22:04 Düýe maly - dünýe maly | |
DÜÝE MALY – DÜNÝE MALY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gadym döwürlerde Türkmenistandan Hytaýa, Hindistana tarap uzan Beýik ýüpek ýoly goňşy ýurtlaryň üsti bilen geçipdir. Elbetde, bu uzak menzil kerwenler bilen geçilipdir. Kerwen her ýurda baranda durup, düşläp, ýük ýazdyrylyp geçilipdir. Şol gadymy döwürlerde-de biziň ülkämizden baran kerwenler aýratyn gadyrly garşylanypdyr. Onuň hem özüne ýetesi üýtgeşik syry bar eken. Çünki, Türkmenistan müňlerçe dermanlyk ösümlikleriň ösýän ýurdy. Türkmen düýeleriniň dabanyna şol dermanlyk ösümlikleriň nemi, çygy, ýakymly ysy çomujyň toşaby ýaly siňipdir. Onsoň, goňşy we gaýry ýurtlular düýeleriň dabanyny ýuwup, soň hem şol ýuwundyny süzüp, ony derman hökmünde ulanypdyrlar. • LÄLELERDEN NUSGALAR Ilerde maýa bozlar, Maýa köşegin yzlar, Jan boýdaşym, Akmaral, Gözlerim seni gözlär. Düýe geldi ýataga, Boýny doly otaga, Çyk sagmaga, gelneje, Didäm saňa sadaga. Maýagözel haýbatly, Kejebesi köýmetli, Kejebesi gökde oýnar, Kölegesi ýerde oýnar. Ýaglyk ujy gyýkyndyk, Şeker düwdüm ujuna. Maýagözel boýdaşym, Çyksyn obaň ujuna. Hüwdülerden nusgalar Meniň balam ýekedir, Rysgy düýe ýüküdir, Ogşuk, torum götermez, Iner, maýa ýüküdir. Mergen oglum guş ursun, Dagdan keýik düşürsin, Düýä ýükläp getirsin, Goňşulara süýşürsin. Meniň gyzym Maýadyr, Öz öýmüziň aýydyr. Çyksa düýe sagmaga, Bulut oňa saýadyr. Akmaýa läle kakar, Owazy jana ýokar, Kejebesin bezejek Düýebaşlyklar dokar. Allan-allan, hemişe, Kerwen gitdi argyşa, Kerwen gelsin oljaly, Bezeneliň kümüşe. Äpet kerwen gaýmagy, Boz goýunyň böwregi, Arwananyň ogşugy, Akmaýanyň köşegi. Ýeňňesine ýelmaýa, Heniz azdyr gyzyma, Agasyna akmaýa, Heniz azdyr gyzyma, Daýysyna dal bedew Heniz azdyr gyzyma Hüwwä-hüw!... • YRYMLARDAN NUSGALAR Zenan hamyla bolanda, çaga dogmaly wagtyndan geçiberse, çaganyň wagtynda dogmagy üçin zenany düýäniň aşagyndan üç gezek geçirýärler ýa-da düýe ýüňünden tanap işip, tanapyň aşagyndan üç gezek geçirýärler. Maýa ýaly çydamly, dogumly, mylaýym bolsun diýen ýagşy niýet bilen türkmenler gyz bäbegi dünýä inende, oňa “Maýa”, “Maýagözel”, “Akmaýa” ýaly atlar dakýarlar. Ogul bäbegi dünýä inende, onuň adyna Köşek, Torum, Bugra, Iner, keşer, Heşdek, Kerwen ýaly atlar dakyp, kuwwatly, gaýratly, mert bolmagy arzuw edýärler. Düýşünde düýe gören kişiniň düýşüni “Düýe – dünýä” diýip, saglyga, rysgal-baýlyga ýorýarlar. • “DÜÝEDEN” AT ALANLAR Düýeguş-guş ady. Düýedaban- ösümlik ady. Düýeji-taýpa-tire ady. Ogşuk-tire ady. Bugralar-Çeleken ýarym adasynda gum depeleri. Düýeji-Gurbansoltan eje, Sakar etraplarynda oba, Baýramaly etrabynda ýap, guýy. Düýejiburun- Çeleken ýarym adasynda gum, uly burun. Düýejigum-Garagumda gum. Düýejidag-Serdar etrabynda dag. Düýeajy-Garagumda guýy ady. Düýeberki-Murgap etrabynda belent gum depesi. Düýebil-Tagtabazar etrabynda gyr ady. Düýeboýnak-Magdanly etrabynda dag ady. Düýeboýun-Birata etrabynda oba, dag, Görogly etrabynda oba, Baharly etrabynda dagyň egri köteli, çeşme, Amyderýanyň egrelýän we daralýan ýeri. Düýegiden-Görogly etrabynda köl orny, Köneürgenç etrabynda gadymy gaçynyň böwsülen ýeri. Düýegörünmez-Esenguly etrabynda çuň jar. Düýegyr-Derwezede bir gyr. Düýegyrlan-Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda giň meýdany. Düýedaş-Serdar etrabynda dag dag depesi, çeşme, dere. Düýeýykyldy-Köýtendagda daga çykylýan ýol ady. Düýesamaran-Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda köl. Düýetam-Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda oba. Düýeuçuran-Baharly etrabynda dik gaýanyň üstünden geçýän ýol ady. Düýeçöken-Baýramaly etrabynda belent depe, gala. Düýetaýak-Etrek etrabynda bir dere. Düýeýatyryjy—Köýtendagda dag depesi. Inergyzyl-Balkan dagynyň bir bölegi. Inerdepe-Bereket etrabynda dag, Etrek etrabynda depe. Inerýüzdüren-Baharly etrabynda guýy, oý ýer, Serdar, Türkmenbaşy, Esenguly etraplarynda oý ýerler. Inerçöken-Görogly etrabynda depe. Inerçäge-Merkezi Garagumda uly gum depesi, oba, Esenguly etrabynda gyr. Inerýuwdan-Görogly etrabynda ýap. Köşeguçan-Magtymguly etrabynda dagyň belent gaýasy. Köşekgyzyl-Bereket etrabynda dag ady. Köşekgyr-Derwezede gyr. Köşekli-Esenguly etrabynda ýer ady. Maýabatan-Görogly etrabynda köl, oba. Maýabozlan-Merkezi we Günbatar Garagumda guýy, kak, Birata etrabynda guýy. Maýaölen-Garagumda şorluk ýer, Hazarda ýer ady. Nerbeýik-Murgap etrabynda uly depe. Ogşuk-Garagumda öri meýdany. Torumgöbek-Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda bir depe. Taýýarlan: Ogulbaýram KULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |