsun molla Gaýyba, Dünýäniň binasy haçan tutuldy? «Küntu-kenzen mahfiýenden» habar ber, Kelemeýi-şahadat nirde bitildi? Gaýyby: Gaýry salam bolsun molla Magrupa, Hak «kün» diýdi, şol gün bina edildi; Tuby agajynyň ýapraklarynda, Kelemeýi-şahadat şonda bitildi... Magrupy: Hak owwal namany kime okutdy, Ol kim idi, okyp, ozün unutdy, Adamdan ilgeri niçe kowum ötdi, Dergahda haýsynyň sözi tutuldy? Gaýyby: Hak owwal namany Adama okutdy, Okyban Ezraýyl özün unutdy, Adamdan ilgeri Benijan ötdi, Dergahda resulyň sözi tutuldy. Magrupy: Haýsy günde bina etdi ol guşy, Niçedir ganaty, guýrugy, başy. Höregi nämedir, niçedir ýaşy, Niçe müň ýyldan soň başy ýetildi? Gaýyby: Penşenbe gün bina etdi ol guşy, Dört bolar ganaty, guýrugy, başy, Höregi darydyr, elli müň ýaşy, Elli müň ýyldan soň başy ýetildi. Magrupy: Suwdaky balygyň puşty näçenli, Üstündäki gäwniň göşti ňäçenli, Ol arşy-agzamnyň hyşty näçenli, Niçe melek hasabynda bitildi? Gaýyby: Suwdaky balygyň uludyr puşty, Ýedi müň ýedi ýüz batman gäwniň göşti, Gudrat bile salyndy agzamnyň hyşty, Dört melaýyk hasabynda bitildi. Magrupy: Bilermi sen haly nedir, baş nedir, Jeset nedir, menzil nedir, guş nedir, Ol ne bazar, gymmatbaha daş nedir, Kimiň daşy kem bahaga satyldy? Gaýyby: Eger bilsem haly budur, boş budur, Jeset menzil, janyň gerek guş idir, Ol imanyň gymmatbaha daş idir, Şeýtan daşy kembahaga satyldy. Magrupy: Magrupy diýr, ne kysmatda ýazyldy, Ol ne zynjyr, bir-birine düzüldi, Niçe ýylda wagty ýetip üzüldi, Aý bile Gün haýsy wagtda tutuldy? Gaýyby: Gaýyby aýdar, gurbat bilen ýazyldy, Gije-gündiz bir-birine düzüldi, Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi, Aý bile Gün harasatda tutuldy. ■ Gurban erer Eý «elip» dek kamatyň görgeç akyl haýran erer, «Bi» myradyň çoh erer, senden dileg çendan erer, «Ti» töwekgel eýlesem, husnuňa çün arzan erer, «Si» sowabymny kabul kyl, rahmetiň çün kän erer, «Jim» jemalyň görset eý, janym saňa gurban erer. «Hi» haýal eýlep ulusdan eýleşip eý dilruba, «Hy» hyýalym sen erer sen eýleýip ýarym neda, «Dal» delil ýokdur saňa hökmündedir älem huda! «Zal» zelalatlyk bile ömrümni ötgerdim riýa, «Ri» rahym-a gözde ýaşym derýasy bipaýan erer. «Ze» zebun boldy bu halym, günbe-günden artdy dert, «Sin» sepit ruhum meniň hijran gamy çün artdy zert. «Şin» şerigatnyň ýoluny älemge kylsam pert-pert, «Sad» syýahy jahyl ähli oýnaşar sadranju-nert, «Zad» zaýyg geçdi ömürim, imdi men puşman erer. «Taý» tarykat ýoluda janymny men kylsam pida, «Zaý» zuhur olmuş jahanda gudratyň höküm huda, «Aýyn» aýnymdan akan ýaş ile eýlerem neda, «Gaýyn» gaýrat eýleýip, janymny men kylsam pida, «Fi» pyrak oduna düşdum, gerdişim efgan erer. «Kap» kararym galmady aşyk bolup rugsaryňa, «Käp» gelip sorgul bu halym, rehim kyl bimaryňa, «Mim» melamatlyk bile ömrümni ötgerdim riýa, «Lam» lagyly-şerbeti çün noşy kyl naçaryňa, «Nun» nykabyň aç ýüzüňden misli bihemta erer. «Waw» waweýla diýip, halyňy niçik bolgysydyr, «Hi» heläk bolup, yzyňda aglaýyp galgasydyr, «Lam-elibu» — laýezal hak barçany algasydyr, «Ýa» rahym-a, gözýaşym, derýa kibi dolgysydyr; Dünýä bir kerwensaraý, Magrupy bir myhman erer. Gurbanaly MAGRUPY. | |
|
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |