11:52 Aýdym bolup galaýyn | |
AÝDYM BOLUP GALAÝYN
Goşgular
![]() Rugsat berseñ, dünýäm, kalbyñ töründe, Müdimilik öýdüm bolup galaýyn. Gowsy señ kalbyňa öñ aýdylmadyk Bir ajaýyp aýdym bolup dolaýyn. Senem şol aýdyma düz şeýle mukam, Sesi zaryn bolsun, kalby pyganly, Çal, özünem, dünýäm, çal, kinelikäm, Gaharym ýuwudyp söýerim ýaly. Aýdymmyzy bilmez özge gaýtalap, Ony ýalñyz seniñ üçin aýdaryn. Gitsem bir gün del gözlerde azaşyp, Señ mukamyñ ýatlap yza gaýdaryn. ▶ SÖÝ MENI Men seni söýerin, senem söý meni! Ýöne biweç duýgy bolmasyn söýgiñ. Bilýänsiñ, bir pursat bagtyñ öwezne, Gussa bolup inýänligin müñ gaýgyñ. Şol geljek gaýgylar ajy bolmasyn, Synam bez bolupdyr şowsuz täleýden. Gel, birsalym munda bolaly serhoş, Yşgyñ pyýalasyn doldur sen meýden. Agyr hupbatlardan bez boldy köñül, Gel, birzaman munda geçeli serden. Señ goýnuñda birdem bolaýyn beýhuş, Durmuşyñ ýükünden ýagyr bu gerden. Uzat gollaryñy ýassyk edinip Derdini unutsyn tapsyz synalam. Bagtym kişi gapysynda itinip, Eýesiz it mysalynda gynalan. Señ gyzgyn goýnuñda meýmiräp bir dem, Ertirki günüme ýygnaýyn kuwwat. Barybir, soñ egne geýdirip kepen, Bizi baka alar gider agaç at. Gözel SARLY GYZY. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |