00:48 Garyp Ahmet sözi hergiz gurymas | |
GARYP AHMET SÖZI HERGIZ GURYMAS
Edebi makalalar
«…Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetler diwany parasatly pikirlere ýugrulan şygyrlardan ybarat. Ol goşgularyň her setirinde täze bir pikir bar. Hoja Ahmet Ýasawy biziň beýik şahsyýetimiz. Biz onuň adyny ebedileşdirmelidiris...» Saparmyrat Türkmenbaşy. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada: «Türkmen asyrlar boýy diliniň, sazynyň hem döwre guramasynyň arassalygyny, özboluşlylygyny saklamagy başarypdyr. Munuň aňyrsynda onuň milli buýsanjy-özüne göwni ýetmesi bar. Hut şonuň üçinem tas müň ýyl mundan ozal ýazylan eserleri-de arkaýyn okap oturmaly. Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň eserlerini ýa-da «Gorkut Ata» eposyny okanyňda türkmen ruhunyň baýlygy buýsandyrýar» diýip ýazýar. Türkmen ruhunyň buýsanjy, beýik seljuk türkmenleri zamanasynda, XI-XII asyr aralygynda ýaşap geçen, yslam dünýäsinde ägirt uly alym, Gündogaryň tasawwuf (sopuçylyk) äleminde «Ýasawyýa» tarykatyny (meslegini, ýoluny) esaslandyran, «Medinede Muhammetden» soň «Türküstanda Hoja Ahmet» diýdiren weli, beýik türkmen piri Hoja Ahmet Ýasawynyň ady we eserleri öçmez-ýitmezdir. Meşhur pir, ussat şahyr Hoja Ahmet sözüň doly manysynda sada, düşnükli, arassa türkmen dilinde eser ýazan, orta asyrda meşhurlyga ýeten sopuçylyk ylmynyň hem edebiýatynyň kerwenbaşysydyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň danalyk bilen belleýşi ýaly, onuň tas müň ýyl mundan ozal ýazylan hem bolsa arkaýyn okap oturmaly eserleri dili taýdan sada, düşnükli, arassa türkmen dilinde bolmak bilen milli äheňe eýlenen, çuňňur paýhasa eýedir Hoja Ahmet Ýasawynyň ömür beýany Hoja Ýusup Hemedany, Şyh Nejmeddin Kubra, Hoja Bahaweddin Nagyşbendi ýaly görnükli pirleriňkä mahsuslykda heniz doly anyklanylman gelýär. Uly pirleriň, öwlüýäleriň durmuşyndan gürrüň berýän tezkirelerde bu türkmen welisiniň ömrüne dahylly maglumatlarda olaryň doglan senesiniň anyk bolmazlygy tötänlik däl. Çünki irki orta asyrlarda ýaşap geçen uly şahslar, alymlar, şahyrlar hakda ýazylan tezkirelerde olaryň doglan ýyly görkezilmändir-de köplenç olaryň diňe bir eden işleri, ylym-düşünjeleri, keramat-mugjyzalary hem-de aradan çykan wagtlary ýazylypdyr. Bu özünden soň yzynda 800 ýüz ýyllap dowam eden ägirt uly edebi mekdebi döredip, ýüzlerçe talyplary (sopy-şahyrlary) galdyran türkmen piri Hoja Ahmet Ýasawy babatda hem şeýledir. Ýöne geçmişine togaply türkmenler, hatda bütin türki-yslam älemi bu piriň ömri, durmuşy, eserleri bilen bagly köpsanly rowaýatlardyr hekaýatlary döredipdirler. Olarda bu şahsyň ömri we döredijiligi dürli-dürli röwüşde teswirlenýär. Bu bolsa dürdäne eserleri ýazyp galdyran şahyryň ömrüni anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlaryň ilkinjisidir. Ikinji bir ýagdaý bolsa, baknalyk ýyllarynda milli gymmatlyklarmyza sözüň doly manysynda eýe çykmaga mümkinçilik berilmänligi jähtden we şol döwrüň syýasaty netijesinde arassa türkmen dilinde, türkmen ruhunda eser döreden beýik aryf Hoja Ahmet Ýasawa «terkidünýä şahyr» tagmasynyň basylanlygy, hatda ony öwrenmegiň hem «zerurlygy ýok» hasap edi¬len¬ligidir. Hudaýa ýüz-de-müň şükür, türkmen halkyna Garaş¬syzlygy alyp beren Beýik Serdarymyzyň çuň paýhasy, deňsiz-taýsyz sahawaty bilen beýleki milli mirasymyz bilen birlikde Ýasawynyň-da edebi mirasyna täzeden dolanyp gelindi. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde sözlän sözünde şeýle diýdi: «…Biz öz şahsyýetlerimiziň hyzmatlaryna mynasyp baha bermeli. Hoja Ahmet Ýasawyny, Hoja Ýusup Hemedanyny dindarlar özleriniň beýik şahsyýeti hasap edýärler. Esasan hem Türkiýedäki, Eýrandaky dindarlar olara yslam dinini ýaýradyjy hökmünde seredýärler. Sowet döwründe olary öwrenmek barada pikirem edilmedi. Biz indi olaryň ynsanlaryň kalbyny päkleýän, ruhuňa täsir edýän eserleriniň bardygyny aýdýarys. Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetler diwany parasatly pikirlere ýugrulan şygyrlardan ybarat. Ol goşgularyň her setirinde täze bir pikir bar. Hoja Ahmet Ýasawy biziň beýik şahsyýetimiz. Biz onuň adyny ebedileşdirmelidiris...» Şeýle kesgitlemäni diňe bir kalbynda özüniň ata-baba geçmişine, uly-uly alymlaryna, beýik welileridir pirlerine çuň söýgüsi bolan, ýüreginde beýik Watançylyk duýgusy bolan adam aýdyp biler. Bu barada hut boljak-geljegi öňünden gören türkmeniň bu meşhur piri Hoja Ahmet: Kimni söýse, Alla ony patşa kylar, On sekiz müň älem era inşa kylar — diýen setirlerinde welilerçe aýdyp gidipdir. Dogrudan-da Serdarymyz gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden paýhas hakydasyna, edebi mirasymyza uly sarpa goýmak bilen ony türkmeniň şu gününe ygtybarly ynam, ertirine aýdyň ýol görkeziji hökmünde ýüze çykardy. Bu ýöne ýere däl. Çünki, medeni hem edebi miras türkmeniň geçmişi, barlygy hem dowamat dowamy. Bu bolsa öz gezeginde Garaşsyz türkmen döwletiniň öz geçmişine ýüzlenip, geljegine bil baglaýan berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar. Aslynda-da türkmen: «Göwher kül içinde ýatmaz» diýip ýöne ýere aýtmaýar. Müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen beýik şahyr Hoja Ahmet Ýasawynyň özüniň welilik bilen: Garyp Ahmet sözi hergiz gurymas, Eger ýer astyna, düşse çüýrümes — diýşi ýaly, onuň ady hem hudawy sözleri şunça ýyllap ýer astyna düşende-de çüýremän, ynsanlaryň köňlünde hem aňynda ýagşy orun tutup ýaşap geldi. Bütin türki-yslam äleminiň şamçyragyna öwrülen dür monjuklaryndan düzülen göwher eserleri, ajaýyp hikmetleri döreden beýik pir, kämil şahyr Hoja Ahmet Ýasawy hakyndaky ygtybarly çeşmeler hasaplanylýan Abdyrahman Jamynyň «Nefahat-ul-üns», Alyşir Nowaýynyň «Nesaýym-ul-muhab-bet», Faýyz Käşifiniň «Reşehat aýn-ul-haýýat», Fuad Köprülizadanyň «Türk edebiýatynda ilk mutasawwuflar» ýaly eserleri şahyryň ömür beýanyny, edebi mirasyny öwrenmekde olaryň ýazylan taryhynyň irki döwürlere golaýlygy jähtden örän ygtybarly gollanmalardyr. Haýsy bir şahs bolsa bolsun, onuň ömrüniň beýanyny, ýaşaýyş-durmuş şertini, şol wagtyň ahwalyny, eserleriniň ähmiýetini ýene onuň öz eserlerinden agtarmak, kähalatlarda garaşylmadyk netijeleri berýär. Külli Türküstan welisi, türkmeniň beýik şahyry Hoja Ahmet Ýasawynyň doglan wagty, ýokarda aýdyşymyz ýaly, anyk bolmasa-da, onuň eserlerine esaslanyp, ýaşynyň ýüz ýigrimi bäşe ýetendigini bellemek bolar. Onuň 562-nji hijri ýylynda (milady hasaby boýunça 1166-1167-nji ýyllar) dünýäden gaýdandygyny görkezýän golýazmadyr daşbasma nusgalar bolsa näçe diýseň bar. Häzirlikçe bizde bar bolan maglumatlara laýyklykda, Hoja Ahmet Ýasawynyň hijriniň V asyrynyň (miladyda XI-XII asyrlar) ortalarynda Seýramda, Şyh Ybraýymyň maşgala-synda doglandygy, onuň ýaşajyk çagaka ejeden we ýedi ýaşynda kakasyndan jyda düşendigini bilýäris. Şol maglumatlara laýyklykda Ybraýym şyh öz şägirtlerinden bolan Musa şyhyň gyzy Äşä öýlenýär we olardan ilki Göwheri Şanäz atly gyz, soňra hem Ahmet atly ogul dünýä inýär. Heniz ýaşajyk mahaly ýetim galan Ahmedi ilki Arslan Bap terbiýeleýär. Ýöne ol hem Ahmet Ýasawy heniz çagaka aradan çykýar. Soňra ony Arslan Babanyň ogly Mansur ata öz terbiýesine alýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň ata-babalarynyň nesil şejeresi Mu¬hammet Hanafynyň neberelerine baryp ýetýär. Beýik pir Ahmet Ýasawynyň ata-babalarynyň şejeresine biz şahyryň Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky 487-nji belgili bukjada saklanýan di¬wanynyň golýazma nusgasynda gabat geldik. Onda Hoja Ahmediň nesil ýazgysy şeýle yzarlanýar: «Şyhlaryň şyhy, Hezreti Soltan Hoja Ahmet Ýasawynyň nesebiniň beýany: «Hezreti Resul aleýhyssalamyň kakasynyň dogany Abu Talyp we onuň ogly Aly-ul Murtaza we onuň ogly Ymammuhammet Hanafyýa, onuň ogly Abdylfettah we onuň ogly Abdyljepbar we onuň ogly Abdyrahman, onuň ogly Yshak we onuň ogly Harun we onuň ogly Ýunus we onuň ogly Musa, onuň ogly Osman we onuň ogly Omar, onuň ogly Muftahyr we onuň ogly Mahmyt, onuň ogly Ybraýym we onuň ogly hezreti aryflaryň şyhy Hoja Ahmet Ýasawy durur» . Görnüşi ýaly, beýik piriň nesil şejeresi uzaklara baryp ýetendir. Türkmen topragyna mukaddes yslam dinini getiren milletiň dowamy ata türkmenleriniň Bozkeýikler tiresinden bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň özünden soň sopuçylyk ylmyna da¬hylly uly edebi mekdebi galdyrandygyny bu gün onuň yzyna eýeren Gul Süleýman, Ahmet Ýunaky, Gul Gedaýy, Gul Şerif, Şemsi, Ikany tahallusly Kemal şyh, Hudaýberdi Hudaýdat ýaly ýüzlerçe oguz-sopy şahyrlarynyň eserleri tassyklaýar. Olaryň hikmetleri hem dürli beýazlarda Hoja Ahmet Ýasawynyň yzy bilen ýazylyp galdyrylypdyr. Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynda Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini özünde jemleýän gadymy hem ygtybarly golýazmalaryň, daşbasma we neşir nusgalarynyň ýüzden gowuragy bar. Olardan häzirlikçe iň bir kämil (irkiräk seneli) hasaplan nusgamyza 7093-nji belgili bukjada saklanýan golýazma degişlidir. Bu golýazmanyň 172-nji waragyndan tä golýazmanyň ahyryna çenli Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde şahyra degişli ilkinji hikmet «Bismilla diýip, beýan eýleý hikmet aýdyp» diýen setirler bilen başlanýar. Golýazmanyň başynda Saýkalynyň diwany ýazylypdyr we onuň ahyry şeýle tamamlanýar: Sagadat ahyry çün boldy Myrryh, Bu kyssa taryhy hem boldy «taryh», Ýene bir taryhy bul, eý, mukerrem, «Sene agýarydan» birin eýläp kem. Hikmetden belli bolşuna görä, «Taryh» sözüni ebjet hasabyna öwürsek hem, «sene agýary» sözünden birini kemsek hem ol hijriniň 1211-nji ýylyna, miladydan hasap edeniňde bolsa, bu sene XVIII asyryň aýaklaryna gabat gelýär. Golýazma Gündogar önümi bolan kagyza ýazylypdyr. Munda gabat gelýän hikmetleriň käbiri häzirki güne çenli biziň özümizde we beýleki doganlyk halklaryň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň neşirlerinde duş gelmeýär. Bu golýazmadaky Hoja Ahmet Ýasawa degişli hikmetler 236-njy warakda tamamlansa-da golýazmanyň 239-njy waragyndan ýene «Bissimilla» bilen onuň täze hikmetleri başlanýar. Şu ýerde bir zady bellemelidiris. Çünki biz golýazmalary öwrenýän mahalymyz şahyryň hikmetleriniň iki redaksiýada (iki topar ýygyndyda) ýazylyp göçürilendigine göz ýetirdik. Sebäbi golýazmanyň köpüsi ýokarda getirilen hikmet bilen başlansa, käbirleri Hoja Ahmet Ýasawynyň: «Mynajat eýledi misgin Gul Ahmet Ilähi kyl hemme bendäňe rahmet» —diýip başlanýan meşhur «Mynajaty» bilen başlanýar. Bu ýagdaý Hoja Ahmet Ýasawa degişli hikmetler diwanynynyň iki toplumynyň bolandygyny görkezýär. Muny Hoja Ahmet Ýasawynyň özi hem nygtaýar, ýagny ol öz «mynajatynda» şeýle diýýär: Men depderi sany aýtdym sizge ýadygär, Erwahymdan medet diläp, okyň zynhar. Ýa-da: ... Men depderi sany sözün açdym men-ä. Ýokarda hem aýdyp geçişimiz ýaly, Türkmenbaşy adyn-daky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň «seýrek duş gelýän golýazmalar» bölüminde saklanýan 487-nji belgili golýazmanyň 123-nji waragyndan 132-nji waragyna çenli aralykda Hoja Ahmet Ýasawynyň nebere ýazgysy, şejeresi bilen birlikde piriň keramatyna we durmuşyna degişli iki sany rowaýat ýazylypdyr. Dogrusy, rowaýatlaryň birinde waka gatnaşýan şahsyýetiň ady nädogry ýazylypdyr. Ol ýerde edilýän gürrüňiň özeni hakykata dogry gelýär, ýöne bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawa Muhammet Pygamber tarapyndan iberilen lukma-hurmany oňa gowşurýan şahsyň ady göz-görtele üýtgedilipdir. Bu göçürijiniň ýa bolmasa aýdyjynyň ýalňyşy bolmagy mümkin. Çünki häzirki güne çenli ýazylýan hem aýdylýan maglumatlarda Pygamber lukmasyny pire Arslan Baba gowşurýar. Muny Hoja Ahmet Ýasawynyň özi hem ýazan hikmetlerinde nygtaýar. Emma bu golýazmada Ahmet Ýasawa hurmany gowşurýan şahs Arslan Baba däl-de, Selman pir atly şahs edilip görkezilýär. Bu hakykata dogry gelmeýär. Beýik pir, uly şahyr, alym damylla Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri seljuk türkmenleri zamanyndan bäri elden-ele, dilden-dile geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Ilkinji gezek «Hikmetler» 1878-nji ýylda Gazanda daşbasma we neşir görnüşlerinde neşir edilipdir. Onuň «Diwan-e hezret-e hikmet» (Hikmetli sözleriň ýygyndysy) atly kitaby 1917-nji ýyla çenli onlarça gezek (ýüze golaý) öwran-öwran neşir edilipdir. Munuň özi, Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň hut häzirki wagta çenli hem söýülip okalandygynyň, dini medreselerde hatda ders (okuw kitaby) hökmünde okadylyp gelinendiginiň alamatydyr. Halk tarapyndan uly söýgi hem yhlas bilen okalan we arzylanyp satyn alynan bu neşir kitaplarynyň her bir öýde keramatly hasaplanyp, aýawly saklanandygyny ýaşulular buýsanç bilen gürrüň berýärler. Häzirki güne çenli-de ýaşulular bilen söhbetdeş bolnan mahaly olaryň aglaba köpüsi, doly bolmasa-da, şahyryň hikmetlerinden käbirlerini ýatdan aýtmagy başarýarlar. Bu bolsa Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň halk arasyndaky hormatynyň artykmaç taraplaryndandyr. Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň aýdyşy ýaly, onuň hikmetleriniň her bir setiri çuň manyny berýär. Ol hem öz gezeginde aryfyň örän zehinli, ylymly, aşa sowatly ynsan bolanlygynyň alamatydyr. Käbir alymlar onuň parasatly hikmetlerinden daşgary «Pakyrnama» atly ylmy eseriniň hem bardygyny ýazypdyrlar . Gul Hoja Ahmet göwher ýanlyg hikmet aýtdy, Erenlere hyzmat kylyp, nazar tapdy, Togsan dokuz müň hikmet aýdyp, dessan etdi, Dessan kylyp, bossan içre ýörmek üçin —diýip, hakykatyň manysyndan dürler tiren uly pir, ussat şahyr Hoja Ahmet Ýasawy öz hikmetlerini onuň gadyr-gymmatyny bilen halka ýadygär goýýandygyny aýdýar: Hakykatyň manysyndan dürler alyp, Gymmatyny bilgen halka satgum geler. Hoja Ahmet Ýasawy deslapky ylmy-taglymaty Ýassyda alanam bolsa, ol soňra Buhara gidip, şol ýerde ylym we taglym öwrenmegi dowam edýär. Şol wagtlarda Horasanyň we Mawerannahryň meşhur mutasawwuf alymy «Horasan käbesi» hasaplanan Hoja Ýusup Hemedanynyň bu şäherde ýaşap, juda köp şägirtleri ýetişdirendigi, olara dini-mezhebi, mutasawwuf-pelsepewi ylymlaryndan sapak berendigi barada golýazmalar hazynamyzda saklanylýan dini yrfany ugurlaryndan ýazylan ägirt uly golýazma eserlerinde aýdylýar. Beýik pir, danalaryň danasy Hoja Ahmet Ýasawynyň özi-de şol ýere gidip, ussat Hoja Ýusup Hemedanynyň huzuryna barandygyny we onuň kämil terbiýesini alandygyny buýsanç bilen ýatlaýar. Ýöne onuň nähili ýagdaýda Hoja Ýusup Hemedanynyň huzuryna ba-randygyny XVI—XVII asyryň görnükli sopy-derwüşi, Ýasa-wyçylyk mekdebiniň talyby Gul Şerif aşaky setirlerinde has aýdyň suratlandyrýar: Ýetdi ýaşy on bäşe, gadam goýdy her işe, Bir är girdi düýşe, hojam Ahmet Ýasawy. «Adym Ýusup Hemedan, bolaý saňa mähriban, Aryf bolup, bolgul jan, hojam Ahmet Ýasawy. Gözün açdy—hiç kim ýok, muhabbete garny dok, Aşyk bolsaň, sözni ok, hojam Ahmet Ýasawy. Çölden-çöle gitdiler, bir aý ýörüp ýetdiler, Gije girmeý ýatdylar, hojam Ahmet Ýasawy. Irte säher gopdular, nagra-perýat etdiler, Hanakaga girdiler, hojam Ahmet Ýasawy... Munda Gul Şerif Hoja Ahmediň on ýedi ýaşyndaka Hoja Ýusup Hemedanyny düýşünde görüp, onuň mübärek didaryny arzuwlap, bir aýlyk ýoly paý-pyýada geçişini, «Ten öýüdir abu-gil, hyzmat kyldy ýedi ýyl» diýen setirleriniň üsti bilen bolsa onuň Hoja Ýusup Babanyň ýanynda ýedi ýyl bolanyny aýdýar. Hoja Ýusup Hemedany özüniň üçünji halypasy (ylym işlerini alyp barmak üçin bellenen orunbasary, piriň ýörite hyrka geýdiren ylmy şägirdi) Hoja Ahmet Ýasawa ýokary hormat goýupdyr. Haçan-da sapakdan daşgary wagtlary talyplaryň hanakasyna aýlanan wagty, ol Hoja Ahmediň hüjresine gelende, belent ses hem ýakymly owaz bilen «Gurhany-şerifiň» «Bakara» süresini okap geler eken. Bu beýik piriň Hoja Ahmede, geljekki Türküstan welisi, beýik pir bolup ýetişjek sopusyna bolan çäksiz hormatynyň we uly söýgüsiniň alamaty bolupdyr. Bir gün Abdylhalyk Giždiwany söhbet arasynda öz piri Hoja Ýusup Hemedanydan onuň şägirtleriniň geljegi barada soraýar. Şonda Hoja Ýusup baba oňa: «Meniň asyl halypam, öňi bilen Hoja Abdylla Barky, soňra Hoja Hasan Endeki we ondan soňra Hoja Ahmet Ýasawydyr. Haçan-da Hoja Ahmet öz nobaty bilen halypalyk kylandan soň, öz watany Türküstana gider. Soňra onuň ýerine sen halypalyk kylarsyň» diýýär. Piriň welilik bilen aýdyşy ýaly, Hoja Ahmet Ýasawy (käbir çeşmelerde, ýedi ýyl) ussadyna halypalyk edenden soň, ornuny—Buharadaky hanakasyny, özüniň ähli müritleri bilen birlikde Abdylhalyk Giždiwana tabşyryp, Türküstana gaýdýar we Ýassyda medrese we hanaka gurduryp, ýanyna täze mürit-leri ýygnap, olara Hoja Ýusup babadan alan ylym we ygtykatlaryny öwredip ugraýar. Dogduk mekanyna gelip, Hoja Ahmet Ýasawy beýik «Ýasawyýa» tarykatyny esaslandyrýar we özüniň ylmy taglymatyny Şaş welaýatyndan başlap beýleki welaýatlara ýaýradyp ugraýar. Rowaýatlara we şahyryň her beýdi «Girdim men-ä», «Ne sebäpden altmyş üçde gara girdim», «Eşdip, okap, ýere girdi Gul Hoja Ahmet» ýaly setirler bilen tamamlanýan hikmetlerine esaslanyp, Hoja Ahmet Ýasawynyň 63 ýaşdan galan ömrüni ýer astyndaky hüjresinde ötürendigini, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde «çillede» oturyp, tagat-ybadat etmek arkaly geçirendigini tassyklamak mümkin. Subhy-sadyk duşenbe gün ýere girdim, Mustapaga matam tutup, girdim men-ä. Altmyş üçde sünnet diýdi, eşdip bildim, Mustapaga matam tutup, girdim men-ä. Ýer üstünde ýaranlarym matam tutdy, Älem hemme «soltanym» diýp, nagra dartdy, Altmyş üçde, eşit menden, nesip nätdi, Mustapaga matam tutup, girdim men-ä. Muhammet Pygamberiň hormatyna altmyş üç ýaşdan özgesini özi üçin mynasyp görmedik beýik pir bu dünýäde ömrüniň ahyryna çenli ýaşamagy nebs belasyndan hasap edip, bu dünýäniň haýu-höweslerinden, ýalançynyň eşretlerinden ýüz öwrüp, ýer astyna girýär. Ol Pygambere hormat edip, özüniň «ölmezden öň ölüp», şonuň ýaly-da ähli nogsanlyklary üçin Hakdan gorkup, ýer üstünde ýaşamazlygy sünnet hasap edip, gara (gowaga) girendigini, emma ýer astynda-da şonça ýaşandygyny şeýle beýan edýär: Altmyş üçde sünnet boldy ýere girmek, Resul üçin iki älem berbat bermek, Aşyklaryň sünnetidir tirik ölmek, Eşdip, okap, ýere girdi Gul Hoja Ahmet. Diri adam ölmezinden öň ýere girse, onuň öli hasap-lanman, eýsem diri «gaýyp» bolýandygyny pir şeýle beýan edýär: Gul Hoja Ahmet altmyş üçde gaýyp boldy, Edep saklap, Mustapaga naýyp boldy, Soltan boldy, mähnet dartyp, taýyp boldy, Eşdip, okap, ýere girdi Gul Hoja Ahmet. Käbir rowaýatlarda onuň 133 (bir ýüz otuz üç) ýyl ömür sürendigi aýdylsa, käbir hekaýatlarda Hoja Ahmet Ýasawy 120 (bir ýüz ýigrimi) ýyl ýaşap, dünýäden gaýdypdyr diýilýär. Piriň edebi mekdebine degişli bolan talyplarynyň biri Gul Şerif bir hikmetinde «Hoja Ahmet Ýasawy ýüz ýigrimi ýaşapdyr» diýip belleýär. Ol bu jümleleri ýöne ýerden alan däldir, çünki piriň yzyna eýeren talyplaryň onuň ömri we döredijiliginden bihabar bolmagy mümkin däl. Galyberse-de, ýaşynyň ýüz ýig¬rimi bäşe girendigini aşakdaky setirlerinde şahyryň özi-de aýdýar: Erenlerden faýzy-futuh alalmadym, Ýüz ýigrimi bäşe girdim, bilelmedim, Haktagala tagatlaryn kylalmadym, Eşdip, okap, ýere girdi Gul Hoja Ahmet. Hoja Ahmet Ýasawynyň halypalary (şägirtleri) baradaky maglumatlara biz şahyryň diwanynyň golýazma we daşbasma nusgalarynyň mukaddamasynda, ýagny girişinde gabat gelýäris. Olarda berlişine görä, yslam äleminde togsan dokuz müň uly sopy-müritleri ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirtleri şeýle tertipde getirilýär: 1. Mansur ata — ol Ahmedi ýaşlygyndan öz terbiýesine alan Arslan Babyň ogly bolup, hijriniň 594-nji, miladynyň 1199—1200-nji ýyllarynda dünýäden ötüpdir. 2. Abdylmälik ata — Täç Hojanyň kakasy, Zeňňi babanyň hem garry atasydyr. 3. Täç hoja — Abdylmälik atanyň uly ogly. Ol hijriniň 596-njy ýylynda, Mansur atadan iki ýyl soň aradan çykypdyr. Öz döwrüniň görnükli piri Zeňňi baba şu Täç Hojanyň ogludyr. 4. Hekim ata — asyl ady Süleýman bolup, ol XII asyryň görnükli mutasawwuf şahyry Gul Süleýman Bakyrganydyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň iň görnükli hem onuň ýagşy gören sopusydyr. Onuň bilen bagly rowaýatlaryň hemmesinde-de Hekim ata bilen Hoja Ahmet Ýasawynyň arasyndaky gatnaşyklar giňden teswirlenýär. Munuň şeýledigini biziň golýazmalar hazynamyzda saklanylýan 1869-njy belgili bukjadaky rysala (ylmy eser) hem doly subut edýär. Onda pir bilen Hekim atanyň arasyndaky golaý gatnaşyklar giňden beýan edilýär. (Hekim ata bilen Gul Süleýman şol bir şahs däl bolaýmasyn diýip ikirjiňlenýänler hem bar. Emma bularyň ikisiniň hem bir şahslygyny bu ugurdan düýpli iş eden alymlar we ylmy-yrfany eserleriň birnäçesi tassyklaýar. Hüseýin Faýz Käşifiniň «Re¬şe¬hatul-aýn-ul heýýat» eserinde ýazylyşyna görä, Hekim atanyň asly horezmli bolup, Ol Bugra hanyň gyzy Anbar enä öýlenýär. Ol aradan çykandan soň, Anbar ene Zeňňi baba bilen nikalaşýar). 5. Zeňňi baba — Hekim atanyň görnükli şägirdi bolup, yslam dünýäsinde giňden tanalýan şahs hasaplanýar. Gul Gedaýy tahallusly Uzyn Hasan ata, Seýit ata, Bedr ata we Sedr ata hem onuň görnükli müritleridir. Zeňňi baba häzirki güne çenli-de türkmen halkynyň arasynda «sygryň piri» hökmünde giňden tanalyp gelýär. Halk arasyndaky bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Zeňňi baba sygyrlary örä goýberip, her gün özi Alla zikr edip başlar eken. Sygyrlar bolsa ol zikre başlan badyna otlamadan galyp, onuň daşyna aýlanyp, zikriň sesine meýmiräp galar eken. Muny gören oba adamlary bu barada welaýat kazysyna şikaýat edipdirler. Kazynyň özi hem waka bilen tanyşmak üçin meýdana baranda, dogrudan-da, sygyrlar otlamadan ellibizar bolup, zikr diňleýän ekenler. Kazy Zeňňi baba sygyr eýeleriniň şikaýatyny ýetirende, ol, eger sygyrlary hor-zar bolýan bolsa, süýdüni çeken bolsa, onda olaryň şikaýaty dogrudyr diýýär. Seredip görseler, sygyrlaryň eti kök diýýär. Şonuň üçinem kazy hiç hili çäre görüp bilmeýär we sygyr eýelerine: «Eger-de kim islemese, sygyrlaryny örüden alyp galyp biler» diýýär. Ýek-ýarym adamlaryň örüden alyp galan sygyrlary bolsa gün-günden arryk galyp, süýdüni çekmek bilen bolupdyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň soňky halypasy Zeňňi baba we onuň piriňkä çalymdaş keramat-mugjyzalary barada başga-da rowa¬ýatlar az däl. Türkmeniň beýik piri, uly alym hem şahyr Hoja Ahmet Ýasawynyň ylham emlägine dahylly bolan «Diwany Hikmet» atlandyrylan eserler ýygyndysy many-mazmun taýdan tapylgysyz hazynadyr. Beýik aryfyň dürdäne paýhasynyň önümi bolan hikmetleri diňe bir türkmen halky üçin däl, bütin türki yslam dünýäsi üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup dur¬ýar. Hut şonuň üçinem onuň paýhasly hikmetlerinde ündeýän parasatly garaýyşlary Gul Süleýman, Gul Geda, Gul Şerif, Şemsi, Ikany ýaly orta asyr şahyrlaryndan başlap, Magtymgulynyň döwrüne çenli ösdürilip gelinipdir. Hoja Ahmet Ýasawy Seljuk türkmenleri döwrüniň ylmynyň we edebiýatynyň ösmeginde, oňa oguz däplerini ornaşdyrmakda, arassa oguz-türkmen dilindäki eserlerini ýazmak bilen oňyn täsirini ýetiren şahsdyr. «Dil bilen Watan — jan bilen beden» diýen düşünjeden ugur alyp eser döreden şahyr şol wagtda döwlet diliniň pars dili bolanlygyna garamazdan, öz eserlerini arassa türkmen dilinde ýazyp galdyrypdyr. Bu barada ol: Hoşlamaýdyr alymlar bizniň aýgan türküni, Aryflardan eşitseň, açar köňül mülküňi —diýen setirler bilen başlanýan gazalynda, «özge dilni biliban, hup aýdadyr türkini» diýip, şol wagtlaryň ýörgünli dili bolan arap-pars dillerini bilse-de öz hikmetlerini mähriban halky üçin düşnükli bolan oguz-türkmen dilinde ýazandygyny uly buýsanç bilen aýdypdyr. Onuň edep-terbiýe, pendi-nesihat mazmunly hik¬metlerine dini don geýdirip beýan etmegi olaryň täsirliligini artdyrýar. Hut şol jähtdenem ondan soňky şahyrlar bu usuly ýörgünli ulanypdyrlar. Dünýä üçin gam iýme, Hakdan özgäni diýme, Kişi malyny iýme, Syrat üzre tutar-a. Haka uýmak, oňa ynanmak, oňa gulluk etmek pikiri Ýasawynyň eserleriniň agramly tarapydyr. Hudaýa ynanmak barada Beýik Serdarymyz Ruhnamanyň ikinji kitabynda şeýle diýýär: «Hudaýa iman – Hudaýyň barlygyna we birligine ynanmakdyr. Bu ynanç adamy bimany, biweç wagtlaýynlykdan halas eder» . Halallyk, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik, yşk hem yrfan (Beýik Biribara, Gurhany-Kerime, Muhammet Pygambere we onuň Hadyslaryna söýgi), ynsap hem imanlyk ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligini olaryň kalbynda magnawy ruhda terbiýelemek Ýasawynyň eserleriniň özenini we many-mazmunyny düzýär. Yşk—patyşa, aşyk—pakyr, dem uralmas, Hakdan rugsat bolmagynça sözleýilmes, Hak pendini algan dünýä yzlabilmes, La mekanda Hakdan sapak aldym men-ä. «Yşk – munuň özi barlyga düşünmegiň, ýaşaýşa göz ýetirmegiň ýörelgesidir; yşk munuň özi dirilige göwün bermekdir, yşk – munuň özi ölümi inkär etmekdir» diýýän Saparmyrat Türkmenbaşy yşk baradaky magnawy pikirlerini çuň mazmunly pelsepewi garaýşa ýugrup, açyk-aýdyň beýan edýär. Ruhnamanyň ikinji kitabynda Saparmyrat Türkmenbaşy ýene şeýle ýazýar: «Duýgy açyşlary yşkyň ýolunda amala aşyrylýar. Biziň milli ruhy mirasymyzda yşk ýolunyň çeper-pelsepe teswirleri oňat beýan edilendir. Beýik-beýik pirleriň, keramatlylaryň ömür teswirlerinde esasy pursat yşk ýoludyr. Bu ýolda olar özlerini dürli ruhy güzaplara we kynçylyklara dözüpdirler. Ol kynçylyklaryň we güzaplaryň ahyrky çözgüdi Alla göz ýetirmek, ýüregiňden Alla iman getirmek hasaplanypdyr. Baýezit Bistami, Ýunus Emre, Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi, Jelaleddin Rumy, Nesimi, Nowaýy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy – bu yşk sanawyny näçe artdyrsaň artdyrybermelidir. Bu ägirtleriň ruhy gazananlary milletimiziň baky ruhy mirasydyr». Hoja Ahmet Ýasawynyň öz hikmetlerinde ussatlyk bilen ösdüren yşky pikirleri Beýik Serdarymyzyň bu parasatly pikirlerine aýdyň mysaldyr. Yşk belasy başa düşse, nalan kylar, Aklyň alyp, beýhuş kylyp, haýran kylar, Köňül gözi açylgan soň girýan kylar, La mekanda Hakdan sapak aldym men-ä. Adam bolup, adam gadryny bilmek, pespällik, kiçigö-wün¬lilik ýaly ajaýyp ahlaklygy ündeýän şahyr: Adam oldur, pakyr bolup ýolda ýatsa, Toprak sypat älem ony basyp ötse —diýmek bilen birlikde, kä halatlarda adamyň öz gadryny özüniň bilmeýänligini, hatda beýle adamyň diňe bir halka däl, eýsem Haka-da wepa bermejegini sada dilde beýan edýär: Haýp, adam öz gadryny özi bilmes, Menlik kylyp, ýagşylary göze almas, Erenleriň söhbetine gaçyp gelmes, Ol biwepa, Haka ne diýp wepa kylsyn? «Açdan ölseň, namartdan hergiz minnet dartmagyl» diý-ýän pir, haçan-da ynsan pespäl, pakyr bolup, ýagşylara hyzmat kylsa, onda ol bendäni Hakyň söýüp, ony halklar era «soltan», «patyşa» kyljakdygyny şahyrana setirleriň üsti bilen şeýle teswirleýär: Bu dünýäde pakyrlygy adat kylan, Harlyk dartyp, muşakgaty rahat bilen, Gul Hoja Ahmet, ýagşylara hyzmat kylan, Kyýamat gün andag kişi soltan bolar. Ýalançyda sen kimem bolsaň, ömrüň ahyrynda amanady tabşyrar wagtyň, öňi bilen, tenden, jandan öň, ynsanyň imany sözlär diýen garaýyşdan ugur alýan şahyr: Ten sözlemes, jan sözlemes, iman sözlär, Jandan geçen çyn aşyklar Haky yzlar, Aryflara hyzmat kylyp, ýolny gözlär, Ol aşygy halaýyga soltan kylar —diýýär. Saparmyrat Türkmenbaşy: «Iman – Hudaýa ynançdyr. Iman – ruhy gymmatlyklara ynançdyr. Imanlylyk Allanyň bardygyna we birdigine göz ýetirmek, bütin ruhy tejribäň arkaly şu hakykaty duýmakdyr, syzmakdyr» diýip, Ruhnamanyň ikinji kitabynda örän jaýdar belleýär. Özüňi nebsewürlikde ýazgarmak, niýetiňi, päliňi pes tut-mak aryflykdan, danalykdan nyşan. Hoja Ahmet bu babatda şeýle diýýär: Gul Hoja Ahmet, ýamanlaryň ýamany sen, Barça bugdaý, el tutmagan samany sen. Bu taglymy piriň sopusy Gul Süleýman (Hekim ata) öz eserinde «Barça ýagşy, biz ýaman, barça bugdaý, biz saman» görnüşinde ulanýar. Garyp, ýetim, misgin görseň göwnüni almak, goldan gelse oňa hemaýat etmek — bular ýagşy ahlaklylykdan nyşan: Garyp, pakyr, ýetimleriň başyn sypap, Köňli bütin halaýykdan gaçdym men-ä. Ýa-da: Garyp, pakyr, ýetimleri şadman kylgyl, Halklar era eziz janyň gurban kylgyl, Tagam tapsaň, janyň birle myhman kylgyl, Hakdan eşdip, bu sözlerni aýdym men-ä. Haýyr-sogap edenleriň ýalkanjagy, zalymlaryň düşjek haly barada bolsa Hoja Ahmet Ýasawy şeýle diýýär: Haýyr-saha kylanlar, ýetim köňlün alanlar, Çaryýalar hemrahyn, Köwser lebinde gördüm. Zalym bolup, zulm eden, möminleri agyrdan, Gara ýüzli-magşarda golun arkada gördüm. Özüniň geçmişine sarpaly garap ugran türkmen halky üçin beýik türkmen piri Hoja Ahmet Ýasawy baradaky ylmy barlaglary özünde jemlejek türkmen edebiýaty ylmynyň ýasawylyk ugry uly täzelik bolup taryha girer. Özüniň altmyş üç ýyllyk ömrüni ýer üstünde, galan şonça ömrüni hem «nadanlardan gaçyp», ýer astynda geçiren beýik türkmen danasynyň ylym üçin özüniň jigerini paralan ynsan bolandygyny ýekeje zatdan aňmak bolýar. Irki ýazuwly çeşmelerde, taryhçy alymlaryň ýazmaklaryna görä, beýik weli Hoja Ahmet Ýasawy öz ýaşan döwründe talyplaryna ders beren met¬jit-medresesiniň maňlaýyna Pygamber aleýhyssalamyň: «Talebul ylmy farizatun ala külli muslimin we muslimatun», ýagny «Ylmy talap kylmak her bir musulman erkek we aýal üçin parzdyr» diýen Hadysyny ýazyp goýupdyr. Bu bolsa Hoja Ahmediň öz zamanasynda iň bir parasatly, dana hem sopuçylygy esaslandyrmak ugrunda ylymdar pir bolandygyny aňladýar. Ýer astyna gaçyp girdim nadanlardan, Elim açyp, doga diläp merdanlardan, Garyp janym tasaddykdyr danalardan, Dana tapmaý, ýer astyna girdim men-ä. Özüniň bütin durky, jany, dili bilen Haka hem halka gulluk edýän ynsan, beýik pir Hoja Ahmet Ýasawy adamkärçiligiň belent nusgasyny beýik pygamberlerde, uly welilerde, parasatly danalarda görýändigi üçin ynsanlara şol päklige barýan ýoly salgy bermek pikirini özüniň hikmetlerine esas edip alýar. Eý möminler, tagat kylyp, ýatalmaňlar, Amanatdyr, eziz jana yşanmaňlar, Haram-haryş ýygan malňa guwanmaňlar, Mallaryňy Kuraýyş atly ýylan kylar. Akyldaryň yşk, aşyklyk, halallyk, päklik, nebs belasyndan saklanmak baradaky ajaýyp garaýyşlary özüniň eserlerine siňipdir. Bu barada gürrüň edip Hoja Ahmet Ýasawy şeýle diýýär: Nebs ýoluna giren kişi ryswa bolar, Ýoldan azyp, taýyp-tozup, gümra bolar, Ýatsa-gopsa şeýtan birle hemra bolar, Nebsi depgil, nebsi depgil, eý betkirdar. Mundan başga-da şahyr: Ulug-kiçi ýaranlardan edep gitdi, Gyz-u-zaýyp, juwanlardan haýa gitdi, „El haýa-u minel iman” diýp, Resul aýtdy, Haýasyzlar ajap kowm boldy dostlar —diýen setirlerinde „Utanç-haýa imandandyr” diýen Hadysdan ugur alyp, edep-ekramyň ylaýta-da zenan maşgala üçin wajypdygyny adalatly nygtaýar. Sahylyk hakda gürrüň edende bolsa Hoja Ahmet Ýasawy sahylaryň Allanyň didaryny görjekdigini şeýle nygtaýar: Gul Hoja Ahmet, bende bolsaň sahy bolgul, Sahy bolup, misginlere tagam bergil, Taňla barsaň jennet girip, güller tirgil, Walla, sahy Hak waslyny görer ermiş. Dana hem parasatly şahyr Hoja Ahmet Ýasawy: Alla diýgil, ganlar aksyn gözleriňden, Hikmet aýtgyl, dürler damsyn sözleriňden, Güller bitsin her bir basan yzlaryňdan, Güle baksaň, gül açylyp bossan bolar —diýip ýöne ýere aýtmaýar. Saparmyrat Türkmenbaşy hem: «Sopuçylyk¬da-da gowy zatlar bar. Mysal üçin, bägül nähili oňat zat, ol öz içinden açylýar diýýärler. «Adam, sen hem öz içiňden açyl» diýýärler. Jelaleddin Rumynyň: «Adam, içiňden açyl» diýen ajaýyp setirleri bar» diýip ýazýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň hem ýokarky setirlerinde şeýle päkligi, gözelligi görmek bolýar. Durky bilen il-halkyna ýagşy pendi-nesihatlar bermegi niýet edinen ynsanyň ylham akabasy çeşme suwy kimin dury, datly hem ýürege ýakymly. Onuň yşk, aşyklyk-magşuklyk hakdaky garaýyşlary bütin durky bilen päklige eýlenendir. Beýik pir yşkdan güýçli, yşkdan datly, yşkdan päk zadyň ýokdugyny aýdyp, beýik Taňrydan her zat etse-de, özüni aşyk kylmagy dileýär: Gül yşkynyň köýünde men, bilbil boldum, Elwan-elwan tiller birle nalyş kyldym, Barça işden aşyklygy duşwar bildim, Herne kylsaň, aşyk kylgyl, Perwerdigär. Yşk derdiniň dermanynyň bolmaýanlygyny bilse-de, yşkyň ynsany nä günlere salýandygyny duýsa-da, diňe aşyklyk söwdasyny etmek isleýän şahyryň ähli pikiri-zikiri yşkyň bazary: Yşk bazary ulug bazar, söwda—haram, Aşyklarga senden özge gowga haram, Yşk ýoluna girenlere dünýä haram, Herne kylsaň, aşyk kylgyl, Perwerdigär. Ýene: Yşk derdini talap kyldym, dermany ýok, Yşk senasyn tüni-güni goýarym ýok ... Aşyklyk, yşk-heser beýik Biribardan peşgeş. Hut şonuň üçin Hoja Ahmet Ýasawy Alla bolan yşky ýokary derejede goýýar. Aşyk ynsan magşuk üçin janyny gurban etmäge taýyn. Beýik aryflar yşksyz adamy «öli» hasaplapdyrlar. Subhan Izim päk yşkyny kyldy engam, Aşyk bolsam, päk yşkynda ölmäýinmi? Özden başga talaplarny kyldym haram, Bende bolsam, ýalguz özün söýmäýinmi? «Yşk – ruhy ahlak kämilliginiň hususy ýoludyr... Yşk – ruhy ömürdir» diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy danalyk bilen ýazýar. Beýik pir hem parasatly şahyr Hoja Ahmet Ýasawy bu mowzukda juda köp hikmetleri ýazypdyr: Yşk belasy başa düşse nalan kylar, Aklyň alyp, beýhuş kylyp, haýran kylar, Köňül gözi açylgan soň girýan kylar, La mekanda Hakdan sapak aldym men-ä. Diňe bir yşk ýa aşyklyk däl, eýsem yşky diňe bir ýalňyz magşuklykda görmän, ähli zada söýgi gözi bilen garasaň, ol nähili bolanda-da, ahyry diňe päklik bilen gutarmaly. Şahyryň hikmetlerinde zähmete söýgi, birek-birege, garyba-pakyra, ylyma-bilime söýgi giň orun tutýar: Aşyk ermes, Jananyna jan bermese, Daýhan imes, kätmen çapyp nan iýmese. Serdarymyz özüniň Ruhnamasynda: «Beýik dinlerden başlap ähli ynsanperwer çeper edebiýat, sungat gowy adamyň nusgalygyny döredýär. Biziň döwletimiziň beýik maksady dünýä edebiýatynda nusgalyk keşbi gözlenýän ruhubelent, beýik maksatly, gaýduwsyz naýbaşy ynsany ýetişdirmekden ybarat bolmalydyr» diýip, örän ýerlikli belleýär. Şu pähimden ugur alynyp, Hoja Ahmet Ýasawynyň şahyrana döredijiligi, ömür ýoly, eden işleri mynasyplygy bilen öwrenilmäge degişlidir. Bu beýik ynsanyň parasatly paýhasynyň ümmülmez çeşmesiniň gory egsilerli däl, gaýtam, ol özüniň üstünden ýüzlerçe ýyly ötürip, şu güne çenli ýaşap, köňülleri gandyryp gelýär. Ony ýaşadýan zatlar bolsa teşne kalba çeşme bolup akyp duran, Hakdan gandyrylan zehiniň önümi, haýyrly hem halal ruhly ajaýyp hikmetleridir. Olar bu gün tas müň ýyla golaý wagty üstünden geçirip, Beýik Serdaryň parasatly aladasy netijesinde täzeden jana geldi. Onuň genji-käni bolan hikmetler hazynasynyň dürdäne gözbaşlaryny arçamak bolsa döwrümiziň haýyrly hem sogaply işlerinden biridir. Gözel AMANGULYÝEWA, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |