16:16 "Magtymguly, sözüm gysga - şerhi köp..." -3 | |
"Bärpa boldy bu dünýa" diýen şygrynda bolsa: Kadyr Allah gudratyndan ýaranlar, Allah Tebarek we Tagalanyň gudratyndan, "kün" diýende, dünýa bärpa bolýar, ýagny döreýär. Ikinji beýtde bolsa, "Iki mahy-lakany" diýmegi, Adam Ata bilen How ene barada aýdýar. "Anyň öwladyndan doldy" diýýäni - şol wagtky hulk bolan, ýagny dörän adamlar, Adam Ata bilen How eneden önüp-ösen adamlardygyny ägä edýär. "Meňzär hökümli" atly eserinde şeýle setirler bar: Göwünler köşgünde hyýalyň kany, Ilki bilen adamzadyň göwün tagtynyň gaty belentde we ýokary derejededigini aýdyň bildirýär. Emma "öwlady-aheňgere tutýar. Ahengeriň özi Dawut pygamberdir. Ogly, ýagny öwlady bolsa Süleýman pygamber bolmaly. Bu ýerde "Süleýman pygamberiň hökmüne meňzär" diýmegi, onuň hokmüniň gaty güýçli we geçmişde aýdanlary birkemsiz bolýandygyny düşündirýär. Emma ahenger barada "Hezreti Dawudyň huzur şägirdi, alty müň alty ýüz ahenger geçdi" diýen goşgusy hem bar. (Kasasy-Kuran, 318-nji sah.) Käşf edip ylmy lädäni, ähli yrfan eýledi, We ýene: "Bab Hakdan käşf olmuşdur bu esrar" Akyldar Pyragynyň ýokarky eserinde "Käşf edip ylymy lädäni ähli yrfan eýlegil" diýip arzyw etmegi, Hudaý Tebarak we Tagalanyň ýanynda eden dogasy makbul bolup, lädän ylmy berilmegi ähtimal. Magtymguly işan solar ýaly öz makamyna salgylanyp aýdan gazallary az däl. Galyberse-de, ýaradan Alla ähli syrlary aşgär edip, özüne ýakyn bendeleriniň ýüreklerine guýýar. Aýry bir eserinde: "Aryflar sorarlar ýüz gamy gördüm" diýmegi magrypat eýelerine degişlidir. Akyldaryň magrypat diýmegi, Hudaý Tagalanyň magrypatyny bir ýatan gara derýä meňzedip, özüniň hem şol magrypatdan paýynyň bardygyny belläp geçýär. Ine, "Çykyp oturmuş" atly gazalynda şeýle degerli setirler bar: Gows äre barabar bir kimse ýokdur, Öwlüýäleriň ýokary makamyna "gows" diýilýär, "kutuh" diýilýär. "Gows" bir, oňa ýagny onuň makamynda hiç kim bolmaly däl. Elbetde, Öwlüýäleriň makamlary mertebe ýüzünde bolýar. Öwlüýäleriň aňrybaş makamyna, mertebesine "gows" diýilýär. Ýedilenji gör, "nogäba" diýr biliň, Ilkinji setirde nogäbalaryň sany üç ýüz ärden ybaratdygyny duýdurýar. Ikinji setirde onuň "üç ýüz altmyş alty erenler" diýip görkezmegi şeýle düşündirmek mümkin. Aýdylyşyna görä, şol wagt üç ýüz altmyş alty welileriň ebedilik mekany Türkmenistanyň Köneürgenç diýilýän ýerinde bolmaly. Galyberse-de, "Üç ýüz altmyş pir mekany Barsaň Hasar dagyndadyr" diýýän ýeri hem bar: Hyzr seýran eder gudrat älemin, Ilki setiri düşnükli, emma gep ikinji setirinde. Bu hem özüni "Kutup" saýýan adam bolsa bolaýmaly. "Başi gerekdir" atly şygrynda şeýle setirlere duş gelýäris: Bir musulman gaçsa iki kapyrdan, Elbetde, eseriň öz gelşinden hem aňmak kyn däl, bir sagdyn musulman adam hiç haçan gorkup, iki sany kapyrdan gaçmaly däl. Eger gaçaýsa, ol hökman uly günä degişli bolýandygyny nygtaýar. Derwüş ýerde, derýada, gökde adydyr, ''Doňuz derýa neýlär, it üýrüp Aýa" diýmegi, derwüşi ýerde derýaga we gökde Aýa meňzedýär. Ol doňuz derýa gireni bilen, derýany haram edip bilmejegini, it hem Aýa üýreni bilen Aýa nogsan ýetirip bilmejegini nygtaýar. Çünki Öwlüýäler-terki-dünýä. Olaryň ýalançy dünýäge düýpgöter höwesi bolman, diňe Hudaý Tagalaga aşyk adamlar bolup, elmydam ýaradan Allahyň gözleginde bolmaly. Ýene Magtymguly işanyň "Däldir bu dünýa" diýen eserinde: Magrypdan Maşryga dünýänyň ýüzi, Öwlüýälere magryp bilen ara ölçegini bilmeklik, Hudaý Tagala miýesser etse, kyn iş bolmaly däl. Çünki öwlüýälere Hudaý Tebärek we Tagala, bir ýyllyk ýoly göz açyp-ýumýançaň gidip gelmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde Magtymguly işanyň magryp bilen Maşrygyň ara ölçegine göz ýetirip aýtmagynda ýöne adam däldigini aňmak bolýar. Çünki bu syrlara ýöne adam göz ýetirip bilemli däl. Şahyr "Bolar sen" diýen şygrynda: Alymlara uýşaň, açylar gözüň, "Göz açylmak" iman gözi, körlük - "gümralyk, iman körlügidir". Ol "Ýüz ursaň" atly gazalynda şeýle diýýär: Namarda ýüz ursaň işiň gaýyrmaz, Ilki setiri düşnükli, elbetde itden süňk istäniň bilen alyp bolmajakdygy ýaly, namarda hem işiň düşeni bilen ýumşuňbitmejegini aňladyp, ikisiniň bir-birinden tapawudynyň ýokdugynybildirýär, ýagny äşgär edýär. Emma ikinji setiri menzetme sözi, umuman şahyrlar goşgularynda tilkini namarda we şiri bolsa mertlere meňzedýär. Galyberse-de, hiç haçan ýüz namart bir merdiň ýerini tutup bimändir we tump bilmejegini hem (Magtymguly) açyklap durýar. Gulzumy gyz sanyp, kyrkýol geçer men, Akyldar şygrynda "Dilber", "Ýar" we "Ýar senden" ýaly söz bilen diňe Hudaý Tagalaga ýüzlenip, Taňry Tagala maňa entek meýil bildirse, ýagny maňa tarap yşarat etse, ymgyr ýatan Gulzura deňizini tekiz elm aýasy ýaly saýyp, kyrk ýol geçjek hatda gadam ýerine ganat baglap uçup gitjekdigini, her bir kynçylykdan hem gaýra durmajagyny, özüniň Allahu Tagalaga bolan çäksiz söýgüsini berk nygtaýar. Taňry ýaratdy haýwany, Ine, akyldar Pyragynyň jennete dahyl bolmaly diýen haýwanlaryňatlary bolsa şulardan ybarat: Pygamberimiziň Biragy; Salyh aleýhissalamyň düýesi; "Döker boldnk ýaşymyz" diýen gazalynda, ine, şeýle sözlere duş gelýäris: Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ilki beýdi watan, parahatçylyk, aman-aman bolsun diýmek. Ikinji beýdinde bolsa şeýle manynyň barlygyny aňmak bolýar: Dört bina-imandan son yslamyň dört rükni bar. Ol namaz, roza, zekat, haç her bir binanyň dört diwarly bolmaly, eger onuň bir diwary kem bolsa, hökman ol nakys bolup, aýak üstünde durup bilmeli däl we ýa dört element -suw, ýel, toprak, ot ýa gyzgyn, sowuk, ýel, çyglylyk bolup biler. Kubeýs dagynyň burnunda, Akyldar Pyragynyň "Kubeýs dagy" diýip atlandyrany, ol Horasan welaýatynda ilki bina edilen daglaryň biri bolmaly. Soň Nuh tarapyndan "Hajyrul Aswady" Mekgäniň amanat gara daşy şol daga getirilip goýulýar. Allahu Tagalanyň buýrugy bilen şol amanaty Mekge, ýagny "Beýtullaha" gowşurmak üçin, Kubeýs dagy herekete gelip, ony Mekgä eltýär. Soň Kubeýs dagy şol mukaddes ýerde galmak üçin, Taňry Tagalaga mynajat edýär. Hudaý Tagala onuň dogasyny kabul edýär. Dag Mekgäniň kybla tarapynda galmaly bolýar (Magraj an-nebewi). Hurma diläp hoşkagaçdan, Hezieti Resul Ekrem (s) bir gün deň-duşlaryna "gury hurma agajyndan hurma getiriň" diýip iberýär. Ol gury hurma agajy bolsa pygamberimiziň mugjyzasyndan salymsagat geçmän, gögerip ýapraklap hurma berýär. Ikinji setiri bolsa pygamberimiziň gören jebri-jepalaryny görkezýär. "Semadabelli" atly şygrynda şeýle ähmiýetli setirlereduş gelýäris: Nury-mähwäş guýaş atly habybym, "Habybym" diýip,Hezreti Resula (a) aýdylýar. Onuň "lewade belli" diýmegi lowhul-mahfuzda. Hezreti resulyň mübärek ady tagtanyň owwal başynda "la ilähä illällahu, Muhammet Resul Allah" diýip ýazylandygyny açyk aýdýar, ýagny buşlaýar. Şahyr "Joşan günler, heý" diýen eserinde: Gulluk eýläp kaýym hyzmatda durdy, Adam aleýhissalam Hudaý Tagalanyň gullugynda bolup, perişteler arasynda oňa orun berilýär. Taňry Tagalanyň permany bilen perişteler Adam aleýhissalamga sejde etdiler, emma melgun sejde etmedi. Onuň üçin "Towhy-lagnat" melgunyň boýnuna ilipdir. Onuň şükranasy üçin namazda sejdäniň gaýtalanmagy şondan galýar. (Kasasy Kuran, 19-njy sah.) Tugunym tur bolyp gaçdy seýýatdan, Goşgudaky "Tugun" sözi guş bolmaly, "tur" hemwagşy çöl guşy. Göräýmäge: "Ekdi guşum wagşy guşa öwrülip, elimden gaçdy" diýýän ýaly. Emma ol bu ýerde öz kalbyny bir el guşa meňzedýär. Ol: "El guşum wagşy guşa öwrülip erkimden çykarmyka diýip howp edýärin". Ýagny, "Hudaý Tagalanyň yşky we muhubbeti ýüregimde jaýlaşman, ýaly, ýagny Allahy unudaýmaýyn diýip, gorky edýärin" diýýär. Ol Özüniň ýaradan Allaha yhlasynyň çäksiz köpdügini duýdurýar. "Gorkaram ýar bizi çykarar ýatdan" diýmegi: "Faz kuruny äzkurku", ýagny "Allahu Tagala, meni zikr etseňiz, men sizi ýatlaryn" diýýär. Harut, Marut atly iki perişte, -diýen setirler bar. Guşy ol ýerden götertdi, Bu setirlerde şeýle many bar. Pygamberimiziň ruhy guş suratda bolýar. Soň ol guş arşyň tekjelerinde oturdulýar. Hudaý Tagalanyň zikriniň haýbaty bilen derleýär. Onuň derinden perişteler bolýar. Ýene şol goşguda: Ol nuruny guşa dönderdi, Pygamberiň nury guş suratda edilip bir mekanda goýulýar. Ol hem Allaha zikredip, derläp, derinden derýalar bolandygy nygtalýar. Şahyryň "Şal tapsa" atly goşgusynda şeýle setirler bar: Eýesine yhlas eden çyn merdan, Magtymguly işanyň şygrynda "eýe" diýip getirmegi, öz asyl eýämiz Beýik Taňrydyr. Hudaýa aşyk adamlar hiç wagt pany dünýäniň malyna göz gyzdyrmaýar. Olar aryflar, mogarrablardyr. Aryflar terkidünýä bolup, diňe olaryň yhlasy asyl eýämiz bolan Beýik Taňra köpdügini düşündirýär. Ölümiň zulmuny boýnuna goýsaň, Dört sütün, her sütün otuz müň başly, Akyldar Pyragynyň "Dört sütün" diýip getirmegi, "Dört pasyl" (ýaz, tomus, güýz we gyş), "Otuz müň başly'' diýýäni - otuz gün, ýagny bir aý. "Otuz müň dişli" diýýäni bolsa, - gije-gündiz bolmagy mümkin. Görmesem söýlemen, oý bilen çendan, diýip, ol şeýle syrdan habar berýär. Eger Döwletmämmediň mazaryna melekler, ýagny perişteler, jynlar garawulçylyk çekýän bolsalar, onuň atasynda gör nähili makam (dereje) we menzilet bar. Galyberse-de, onuň ogly Magtymguly işanyň hem ol syry bilip ýaýýanlygy üçin weliler jümlesinden saýylýandygyna ýekeje-de şübhelenmese bolar. Elbetde, ol öz dürdäne atasynyň makamyna (derejesine) salgylanyp: "Çeheltenden atama nazarym düşdi" diýip atasynyň makamyny görkezýär. Ine, akyldar, aşaky setirlerde şeýle ýangynly eser döredýär: Aşyklar bagryndan bir nala çyksa, Hudaýa aşyk bolanlaryň ýüreklerinde nary-muhubbet bolmaly. Ol muhubbet söýgüsi, ol söýgüniň odunyň çogy we howrydowzahyň odundan hem güýçli bolmaly. Şol ilki girizen "edebi miras" adynda bolan eserimizde belläp geçişimiz ýaly, akyldar Pyragy öz eserlerini, köplenç, Kurandan, hadysdan alandygyny makullapdyk. Elbetde, aşakda onuň öz eserleri hem bu aýdanlarymyza doly güwä geçýar. Magtymguly, sözlär kelam sözüne, Külli işiniň beýany, Kurandadyr Kuranda. Magtymguly okyp Kuran, Hudadan dilegil iman. We emma "Bu derdi" diýen örän ähmiýetli eserinde şeýle möhüm meselelerden söz açýar: Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda, Akyldar Pyragynyň bu eseri "Nury-Muhammet", ýagny pygamberimiz Hezreti Muhammediň nury bolmaly. Onuň bu setirleri - nury-kamil Mustapa Sälli Allahu aleýhi wä Aläwäsälleme degislidir. Ol nuruň bir zerresini ýeriň göbegi bolan Käbe Motähhereniň içinden alypTesnim çeşmesiniň suwy bilen hamyr edip, soň behişt suwlaryna çümdürip hoşbu-oňat ysly edip, asmanyň tabekeleriň gatyna jilwe berip we ähli derýalara we külli äleme tarap geçirdiler. Ol bir ýyldyz kimin dogup, ýerden nury-mukaddes bolup göründi. Çünki tärkip şeýle bolansoň, kabyly-hazyne define we jöwher seminäni saklamak zerur bolupdy. Ýok idi bar boldy, bir nury-peýda, diýip getirmegi muňa mysaldyr: Ol "Han durar" atly şygrynda: Bir gün ol günbatardan, "Belli meşhur", "Ýüzi mahy-taban" we "Beýlekileri bolsa, gan durar" diýmeginden Hezreti Mäti bolmagy mümkin. Ol indi döremeli we Deçjaly bolsa, aradan aýyrjakdygyny öz eserlerinde belleýär. Ine, bu barada akyldaryň bir goşgusy hem bar. Ol goşgy bolsa şeýle: Ýa Mäti öňünden tuguny tiker, "Gerekdir" atly eserinde bolsa: şol dagdan Deçjal närbana döner, we ýene: Isa, Mäti gelse adyldyr, zatdyr, Ýokaryda getirilen setirler, kyýamatdan nyşan diýen eserleri, olar kyýamat ýakynlarda dörejek wakalar bolmaly (Kasasy-Kuran, 376-nji sah.) Şahyr "Boýlaryňa " diýen goşgusynda, şeýle ýazýar: Züleýhadan galan zännar, "Zännar" sözi her bir okyjyny bilmeklige we öwrenmeklige gyzyklandyrsa gerek. Ol Ybraýym aleýhissalamdan galan ýadygär guşak bolmaly. Ol miras bolup arkama-arka, nesilme-nesil Ýakup aleýhissalama, onsoň Ýusup aleýhissalama galyp, ahyr soňy hem Züleýha galandygyny bildirýar. Elbetde, ol Züleýhadan hem beýlekilere ýadygär bolup galýar. Kime nesip etdi, ol aby-haýat, Bu setirlere şeýle düşündiriş bermek mümkin. Ilki bilen Hezret Hyzyr aleýhissalama yşarat edýär. Elbetde, aby-haýat suwdan içmeklik Hezreti Hyzyr aleýhissalama nesip bolupdyr. Ikinji beýtde onuň "Derdi aşa geler'' diýmegi, Hudaý Tagalany söýüp, onuň yşkynyň derdinden özüniň gije-gundiz bitakat bolandygynyň, onuň jemalyny ýüregi küýsäp ýörendegini aýdyň duýdurýar. Okudular, hak sözledim sözümi, Ýene "Oturmuş" diýen gazalynda: Bular meni etdi özlerine hemra, Şular ýaly özüniň makamyna salgylanyp, aryflar halaryna geçýändigi hakda aýdan gazallary az däl. Aýdylany "Bizim sary" diýen gazalynda: "Jemalyn arz etse bir bizim sary", "Diýdiler goluň ber bizim sary", "Diýdiler mert bolsaň ýör bizim sary", diýen setirleri hem tassyklaýar. Ol öz duýgularyny aşakdaky goşgularynda-da beýan edýar: Eý, ýaranlar, ýyglamaýyn, neýläýin? Ýene: Bir ahwala duş boldum, gam hüjüm etdi öldürdi, Şükür Haka, bizem bu ýola düşdük, Bir makama duş boldum, pikir anda pikire batdy, Ýatyrdym gaflatda gelip erenler, Magtymgulynyň: "Gözüm açyp jümle jahany" diýmegi: Kalp gözüni açmak, ýagny kalp bilen bütin jahany görmekligi aňladýar. (dowamy bar)... © Hajy Myratdurdy GAZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |