18:09 "Magtymguly, sözüm gysga - şerhi köp..." -4 | |
Aly babam turup nazar etdiler, Elbetde, akyldar Pyraga berilen meý-muhubbet (söýgi) meýi, muhubbet şeraby bolmaly. Ony içen adam ählidünýädäki zatdan, jennetden, dowzahdan el çekip, diňe Hudaý Tagalanyň Jelal jemalynyň aýnasy bolmaly. Şahyryň "Turgul diýdiler" diýen eseri onuň döredijiliginiň tutuş gönezligi we ähli syrlarynyňaçary bolupgörünýär. Ol bu goşgy-da jikme-jik özüne berilen makamy hakda doly açyk aýdýar. Resulullah aýtdy: "Eshablar, ýörüň, Diýdiler: Üç kişi bolduk ustadyň, Asmanyň ýüzünden kehkeşan uçdy, Magtymguly işanyň öz eserinde belläp geçişi ýaly, biz hem ulamalaryň garaýşyna we beren nazaryna goşulýarys. Olar Pyragyny "nogabe" jümlesinden saýyp atlandyrmaklary, onun öwlüýälere goşulýandygyny bir agyzdan makullaýarlar. Ýer diregi, gök paýasy, Nirde derwüş görseň baryp alkyş al, Dana Pyragynyň "derwüş" diýip atlandyrýanlary weliler, pirler bolmaly. Welileriň öz welidigini bilýanleri hem bar we bilmeýänler hem bar bolmaly. Weliler tüýsli-tüýsli bolýar: Birnäçe welileriň mamuryýetleri (wezipeleri, tabşyryklary) bolmaly, adamlara ýol görkezmäge, ýagny erşat etmäge. Emma birnäçe welileriň ildeşlerine ýol görkezmegi barada wezipelendirilen bolmaly däl. Sözüň gysgasy, öwlüýäleriň hatyrasyna ryzk berilýär we şolaryň hormatyna ýagyn ýagdyrylýar, olaryň şerapaty we hormaty üçin Allahu Tebarek we Tagala sizden ahli belany we derdi gaýtarýar. Ýajuj-Mäjuj diýerler, Ine bu goşgularyň ählisini pygamberimiziň waspyndaýazylypdyr. Ýene "Görgeç Resul" atly eserinde: Düşdi bir hoşluk jahana, nusratyň görgeç Resul, Hezreti Resula sygynyp ýazan "Eý peri" diýen şygrynda ony şeýle sözler bilen suratlandyrýar: Mesgeni Mekge-Medine sekiz uçmak lälesi, Şahyr "Açdy Muhammet" diýen şygrynda-da ony şeýle wasp edýar: Ol deslap baryp Haýbar dagynda, Pyragynyň "Anbar saşdylar", "Söýmüşem seni" ýaly eserleri Hezreti Resul Ekreme bagyşlanypdyr. Magtymgulyişanyň "Rebbim Jelil" atly eserinde özüniň ýüreginde beslän arzuwunyň hasyl bolandygyny açyk aýdýar. Mekgeden çykdy bir gözel, Akyldar Pyragy, çarýarlaryň yslam ýolunda eden pidakärçiliklerini we yslam dinini dükeltmekde we şöhrat bermekde arman, ýadaman eden tagalla we talaşlaryny öz sözleriniň köp ýerlerinde getirip şeýle aýan edýär: Şir Haýdar diniň gapysyn açdy, Ol ýene "Gahry gana" eserinde: Hudaýymyň arslany Aly zarbyndan döndi, Ýene: Eý ýaranlar, kuwwat berjek Hudaýdyr, Şahyr "Alydyr" diýen eserinde: Alyny şeýle taryplaýar: Kelle geldi dergahyna dat bile, Magtymguly aýdar tende bu janyň, Onun Hezreti Aly aleýhissalama bagyşlanan belent goşgusy, şeýle sözler bilen başlanýar: Eý ýaranlar, musulmanlar, Arka bermiş mähraba, Aýry bir şygrynda bolsa şeýle suratlandyrýar. Haýdardan soradym barça atma-at, Resulylla aýtdy: "Ýa Şahymerdan, Akyldar Pyragynyň "Sataşdym" diýen eserinde şeýle setirlere duş gelse bolar: Ustasyz işlenen, kirişsiz gatylan, "Seýrul-aksam, seýrul-kulub" diýýärler. Diýmek, Hudaý Tagala bagyşlap enaýat etse, beren zadynyň belli bahasy bolmaly däl. Aryf atamyz Allahyň fazly-kereminden bagyşlap yrfany ylymlaryny ok-ýaýa meňzedip we özüniň hem şol ylymlara towpyk tapandygyny açyklap beýan edýär. Ýene şol sahypada: "Aýrylyp näzliden, galdym gurbatda, We ýa: "Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym". Bu setirlerden aňlanylyşy, ýyldyzlary ulamalara, ýagny alymlara we Aýy hem sahabalara meňzedýär. Adamzardyň maddy baýlykdan gözi doýmeýşi ýaly, Magtymguly atamyzam magnewi baýlykdan doýup bilmeýändigini aýan edýär. Ine, bu setirler hem "Sataşdym" diýen eserinden: "Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym" we ýa: "Durusyn içmişler, laýa sataşdym ". Magtymguly diýrler meniň adymy, Onuň "ot" diýýäni "muhubbet ody", ýagny "nary-muhabbet" bolmaly. Ol yşka düşenler, elmydama ýürekleri Alla Tagallany küýsäp, onuň Jelal jemalyny görmäge arzuwlap ýörmeli. Şeýle-de, ol zol özüni yşk söwdasyna düşünmeýän we baş çykaryp bilmeýän edýär. Ol adam oglunyň däldir balasy, Akyldar eserinde ol adam oglunyň balasy däl diýip getirmegi Allaha degişlidir, ol hiç närseden dogmandyr we hiç närse hem ondan dogan däldir, "läm ýälid, wäläm ýuwläd". Elbetde bu setiriere ýagşy pikir goýup oýlanylsa, ýaradan Beýik Taňrydygy öz-özünden düşnüklidir. Ýene şol eserde: Bir salymda gopar ahyrzamana, Elbetde, Hudaý Tagala "Wahyt al-kahhar". Haýsywagt erada etse, kyýamat gopjakdygy hökmanydyr. We ýene: Gardaş-dogany ýok, ýalňyz özüdir, Bu setirde bolsa, Allahu Tagalanyň ýeke we ýalňyzdygyny we ýary we rakybynyň ýokdugyny beýan edýär. Munakgaş sypatly, gymmat bahaly, Aryf atamyz bu setirinde jennetdäki ähli hüýrler we barlyklar, ýagny ýaradylanlaryň bary, diňe Beýik Taňramätaçdigini anyklaýar. Ýene şol eserinde: Her kim ony söýse, tirikdir, ölmez, - diýmek dilen Beýik Taňryny söýen adamlaryň elmydamadiridigini. Hakyň ryzasyny tapan adam bagty gelen webagtly adam bolandygyny duýdurýar. Dözmenem, duýmanam, durmanam, eý ýar, Bolmuşam guwwas dek, ýüzmüşem köli, Ilki aryf atamyz bu eserde "ýar", "ýar senden", "eýe" diýip getirmegi, ol beýleki eserleri ýaly, diňe Allahu Tagalaga ýüzlenendir. Ol magrypatyň derýasyna ýüz urup, ýagny yrfany ylymlaryna girişip eshaplara duşandygy we muhubbet şerabynyň dadyrlandygyny duýdurýar. Şygryň başyada "Dözmenem, duýmanam, durmanam" diýip, başlamagy özüniň Beýik Taňra çäksiz söýgüsiniň bardygyny beýan edýär. Emma şowkuň şerabyndan bolmuşam doly diýmegi, muhubbet şerabynyň yşkyndan gije-gündiziň nähili geçýändigini aňmaýyşyny aýan edýär. Perwaz urup seýran etdim dünýäni, Bu setirlerde hem özüniň enbiýa we eshablaryň ruhuna duşandygyny äşgär edýär. Köňül istär, gezsem dünýä älemi, Bu setiriň mäfhumy we mazmuny bolsa, akyldar şahyr ilki büen dünýäni gezip aýlansam, görsem diýip arzuwlaýar. Ikinji setirinde yrfan şygyrlarynyň, yrfany ylymlaryň magnysyny açyklap çözüp bilmeýän ýaly, özüni pespäl saýýar. Belli bolşuna görä, pespällik aryf atamyzyň zatynda bolmaly. Ol bütin eserlerinde özüni pespäl, zada düşünmeýän we seljerip bilmeýän edip görkezýär. Ýagny şekeste nefsi (sada) edýär. Ýene şol sahypada: Çohlar onda guwwas bolup ýüzerler, Akyldar şahyr ýokarky beýdiň birinji we ikinji setirlerinde köp adamlar yrfan deňizinde ýüzüji bolup ýüzýär, ýagny yrfan ylymlarnyň içinde gaýnaýar, yrfany ylymlaryndan baş çykarýarlar, emma bu işler halkdan gizlin bolsa-da, maňa aýandyr diýip duýdurýar. Ol üçünji we dördünji setirinde bolsa, muhubbet şerabyny, ýagny yrfanbadasyny özüne içmäge rugsat berilse-de, berilmeýän ýaly edip görkezýär. Ýene şol goşguda: Pikir derýasyna akyl gämisin, - diýýär. Onuň "Çykypdyr" diýen goşgusynda şeýle setirler bar: Kimse syrym bilmez özün öldürse, Ol mende bolan syry her hili jan etse-de, hiç kişi bilip bilmez. Meger Hudaý Tagala ony biriniň kalbyna guýmasa diýýär. Ol syr ýönekeý bir syr bolmaly däl. Ol Hudaý Tagaladan öwlüýäleriň kalbynda zahyr bolýan syr bolmaly. Şeýle-de, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, öwlüýaleriň yşkynyň ody, dowzah odundan güýçli bolmaly. Akyldar Beýik Taňra bolan yşkyny ýatan deňize meňzedip, şol gara deňizde hem dolup-daşyp gaýnaýandygyny açyk duýdurýar. Galyberse-de, rowaýat edýärler, dowzah Hudaý Tagala ýüzlenip: "Eý bary-Hudaýa! Her kim asyçylyk else, men bilen azap berýärsiňiz, emma men asyçylyk etsem, näme bilen azap berersiňiz?" diýip soranda, Hudaý tagala oňa: "Sana aşyklaryň ody bilen azap bererin" diýip jogap beripdir. Şahyryň "Ýandyrar" atly eseri bolsa Huda aşyk bolanlara degişli: Aşyklar bagryndan bir nala çekse, Ähli Alla aşyk bolanlaryň bagryndan çykan nala, nary-muhubbetdir, söýgi ody şeýle güýçli. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ol muhubbet söýgüsiniň odunyň çogy(howry) dowzahyň odundan güýçlüdigi şübhesizdir. Şol aýdyşymyz ýaly, Hudaýa aşyk bolanlara hiç zat gerek bolmaýar, diýmek olar terkidünýä, olar behişt diýip, ýa sowap diýip ybadat etmeýärler, belki-de Hudaý Tagalany wajyp ybadat bilip, ýagny mynasyp, ýaraşykly bilip ybadat edýärler. Magtymguly bentdir akyl gapysy, Ilki beýdi-akyl gapysy ýapylyp, nebsiň-şehwatyň yzyna düşülse, onda ýolundan azaşyp ol dogry ýola gitmejekdiklerini açyklaýar. Ikinji beýdinde, eger derde ýarajak ýapynyň özi dert bolsa, onda dert üstüne dert bolmaly. Bu ýerde akyldaryň aýtjak bolýany eger-de pirler, işanlar, sopular sogap işi goýup, günä işe ýüz uranda, ýagny poş geýip günä işlere goşulandan, telpek geýsinler, ýogsam poşlar aglar siziň halyňyza diýip berk ýazgarýar. Geliň indi "Çykypdyr" diýen gazalyna ser salalyň. Onda: Oba ujundan bardym öý soraşmaga, Ýa: "Maňa hemra bolan gamly çykypdyr". - diýen setirleri bar. Bu setirlerden çak edilişi, haýsy bir gören adamsy daş keşpinden: "Şu takwa-mömündir!" diýip çak etse, ýaradan Taňry Tagaianyň adyny zikr etmek-de agzy lal ýa mumly ýaly eden tamasynyň çykmandygyny bildirýär. Şahyr: "Gyzmaly boldum" diýen eserinde şeýle gyzykly setirleri getirýär: Aşyk derýasyboldum, daşdy, gaýnady, Ol: "Metbahda gaýnap gyzmaly boldum", we ýa "Imdi çäre ýokdur düzmeli boldum" - diýmek bilen yrfan bahrynda gark boldum, dolup-daşyp, gaýnap, ýagny magrypatyň derýasynda guwwas kimin ýüzmeli bolup, ýüzmegine taýýardygyny açyklap nygtaýar, takyklaýar. Diwanyň "Göz bile" diýen şygrynda şeýle yrfany sözlerine duş gelýäris: Kimsäm bardyr, arzym ýara ýetirse, Gelen geçdi, gelejege ýurt goýdy, Magşugym taýdyrmaz, tapsam el bermez, Yşkynyň derdinden ýanyp, bişip, köýüp, köz bolup örtenişini beýan edýär. Galyberse-de, ol oduň güýjünden ynjalygy ýokdugyny duýduryp, hatda ýagyş we ýa buz bilen hiç sönmejegini we özüne duşan yşkyň ody egsilmeýänini Isa-da aňmajagyny we lukman hem oňa çäre edip bilmejegini duýdurýar we şeýle-de ol ýardan Allahnyň gözleginde bolup, ony tapmaýşy we tä onuň jemalyny gözi bilen göräýmese ýüreginiň ynjalmajagyny berk nygtaýar. Kelle geldi dergahyňa dat bile, Bu şygryň manysy bolsa ine şeýle: Bir gün Hezret Alynyň ýanyna bir kelle togalanyp gelýärde: "Ýa Aly meniň dadyma ýetiş diýýär. Ýaňy döw gelip, meniň kellämi kesip, göwrämi bir guýa taşlady" diýýär. Hezret Aly hem 70 metrlik ýüp alyp, şol aýdan guýusyna tarap ugraýar. Ol ýaňky aýdan guýusyna baryp ýüpi sallaýar weli, ýüp guýunuň etegine ýetmeýär. Ahyr ol tähtassere çenli gidýär. Baryp görse döw harlap ýatan, ol derrew baryp döwi öldürip, döwüň köp ýesir eden adamlaryny hem azat edýär. (dowamy bar)... © Hajy Myratdurdy GAZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |