09:03 Magtymgulynyñ "Meñlisi" | |
MAGTYMGULYNYÑ "MEÑLISI"
Ýatlamalar
Gyzylarbatdan daga tarap ýüzüñi tutup ugrasañ, ak gaýma ýaly göni ýoly külterläniñi duýmaýarsyñ. Daglaryñ arasy bilen ýol geçmek üçin aginişden aşak inip, ýapýokary galyp, soñ owadan keşdeler ýaly her dürli aýlawly ýollar geçersiñ. Gujagynda müñ dürli ösümlikleri, gülleri ösdürip bilýän daglar tenekar howasyny saña bagyş edip, kükregini gerer. Sen töweregiñe göz aýlap, tenekar dag howasyndan sorarsyñ. Daglaryñ çür başyna seretseñ, dik duran ýaly äpet daşlar meşhur pälwanlar ýaly belent görner. Şu daglarda söweşip, duşmanyny ýeñen Gara mergeni, Nurberdi hany ýadyña salar, ruhuñy galkyndyrar. Onsoñ duşmanlaryñ gysylyp dargadylan ýeri bolan Garagysynyñ aýlawly ýollaryny geçersiñ welin, ýol ikä bölüner. Çep tarapky ýol Gündogara tarap alyp ugraýar. Bu ýol az salymdan soñ seni bir oba ýetirer. Şol obany sorasañ, oña Pürnüwar diýerler. Bir gün nesip dartyp, meniñ käbämiñ dogduk obasy Pürnüwara toýa çagyrylyp geldim. Toýly öýüñ duldegşir goñşusy Ogulsapar daýzam bilen saglyk-amanlyk soraşdym. Nätanyşlar tanyşdylar. Dost-ýarlar, deñ-duşlar, kärdeşler; garyndaşlar didarlaşdylar. Toýa gelip bilmedikleri, dünýeden gaýdanlary ýatladylar. Şu pursatda "Magtymgulynyñ Meñlisi" Güljan Döwletmyradowanyñ ady tutuldy. Ogulsapar daýzanyñ ogly Durdygylyç, gelni Tumar hem Güljanyñ klasdaşy ekenler. Şu pursatyñ özünde-de Güljanyñ adyna aýdylan ýatlamalar Güljany direldäýjek boldy. "Wah, gyzyñ gülüdi", "Onuñ owadanlygyny diýsene", "Her gözi bir gyza degýärdi", "Saçlaryny diýsene, her saçy bir gyza degýärdi", "Alçakdy, dile çeperdi", "Haly-palas dokamaga, keşde-gaýma gaýamaga-da ökdedi", "Alla ony Meñli gyzyñ özi bolmak üçin ýaradan bolarly, şonuñ üçin müñ gyzyn arasyndan saýlandy ahyry ol", "Aýdym-sazy-da jany-teni bilen söýýärdi, mekdep ýyllarynda-da owadan owazly sesi bilen aýdym aýdyp çykyş ederdi". Güljan Döwletmyradowanyñ adyna ajaýyp ýatlamalary diñläp oturan pursatym, radioda Liza Garaýewanyñ beren bir söhbetdeşligi ýadyma düşdi. Şonda Liza Garaýewa şeýle diýipdi: "Meñliniñ roluny ýerine ýetirmek üçin menem çagyrylypdym. Güljan Döwletmyradowa hemmelerden saýlandy". Men özüm bilen toýa baran doganoglanym Ogulnura ýüzlenip: "Güljanlaryñ öýlerini bilýän bolsañ, ýör olara gideli" diýdim. Ol: "Ýör, gideli, Güljanyñ ejesi Ogulnyýaz eje-de ýaranok diýdiler, biz hem sorap gaýdaly" diýdi. Ogulnyýaz ejeleriñ pessejik gapysyndan giñ howla girdik. Dürli iýmişli baglar gözel görküni güjeñläp, boýuna, durkuna, erkine buýsanýarlar. Injirdir enarlar ýere gaçyp ýatyrlar. Eýýäm maña baglaram, enarlaram Güljany ýatladýar. Bu uly howlyny garawullaýan Garagözem bize "geçiberiñ" diýýän ýaly sesini çykarmady. Biz salam berip, öýe girdik. Meni tanamansoñ, Ogulnyýaz eje Ogulnur bilen elleşdi-de, "sen-ä owlajygym" diýdi. Meniñ bilen elleşende, elinden mäkäm tutup, "Menem seniń keýijegiñ" diýdim. Ogulnyýaz eje hezil edip güldi-de, owadan gözleri bilen meni nazarlady we bilesigeliji soraglary bilen biziñ añrymyza beletdigini aýtdy. Biz Ogulnyýaz ejäniñ ogly, gyzy, gelni, agtygy, çowlugy, gowlugy bilen çaý başynda degişme gürrüñler bilen göwnüni galkyndyrdyk. Ogulnyýaz eje mugallym adamsy Döwletmyrat bilen agzybir ýaşan, on iki çagany terbiýeläp, gözli-başly eden, 46 ýyl zähmet çeken ajaýyp zenan, mähriban eje, segsen ýaşly garry mama, garry ene. Ogulnyýaz ejäniñ on iki çagasynyñ biri hakda söhbet açjak bolsañ hem onuñ özi hakda aýtman ýazyp boljak däl. Ogulnyýaz ejäniñ sagdyn-syratly, örän owadan, zähmetsöýer zenan bolanlygy baradaky tarypy häzirem onuñ görkünden görünýär. Synladygyñça onuñ maşgalasyny, özüni mañlaýyña sylýarsyñ. Ogulnyýaz eje bir bukjany öñüme getirip goýdy. Men ol bukjany açmankam mañlaýyma syldym. Bukjany açyp, haýran galdym. Bukjadaky döwlet tarapyndan berlen hormat-sylaglary, orden-medallary birin-birin synlap, mañlaýyma syldym. Olaryñ hemmesiniñ birin-birin adyny ýazmaly bolsa, ol özbaşyna bir tarypnama boljak. Men bu bukjany, ýene Ogulnyýaz ejäni synlap: "Ogulnyýaz eje, sen Hydyr gören bolmaly" diýdim. Ogulnyýaz eje gabagyny galdyrman, ýüregi bilen gülüp, bir ajaýyp ýylgyrdy: "Eýse näme, ýogsa gyrgynçylykda diri galarmydym, biziñkileriñ ählisi gyryldy ahyry" diýip, ýuwaşja gepledi. Menem Ogulnyýaz ejä: "Dile geldi, bile geldi, şol wakany aýdaý" diýip ýüzlendim. Ol söze başlady. - 1931-nji ýylda Gyrdaky gyrgynçylygy, Dehil gyrgynçylygy gören men. Ýedi ýaşly gyzdym. Ýer diýip ýere bassam, aýaklarymyñ gandygyny bilýän. Gyrlyp, ölüp ýatan görgülileri basman, olaryñ üstünden bökýänimi bilýän. Pulomýotlat okuny paýradýardy. Bäş ýaşly jigim Sary, ejem Akja we maña ok degenok, özgelerimiziñ ählisi gyryldy. - Ogulnyýaz eje, Güljan gyzyñyz barada-da gürrün beräýseñiz?! - diýip gönüledim. Ogulnyýaz eje "Güljanmy" diýip, bir pursat başyny egip dymdy. Onsoñ başyny galdyryp, sözüni dowam etdi. - 1948-nji ýylyñ 12-nji oktýabr gijesinde-de apy-tupan, harasat bolupdy. Şol harasat wagty Güljan dünýä indi. Güljan bäbekkä-de gür gara galpagy buýra-buýra tolkun atardy. Güljan ösdügiçe saçlary ösüp, buýra tolkunlary örümlere sygmajak bolýardy, juda owadandy, ähli işe-de çeperdi, aýdym-sazy juda gowy görýärdi. Çeper höwesjeñler bilen çykyş ederdi. Orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniñ dil we edebiýat bölüminde okap ýördi. Dile çeper, okuwyna yhlaslydy. Azadynyñ akyl hazynasyny agtaryp, añyrsyna çykasy gelýärdi. Şeýle ajaýyp arzuwlar bilen okap ýörkä, "Magtymguly" filminde Meñli bolmaga ähli gyzlaryñ arasyndan Güljan saýlanypdyr. Ýiti zehinli, ýiti synçy türkmen filmlerini dörediji Alty Garlyýew "Magtymguly" filmini döretmekde hakyky Meñlini tapmak üçin mekdeplere, ýokary okuw jaýlaryna barypdyr, gyzlary synlapdyr. Köp gyzlaryñ Meñli bolasy gelipdir. Olardan Meñli bolany bolmandyr. "Meñli diñe Güljan bolmaly" diýip, menden hem rugsat soradylar. Talyp boýdaşlarynyñ aýtmagyna görä, Güljana: "Meñli bol!" diýip, her gün ýüzlenipdirler. Güljan bolsa: "Meniñ Meñli bolasym gelýär, ýöne men Meñli bolup biljek däl, adamym rugsat bermez" diýip, jogap berýär eken. Ahyry Güljany Meñli bolmaga yrypdyrlar. Güljan Meñliniñ roluny ussatlarça ýerine ýetirdi. Hakyky Meñli bolup, kalplara siñip, göreçlerde keşbini goýdy". Şondan soñ Güljan baýramçylykda oba gelipdir. Öz öýlerine gelip, ejesi, kakasy, doganlary bilen görşüpdir. Döwletli desterhanyñ daşyna ýygnanan maşgala Güljanyñ bitiren işinden hoşal bolup, süýji-süýji sözleşip, mähirli didarlaşyp, öýli-öýlerine gaýdyşypdyrlar. Bir gün säher Ogulnyýaz eje şeýle düýş görüpdir: "Ogulnyýaz eje adamsyna: "Döwletmyrat tursana! Güljanlaryñ işigine "Tiz kömek" maşyny gelip durdy-la" diýen sesine özi oýanypdyr. Ahwalaty halamasa-da, "Pygamberleriñ ýorgudy bolawersin" diýipdir. Ogulnyýaz eje ertirlik edinenlerinden soñ, işine gidipdir. Jigisi Annamyrat Güljany örän gowy görýän eken. Annamyrat Güljanlara baryp, "Hany Güljan, men oña gutap hem getirdim" diýipdir. Şu pursat içki ýapyk gapynyñ öñünde Güljanyñ adamsynyñ gapdalynda-da Güljanyñ iki gaýyn ekejisiniñ oturyşy, olaryñ: "Güljan dynç alyp ýatyr, oýarjak däl" diýmekleri Annamyrada ýaramandyr. Çaga getiren gutabyny goýup, çykyp giden ýaly edipdir-de, tamyñ daş ýüzüne aýlanypdyr. Aýnadan seredip: "Güljan" diýesi gelipdir, görse, aýnanyñ öñünde keçe tutulan eken. Annamyrat öýe gelip, Güljany görüp bilmedigini aýdypdyr. Giç öýlän apy-tupan ýel öwsüpdir, asman eñräp, ýagyş ýagyp başlapdyr. Şol gün 1968-nji ýylyñ 4-nji martydy. Ogulnyýaz eje işden gelende, "Güljan aradan çykypdyr" diýlen ýakymsyz habary eşitdi. Ogulnyýaz wje Güljanlara ylgap barypdyr. Gapyny açyp görse, Güljan sülük ýaly bolup süýnüp ýatan eken. Ogulnyýaz eje körpe gyzy Ogulbibiden bolan agtygyna Güljanyñ adyny dakyp, göwün ýüwürdipdir. Güljanyñ keşbini görejinde saklap otyr. Ogulnyýaz eje sözüniñ ahyrynda-da: "Güljan ýaşap ýören bolsa, Meñli ýaly ajaýyp zenan bolardy. Azazynyñ akyl hazynasyny agtaryp ýörmelidi-dä" diýdi. Ogulbaýram KULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |