Geliň, indi ýalan dünýä baradaky aýdan setirlerine ser salalyň:
Tur säher Magtymguly, bu gün öz halyňa ýygla,
Erte ol magşar güni, derläp utanmazdan burun.
Çalyndykça jahan çyrşygy artar,
Haçan köňül karar tapar jem bolup.
Ahyret işin gör, mundan baş gutar,
Dünýäni kim tutdy, öter güm bolup.
Bar malyn nätdi Karun,
Taşlap gitmeli dünýädir.
Ýüz günlük tetärik bäş günlük ömre,
Pikir ediň niçik işdir ýaranlar.
Hezreti Musa barada bir rowaýat:
Hezreti Musa aleýhissalam wagtynda bir derwüş-diwana gelip, Musa aleýhissalama ýüzlenip: "Meniň hakyma bir doga et, Hudaý tagala maňa bir ogul bersin" diýýär. Musa aleýhissalm doga edýär. We emma Hudaý Tagala onuň dogasynyň jogabynda: "Ol derwüş ogulsyz galar" diýýär. Soň Musa aleýhissalam ol derwüşiň ogully bolanyny eşidip, Hudaý Tagalaga arz edýär. "Ol derwüş ogully bolupdyr, sebäbi name?" diýip soraýar. Hudaý Tagala synamak üçin Musa aleýhissalama ol derwüş bilen çöle ýoldaş bolmagy teklip edýär. Olar çöle çykandan soň, biri gelip olara: "Men Hudaý Tagalanyň tarapyndan geldim, maňa et beriň" diýip, ilki Musa aleýhissalama ýüzlenýär. Ol: "Mende et barmy saňa berer ýaly" diýip jogap berýar.
Ol adam derwüşe ýüzlenende, eline ýarag alyp, endamyndan et kesip berýär. Soň Hudaý Tagala Musa aleýhissalama aýdýar: "Ol derwüş meniň üçin endamyndanet kesip beren bolsa, näme üçin onuň dogasyny kabul etmäýin" diýip jogap beripdir.
Indi Bilkys barada rowaýat:
Günlerde bir awçy mergen aw awlamak üçin çöle çykýar. Bir müddet ýöränden soň, görse, bir ak ýylan bilen bir gara ýylan urşup duran eken. Şol halatda ýaňky mergen gara ýylany urup öldürýär. Soň öz işine tarap gidiberýär. Biraz ýöränden soň öňünden bir owadan aýal oňa duşup aýdýar: "Men şol gara ýylan bilen urşup duran ak ýylandyryn.Sen meniň duşmanymy öldürdiň, şol eden ýagşylygyň üçin saňa şu gyzymy berýärin!" diýip olary jübýtläpdir we aýdypdyr: "Eger sen onuň eden işini aýyplasaň, ýagny eden işine at daksaň, talak bolýar!" diýipdir. Olardan bir müddetden soň bir gyz emele gelipdir. Onuň aýaly gyzyny ýanyp duran oda oklapdyr. Ol mergen: "Name üçin oda taşladyň?!" diýip aýyplapdyr. Ol: "Bir talak boldum!" diýipdir. Ikinji gezek ýene bir işine garşy çykypdyr. Ol: "Iki talak boldum!" diýipdir. We ýene üçünji gezek hem bir zat üçin garşylyk bildiripdir. Ol: "Üç talak boldum!" diýipdir. Soň enesi: "Oglanlarymyz ot bilen terbiýelenýändir" diýen. Şeýle-de, ol mergenden emele gelen gyz-Bilkysdyr. Onuň atasy ynsan, enesi bolsa jyndyr. Elbetde, Bilkys soň-soňlar nesip bolup, Süleýman patyşa jübýtlenip, onuň hatyny bolýar. Adam aleýhissalamyň wesýetnamasynda okadym Hudaý Tagala Kap dagynyň aşagynda bir çeşme döredipdir. Suwy süýtden ak, buzdan sowuk, baldan süýji we mesge ýagdan ýumşak we müşki-anbardan ysly. Her kim şol çeşmeden içse, hemişelik diri galýan eken. Isgender Zülkarneýn şol suwdan içmäge niýet edip aýaga galýar."Ulamalar men bilen gaýtsynlar, siz hem men bilen gaýdyň aýak ulagymyz dogurmadyk baýtal bolsun" diýýär. Ol Hyzr pygamberi öz leşgerine baş edip, dört müň atla tabşyryp, aýdýar: "Bardy geldi bir-birimizi zulmatda görmesek, tapmasak, näme etmeli bolýarys?" diýýär.
Bilgiçler (akyldar, filosoflar): "Göwheri-şahnewazy hazynadan özüňiz bilen alyp gitmeli.Eger-de bir-birimizi tapmasak, göwheri ýere oklap, onuň ýagtylygy bilen bir-birimizi taparys" diýipdirler. Olar göwheri hazynadan getirip, Hyzr aleýhissalama berýärler we erkan döwlet bilen on iki ýyl uzaga çekjek sapara hoşlaşyp zulmata tarap ugraýarlar. Isgender Zülkarneýn hemişelik dirigalmak üçin Hezreti Hyzryň ýoldaşlygynda zulmata barsa-da, oňa aby-haýatdan içmeklik miýesser bolmaýar we göwheri-şahnewazy zulmatda ýere taşlasa-da hiç kimi görüp bilmeýär.
Ine, bu eserde: "Mugjyza eýle Salyhyň daşdan çykypdyr maýasy".
Salyh pygamber öz zamanynda dinsiz kapyrlary Hudaý Tagalanyň ýoluna çagyranda, ol kapyrlar: "Biz seniň aýdanyňy bir şert bilen edeýli, sen pygamber bolsaň, mugjyzaň görkez!" diýipdirler. Olar: "ilki bilen, şu gam daşdan urkaçydüýe çyksyn, son köşek hem dogursun we hem-de süýt bersin!" diýipdirler. Şol halda Salyh pygamber iki rekagat namaz okap, Hudaý Tagala doga edýär. Ýaradana hemme zat aýan bolansoň, Jebraýyl aleýhissalamy iberýär: "Bar Salyha aýdyň, bir taýak bilen şol ýatan gara daşy ursun, düýe çykar!" Aýdyşy ýaly edýär, düýe çykýar. "Soňra düýäniň garnyna çybyk bilen ursun, köşek dogar" diýipdir. Aýdany ýaly edýär, köşek hem dogýar. Köşekdoganda, onuň ýanynda iýýän gök oty hem bar eken. Soň düýe otluk meýdanda otlap ýören eken.
Şol obada Salyhyň kowmunuň bir guýusy barmyş, ýedi kabyle şol guýudan suw içýän eken. Düýä suw bermek üçin şol guýunuň ýanyna getirýärler. Düýe guýynyň içindäki suwuň baryny içip boşadýar. Düýe suw içensoň Salyh pygamber: "Geliň indi düýäni sagyň" diýýär.
Ol kowumlar düýäni sagyp bütin gaplaryny doldurýarlar. Salyh aýdýar: "Guýunyň suwy bir gün siziňki, bir gün hem dünýäniňki bolsun!" diýýär. Emma Salyhyň kowmy düýä suw bermejek bolup, düýäni öldürýärler. Emma düýäniň köşegi gaçýar. Jebraýyl aleýhissalam gelip, ol azgyn kowmuň jaýlarynyň depesini yrgylladýar. Kowmlar öýlerinden çykyp gaçýarlar. Salyh pygamber olara aýdýar: "Jebraýyl aleýhissalamyň sesini eşidenleriň bary heläk bolar!" diýýär. Jebraýyl aleýhissalam "Köwle Tagala" diýip gygyrýar. Onuň sesini eşidenler kül bolup sowrulýar.
Akyldar Pyragy bir şygrynda "Ol bir şeýle sesdir, eşiden öler" diýýäni, Jebraýyl aleýhissalamyň sesidir. Ol kowmlar dünýäni öldürmesiz bolup, soň ähtlerinden dänýärler. Hudaý Tagala ol düýäni dört müň ýyl ozal ýaradypdyr. Soň Salyh pygamberiň mugjysasyny zahyr etmek üçin daş ýarylyp düýe peýda bolýar (Kasasy-Kuran, 46-njy sah.).
Ýusup kimin zyndan içre aglasam,
Jirjis kimin jan ýoluňda çaglasam,
Ýunus kibi Haka gulluk baglasam,
Ýa, Reb, habar bilerinmi ýar senden?
Akyldar Pyragy öz dürdäne eserleriniň birinde "Jirjis" diýip at tutup getirmegi hem-de "Jan ýoluňda çaglasam" diýip duýduraşy Jirjis aleýhissalamyn kyssasyny bilmeklik zerurmyka diýýärin. Ol kyssa bolsa ine şeýle: Jirjis aleýhissalamy kapyrlar sişenbe güni şehit edýärler. Her gezek öldürilende, Allahnyň emri bilen ýene dirilýän eken. Jirjis aleýhissalam kapyrlary Allahu Tagalanyň dinine çagyrýar. Olar onuň aýdanlaryna müňkür bolup: "Bize göze görnüp duran zady aýdyň" diýýän ekenler. Jirjis aleýhissalam kapyrlara: "Meniň Hudaýym hemme zada kadyrdyr, gudratlydyr, hemme zady hulk edendir we edýändir. Hemme zady bilýändir we eşidýändir, ähli ýerde bardyr" diýýär. Emma ol kapyrlar Jirjis aleýhissalamyň üstüne agyr daşlar goýup derisini soýýarlar. Ol diňe eti dökülip, süňk bolup galýar. Yzyndan hem ony ýakýarlar. Jirjis aleýhissalam ýanyp duran wagtynda "Lä ilähä illällah" diýende, dirilýän, ýene kapyrlara onuň bütin endamyna ar myh çekip, onuň magzyna myh kakyp magzyny pytradýarlar we hatda gursagyna we aýagyna myh kakýarlar. Hudaý Tagala perişteleri wezipelendirip: "Baryň Jirjisiň aýagyndaky çüýleri aýryň" diýip iberýär. Perişteler bolsa, baryp jirjisiň aýagyndaky çüýleri aýyrýarlar. Jirjis ýene dirilýär. Kapyrlar Jirjisi ýene gaýnap duran ýagly gazana oklaýarlar. Ýene Hudaý Tagalanyň gudraty bilen Jirjise hiç zat bolmaýar. Ahyrda kapyrlar Jirjisi pyçgy bilen kesip, endamyny iki bölýärler. Ony-da az görüp, ýolbarsyň öňüne taşlap, bölek-bölek edýärler. Ýene Jirjis "Lä ilähä illällah" diýip dirilýän eken. Hezreti Jirjis aleýhissalamyň ýaşaýşy:
Jirjis aleýhissalam pygamberler jümlesinden bolup, Ol adamlary, ýagny kowumlaryny Hezreti Ysa aleýhissalamyň şerigatyna çagyrýarmyş. Jirjis ibn Enak ibn Hosrow. "Enak" Ermenistanda köp wagtlap Mosulda, Ýerewanda Patyşalyk edýär. Enak dünýäden ötensoň, ogly Jirjis on dört ýaşynda atasynyň yzynda galýar. Ermenistanyň ýaşululary: "Jirjis heniz ýaş, patyşalygyň hötdesinden gelmez" diýip, Tir Tat Hosrowuň ogluny patyşalyga oturdýarlar. 329-nji milady ýylynda Jirjis pygamberlige ýetýär. Emma onuň agasy Tir Tat butparast eken, ol Jirjisi tussag etmekligi buýurýar.
Soň bolsa kapyrlar ony tussaglykdan çykaryp, on dört gezek azap berip öldürýärler. Ol Hudaý Tagalanyň gudraty bilen her gezek öldürilende dirilýär. Ol ýene kowumlaryny Hudaý Tagalanyň ýoluna çagyrýar. Hatda kapyrlar Jirjisi agajyň arasynda goýup, pyçgy bilen kesip, şäherden daşary çykaryp, boýnuny kesýärler, ol ýene dirilýär. Jirjis 77 ýyl ýaşaýar, ýagny 392-nji milady ýylynda aradan çykýar. Onuňmazary Mosul diýlen şäherde bolmaly. Ahyrda oňa müň adam yman getirýär. Şol kyssada aýdylyşy ýaly, Jirjis kapyrlar tarapyndan ýetmiş gezek ýakylyp bölek-bölek edilýär, ýene ol Hudaý Tagalanyň gudraty bilen dirilýär. Her gezek dirilende ol kowmuny Hak ýoluna çagyrýarmyş. (Taryhy-Enbiýa, 752-nji sah.)
Şahyryň "Bilmezmiň" diýen eserinde şeýle dürdäne sözlerinde duş gelýäris. Akyldar Pyragynyň "Galam alyp namany gönderdigim bilmezmiň" diýen eseri Hezreti Süleýmanyň kyssasyna bagly bolmaly. Magtymguly işan bir gün gol bermek üçin Nyýazguly halypanyň ýanyna baranda, ol: "Bize agzyna gelenini samrap ýören şahyr gerek däl" diýip, Magtymguly işany özüne müritlige kabul etmändir. Magtymguly işan hem bu gazaly oňa: "Süleýman dekähdimni syndyrdygym bilmezmiň" diýip, Hezreti Süleýmanyň nähili ähdini syndyrandygyny bilmek üçin we hem-de Nyýazguly özüni Şunkar hasap etse-de, heniz "Gamyş ganat ak türpek bolup" uçurum bolmandygyny bildirmek üçin ýazyp iberýär. Elbetde, ululyk, kiçilik ylma we maglumata bagly bolýar.
Aýdaly, Süleýman pygamber magrypdan maşryga yns-u jynga patyşalyk edip, ýele-güne hökm etse, Hem hüthüt guşjagaz, onuň bilmeýän zadyny bilýän eken, sebäbi Süleýman agyr leşgeri bilen bir ýana gidende, nirde suw bardygyny bilmän, ol hüthüti çagyryp: "Ondan suw nirede?" diýip, maglumat sorap bilýän eken. Magtymguly işan oňa: "Eger sen Süleýman bolsaň, men hem hüthüt bolsam, ýene seniň bilmeýän zadyňy bilýändirin" diýen bolmaly.
Kuranyñ "Neml" suresiniň 19-njy aýatyndan tä 44-nji aýatyna çenli genç Süleýmanyň kyssasyna degişlidir. Ol kyssa bolsa şeýle:
Bir gün Hezreti Süleýmanyň emri bilen yns-u jyn-u Süleýman pygamberiň ýanyna ýygnalmaly bolanda, ýanyna hüthüt gelmändir. Süleýman hüthüti isleýär, emma ondan gördüm-bildim bolmaýar. Şeýle gözleginde gezseler hem ony tapmaýarlar. Hüthüt rugsatsyz bir ýana gidendigine Hezreti Süleýmanyň gahary gelip aýdýar: "Eger hüthüt bir delil bilen gelmese, oňa gaty azap bererin, ýa-da öldürerin!" diýip, äht edýär. Hudaý Tebärek we Tagala hüthüti şeýle hedaýat edipdir. Ol nirede suwuň bardygyny, ýokdugyny bilýän eken. Süleýmanyň leşgeri her tarapa gitse, hüthüt olaryň bar ýerini aýdyp berýän eken. Bir müddetden soň hüthüt bir ýerden gelýär. Hezreti Süleýman ondan: "Rugsatsyz niräk gitdiň?" diýip soraýar. Ol: "Gidenýerim belli. Siz tagtyňyzdan ýere düşeňizde, men Saba mülkünde howada bir hüthüti gördüm. Ol baryp bir bagyň üstünde oturdy. Men onuň jynsyndan bolanym üçin, onuň ýanyna bardym. Ol meni gören badyna: "Nirden gelýärsiň?" diýip sorady. Men hem: "Şondan, öz eýäm bolan Süleýmanyň ýanyndan geldim" diýdim. Ol aýtdy: "Süleýman kim?" Men hem diýdim. "Ol yns-u jyn-u huş teýur külli mahlukatyň patyşasy". Men hem ol hüthütden "Sen nirede bolýarsyň?" diýip soram-da, ol: "Men Saba şährinden bolýaryn" diýdi. Patyşasyna kim diýýärler?" diýdim. Ol: "Bilkys diýýärler. On iki müň serheňi we on iki müň atlysy bar" diýdi. "Men patyşanyň huzuryndan gelýärin" diýdim. "Mümkindir ol suwa yhtyýaç tapyp gelmedi diýip maňa azap bersin".
Bu söhbetleşlikden soň, men Bilkysyň hüthüti bilen onuň ýanyna bardym, baryp görsem Bilkys ýakutdan, zeberjetden ýasalan tagtynda ýatan eken. "Takyk bildim patyşalyk edýän aýal hemme zady ýasalan tagty ýaly ägirt uly bolmaly" diýdim. "Emma dinsiz güne çokunýan günperest äre-de barmandyr". Süleýman hüthütden: "Dini ýokluguny nähili bildiň?" diýen-de, hüthüt: "Ol kowumlaryna sejde edýärdi, şondan bildim" diýýär.
Süleýman hüthütden bu wakany eşidensoň derrew döwet galam alyp, hat ýazyp, möhür basyp hüthüte berýär. Hüthüt bolsa haty çüňki bilen alyp Bilkysyň şährine gidýär. Bir müddetden soň baryp görse, Bilkys ýatan eken, hüthüt haty Bilkysyň gursagynda goýup gaýdýar. Bilkys biraz wagtdan soň ukudan oýanýar. Ol gursagynda goýlan hata gözi düşüp alýar-da ony okaýar. Görse ol hatyň mazmuny şeýle eken: "Ilki beýik Taňrynyň adyna, sen gel-de, gumralyk ýoluňdan el çek-de, yslama boýun bolupmusulman bol. Boýny ýogunlyk etme!" diýip hatda ýazypdyr. Bilkys ondan soň wezir-wekillerini çagyryp, olardan maslahat soraýar: "Maňa jogap beriň, biz hemme zadyň eýesi we urşuň eýesi däldiris. Men näme etmeli bolýaryn? Süleýman maňa, "Sen günperestlikden el çekiň-de musulman boluň! diýip hat ýazypdyr. Eger men onuň aýdanyna gulak asmasam, meniň ýurdumy üstüme harap eder!" diýipdir. Wezir-wekilleri hemmesi bir agyzdan: "Öz bildigiňi ediň" diýip maslahat beripdirler. Bilkys Süleýmanyň önüňde birnäçe şert goýýar. Ol hemme şertini bilýär, soň "Bilkysy Saba şäherinden kim getirer" diýip soranda, Asyf atly weziri; "Men Bilkysy tagty bilen göz açyp-ýumýançaň getirerin" diýip jogap berýär. Ol aýdyşy ýaly, göz açyp ýumýança, Bilkysy tagty bilen alyp gelýar we Süleýmana jübtlenýär. Süleýman bolsa Hudaý Tebärek Tagalanyň şeýle beren nygmatlaryna şükür edýär. Süleýman hüthütiň iş bitirip gelenine azap bermegiň deregine ähdini bozup, minnetdarlyk bildiýär. (Kakasy-Kuran, 330-342-nji sah.)
Ine, akyldar Pyragynyň Isa aleýhissalam barada eserleriniň rowaýaty:
Bibi merýem ogly Hezreti Isa,
Soňy kyrk ýylpatyşa kyldy bu dünýä.
Bu setir hem Isa aleýhissalam barada. Ol "Etgen Kerim" diýen eserinde "Gudratyndan Mesihany ýaratdy bi peder" diýip, atasyz ýaradylandygyny belleýär. Elbetde, Allahu Tagalanyň ýanynda atasyz perzent getirmek gatyaňsat. We ýene:
Beýtul Mukaddesde Ymran ilinde,
Atasyz bar bolgan ene bilinde.
Isa aleýhissalam 33 ýaşynda asmana göterilýär. Ol zaman ahyrda gelip, patyşalyk etjek eken. Bir rowaýata görä, Isa aleýhissalam ozal 33 ýaşap ýene üstesine 7 ýyl ýaşap, şeýlelik bilen, 40 ýyl patyşalyk etjekmiş we emma aýry bir rowaýata görä täzeden 40 ýyl patyşa boljakmyşyn diýip aýdýarlar.
Geliň, indi Hezreti Isa aleýhissalamyň ýaradylyşy we ýaşaýyşy baradaky rowaýata girişeliň. Zekeriýanyň zamanynda Ymran diýýän adamynyň aýaly Hana adynda bir gün Beýtul Mukaddesde ybadat edip duran halatynda: "Eý, Beýik ýaradan Allah, garnymdaky çagany saňa ybadat eder ýaly sadaka edýärin" diýip, doga edýär. Onuň bu dogasyndan soň ondan bir gyz emele gelýär. Ol aýal: "Bir ýaraşykly şaýeste ogul bolmady. Umydym batyl boldy" diýip, gaty gynanýar.
Ol asmana göz dikip: "Eý Allah, özüň danasyň, bilgujysyň. Dogranym-a, ine, gyz boldy, adyna Merýem dakdym" diýýär. Soň pälini ýagşy niýete urup, gyzynyň elinden tutup, Zekerýanyň ýanyna eltip, elinde bolsa süpürgesi Beýtul Mukaddesde oňa salam berip aýdýar: "Ýa Resul Allah! Taňry Tagala mesjide hyzmat eder ýaly maňa ogul berermikä diýip gaty tamakyn boldum, emma gyz berdi. Adyna Merýem dakdym. Indi seniň ýanyňa getirdim". Ýolda Merýemi almagyň üstünde dawa turdy. Ahyr soňy şeýle karara geldiler, kimde kim Töwraty ýazan galamlaryny suwa taşlamaly, kimiň galamy suwuň ýüzünde çümmän galsa, gyzy şol saklamaly etdiler.Merýem on dört ýaşyna ýetende, teharet wagty mesjitden çykyp çeşmäň başyna baryp gusul edýär. Egin-eşigini geýýän halatynda oňa bir adam duşýar. Merýem ondan gaty gorkýar. Ol obasynda ýaşaýan belli bir erbet adam Mika diýip oý edýär. Weli ol Jebraýyl aleýhissalam eken. Jebraýyl aleýhissalam Merýeme ýüzlenip: "Hudaý Tagala meni seniň ýanyňa iberdi. Hudaý Tagala saňa päk arassa perzent berjek şony buşlaýaryn!" diýýär. Merýem bu sözi eşidip: "Maňa el urulmäni nähili atasyz ogul beriljekkä?" diýipgaty gaýgylanýar. Jebraýyl aleýhissalam: "Allah Tebarek Tagalanyň ýanynda atasyz perzent getirmek gaty aňsatdyr". Ol: "Sana sekiz iş buýurdy" diýip habar berýär. "Birinji, Hudaý Tagala size Adam aleýhissalamyň asgyrmasyny tabşyrdy".
Jebraýyl aleýhissalam şol asgyrmagy Merýemiň bogazyna salýar. Şol asgyrmak Merýemiň rehmine ýetip ýetmänkä: "Hudaý Tagala birdir we men hem onuň bendesidirin" diýýär. Soň Merýem çeşmäniň ýanyndan mesjide baryp,ybadat etmäge meşgul bolýar. Ol beýle wakanyň başyna düşenine gije-gündiz dynman aglaýar. Ol adamlara hem beýle syry aýtmaga-da çekinýär. Ol zol: "Maňa bolan iş hiç kime bolan däldir!" diýip aglaýar. "Ryswa boldum, enem, atam ryswa boldular!" diýip aglaýar.
Beni Ysraýyllar habardar bolup, bolan wakany ondan soraýarlar, emma ol dymyp jogap bermeýär. Ahyrda dokuz aý dokuz gün geçende göwrelidigi ähli ildeşlerine äşgär bolýar. Ol näderini bilmän, düze çykyp, bir hurma agajynyň saýasynda bir görnükli owadan ogul dogurýar. Gury agaç derrew gögerip, täzeden hurma berip başlaýar.
Hudaý Tebärek we Tagala hüýrleri behiştden Merýemiň çagasyna gulluk etmek üçin rowan edýär. Olýerde Hudaý Tagalanyň gudraty bilen, gözüň ýaşy ýalyçeşme döreýär. Hüýrler çagany şol çeşmeden ýuwup arassalaýarlar. Oglan dile gelip: "Eý eje! Seniň çagaňy gutlamaga adam ýokmy?" diýýär.Merýem täze bolan çaganyň beýle dile gelip gürlänine haýran galýar. Merýem oglan dogransoň ajygýar, şol halatda Merýeme nyda gelýar. "Merýem hurmadan iý we çeşmeden suw iç. Gözüň aýdyň!" diýip buşlanýar. "Seniň perzendiň uly makama, ýagny pygamberlige ýeter" diýýär. "Eger senden ogly nireden getirdiň? diýip sorasalar: Men ähd etdim hiç kime hiç zat bu barada aýtmaly däldirin! diý".Soň Merýem Isa aleýhissalamy gujagyna alyp,şähere gelýär.
Beni Ysraýyllar onuň ýanyna gelip, oglany görüp: ''Bu oglany nireden getirdiň?'' diýip käýeýärler. Olar ýene sallançakdaky ýatan oglandan soraýarlar: "Eý çaga, sen kim? We ataň kim?" Hudaý Tagalanyň gudraty bilen Isa aleýhissalam dile gelip aýdýar: "Men Hudaýyň bendesi, meni Hudaý Tagala berdi, kitapberdi we pygamber etdi. Her ýerde bolsam maňa mübärekdir. Maňa namaz we roza bilehökm etdi. Ejem bolsa haýyr işe ýüz urdy" diýýär.
Beni Ysraýyllar bu mugjyzany (keramaty) Isa aleýhissalamyň dilinden eşidip, gaty geň galýarlar. Soň Beni Ysraýyllar özleriniň bolgusyz ýalan töhmetleriniň puja çykanyny bilip,şeýlelik bilen Isa aleýhissalamyň hakyky pygamberdigine göz ýetirýärler. (Kasasy-Kuran, 349-nji sah.)
Akyldar Pyragy "Mehrap kaýsy bilmedim" diýen eserinde şeýle beýan edýär:
Her eşýadan ýar jemalyn äks etdi,
Ab kaýsydyr, şerap kaýsy bilmedim.
Magtymguly atamyz, Allah Tagalanyň efgalyndan sypatynaseýr edip, zatyna ýetişende haýran-u serasime bolup durýar. Sopulardyr öwlüýäler: ''Ýa, Reb!" diýip, Allahnyň adyny zikr edip, mynajat etmegi, ylaýta-da, olar her bir eşýany görenlerinde, Taňry Tagalanyň jemaly gözlerine zahyr bolýandygyny anyklaýar.
''Jemal" we "Jelal" Allahnyň sypatlary bolýar. "Jemal" Allahnyň rahmeti, "Jelal" gahary. Gahary bilen rahmetini suw bilen şeraba menzedýär. Ol howp bilen umydyň arasynda galandygyna yşarat edýär. "Ol ustada belli" diýen şygrynda:
Keramän-kätibin sag-u soluňda,
Berip namaň tabşyr magşar günüňde,
Çarhda bu gün duzak gurup ýoluňda,
Seniň üçin oturmyş seýýada belli.
"Keraman-kätibin"-haýyr-şeriň ýazýan periştelerdir.Biri sagyňda we ol biri bolsa solunda bolmaly. Magşarda, olar ýazan haýyr-şeriň tabşyrjak periştelerdir.
Magtymguly "Rowan oldy" diýen eserinde:
Magtymguly Rumystana,
Çaldy gylyç Hindustana,
Badahşana-Türküstana,
Ýedi yklyma han oldy.
Ýedi yklyma han bolanlar, ine, şulardan ybarat: Ikisi musulman, ikisi hem kapyr. Musulman bolan patyşalar: Isgender Zülkarneýn we Süleýman (A). Kapyr patyşalar bolsa: Nemrut, Baht Nasyr bolmaly.
Bu hem "Näbilsin" atly gazalyndan:
Ne tama bar çakyr içen gedemden,
Buzahor ýamany ýasy näbilsin.
"Buzahor" tüwüden, arpadan edilen şeraby içýän adam diýdigidir.
Indi akyldar Pyragynyň "Ajap eýýam gelmedi" diýen eserinde nämeler diýendigini görüp geçeliň:
Geldi gara bela, ili dolady,
Dahan açyp dili bile ýalady.
Seg bolupdyr gören ilin dalady,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.
"Gara bela"- dünýä we dünýäniň nebsi. Ol bir ýandan agzyny açyp, dili bilen ýalap, başga bir ýandan bolsa, it ýaly ili dalap durmagyny gözi bilen görüp: "Näge gapyl galyp, dünýäniň nebsine tabyn bolup, ahyretden boş galaýyn"diýip wehim edýär.
Ol "Döküp baradyr"diýen goşgusynda:
Parahat ýatyrdym nebsimi besläp,
Turdy köňül ýar jemalyn höwesläp,
Hakdan hajat diläp, myradyn isläp,
Gözüm ol ýollara bakyp baradyr.
Magtymguly atamyz, ilki bilen, dünýä meşgul bolup, parahat ýatyşyny ýatlaýar. Soň Hudaý Tagalanyň jemalyn höwesläp ýaradandan hajatyny diläp, Ahyretiň yşkyna duşandygyny duýdurýar.
"Bu derdi" diýen eserinde:
Magtymguly yşk öýünden ýat eýlär,
Yşk işleri aşnalary ýat eýlär,
Ýalynsyz ýandyrar, ýelsiz od eýlär,
Bir zybana çekse, sönmez ýaranlar.
Magtymguly işan, ilki bilen, yşkyň odunyň gaty agyr otdugyny, ýer-gök ony çeke bilmeýänini duýdurýar. Şeýle-de, ol yşkyň ýürege, ol aýny bir ýalynlap duran ot kimin ýanyp durjakdygyny anyklaýar.
"Näler boldy" diýen eserinde:
Hak ýaratdy şol pisleri,
Segsen gez boldy pesleri,
Asmana çykdy sesleri,
Alty müň ýyl şolar boldy.
Akyldar Pyragynyň bu eserinde görkezýän kowmy-"At" kowmundan Hut pygamber zamanynda dörän kowumlar bolmaly.
Hezreti Hut (a) her näçe "At" kowmuna Hudaý Tagalany tanytmakda we oňa ybadat etmekde teblig edip aýtsa-da, ahyr-da olar müňkürlik edip, Hudaý Tagalanyň azabyna duçar bolup, dünýäden kapyr geçdiler. Hudaý Tagala "At" kowmuny "Dogruçyl emin bolsunlar" diýip, iň uzyn boýly ýaratdy. Iň uzynlaryny dört ýüz gez gowrak we kiçisini bolsa ýetmiş gez boý berdi. (Taryhy-Enbiýa, 243-nji sah.)
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ine, bu ýazanlarymyzam "Gulzum deňzinden bir damjadyr"
Hormatly ildeşler, geliň indi Magtymguly atamyzyň Allahu Tagalaga aşyk bolşy ýaly, biz hem Allahu Tagalanyň razyçylygyny tapjak bolalyň.
Aryf şahyrymyzyň bu barada bir goşgusy hem bar:
Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,
Bar gullukdan ýagşy Hakyň ryzasy.
Eger biz Allahu Tagalanyň razyçylygyny tapyp bilsek, onda bagtly adam boldugymyz we bagtymyzyň güldügi bolar.
Magtymguly işanyň dürdäne eserlerini okanyňda, ol edil ata hökmünde ildeşlerine edep-ekram saklamakda we däp-dessurlarymyza eýermekde, has-da Yslam dinini dikeltmekde we oňat ahlak bilen ahlaklanmakda görkezme berip, dogry ýola hedaýat edýär.
Guwanç bilen aryf atamyzyň şygyr diwanynda "Şu ýeri jaý bolmandyr!" diýen söz tapmarsyňyz. Onuň goşgularynyň barysy seljerilip akyl eleginden durlanyp geçen dürdäne eserlerdir.
Ol il-gününiň ykbalyny, şatlygyny we gamyny öz gamy we şatlygy bilen bagly bilipdir. Oňa görä, ol adamlara ýüzlenip: "Ýalançy dünýä kowalaşyp, ahyretden gapyl bolup, boş galaýmaň" diýip, eserlerinde köp nygtaýar we ýene şeýle artdyryp aýdýar: "Barymyz, ýagny ählimiz Allahy Tebarek we Tagalanyň buýrugyny berjaý edip, şerigatyň "et"! diýen işini edip, "gaç!" diýen zadyndan gaçmalydyrys. Şeýle-de, ýygnan malyňyzyň üşr, zekatynyçykyp, beren malyna az, köp diýmän şükür edip, her hill agyr musybet ýetişse, kaýym sabyr etmelidiris we hem-de dilimizi gybatdan saklap, gözümizi namähremden ýummalydyrys.
Şu wagtky bar pursaty elden bermeli däl-de, hemmämiz ýalançy dünýäniň myhmanydyrys. Baky ýaşajak ýokdur. Bir musulman adamynyň, ýokarda aýdylyşy ýaly, möhüm borjudyr, şerigata tabyg bolup, buýran işini bir kemsiz bitirip, "etmeli däl!" diýen zadyna golaýlaşmaly däldiris.
Hemmämiziň daýanjymyz, diňe ýaradan ýalňyz Allahu Tebärek we Tagaladyr. Elmydam işimizde Allahu Tagalaga töwekgel etmeli, gaza, gadyra razy bolmaly. Hiç wagt ýaradany unutmaly däl. Hemişe Allanyň adyny zikr edip durmaly. Bir işi etjek we ýa bir ýana gider bolsak, "Enşa Allah"diyip ugramaly. "Enşa Allah biter, Enşa Allah bolar"diýmeli. Akyldar hem bu barada: "Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa" diýip, görkezme beripdir.
(dowamy bar)...
© Hajy Myratdurdy GAZY.
Magtymgulyny öwreniş