10:18 Magtymgula nezire | |
MAGTYMGULA NEZIRE
Goşgular
Magtymguly, makul sözdür diýdigiň: Ynsan ynsan däldir rasty bolmasa. Kim biler nämede, nädip köýdigiň, Bir mert ýigdiň bir mert dosty bolmasa. "Dostuň-a dosty bar" diýýär danalar, Ynha, ynsan üçin maňyz-däneler, Älemiň giňligi bir pul sanylar, Dost köňlünde mähir-yssy bolmasa. Öz peýdaňy arap dosduň satdygyň, Bilip goý, öwlüýä kesek atdygyň, Hem-de at-abraýda bagtyň ýatdygy- Gepiň düýp mazmuny-asly bolmasa. Nakyl bar: "birleşip ýuwar el-eli", Ine, şuny bir beýiklik bilmeli, Gözeldir, leýk, kime bolar söýgüli, Jan alar jilwesi-näzi bolmasa. Dama-dama köl bolýandyr damja-da, Ýuwrük ata urulmaýar gamçy-da, Alabilmez awun awlap awçy-da, Elde guş, ýanynda tazy bolmasa. Şygyr adamlaryň gadym ganynda, Döräp, aýrylmandyr, mydam ýanynda, Şahyr görülmändir şahyr sanynda, Ýüreginde iliň sözi bolmasa. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||