00:53 "Magtymguly, sözüm gysga - şerhi köp..." -1 | |
"MAGTYMGULY, SÖZÜM GYSGA - ŞERHI KÖP..." Bilşiňiz ýaly, häzire çenli aryf şahyrymyzyň diwany köpçülik taýdan okalsa-da, onuň diwanynda bolan syrly setirleriň manysy çözülmän galypdyr. Magtymguly işan bolsa ýazan bu syrly setirleriniň manysyny çözmekligi öz ildeşlerine goýup gidipdir. Biz, "Her kim bildijegini diýer gider" diýlişi ýaly, fazly Pyragynyň pähiminden ugur alyp, başardygymyzdan bu möhüm meselä girişip, şeýle düşündiriş berdik. Elbetde, bu syrly setirlerdir we kyssa rowaýatlaryň tapawutly düşündirişleri bolmagy mümkin, emma häzirlikçe şular bilen çäklenmeli bolduk. Galyberse-de, bu berlen düşündirişler we rowaýatlar mümkindir fazly Magtymgulynyň maksadyny öz pikiriçe ödäp bilmesin, ýöne hormatly ýazyjy we aryf doganlarymyz tarapyndan bu barada has aýdyň düşündiriş berip bilen bolsa, enşalla, ony geljekde uly höwes bilen peýdalanarys. "Kaýdadygy bilinmez" atly şygry barada düşündiriliş: Aryf bolsaň, senden habar soraýyn, Fazly Pyragynyň "Ne milletdir" diýip eserinde getirmegi - jyn, peri bolsa bolaýmaly, çünki olaryň belli mekany ýok, onuň üçin hem olaryň haýsy ýerdedikleri hem belli däl. Habar ber, soraýyn genji - hazyna, Gençdir hazyna- yman bolsa bolaýmaly. Her kimde kemal iman bolsa, oňa genç we hazyna bolup biler. Ol pakyrlyga ýa baýlyga degişli däl. Belki-de kämil imana, takwalyga, möminlige baglydyr. Ne kirişdir bent olupdyr kemana, Kiriş hem Ysrafylyň sury bolmagy mümkin. Ahyrzamanyň haýsy gün gopjakdygy diňe ýaradan Alla Tagaladan gaýry adam bilip bilmez. Mysal üçin: Bi sagatda gopar ahyrzamana, diýen şygry hem bu aýdanlarymyza güwä geçýär. Hudaý Tagala wahydul Gahhar, ol haýsy wagt erada etse, kyýamat gopjakdygy ikuçşuzdyr. Ne sebäpden gark olupdyr ummana, Sebäbini kämil bileýin diýseňiz, "Kuranyň kasasy" atly kitaba seredip bilersiňiz. Bu setirden iki hili netije çykarmak mümkin. Birinjisi, Ýunus pygamber käpirlerden gaçyp, derýa gark bolup balyk garnyna düşýär. Ikinjisi hem, Musa aleýhussalamy Pirown aleýhullaga öldüräýmesin diýen gorky bilen, Selime atly enesi ony sandyga salyp, Gulzuni atly deňze akdyrýar. Ne göwherdir nirde ýatyr kembaha, Bu gazal Musa aleýhissalamyň kyssasyndan alnandyr. Musa aleýhissalam Şugybyň goýnuny bakyp ýörkä, azygy gutaryp, goýnuny möjege tabşyryp gidýär. Möjek, Musa aleýhissalam gidip gelýänçe, goýny bakyp, soň goýny tükel tabşyrýar. Möjek gaýtjak bolanda: "Ýa Musa maňa bir ýol aşar ýaly garnymy doýurmasaň boljak däl"diýýär. Musa: "Bu goýun amanat, sen gözüňi ýumup agzyň aç-da topul!" diýende Möjek sürä urup Musa aleýhissalamyň ýekeje guzusyny agzyna alyp, mäledip ekidýär. Ol: "Bäşisiniň bir öýdedigi bilinmez" diýýäni bolsa, ine şulardan ybaratdyr: 1. Musa Ol ne guşdur otyr goşly, simkeşli, "Ol ne guşdur" diýip getirmegi, "Dünýä" Dünýäniň ömri Adam aleýhissalamdan bäri alty müň ýylmyş. "Elli müň başly" diýýäni hem Adam aleýhissalamdan elli müň ýyl öň Benijan nesli dowran sürüpdir. Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly, - diýen setirleriniň rowaýaty şeýle: Elbetde, bu setiriň rowaýaty uzagrak, bir gun Uzeýir çölden eşegine ýük ýükläp gelşine, onuň kellesine şeýle bir pikir gelipdir: "Hudaý Tagala ölen adamlaryň dargap giden süňklerini gaýtadan ýygnap nähili direltjekkä?" diýip ýüregine şek getiripdir. Emma onuň bu pikri Hudaý Tagala aýan bolansoň, Hudaý Tagala Uzeýre (adamlary) nähili direldýänini görkezmek üçin Uzeýriň janyny alýar. Ýüz ýyldan soň ýene gaýtadan Uzeýre jan berip, onuň öňünde süňkleri dargap giden eşegini direlýär. Uzeýir bu wakadan son, toba edip, eşegine ýük ýükläp öýüne garşy ugraýar, Uzeýir ölen wagty kyrk ýaşynda, ogly hem, rowaýata görä, bir ýaşynda eken. Uzeýiriň dirilen wagty ogly ýüz ýaşapdyr. Uzeýir şol kyrk ýaşynda galýar. Ol biraz ýol ýöräp öýüne gelip gapyny kakýar, ogly içerden: "Kim sen?" diýip soraýar. Ol "Men Uzeýir" diýip jogap berýär. Ogly gapynyň aňyrsyndan: "Uzeýir barmy? Ýüz ýyl ozal ölüp giden adam" diýýär. Uzeýir her zat edip ynandyrjak bolýar weli, emma ogly kabul etmeýär. Uzeýir gelipdir diýen habar şäher halkyna ýaýrasa-da, emma oňa hiç kim ynanmaýar. Ahyr adamlar oňa ýüzlenip: "Eger sen Uzeýir bolsaň, hany Töwraty ýatdan oka! Eger sen ýatdan okasaň, biz seniň Uzeýirdigiňi kabul edeli'' diýenler. Çünki "Uzeýir Töwraty ýatdan okaýardy" diýipdirler. Şol halda Töwratyň bir nusgasyny tapyp getirip Uzeýre berýärler. Uzeýir bolsa Töwraty ýatdan okapdyr we ýatdan ýazypdyr. Ol Töwrady ýatdan okap, ýazansoň, Uzeýirdigi hemmelere belli bolýar ("Kasasy Kuran", 289-njy sahypa). Ynha, bu okan rowaýatyňyz hem "Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly" diýlen goşgunyň manysy. Ol nedir kim tort ýanynda ýüzi bar, "Dört ýanynda ýüzi bar" diýen eseri ýylyň dört paslydyr. "Sinesinde gözi bar" diýýäni hem "Aý" we hem "Gün". "Her kelamda üç ýüz altmyş sözi bar" diýýäni bolsa, "360 gün", ol-da "bir ýyl". Ol nedir kim öňi bar-da ardy ýok, Bu hem ynsanyň ömri, pany dünýä gelen geçmeli, soňy bolsa hiç ýalan dünýä. Hasap edip dursam, ýene dördi ýok, Bu beýdiň manysy dört pasyl bolmaly, ol-da galman ýel ýaly geçip barýandygyny duýdurýar. Magtymguly, üç müň üç ýüzi dursun, "Üç müň üç ýüzi dursun" diýen soragy - "Ryjal gaýb" bolmaly, ýagny öten welilerdir. "Dört müň dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün" diýeni bolsa, häzirki bar öwlüýä ärler. "Dört dal" diýýäni ebjet hasabyndan "dal" ol bolsa - dört weli, ady bolsa "awtad". "Z" - harpy - ýedi, ol -ýedi weli, adyna "ahýar" diýilýär. Eger awtaddan biri aradan çyksa, ahýardan birini onuň ýerinde goýulýar. Eger ahýardan biri ýogalsa, badladan biri onuň ýerinde goýulýar. Şeýlelik bilen, öwlüýäleriň ýeri dolmaly, kemelmeli däl. Ine dört dalyň bir zeýe bagly bolmanlygy şundan ybaratdyr. Bilermi sen aby-haýat zulmatda, diýmegi, Isgender Zülkarneýn hezreti Hyzr aleýhissalamyň-ýoldaşlygynda zulmata barsa-da, oňa aby-haýatdan içmeklik miýesser bolmandyr. Emma Musa aleýhissalam bilen Ýuşyg bin Nun aby-haýata baryp, Hyzyr bilen teharet etmeklik olara nesip bolýar. "Bu dünýa" atly eserinde: Dört käpir hudaýlyk dawasyn etdi, "Dört käpir" diýip getirmegi: Pyrawun (Faraon), Şetdat, Nemrud we Hamandan ybarat. Hiç aňmaýan zir-u zeber, Hudaý Tagala, öwlüýälere daş ýoly ýakyn edişi ýaly, enbiýalara hem köp sözi az wagtda okap geçmeklige mümkinçilik berýär. Hezreti Muhammet söýgüli pygamberimiziň elipbiýden habarsyz bolsa-da, Hudaý Tagalanyň gudraty bilen oňa okamaklyk güýji berilýär. Ine bu eserde bolsa: Darganyň şährine gökden ses geler, Ol ses Jebraýyl aleýhissalamyň sesi bolmaly. Hudaý Tagala azyp, ýoldan çykan her bir şäher halkyny Jebraýyl aleýhissalama: "Heläk et" diýip hokum etse, Jebraýyl aleýhissalamyň sesini eşiden jandar galman ölýär, ýaşalýan jaýlar kül-peýekun bolýär. Ine, Magtymguly işanyň: "Gökden gelen sesi eşiden öler" diýmeginiň rowaýaty şeýledir. ("Kasasyl-Enbiýa, 31-32-nji sah.) Akyldar alym Pyragy "Zamana" diýen şygrynda şeýle ajaýyp eser döredýär: Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez, Bu eserde ilki bilen pygamberimiz Hezreti Muhammet Hudaý tagalanyň habyby we dostudygyny duýdurýar. Ondan soň, geçen pygamberleriň kowmy azanda, Hudaý Tagala, ýokarda belleýşimiz ýaly, olaryň kowmyny ýer bilen ýegsan edýän eken. Emma biziň pygamberimiz Beýik Taňrymyzyň ýanynda hatyrasy gaty köp bolmagyna görä, onuň ummaty her hili azsa-tozsa hem kyýamata çenli onuň hormatyna degiljek däl-de, belki-de saklanyljakdygyny aňladýar. Emma bu eserde: Bizden salam Orazmeňli şahyra, Ilki setirde aýdyşy, musulman, käpiriň parhy "Dabbetul arz" Safa, Çerwede hyruj edende belli bolmaly. Bu barada Magtymguly işanyň "Beýan geler" diýen goşgusynda "Dabbetul arz" Safa, Merweden hyruj edende, halklary Musa aleýhissalamnyň hasasy bilen urany ýüzi gara käpir bolup we emma Süleýmanyň möhri bilen urany ýüzi ak musulman boljak eken. Ikinji setriň manysy hem, Ezraýyl perişde bolsa bolaýmaly, elbetde onuň erki Beýik ýaradan Alladadyr. (Kasasy-Kuran, 380-nji sah.) Olar kimdir aglar-gezer şat olmaz, Adam aleýhissalam bilen How ene bar zamanynda şeýle aglapdyrlar ki, bütin kyýamat ahyra çenli duran, ýagny halk bolan adamlaryn agysyndan kän aglan bolmaly. (Kasasyl-Enbiýa, 15-nji sah.) "Ne bendedir gulluk eder zat almaz" diýen şygry barada, aryflar diňe Hudaý Tagalanyň razylygy üçin, ony mâtäç-ybadat bilip ybadat edýärler. Olaryň hiç lähzede Hudaý Tagala ýadyndan çykmaýar we çykmazam. Başga hili aýdaňda, käpirler buta sygynyp, kyýamatda olar hiç zat almazlar. Ikinji, edilen günäler, hiç wagt unudylmaz, magşara baraňda taýýar bolmaly. Idris şündeý nirede gurar söhbeti, Idris aleýhissalam behiştde söhbet guraýar. Aý-Günüň, ýyldyzyň erki bolsa Möwäkkäl perişdede bolmaly. Başy aşak asdylar, kaýsy agajy, Magraj pygamberimize berilipdir, Biziň pygambere berilen täji, Börük, ýagny pygamberlere berilen täji, ol hem ulamalardadyr. Beýleki setiriň manysy: Behişdiň agaçlary başaşak bolýar we aýry bir rowaýata görä, bir gün Abu Jehl pygamberimiz Hezreti Muhammet Sälliallahy aleýhi we Aly-ala wäsalläme ýüzlenip: "Sen pygamber bolsaň hany, mugjyzaňy görkez, onsoň men saňa yman getireýin?" Mysal üçin, şol gögerip oturan agaç köki gopup saňa gelip sejde etsin, ýagny baş egsin" diýýär. Belki Magtymguly san joşa geldi Isa aleýhissalam Şam-şeripde "Minara Beýaza" inýär. Pygamber kimsäge wesýet kyldy, Pygamberimiz Hezreti Resul-Ekrem Hezret Ala wesýet eden: "Men wepat bolanymda, Hezret Aly aleýhissalam meni ýola salsyn" diýen, asasy, hyrkasy, kürki bolsa Weýsel Garanyda bolmaly. Bir akdyr, bir gara ýylan, Gara ýylan-käpir jyn, ak ýylan hem musulman jyn bolmaly. Jan howpundan bolar akly haýran, Hindistan diýlen ýurtda Kişmir adynda bir haýwan, özi-de ýylanyň garry (ganym) duşmany bolmaly. Ol ýylany gören badyna ony sypdyrman heläk edýän. Başga bir rowaýata görä, "atbakar" adynda oňa hem kişmir diýilýän, aýagy uzyn çekirtgä meňzeş janly, ol ýylanyň kellesine gonup, iki pyçgy ýaly aýagy bilen ýylanyň gözüni alýan. Ine bu hem akyldaryň okyjylary köp oýlanmalara sezewar edýän goşgusynyň manysydyr. "Berme pelege" diýen eserinde "Çalyp bolmaz çal agarsa çelege" diýen setiriniň manyny: Süýt çüýrese öňki formasyndan, ýagny bolşundan üýtgäp, çüýrän süýdi gatyk edip, ýaýyp, ýagny alyp bolmajagyny duýdurýar. "Ötüp durupdyr" diýen eserinde: Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin, "Çüýrük hoz" - dünýa. "Jahan jöwheri" - iman. "Humarbaz" hem - şeýtan. "Çüýrük saman" - dünýä. "Jöwhere barabar" diýýäni hem - ynsanyň ömri. Ne düşekdir oňa basan ýaramaz, Gara ýerdir oňa basan ýaramaz, ýagny gelen hökman gitmelidir diýdigi. Ikinji masragyň manysy bolsa-ajaldyr. Adamyň peýmanasy dolsa, keştiniň derýada batyp galyşy ýaly, adamzadyň hem dünýäden geçmelidigini düşündirýär. Öz balasyny özi ýuwudýan hem, şu wagt üstünde ýaşap ýören gara ýerimizdir. Ne çyragdyr gözsizlerge ýaraýdyr, "Ýürek aýnasy" bar aýnalardan ary päkdir diýdigi. Ikinji beýti ajal ýetensoň, bogazdan zat geçmez, razky-ryzkyň peýmanaň dolan güni kesiljekdigini makullaýar. Ýene şol şygyrda: Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi, "Ne erkekdir, ne dişi" diýmekden maksady, "dişi-zenan". "Bir gözi ak" diýýäni - gündiz. "Bir gözi çaşy" diýýäni bolsa - gije. "Dört pasyl", "On iki" - aý. "Ýeri-gögi ýuwdup duran" hem ýyldyr. Ine, "Ot nedir?" diýen şygry hakda berlen düşündiriş: Bizden salam bolsun Durdy şahyra, "Ne mährabdyr sözläp çykan od" däl-de, "ot" dogrurak görünýär. Onda onuň manysy şeýle bolup çykýar: Hezreti ibn Apbas razyýallahy - anhoma pygamberimizden rowaýat edipdir: Süleýman aleýhissalam mährapda namaza duran wagty "Harub" adyna bir ot onuň gözüne görünýär. Süleýman aleýhissalam ol otdan: "Sen kim? Eger ekmeli bolsa, ekeli, derman oty bolsaň-da, derman üçin ulanaly" diýip sorag berende, ot jogap bermeýär. Soň ikinji gezek ol otdan: "Sen kim?" diýip soraýar. Ahyr ol ot jogap berýär: "Meniň adym harapçylyk" diýýär. Süleýman bu habary eşiden soň, öz öljegini bilip: "Eý, bary-Hudaýa! Men ölenimde, döwler we jynlar meniň ölenimi duýmawersinler" diýip ýalbarýar. Ine, alym Pyragynyň "Kimdir ölüp, bir ýyldan soň bilindi" diýýän şygrynyň rowaýaty şeýle: Dawut pygamber barada "Dokuz ýüzden dogan nim zürýat nedir" diýip, getirmegi, aýdylyşyna görä, Dawud pygamberiň dokuz ýüz aýaly barmyş, şol dokuz ýüz aýalynyň birinden bir nakys çaga dogýar. Dördünji mesragysy (bendi) bolsa, şol nakys dogan çaganyň Süleýman aleýhissalamdygyny görkezýär. Sen Gözli ata bolsaň, biz gerkez ili, Ikinji setiriň manysyna girişsek, Pul-Syrat üç müň ýyllyk pyýada ýol bolmaly. Bir mil, dört müň ädim günäli, bigünä bendeler onuň üstünden ötmeli. Bir niçesi müň, birniçesi bäş müň, soňy on bäş müň ýylda geçmeli. "Soňy on bäş müň ýylda geçse gerekdir" diýip, akyldar Pyragy başga eserinde ony görkezýär. Bilermusen kaýsy derýa içinde, "Adamzat jigerli ýatan hut" bolsa, Gulzum derýasynda Ýunus pygamberi ýuwdan balyk bolmaly. Ne agyr sarpadyr, kaýsy awyçda, Bahyl adama sadaka üçin sarp etmeklik gaty agyr degmeli. Ikinji mäsragysynyň manysy bolsa, ýetimleriň gözüniň ýaşyndan arş titremeli, aýry bir rowaýata görä, Ysrafylyň sury bolmagy hem mümkin, Gudrat bile dört ýüz nedir başda, Bu eserde akyldar: "Gudrat bile dört ýüz nedir bir başda?" diýip getirmegi, ony ebjet hasaby 400 sany bilen düşündiriş bermeklik mümkin (şin harpy - 300, mim harpy - 40, sin harpy - 60, jemi - 400). Üç harpy jemlänimizde "Şäms" bolýar. Onuň jogaby "Gün". Gün galdygyça yssysy güýçlenýändigini görkezýär. Ne sine, ne jandyr söýle bu syrdan, Ilki beýtiň jogaby: ,,Süýrenji, gursagy bilen omuzup ýöreýänlerden bolmaly, ol jandar gijelerde bilinden ýokarsyny hanasyndan çykarmagy bilen, bilinden aşagy daşa meňzeş bolmagy üçin aryf şahyr ony daşa meňzedip ,,hajar" diýip, ýagny ,,daş“ diýip getirýär. Ol janly çöpleriň başyna ýapyşyp, ýörän ,,kersen göti" (halzun) bolmagy mümkin. Emma aryf atamyzyň ,,hem janly, hem jansyz'" diýip aýtmagy Musa aleýhissalamyň hasasyna degişli, ol hasasyna ýere taşlanda, aždar janly bolup, ýöne wagtda Musa aleýhissalamyň hasasy jansyz bolup durýar. Akyldaryň ,,hemjanly, hemjansyz dogan zat nedir?“ diýip, sorag bermeginiň jogaby bolsa ine şeýledir. Magtymguly aýdar aşyk bu syra, ,,Türk diýmegi-dili türk. Elbetde sada adama hem haslanýar. Bu erde türk diýmegi Hoja Ahmet Ýasawy pir bolmagy mümkin. Onuň iki sany tat sopusy barmyş diýýärler. Adata görä, sopy halky öz piriniň gullugynda bolmaly bolýar. Başga hili aýdanyňda, ,,şäher" diýmegi-,,kalb". ,,Türk" diýmegi ,,çaga". Enäniň göwsi hem ,,iki tat" bolsa bolaýmaly. Bilşiňiz ýaly, çagany ene öz süýdi bilen iýmitlendirýär, ýagny enäniň iki göwsi onuň gullugynda bolup ony ekleýär. ,,Üçi öwlatdan" diýen eserinde: Ol ne halkdyr gök pelege gonarlar, Ilki setiriň manysy ,,bulut" bolsa bolaýmaly, bulutlar käwagt ýer ýüzüne inýändigini görkezýär. Ikinji beýtiň manysy ,,naw", ,,gämidir" diýip çak edýäris. Olar kimdir ýalaňaç garyp otyrmyş, ,,Ýalaňaç garyby“ jogaby-Galam. ,,Ýasa batyrmyş" diýýäni hem - moräkkäb, ,,gur“. ,,Awazsyz“ äleme sözini ýetirýän“ hem -,,hat“. Mydam şeýle gezer bu dört deňi-duş, „Dört deňi-duş“ diýýäni- dört pasyl. ,,Kellesi buzdan" diýmegi-gyş. ,,Aýagy otdan" diýýäni bolsa-tomus. ,,Elli müň ýyl döwran süren Benijan, Hudaý Tagalanyň ýaradan mahlugy üç kysymdan ybarat: ,,Perişte", ,,Benijan", ,,Beni Adam". ,,Benijanyň" deslapky atasy ,,Jan“, ,,Jany" Hudaý Tagala otdan ýaratdy. ,,Benijanyň" nesli gaty pisatçylyk (erbetçilik) etmegi üçin, Hudaý Tagala perişdelere Benijanyň neslini gyryp aradan aýyrmagy höküm edýär. Şu wagtky bar jynlar dagda-damanda bukulyp galan jynlar Benijanyň neslinden bolmaly. Hudaý Tagala perişteleri nurdan we Adam Atany hem toprakdan hulk etdi (ýaratdy) (Kasasy-Kuran, 11-nji sah.). (dowamy bar)... Hajy Myratdurdy GAZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |