08:41 Magtymgulynyñ syr saklaýan mähek daşy | |
MAGTYMGULYNYŇ SYR SAKLAÝAN MÄHEK DAŞY
Magtymgulyny öwreniş
Beýik akyldarymyzyň edebi mirasynyň syrlaryny aýratyn alnan haýsydyr bir edebiýatçynyň gutarnykly açyp bilmajekdigi düşnüklidir. Şu ýerdenem klassyky edebiýaty, aýratynam Magtymgulynyň döredijiligini öwreniji alym-filologlaryň bu ugurdaky tagallalaryny edebi-ylmy gaýrata, jogapkärçilige esaslanyp, bir ýere çugdamlamalydygy baradaky hakykat gelip çykýar. Galyberse-de, bu mesele şonuň ýaly köpçülikleýin tagallalar netijesinde hem öňli-soňly çözgüdini tapyp biler öýtmeýäris. Sebäbi Magtymgulynyň şahsyýeti hem döredijiligi şeýle bir baýlyk bolup, oňa nähilidir bir anyk kesgitleme beräýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol miras öz içine alýan temalary, ündewleri, çeperçilik gabaralary, nähilidir bir metodik syrly galyplary babatda biserhetdir hem-de onuň mazmun we şol mazmuny ýüze çykarmak prinsipleri taýdan düýpsiz çuňlyga çenli uzalyp gidýär. Beýik şahyr öz goşgularynyň birinde „Magtymguly“ syrym çohdur, men neýläýin açan ýokdur“, diýip ýazýar. Muny ol özüne göwni ýetijilik edip ýazsa-da ýazandyr, ýöne welin onda, bu şahsyýetiň iňňän pesköňül tebigatyny nazara alanyňda, howaýy göterimlilige garanda halk durmuşy bilen bagly setmüňlerçe problemalar we olary çözmegiň şahyrana ymtylyşlary has ýiti duýulýar. Akyldaryň ýüreginiň „çoh syrly“ bolmagynyň sebäplerini, eýsem nireden gözlemeli? Sowet häkimiýeti ýyllary içinde biz ony belli bir derejede dini çeşmelerden agtaranam bolsak, köplenç „marksistik taglymat“ bilen baglanyşdyrjak bolup azara galdyk. Rus ýazyjysy W.Bahrewskiniň „Şahyr“ powestinde we türkmen ýazyjysy G.Kulyýewiň romany boýunça taýýarlanan „Bagtyndan jyda düşen Pyragy“ diýen çeper filimde Magtymgulynyň köňül islegleriniň rus şalygynyň hamana bu ugurdaky tagallalary bilen baglanyşdyrylandygy, irkiräk döwürde onuň söwda burjuaziýasynyň wekili hökmünde inkär ediljek bolunmagy, soňkurak ýyllarda bolsa onuň mirasynyň kommunistik ideologiýa zyýan-zepersiz, oňa ters gelmeýän, az-owlak dini we az-owlak öwüt-nesihat häsiýetli böleginiň halka ýetirilmegi we şol esasda hem şahyryň döredijiliginiň öwrenilip gelnendigi ýaly ýagdaýlar şonuň aýdyň mysallarydyr. Diňe garaşsyzlyk ýyllary içinde, ykbal şemalynyň onuň öwüsmegi netijesinde alymlar meselä başgaça çemeleşmäge mümkinçilik tapdylar. Şu maksat bilen olar ozal elýeterli bolmadyk türki, araby, parsy dildäki täze çeşmelere ýapyşdylar. Magtymgulynyň eserlerini onuň öwrenen, tälim alan şahyrlarynyň döredijiligi bilen ymykly deňeşdiriler. Bu bolsa akyldaryň diňe dini, yslam çeşmelerine baglanyp oňmandygynyň üstüni açdy. Mysal üçin ol, ähtimal, döredijiliginiň ilkinji etapynda durnukly akyl goýazlygyna kemsiz eýe bolandan soň, sufizm akymyny edebi taýdan goldapdyr, öz şygyrlaryny şonuň ideýalary bilen suwarypdyr. Yslamizm bilen sufizmiň perpendikulýarlary-da, paralelleri-de az däl.Sufizm belli derejede özünde emele gelen täzelikler bilen halka hyzmat etmegiň täze ugurlaryny salgy berýärdi. Ol köpçüligiň jemgyýetden we jemgyýetçilik durmuşyndan närazy, şalaryň hem-de ýerlerdäki şa dikmeleriniň ýurdy dolandyryşyndan dilgir taraplaryny aýyl-saýyl seljermäge ukyplydy. Şonuň bilen birlikde ol täze çeperçilik konsepsiýalarynyň emele gelmegini şertlendirdi, Gadymdan gelýän mizemez ideýa-tematik ugurlara başgaça öwüsgin berdi, olary sufistik pikirleriň akabasyna getirip goşdy. Söýgi lirikasynyň taryhy munyň güwäsidir. Yşky duýgy gadymydyr. Poeziýada hem yşky tematikanyň gadymydygyna şübhe ýok. Hatda biziň aramyzdan has ozalky grek mifologiýasynda hem, Gomeriň, Owidiniň eserlerinde-de bu tema giňden şöhlelenipdir. Erotdyr Afradita bolsa söýgi hudaýlary hökmünde tanalypdyr. Şol eserlerde ýeke-täk bir yşkyň-gyz hem ýigit arasyndaky söýgüniň gürrüňi edilýär. Emma sufizm söýgi lirikasynyň şu tebigy missiýasyny onuň elinden alypdyr. Şu usulda (megerem,sufizm akymy şol bir wagtyň özünde edebi usul bolan bolsa gerek. Muhammetnazar Annamuhammedow „Magtymguly, gizlin syryň bar içde“ (Aşgabat, Ylym, 1994) diýen kitabynda munyň hakykatdan hem şeýledigini çürt-kesik aýtmadygam bolsa, ol bu ugruň öz ýol ýörelgesiniň,ýörite çeperçilik kadalarynyň bolandygyny örän düýpli delillendirýär.-A. M., G.A.). ýazylan eserlerde adamyň Hudaýa bolan söýgüsi taryp edilýär. Şeýlelikde, anyk mazmun hyýaly mazmun bilen ornuny çalyşýar. Göz bilen görüp bolýan tipleriň arasynda döreýän söýgi göz bilen görüp bolýan tipiň we göz bilen görüp bolmaýan düşünjäniň arasynda emele gelýär. Munuň özi meseläni belli derejede çylşyrymlaşdyrýar. Ol şahyrlary hem-de olaryň liriki gahrymanlaryny kanuny suratda işjeňleşdirýär. Indi ozalky, durmuşyň häki bir gapdal ýazgysy ýa-da diňe öwüt-ündew berip oturan poeziýa herekete gelýär, ýagny hereketdäki poeziýa öňe çykýar. Ol poeziýa mydama gözlegde, mydama agtaryşda. Eger ol hereketden galaýsa, özüniň „Hudaý bilen ýüzbe-ýüz oturyp iç döküşmek“ ideýasyndan mahrum bolýar. Bu ideýa bolsa sufistik poeziýanyň telwaslanýan ganatydyr, dem alýan howasydyr, göwresinde urýan ýüregidir. Zehinli alym Ahmet Bekmyradow Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi hakynda ýörite we düýpli pikir ýöreden türkmen edebiýatçylarynyň ilkinjisidir. „ilkinji“ diýen söz B.A.Garryýew, S.Myradow, M.Kösäýew, G.O.Çaryýew, M.Annanepesow, N.Gullaýew, A.Mülkamanow ýaly alymlaryň Magtymgulynyň döredijiligi baradaky hyzmatlaryna kölege salmaýar. Ol alymlar milli şahyrmyzy wagyz etmek işine uly goşant goşdular. Hatda ökde edebiýatçy Saýlaw Myradowyň makalalarynda şahyryň içki dünýäsine, döredijilik pynhanlyklaryna düşünmek babatlarda şowly synanyşyklar edildi. Emma Ahmet neressäniň zaman şemalynyň başga tarapdan öwüsmegi netijesinde meselä täzeçe çemeleşendigi welin gaty bir dogry bolmasa-da, hemmelere äşgärdir. Özara söhbetdeşlikde-de, taýýarlan, emma gorap ýetişmedik doktorlyk dissertasiýasynda-da ol Magtymgulynyň başdanaýak diňe sopy şahyr bolandygyny köpräk nygtaýardy. Özüniň ylmy mümkinçiliklerini şol pikirini esasly subut etmäge gönükdiripdi. Bu ugruň şahyryň döredijiligine beren çeperçilik tärleriniň gürrüňini edýärdi. Ol tärleriň bolsa, öz nobatynda, şahyryň şahsyýetini belende göterendigine, türkmen klassyk poeziýasyny nä derejede baýlaşdyrandygyna, ony halkyň ýaşaýşyna has-da ýakynlaşdyrandygyna, doňup galan galyplardan çykyp, öz durmuşyny gowulandyrmagyň hatyrasyna, adamlaryň pikir ýörediş prosesine täsir edendigine okyjysynyň ünsüni çekýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ugry filologiýa ylymlarynyň doktory A.Aşyrow, ýazyjy H.Durdyýew, şeýle hem S.M.Demidow, A.Şyhnepesow ýaly edebiýatçylar, taryhçylar belli derejede işlediler. „Gizlin syrlar“ welin entekler hertaraply we doly açylanok. Ahmat Bekmyradowyň, Aman Şyhnepesowyň, Nazar Halymowyň işlerinde diňe ýüzüni görkezen „syr“ M.Annamuhammedowyň eýýäm biziň tarapymyzdan ýatlanan kitabynda, şonuň ýaly-da Annagurban Aşyrowyň işlerinde ýüzündäki nikaby ep-esli derejede sypyryp aýyrdy, zybana gelmäge hyýallandy. Munuň şeýledigi awtorlaryň meseleleri çynlakaý goýanlygyndan, olaryň çözgütlerini tapmak üçin gaty köp ylmy, taryhy, edebi çeşmelere salgylanýandygyndan, öz şahsy pikirleriniň deliline çuň ylmy yhlas siňdirendiginden magat görünýär. Muhammetnazar Annamuhammedow şahyryň edebi-filosofik taglymatyny onuň „öz köklerinden üzňelikde öwrenmeýär.“ Hut şonuň üçinem biz „Gurhanyň“, Nowaýynyň, Nyzamynyň, Fizulynyň, Jamynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Mansur Hallajyň, Nesiminiň, Attaryň, Baýram hanyň, Omar Haýýamyň we garaz, özüne çenli bolan beýik läheňleriň Magtymguly mirasynyň müňlerçe jadyly öwüsgünleriniň gözbaşynda goýulmagyny iki elläp goldaýarys. Bularyň arasynda diňe „Gurhanyň“ çygryndan çykyp bilmedik şahyrlaram, sap mistik şahyrlaram, diňe sufizmi täç edinen şahyrlaram, jemgyýetdäki näsazlyklary hut şol jemgyýetiň özünden gözlän şahyrlar-da bar. Magtymgulynyň ussatlarynyň, mugallymlarynyň känligi ýa-da, başgaça aýtsak, onuň belli bir adamy gutarnykly halypa tutmandygy baradaky hakykat şu ýerden gelip çykýar. Beýik şahyr olaryň hemmesine sarpa goýupdyr. Şygyrlarynda olaryň köpüsiniň-Harakanyň, Bahaweddin Nakşbendiniň, Mahmyt Pirýarweliniň, hatda Aristoteliň-de, Platonyň-da atlaryny hem uly hormat bilen ýatlaýar. Şahyr olaryň her birinden öz köňül gözgüsine laýyk gelýän zatlary öwrenipdir. Ol dogry diýip hasaplan, öz şahsyýetiniň belli-külli sudura gelmegine hem-de ymykly kämilleşmegine peýda berip biljek her bir pikiri yhlasy özleşdirirpdir. Bu ýagdaý Magtymgulyny diňe bir sufist, diňe bir mistik, diňe bir ylahyýet şahyry bolmagyň serhetlerinden çykaryp goýberipdir. Ony dünýewi edebiýatyn-da sakasynda goýupdyr. M. Annamuhammedow Magtymgulynyň sopuçylyk garaýyşlary baradaky ylmy-filolgik jedelleri bir ýere çugdamlamaga şowly synanşyklar edipdir. Mysal üçin, A.Haýydow „Din we edebiýat“ (1978) diýen kitabynda Pyragynyň eserlerindäki sufizmi onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi, ogluna beren tälim-terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyr. Peder söýgüsi, pedere bolan minnetdarlyk onuň şygyrlarynyň bellenäýmeli bir tarapydyr. Emma munuň şahyryň sufisrik mazmunly, umman derýa ýaly akýan şygyrlarynyň hanasyny daraldýandygy-da görnetindir. Alym A.Haýydowyň „Sufizme uýýan adamlar hemişe gurhan okamakdan ýüz öwrüpdirler“ diýen pikiri bilenem ylalaşmaýar. Ol şeýle ýazýar: „Bu ýerde konsepsiýanyň düşündirilişi nädogrudyr. Sufistler Gurhany asla inkär etmeýärler. Sufizmiň baş ideýa gözbaşy Gurhandyr. Onuň wekilleri üçin Gurhan mukaddes, irki sufizmde-de meseläniň goýluşy şeýledir. Magtymgulynyň döwründe bolsa, bu talap has hem güýjäpdir. A.Haýydow bir meseläni gatyşdyrypdyr. Dogrudan hem, sufizm bir döwürde Gurhany inkär edýär. „Hakykat bossanyna“ baranda-hudaýa birigende, ýagny, Allanyň dergähi açylandan soň, has takygy ömrüň hem geregi ýok.“ Hudaý bilen didarlaşandan soň ömrüň hem bigerek zada öwrülýändigi baradaky pikiri Nowaýynyň „Lisanut taýr“ eserindäki wakalardan alnan hem bolsa, ol entek sufizmiň iň soňky maksat-matlabynyň soňuna nokat goýmaýar. Biziň pikirimizçe, sufistleriň diňe bir bölegi Taňry didaryny „öwrenenden“soň öz missiýasyny gutardym hasap eden bolsalar gerek. Beýleki bir bölegi bolsa Allatagala bilen „duşuşykda, söhbetdeşlikde“ aýan bolan hakykaty gaýtadan gelip halka düşündirmek hyjuwy bilen joşupdyr. Ine, hut şol Nowaýynyň özi „Nasoimul muhabbat“ eserinde derwüşleriň (diýmek, sufistleriň-de, sebäbi sufist şahyrlaryň aglabasy derwüşlik sypatyna eýedir) daşky (äşgärlik) babatda halk, içki (gizlinlik) babatda Hak (Subhantagala) bilen bile bolmaga ymtylandyklaryny aýdýar. Şeýlelikde, Allatagala bilen duşuşykdan we hemmeleriň göwnünden turup biljek hakykat baradaky söhbetlerden soň, sufist adamyň ýüregindäki şol içki (gizlin) duýgularyň onuň daşky (äşgärlik) düşünjesi bilen bagly hereketlerine täzeden güýç berip biljekdigi mümkin zatdyr. Biz, dogrusy, şahyrlaryň lekamy meselesine hem çynlakaý çemeleşmedik. Olary nähilidir bir sosial ýagdaýlar bilen baglanyşdyrmaga çalyşdyk. Şu jümleden, M.Annamuhammedow „Azady“ hem „Pyragy“ lakamlarynyň aňladýan düýp manysyna aýdyňlyk girizipdir. Şu wagta çenli Döwletmämmet mollanyň Azady lakamy öz iliniň azatlygy, Magtymgulynyň Pyragy lakamy ýurdundan aýra düşen manylarda düşündirilip gelindi. Şeýle düşündirişler sowetleýin ideologiýanyň bähbitlerine laýyk gelýänem bolsa, hakykatyň ýele ýanyna-da ýakynlaşanok. Şunlukda, bu lakamlaryň ýeke-täk bir manyny aňladýandygyny alym dogry belläpdir. „Azady-pars diliniň „azade“ sözünden-azat, erkin, boş diýmek, Pyragy-arap diliniň „paryg“ sözünden-azat, erkin, boş diýmek“. Bu ýerde şahsyýetiň belent mertebeliliginiň, onuň köpugurly erkinliginiň nazarda tutylýan bolmagy-da ahmal. Her niçik-de bolsa, halypanyň we şägirdiň-atanyň hem perzendiň edebi-sosial maksat bitewiligini aňladýandygy sebäpli bu düşündiriş hakykata diýseň laýyk gelýär. M.Annamuhammedowyň Magtymgulynyň döredijiliginiň ýene bir bereketli çeşmesini ýüzugura bolsa-da ýatlap geçendigi ýerlikli we goldanylmaly faktdyr. Ol-Grek mifologiýasy. Bu gadymy filosofiýa diňe bir Magtymgula däl, eýsem tutuş dünýä edebiýatyna, şol sanda Magtymgulydan beýleki türkmen nusgawy şahyrlaryna-da düýpli täsirini ýetiripdir. Mollanepesiň „Zöhre-Tahyr“ dessanynyň soňlanyşyny göz öňüne getirip görüň:Tahyr ölýär, Zöhre bolan söýgüsini subut etmek üçin Garaçomagam özüni öldürýär. Soňra näme bolýar? Soňra Tahyryň hem-de Zöhräniň mazaryndan gül daragtlary ösüp ýetişýär. Onuň şahalarynda bolsa bilbiller saýraşyp otyr. Geň galaýmaly: Garaçomagyň welin mazarynyň üstünden çeti gögerip çykýar, onuň üstünde bolsa erbetligiň nyşany bolan sary kelpezeler güne gargaşyp otyrlar. Şu hili, türkmen edebiýatynda gabat gelýän mifler grek filosofiýasynyň esasyny düzýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmenleriň (diňe bir türkmenleriňem däl) arasynda herki zadyň öz piriniň bardygy hakyndaky rowaýatlar häli bu güne çenli ilat içinde ýaşap gelýär. Ýeliň öz piri, daýhançylygyň öz piri bar, sazyň öz piri bar, mal-garanyň öz piri bar, söýgüniň öz piri bar. Munuň grek mifolofiýasyndaky herki zadyň öz hudaýynyň bolandygy baradaky söhbetlere örän meňzeýändigi ýöne ýere däl bolsa gerek. Eýsem, bu düşünjeleri biri-biriniň garşysyna çykarmak ýa-da biri-birinden üzňeleşdirmek, olara biri-biri bilen asla baglanyşygy bolmadyk, öz-özlüginde dörän düşünjeler hökmünde garamak mümkinmikä? Milli türkmen çeperçilik aňynyň ösüşinde grek mifleriniň oýnan möhüm roly takmyn kyrk ýyla golaý mundan ozalrak, filologiýa ylymlarynyň doktory, merhum professor Durdymuhammet Nuralyýewiň „türkmen klassyk edebiýatynda çeper mazmunyň differensirleniş prosesi“ diýen işinde hem ýatlanyldy. Şo mahallar bu tezise böwrüni diňlänlerem, çürt-kesik garşy çykanlaram boldy. Awtory köpbilmişlikde, türkmen edebiýatyna ýat bolan düşünjeleri oňa girizmekçi bolýanlygy bilen aýplanlar-da tapyldy. Emma hakykaty el bilenem, dil bilenem ýaşyryp bolmaýar. Iru-giç ol özüniň bardygyny äşgär edýär. Magtymgulynyň filosofiýasynyň grek mifologiýasy bilen hem emer-çemer bolup durýandygyndan ugur alyp, M.Annamuhammedow „Hakykatdan hem „Magtymguly we gadymy grek filosofiýasy“ diýen meseläniň problema kemi ýok, muňa diňe ylmy taýýarlyk gerek“ diýip ýazanda biz onuň pikirine tutuşlygyna goşulýarys. Magtymgulynyň syry köp. Dag ötlemleri ýaly bolup ýatan şol syr onuň maşgalasy bilenem, öz hususy ömür ýoly bilenem, adamzat gadymylyklary we türkmen halkynyň taryhy bilenem sepleşip gidip otyr. Biri-birini anyklaşdyryp, käteler bolsa biri-birini uly sorag alamatynyň astyna düşürip barýan şol syr ulgamlary şahyryň içki dünýäsini şöhlelendirip, özboluşly uly bir mirasy emele getirýär. Ýöne şol şöhlelenmäniň syrly asman ýaly bolup görünýänligini, eýsem, nämeler bilen baglanyşdyrmaly? Elbetde, bu meseläni çözäýmek ýeňil däl. Sebäbi oňa eltýän ýol-ýodalaryň sany-sajagy ýok. Eýsem-de bolsa, işiň müşgilliginden gorkup, gol gowşuryp oturybermegem haýyrly zat däl. Şonuň ýaly baglanyşygy akyldaryň eserlerinde keserdilip goýlan müňlerçe sowallardan gözlemek ýerliklidir. Aslynda şahyryň döredijiliginiň tas gylla ýarysy diýen ýaly matal kysmy pikirler bilen ýaşaýar. Onuň tutyş şygrýetiniň çeperçilik hem ideýa goýazlyklarynyň şonuň kibi şindi akyl etirip bolmaýan taraplaryna bolan ünsi güýçlendirmek hem peýdalydyr. Edebiýat ylmymyzda, dogrusyny aýdalyň, şahyryň dünýä hem adamzat baradaky filosofiýasyny ylmy taýdan seljermäge täzeçe çemeleşme henizler kemterlik edýär. M.Annamuhammedow „Magtymgulynyň poeziýasynda intelektual we şahyrana pikirlenmäniň ylmy-mistiki we edebi çeşmeleri“ barada gürrüň edende hut ýokardaky ýaly pirinsiplere gol ýapýar. Köplenjem ol dogry netijelere gelýär. Alymyň ýatlanylýan kitabyna ýazylan sözbaşyda „Klassyky edebiýaty, şol sanda Magtymgulyny hem yslamdan, mistiki ylymdan üzňe öwrenmek asla mümkin däl. Şahyry geçen edebi mekdebinden, ussatlaryndan-Azadydan, Hoja Ahmet Ýasawydan, Hekim atadan aýyrmak, onuň çeper aňynyň şol mekdebiň, şol ussatlaryň edebi dünýäsinden dömüp çykýanlygy üçin mümkin däl“diýilip dogry bellenilýär. Biz makalamyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň döredijiligine täzeçe garaýyşlaryň kemala gelendiginiň gürrüňini etdik. Onuň mundan beýläk öwrenilmeli ugurlaryna merhum edebiýatçymyz Muhammetnazar Annamuhammedowyň pikirlerine salgylanyp, okyjylaryň, ýaş edebitçylaryň ünsüni çekdik. Jemläp aýtsak, jemgyýetimiziň Magtymgulynyň döwri, ömri, döredijiligi bilen bagly ediljek täze çynlakaý edebi, ylmy barlaglara garaşýandygy şübhesizdir. Magtymgulynyň „Syr saklaýan mähek daş“ ýaly bolup, beýgelip görünýän mirasy barada şonuň ýaly düýpli işlere garaşmak umytlylykdyr. Umytly adamy ynam diýen beýik düşünje hiç haçan gözden salmaýar. Ahmet Mämmedow, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri. Gözel Amangulyýewa, Milli Golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |