13:11 "Magtymguly, sözüm gysga - şerhi köp..." -2 | |
"Samada belli" diýen eserinde: Kyrk günden ozaldan ýapragyň düşer, diýýän şygryna girişsek, behiştde tuby agajyň ýapragyna ähli adamlaryň öz ady, atasynyň ady ýazylgy bolmaly. Ölmezinden kyrk gün öň, adamzadyň özüne bagly bolan ýapragy saralyp perişdeleriň ýanyna gaçýar. Şeýlelik dbilen, kyrk gün öň perişdeler adamyň öljegini duýýarlar. Elbetde gulak hem, şol ýapraklaryň bir-birine degmeginiň esasynda şaňlamaly. Magtymguly haýran her ýana bakar, Bu hem Musa aleýhissalamyň kyssasyna bagly. Musa aleýhissalam Şygyp pygamberden rugsat alyp, maşgalasy bilen enesiniň, zyýaratyna barşyna, garaňka galyp, ýoldan azaşyp, näderini bilmän, haýran bolup durýar. Oňa uzakdan bir ot görünýär. Ol şol oda tarap ugraýar. Ol oda ýakynlaşdygyça, ot güýjeýär, ýakyn baryp görse, suwy damyp duran göm-gök agaçdan ot çykyp duran. Ol ot däl-de, ,,nur" bolmagy mümkin. Musa aleýhissalamyň şeýle bir gök agajyň ot bolup, ýanyp duranyny görüp (synlaýşyna), alym Pyragy-da haýran bolýar we ,,Ykbal olmady" diýýän gazalynda şol agaja ýüzlenýär. Beýik daglar beýikligiňe buýsanma Bu goşgudaky ,,Guwaş"diýmegi, zergärleriň gyzyl eredýän gaby bolmaly. Wagty gelse zergärleriň zeriniň ereýşi ýaly,daglar hem şonuň ýaly eremeli. Akyldar alym Pyragynyň: ..Daglar gurşun kimin erär, ýaranlar" diýşi ýaly, daglar hem öz wagtynda erejek. Elbetde bu şygyr daglara bagyşlansa-da, menlikçi adamlara degişlidir. Diýseler atlan-ha atlan, Rowaýata görä, syrtlan süňki iýjek bolanda, ony syrtyna çenäp görüp, süňk syrtyndan çykar öýtse, ony iýýän eken. Diýmek, başarmajak işiňi etjek bolup azara galmaly däl. Ýowuz güni gaýrata gatylan, ,,Gidiji bolma" diýen eserinde şeýle setirlere duş gelýäris: ,,Baý ogul balasy bar äpär bolar". Bu beýtdäki ,,äpär“ diylen söze iki, üç tüýsli düşündiriş bermek mümkin: umuman, baý ogullary lälik we asuda dynç ýaşamagy üçin, biziň pikirimizçe, iş ýokmaýan, bolgusyz,ýalta bolan diýdigidir diýip çak edýäris. Ulalanda iş hoş gelmez, diýip, muny ýaşlykda işe bişmedikler barada aýdýar. Şahyr, ,,Gaça başlady" diýen eserinde, şeýle suratlandyrýar: Gaýta bedasyllar asylzadadan, Ine, bu setirde ýaramaz bedasyllar, tüýs asylzadalary, ýagny ile ýaraýan başarjaň adamlary halamadyksyran bolup, äsgermejekdiklerini beýan edýär. Şu barada başga bir eseri hem bar. Aýaklar baş bolar, - diýlen sözüň zamany şu wagt geldimikä diýýärin. ,,Oýan diýdiler"atly eserinde şeýle ajaýyp setirlere duş gelýäris; Okudylar, hak sözledim sözümi, Akyldar Pyragynyň ,,segsen müň kelam“ diýip getirmegi, bir mahlugyň ähli bilmeli zadyny bilgil diýip, şol ýerde özüne aýdylan sözi beýan edýär. Elbetde, muny Kuranyň manysyndan hem almak bolýar. Ol - hikmet. Namazhana kyrk perişde hormatda, Akyldaryň ,,kyrk perişde" diýip san görkezmegi, köp sandan ybarat. Ol namazhanyň hormatynyň köpdügini äşgär edýär, ýagny köpdügini bildirjek bolýar. We ýene: Kimiň tohumunda bolsa Kuran hon, Hudaýym, şeýle bolawersin! Ilki bilen, Allah Tebärek we Tagalanyň kelamyny okan adamyň hiç wagt kynçylyga duş bolmajakdygyny açyklaýar, ýöne Kuran okanyň bilen hem däl-de, belki onuň ehkamlaryny doly ýerine ýetirmek bilen kämilleşýär. Onuň üstesine Kuran hon adamyň ,,puşt där puşt" ýedi arka çenli hemaýaty ýetjekdigini aňladýar. ,,Tekiz bolar, ýaranlar" atly şygrynda şeýle geň galdyryjy setirleri görýäris: Hak saklasyn söweş basan aýakdan, Ikinji beýtdäki ,,Çarşenbe gün tyg degirlen dyrnakdan'' diýip getirmegi, çarşenbe gün dyrnak alynmaly däldigini nygtaýar, ýagny takyklaýar. Aýdylyşyna görä, hepdäniň çärşenbe gününde dyrnak alynsa, şondan hökman adama bir nogsanlyk ýetjekdigini duýdurýar. Elbetde, şugul adamlar bilen ýörmeli däl-de, hatda ýakynlaşmaň diýip-de tabşyrygyny berýär. ,,Ynsan ýaratdy" diýen ähmiýetli şygrynda: Bir Allaha aýdaý hamdy-senalar, Bu setirlerde, ilki bilen, elmydam beýik Taňra ,,Hamdy-sena“ aýdyp durmalydygyny nygtaýar. Ikinji beýti adamyň ýaradylyşy hakda. Üçünji beýti bolsa, adam tenini bir panara (panusa) we imany hem şonuň içindaki ýanyp duran yşygyna-şemgyna teşbyh edýär (defteşdirýär), ýagny meňzedýär. ,,Gitse daşymdan" atly eserinde, şeýle ajaýyp setirler bilen suratlandyrýar: Aňa bilmen, ahyrym ne tarza, Ilki .,Dünýäniň soňuny saýgara bilemok" diýip, özüni pespäl-düşünmeýän edip görkezýär. We hatda takwaçylyga goşulmaýan ýaly bolup özüni herze hasap edip şikeste nefsi edýär, ýagny pespällik edýär. Ýene şol eserinde: Eý hakarat bile bakan bizlere, ,,Mojazy" sözüni „mynapyk“ manyda alýar. Mynapyklar ýaly sözüme müňkürlik etme diýmek, mojazy sözi sözlüklerde-gaýry hakyky, ýagny hakyky bolmadyk diýip düşündiriş berlipdir. Ine, ,,Ýeldim tut“ diýen eserinde şeýle setirler görýäris: Şu dünýani görmeý galsaň künçde, Ol adamlara ýüzlenip: ,,Siz dünýäniň her bir künjünde oturanam bolsaňyz, ýene bütin dünýäniň dört burçuny aýlanan ýaly bil!" diýip, kanagatly bolmalydygyny tabşyrgy berýär. ,,Ýeldim“sözi ýüwrük manyda we ,,bady-pa“diýen sözi bolsa, ýüwrük at manyny aňladýar. Galyberse-de, ,,Ýeldim tut" diýen goşgusynda şular ýaly, eger tiz wepat bolsaň hem, Nuh ýaşyna bardym bil we ýa ýoksul bolsaň-da, Karun hazynasyny ele alan ýaly gör diýip, ýalançy, pany dünýä düýpgöter köňül bermeli däldigini zol nesihat edýär. Diwanyň ,,Bilmedim'' diýen şygrynda şeýle setirler bar: Äbdal mafta äbad jamyn sunaly, ,,Äbdal" sözi bedel, bädil, biriniň ýerinde oturdulan, oturan manyda çilten, sopy derwiş adalgasynda, ryjalygaýp öwlüýäler we Hudaýa ýakyn durýan adamlar göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ol ebedilik jamyn içmäge arzuw edýär. Anka sypat Hak diýip galkan guş, Bu guşa bolsa, ,,simrug" guş diýip at berilýär. Ol köp kyssaly we rowaýatly guş, kap dagynda ýaşaýan. Şahnamada aýdylyşy ýaly, ,,Şam" ogly ,,Zaly" Elburzdagynda tutup äkidip, ekläp, ahyr soňy ,,Zaly“ öz atasy ,,Samga" tabşyrýar. (färhäng Omid, 1207-nji sah.) ,,Ýar senden" diýen şygrynda şeýle sözler ýazýar: Şyh Sangan dek özin gaýga ulansam, Akyldar Pyragynyň ,,Şyh Sangan“ diýip getirmegi, ol aýdylyşyna görä, ýedi ýüz müridi barmyş. Bir düýş görme esasynda, bir tersa gyza aşyk bolup, onuň çakylygy bilen yslamdan ýüz öwürip, ahyr ol yzyny tapyp toba edip, yslam dinine gaýtadan girip Mekgä öwrülýär. (Türkmen klassiki edebiýatynyň sözlügi, 472-nji sah.) we emma ,,Şibli“ barada şeýle rowaýat bar: Bir gün Hezreti Muhammet bin Omar (RZ) we Ahmet ibn Musa bin Mujahydy Mankary Rahmallahu aleýhniň ýanyna Şibli Kuddus Sere gelýär. Ahmet ibn Musa ýokary galyp, köp hormat bilen Şibbini gujaklap iki gaşynyň arasyndan öpýär. Muhammet bin Omar aýdýar: ,,Halklar Şibbini diwana saýyp, ýagny diwana hasap edýärler, sen bolsaň onuň maňlaýyndan öpdüň?" diýýär. Ol jowap berýär: ,,Meniň öpmegimiň sebäbi bar, bir gün Hezreti Resul Ekrem (s) bilen otyrkak gapydan Şibbi gelende, Hezreti Muhammet (s) aýaga galyp, Şibbini gujaklap iki gözüniň orta arasyndan öpdi. Men Hezretti Resuldan soradym: ,,Ýa Resulallah! Şiblini beýle gowy görüp ony öpdüň?" diýenimde, ol jowap berdi: ,,Şibli her namazdan son şu aýad okaýardy" diýdi. Ol aýat bolsa şeýle: ,,Läkad jää'äkum Rasulum-min änfisukum azyzun aleýhu harysun aleýkum bilmu'minin ruufurrahyym. Fan täwällow äfäkäl häsbiýällah lä ilähä huwä aläýhi wä täwäkkältu wä huwä Rabbil arşyl azyym. Yzyndan hem salawat okaýardy" diýdi. Aby-tofyk ýuwup jesedim nawyn, ,,Aby towfyk" Hudaý Tagalanyň gönükdiren hidaýat suwy bolmaly. „jesedim nawyn" diýmegi, şol suw bilen meýidi ýuwmaklyk: ,,Hümmet edip pikir riştesi bilen nefsimiň öňüne geçip, ruhumyň guşun bezesem, ýagny ahyret öýün gazanmak üçin, ruhumy täkwiýet etsem, ýagny güýçlendirsem" diýip arzuwlaýar. Ýene şol sahypada: Ömür bäş gün, menzil üç, ,,Menzil üç" diýmegi: ilki menzil - erkek adamyň bilinde, ikinji menzil - ene rahminde, üçünji menzil- dünýä immegi. Dünýäniň ömri, ahyretiň günlerinden ýedi gün, her bir güni müň ýyl bolmaly. Bu barada şeýle aýat bar: ,,Annä ýäwmän ynda rabbäkum käälp sunnätä mimmää taadun“. Her kim Selümändir ygtybar olmaz, Kim bolsaň bol, hatta Süleýman hem bolsaň, eger-de hatynyň bolmasa, halk ýanynda kemsinip we gün-güzeranyň agyr aýlanyp, erbet ýagdaýa düşjekdigiňni duýdurýar. Elbetde, aşakdaky goşgusy muňa doly güwä geçýär: Aýalsyza mydar ýokdur, Ýene şygyr diwanynyň ,,Hezarstana sary" atly gazalynda: Änt eýýamy sowular, Bu goçguny ebjet hasaby bilen düşündiriş bermeklikmümkin. ,,Änt" sözüniň birinji harpy-ebjet hasabyndan 1, ikinji harpy ,,n"-50, ahyrky harpy "t" -400. ,,Hezarstan" hem-1000 (müň), jemi -1451 sana ýetýär. Şol senede adamzat dünýäden sowular diýip çak edilýär. Elbetde, ulamalaryň aýtmagyna görä, tefsiri-Ruhul beýanda hem müň ýyl indi diýip görkezilýär. Magtymguly işan ,,Bilbil bolmasa" diýen eserinde: Ahyrzaman bolsa, şyhdan päl gaçar, Ilki bilen, ahyrzamanda şyhlarda hiç hili päl galman gaçjakdygyny we hem-de kyýamat ýakynlanda bir gijede Kuranyň haty kagyz ýüzünde galman öçjek we ýat tutanlaryň hem ýadyndan çykjakdyr diýip alym Pyragy makullaýar. Gaçganym köplükdir, istegim hylwat, Magtymguly işan köpüň içinde bolsa-da, özüni hemişe ýeke duýýar, ,,Hylwat där enjimen“ ýagny köplükde otursa hem özüni ýekelikde bilýär. ,,Topragydyr" diýen gazalynda: Gök göteren sekiz melek, Ýagny, sekiz perişde arşy göterip durup we olaryň agyzlarynda hemişe ,,lä ilähä illälläh" diýlen söz bolmaly. Diwanyň ,,Jepbar bar" atly gazalynda şeýle setirlere duş gelýäris: Gylny kyrka bölmäge Müňkür Nekirtaýýar bar, Her kim şu ýalançy pany dünýäde birine gyl ýaly azar berse, ýagny entek asy iş etse, magşarda senden birin-birin soralyp, her bir azar beren adama ýüz müň azar beriljekdigini öz dürdäne sözünde ägä edýär. Akyldar: "Hiç azar bermegin bir musulmana" diýip, meger aýry bir eserinde aýtmanmy? "Ölmezden burun" atly goşgusynda şeýle beýan edýär: Kyl nazar asary-sangy-Allahga, çeşmi-did ile, Akyldar Pyragy Hudaý Tagalanyň hulk eden zatlaryny ygtybar nazar bilen gara, ýagny ynam bilen seret. Ýaradany elmydam temjit öwgi bilen hormatlap, zikr edip durmalydygyny nygtaýar. "Peşe pil bile" atly şygrynda şeýle setirler ýazýar: Göz, köňül, dil, akyl galdy dördüsi, "Göz", "köňül", "dil" we "akyl" bu dördüsi işlemedengalsa, ýagny dünýäden ötse, ruh asly watany arzuwlap, Hudaý Tagalanyň hezretlerine rujug etmeli, ýagny yzyna öwrülmelidigini düşündirýär. "Geçdi diýdiler" atly eserinde şeýle sözler bar: Nägehan ugrady aýralyk dagy, Ilki bilen, özüniň işan-seýitdigini duýdurýar. Soň bolsa, tarhan diýip getirmegi, Mogol patyşalarynyň ryjalaryna dakylýan at bolmaly. Bu ýerde ol özüniň aýralyk dagyna agyr musubetni çekmäge-de amuhtedigini we hatda Hak ryzasy bilen başyna daş ýagsa hem sabrynyň, çydamynyň bardygyny aňladýar. "Kefaret etdi" atly gazalynda şeýle degerli setirler ýazýar: Pehim eýle sözümni aşyklar başy, Ybraýym Halylullah ogly Ysmaýyly hak ýolunda gurban etmeli bolanda, oňa asmandan goç inýär. Ikinji setiriň manysy bolsa, ilki bilen Käbäni perişteler bina edýär. Soň Adam aleýhissalam tejdid bina edýär. Bir rowaýata görä ýedi we aýry bir rowaýata görä on gezek Käbe bina edilýär (Kasasy - Kuran, 100-nji sah). Ýene şol sahypada: Bilermusen niçe ýyldyr salyndy, Ýokarky üçünji we dördünji setiriň çözgüdi bolsa şeýle.Olşemg-nury Muhammet bolmaly. Ol nur ilki Adam Atamyza berlip, son "puşt där puşt" gelip, pygamberimiziň atasy Abdylla, ahyrsoňy Hezreti Resul Ekrem (s) dünýä inende, öz asyl eýesine gowuşýar. Kimdir hatm istäp görüp Töwratda, Ilki beýtde dört diýip getirmegi, Musa aleýhissalam Hezreti Resul Ekrem (s) niň fazyletini we waspyny we ummatynyň hormatyny heniz dünýä inmänkä okap, görüp, ony görmegi gaty arzuw edýär. Musa aleýhyssalamyň ol arzuwy hasyl bolup, Hudaý Tagala Musa aleýhissalamga öz gudraty bilen oňa Resul Ekremiň şeklini dünýä inmäkä zahyr edip görkezýär. Hyzr bilen teharet edenler bolsa, Musa aleýhissalam bile öz şägirdi Ýuşyg bolmaly. Ne Töwratdyr inip geldi Salmandan, Ilki beýt Salman Parsa degişli. Hudaý Tagaladan oňa handak gazmaklyk ylham bolýar, "kaýsy melek indi asmandan" diýýäni bolsa, Jebraýyl aleýhissalam inýär. Olar perişteleriň kömegi bilen handak gazyp, pygamberimiz Hezreti Muhammedi kapyrlaryň çozuşyndan nejat berýärler. Bu hem "Etgen kerim" diýen gazalyndan: On sekiz müň älemi, bir demde bar etgen kerim, "On sekiz müň älemi" ýaradan Allaha degişlidir. Ol on sekiz müň alty müňi-haýwanat, atly müňi-nebatat, alty müňi jemadat. Şol şygyrda "Ýedi gabra" diýmegi - ýedi gat ýer. "Ne pelek" diýýäni hem dokuz gat asmandyr. "Ýaranlar" atly eserinde şeýle setirler görýäris: Magtymguly huşýar oldum oýandym, Bu şygryň ilkibendine girişsek, akyldar Pyragy gözüni açyp oýnaýyp ýagşy aňlan soň, özüniň ýaradana bolan yşkynyň derdmden çäksiz örtenişi we köýüşini duýdurýar. Soň ikinji bendiň çözgüdi bolsa, haýatlaryň (biçimleriň) egin-eşigi her adamyň öz boýuna we egnine görä, mynasyp we ýaraşykly edip tikişi ýaly, men hem gazallarymy kapyýa we sejig (rifma) we many taýdan haýatlar ýaly, sazlaşykly we ýaraşykly, düşümli ýerbe-ýer, kösüni goýman beýan edendirin diýip ägä edýär. "Ýaraşmaz" atly şygrynda şeýle sözleri görýäris: Gula aga diýmek, çoryga bibi, Gul adama "baýar" be gyrnaga bolsa "bibi" diýmeklik, edil ýogun gyl bilen ýumşak ýüpegi işen ýaly, ýaraşmajagyny aňladýar. Ýene başga goşgusynda bolsa: Ömrüň ötürgil jemagat bile, Ol dünýäni suwa, deňize meňzedýär. Ähliadamlar dünýewi bolup, mesjide gelmän, mesjidi terk edip, eger gelseler hem diňe ahyret gürrüňleri bilen işleri bolman, köp halatlarda dünýewi gürrüňler bilen meşgul bolýarlar. Adamzat dünýäden ötenden soň, mesjidiň we mährabyň tapylmajagyny beýan edýär. "Bu dünýa" atly eserinde şeýle ýazgylar bar: "Dört kapyr Hudaýlyk dawasyn etdi". "Dört kapyr" diýýäni - Pirown, Haman, Şetdat we Nemrut. Pirown kapyrlaryň patyşasy, weziri bolsa Haman. Ilki Haman emr edýär. Bir kasyr (köşk) saldyrarsyň gaty beýik bolmaly: "Men Musa aleýhissalamnyň Hudaýyny ok-ýaý bilen urjak, ol meniň Hudaýym asmanda bolmalydyr" diýýär, "Şeýle bolsa, men Musanyň Hudaýyny urjak" diýip, kasryň üstüne münüp, asmana ok atýar. Hudaý Tagalanyň gudraty bilen, onuň okunyň öňüne bir balyk tutulyp, ol gan bolup yzyna gaýdýar. Ol betbagt: "Men Musanyň Hudaýyny urdum" diýýär. Balygyň şol betbagtyň okunyň öňüne tutulany üçin balygyň damagy çalynmasyz bolýar. Pyragynyň: "Şetdat bir menzil başlady, dört ýüz ýyllykda işledi" diýmegi - dört ýüz ýyllap işlenen menzil jaý, son tamam bolanda ol kapyra öz salan Erem bagyna girmeklik rugsat berilmän, Ezraýyl şol bagyň gapysynda onuň janyny alýar. Hudaý Tagalanyň nusraty (ýardamy) bilen Musa aleýhissalamyň hasasy Purownyň, Şetdadyň hilegärligini basýar. Musa aleýhissalam birniçe alamatlary, mugjizatlary (keramatlary) Pirownyň gözüne görkezip, ony dine çagyrsa hem, ol boýny ýogynlyk edip, ahyr hem Hudaý Tagalanyňbarlygyny inkär edip, dünýäden kapyr bolup geçýär. (Kasasy-Kuran, 233-nji sah.) Pirown, Şetdat, Haman niçe kapyrlar, (dowamy bar)... © Hajy Myratdurdy GAZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |