GÜÝZ OGLY
Şahyr Gurbannazar Eziz oglunyñ ýagty ýadygärligine.
Eý halkymyñ eziz, mähriban ogly,
Sada setirleriñ bu juwan serde,
Geçsem nazarlarym yzymda galýar,
Jesetden jan gidip, ten sowan ýerde.
Bir näbelli duýgy örkläpdir şoña,
Dyzyna ýykypdyr müýnli deý meni,
Kysmat niçik boldy, ömür nä kelte,
Güýzde beri taparynmy men seni?!
Sen güýzüñ halyna gynanyp-gyýlyp,
Özüñem şol güne gitdiñ çolanyp,
Güýz ýagşy deý hanasyndan syrygýar
Gözýaşlarym katra-katra elenip.
Seni gözläp şygrystana ýykyldym,
Seni sorap gezip ýörün baglardan.
Gözýaş bilen dolap bolsa gideni,
Möññüripler aglardym men,
Aglardym!..
▶ GITME ÝOK
"Maña seniñ gözleriñden gitme ýok"
G.Ezizow.
Ykbalym bagladyñ yhlasyñ bile,
Maña seniñ gözleriñden gitme ýok.
Ýolumy bagladyñ sözleriñ bile,
Maña seniñ gözleriñden gitme ýok.
Mährimi mähriñe gözäp gezerin,
Waspyñy şygrymda bezäp ýazaryn,
Herne jepa berseñ şoña dözerin,
Ýöne namysymdan çykyp gitme ýok.
▶ MUGALLYMYMA
A.Esenowa bagyşlanýar.
Sen niçik adamkañ, saña duşamda,
Şeýle sowal düşüpdi meñ ýadyma.
Saña enteklerem düşünenoklar,
Men weli mugallym gören badyma -
Tanadym hem duýdum seniñ kimligiñ,
Sen şeýle bir sada, ýönekeý adam.
Mugallymym sapak beren durmuşda,
Kynçylyk çekemde ýatlaýan her dem.
Ýatlaýan hem haýran galýan öz-özüm,
Men seni deñäsim gelenok başga.
Diñläp saña düşünmedikleñ sözün,
Düşündirjek bolup galýaryn basga.
Durmuşda özüni tanamaýanlañ,
Özgäni tanajak bolmak nä işi.
Biýän, onsoñ saña neneñ düşünsin,
Setirlere düşünmedik her kişi.
▶ AGLAMAKLYK AÝYP DÄL
Obadaşym Dänemyradyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Sen niçik ýigitdiñ, alçak, sadadyñ,
Ýazyñ iñ ilkinji alamaty deý,
Entek ýaşajakdyñ, entek güljekdiñ,
Ajala emr eden barmy entek heý?
Dünýä indiñ ajap günleñ birinde,
Ýene birisinde gitdiñ dünýeden.
Ykbal çaprazlygy, ömri gysgalyk,
Ajal permanymy, ýowuz emr eden?
Özüñ bilen bellenmeli toýuñy,
Obadaşlañ matam tutup belleýär.
Gynanma, bir agaç gurasa, solsa,
Deregine müñläp agaç gülleýär.
Agy bilen, gussa bilen getirip,
Bolsa, bir çak getirerdik ornuña.
Bigünä gitse-de biajal başlar,
Keç pelek-dä, diýilýändir, gör, muña.
Gitdiñ, ýöne goýup gitdiñ yzyñda,
Egsilmez hasrat, egsilmez gussa.
Size bagş edidi, ediler ýöne...
Siziñ öweziñiz dolmaýar kyssa.
Indi adat boldy señ doglan günüñ,
Adyñy köp tutýas, ýatlap, gaýtalap.
Tebigat emrine puşman edýän deý,
Her ýyl awusyny dökýär, gar tozap.
Ine, bu günem öz adaty ýaly,
Ýürek awusyny ak gara öwrüp,
Döküp dur, günäsin alyp boýnuna,
Gül ýigidiñ söýgüde azabyn sowrup.
Aglañ, aglamaklyk asla aýyp däl,
Hoşgylaw, gül ýigdiñ ömüri üçin.
Tebigat günäkär, ýok, günäli däl,
Käbir doñ ýürekleñ emiri üçin!
▶ SOÑKY SÖZ
Heý seni-de ite deñäp bolarmy,
Bilýän dälsiñ ýüregini köpegiñ.
Söýse ol janawar bilmez ölerin,
Bilmez ýollañ çarkandagyn - kötelin.
A sen bolsa iñ ilkinji kötelde,
Menden gördüñ bar oýunyñ kysmatyn.
Sen meni, gör, nämä deñäp ýörensiñ,
A men seni o zatlara dözmedim.
▶ GOŞGULARYMA ÝÜZLENME
Geliñ, goltgy beriñ goşgulam maña,
Gel-de halas ediñ müñ bir gaýgydan.
Kalbym gussa gaplanypdyr püre-pür,
Jyda düşüp ýörün tämiz duýgudan.
Dyndaryñ siz meni soñsuz azapdan,
Gam-gussa ýar bolmuş bu göçgün-serim.
Hoşwagt çagym ýaran bolan, goşgulam,
Kyn günümde maña hemaýat beriñ!
▶ GIÇ DÜŞÜNMEK
Ynamsyzlyk edip iñ eziz dostuñ,
Señ göwnüñe degip alar mazañy.
Tyg ýarasy bitil gitse-de bir çak,
Söz ýarasy bitmez, berer yzany.
Synan göwni bolmaz ahyr seýikläp,
Nämä gerek kalby nähak daglamak,
Bu bir uly namartlamak ahyry,
Özüñ urup ýene özüñ aglamak.
Diýseler munyñ däl, gönel-how, inim!
Diýdiñ: "Akyl satyp, okamañ takal!"
Gijiräk özüñem düşündiñ weli,
Soñky tüýküligem ezenok sakal.
▶ GOŞA TAR
Gel sazanda, derdinşeli bir zaman,
Gamly sazyñ örtedi-le oduna.
Ýa o-da men kimin sergezdanmyka,
Bir derwüşiñ ýetişilmän dadyna.
Keç pelege ýüzün tutup aglaýşy
ýaly, öz derdine agladygymy?
Ýa çöken bagtyna jiger daglaýşy
Kimin, jigerini dagladymy?
Barha gamly çykýar kesip jigeri,
Sazanda aglaýar, aglaýar dutar.
Düşnene çüwmedik ykbaly hakda
Gürrüñ berýär, bagty gara goşa tar.
Gözel Sarly gyzy AMANGULYÝEWA.
Goşgular