BARSLY ATA
Taryhy-medeni geçmişimizden habar berýän, Diýarymyzyň gözel künjekleriniň dürli ýerlerinde orun tutan arheologik ýadygärliklerimiz, gadymyýetden gaýdyp, üýşmek topraga we gadymy öwlüýälere öwrülen medeni, taryhy ýerlerimiz barmak basyp sanardan juda kändir. Ýurdumyzyň her bir welaýatynda, dagda-damanda, gumda-gyrda şeýle ýerlere gabat gelmek mümkin. Olar goýnunda, gör, nijeme wakalary gizläp ýatyr?! Özleriniň hem şol bir durky bilen türkmeniň şanly-şöhratly taryhyndan başlap, sada bir oba adamynyň ykbaly bilen bagly wakalar esasynda at alyp, taryhyň gatyna girenleri-de, ýa bir taryhy şahsyň şol ýer bilen baglanyşygy bolandygy jähtden at alanlary-da bar. Şeýle ýerleriň biri hem gonamçylygynyň taryhyna, rowaýatlaşan wakalarynyň senelerine, onuň golaýynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylarynyň sejire ýazgylaryna salgylansaň hem, takmynan, XV-XVI asyrlara baryp direýän Barsly ýaýlasydyr.
Barsly ady ilkinji gezek alym Soltanşa Atanyýazowyň toponimik atlaryň üstünde alyp baran işlerinde ulanylýar. Ol öz işlerinde beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem myhman bolandygyny, Dänata we Obaý obalarynyň ýaşululary bilen köp gürrüňdeşlikleri geçirendiklerini, hatda olar bilen birlikde Barsly ýaýlasyna, Barsly ata gonamçylygyna zyýarat edendigini hem ýazýar. Ol bu barasynda ömrüniň ahyrky pursatlarynda bize şeýle gürrüň beripdi:
— Men bu ýerlere, takmynan, 1960-1970-nji ýyllarda aýlanyp görüpdim. Maňa oba ýaşululary Barsly ata gonamçylygynda türkmen şahyry Magrupynyň ýazan «Ýusup-Ahmet» dessanynyň baş gahrymanlary Ýusup bilen Ahmediň öz Watanyna gaýdanlarynda yzyndan kowgy gelip, şol ýerde şehit edilendiklerini hem-de şol öwlüýäde jaýlanandygyny gürrüň berdiler. Men olar bilen birlikde şol gonamçylyga baryp, bir saganada goşa gahrymanyň jaýlanan guburyny gördüm. Şonda olar Barsly ata gonamçylygy mukaddes öwlüýädir, gonamçylyk bu ýerde jaýlanan bir mergeniň guburyna alaja bir barsyň zyýarat etmegi hem-de şu jülgede barslaryň köp bolandygy bilen bagly Barsly ata adyny alandyr — diýip aýtdylar. Bu barada men 1980-nji ýylda çykan kitabymda-da ýazypdym.
Bu söhbetdeşlikden bäri birnäçe ýyl geçdi, men Barsly ata gonamçylygynyň adyna bellik goýmak pikirimi obamyzyň ymamy Teke Baýramgeldiýewe mälim edenimde, ol bu pikiri ikelläp goldaýandygyny, şol adyny agzan kitabymyzyň özünde bardygyny aýtdy. Hakykatdan-da, bu kitapda alym S.Atanyýazow şeýle ýazypdyr:
«Barsly — Gazanjyk raýonynda (Däneatada) öň oba, häzir çeşme (oňa Barslyçaý hem diýilýär).
Barsly ata — Gazanjyk raýonynda çeşme, öwlüýä. Ýerli ýaşulular öwlüýäni Ýusup bilen Ahmediň jaýlanan ýeri hasap edýärler.»
Barsly ýaýlasy orta asyrlaryň ahyrlarynda oturymly bir ýer bolupdyr. Özi hem Eýran-Türkmenistan aralygynda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleriniň Ürgenç, Buhara tarap geçelgesiniň bir ötügi bolupdyr. Muny «Ýusup-Ahmet» dessanynyň taryha hem hakykata laýyk bolan gahrymanlarynyň şu ýerden gelip-ötmekleri bilen bagly wakalardanam bilmek bolýar. Köne toýundan salnan jaýlaryň sudury mese-mälim bolup ýatan bu ýaýlanyň görnüşi, taryhy maglumatlary we halk arasyndaky rowaýata öwrülen gürrüňleri gulak gabartmaga hem-de olaryň anygyna ýetmäge höwesi oýarýar. Diýarymyzyň günorta serhediniň janly belligi mysaly keserip ýatan Küren dagynyň agzynda ýurt tutunan obanyň we öwlüýäniň Barsly, Barsly ata adyny almagy ýöne ýere däl ekeni. Obanyň keýik-gulana, arslana, şire, alaja barslara baý bolan jülgäniň agzynda ýerleşmegi bu ady almagyna sebäp bolan bolsa, gapdalynda ýerleşen gonamçylygyň Barsly ata adyny almagy, şu ýaýlada XVIII-XIX asyrlarda ýaşap geçen ussat mergen, ökde tebip Söýün Ussa ogly Hudaýguly mergeniň durmuş hekaýasy bilen baglydyr.
Ötenleriň nesilden-nesle geçirip, rowaýata öwrülip ugran kyssasyna görä, Hudaýgulynyň dagyň uçutlarynda gezip aw awlaýan, atan oky sowa geçmeýän mergen, şonuň ýaly-da dürli melhemlik ot-çöp bilen il-gününe şypa eden tebip bolandygy aýdylýar. Ol bir gezek awda mahaly dag başyndan togalan keýigini almak maksady bilen jülgä inýär. Haçanda ol öz awlan awunyň golaýyna baranda, garşysynda öz awuna şärik ýene biriniň durandygyny görýär. Mergen bir gezek öz atyp alan awuna, bir gezegem garşysynda hemle bilen harlap duran ene barsa bakyp, doňup galýar. Soňra öz duran ýerinden ene barsa garap: «Eý, janawar, bu aw seniňkimi ýa meniňki?» diýip dillenýär. Bars bolsa, göýä, onuň aýdýanyna düşünýän ýaly, öňküdenem elhenç harlap, başyny bulap, arada ýatan awa tarap hemle urýar. Mergen ony gorkuzmak maksady bilen ýokary garadyp tüpeňiniň mäşesini gysýar. Bars onda-da yza çekilmeýär, gaýtam, ýaraly dag keýigine tarap birki ädim ädýär. Mergen oňa içgin ser salsa, bu alaja ene barsyň aýagy ýerden süýrenýän eken. Soňra ol: «Bu ejiz jandara mendenem beter seniň mätäçligiň bar eken, al, aw seniňki bolsun!» diýip, yzyna öwrülýär. Gün eňegini ýere dirän uçurlary, dagdan gerek melhemlik otuny hem-de tutup alan käkiliklerini egnine atyp, yzyna öwrülen mergeniň gözi bir dag gowagynyň agzynda çig eti çekeleşýän goşaja bars çagalaryna düşýär. Aňyrrakda olara tomaşa edýän ýaly, öň aýaklaryny uzyn salyp ýatan ene barsy gören mergen, onuň şol öz awuna şärik çykan ene barsdygyny dessine tanaýar. Ol özüniň ýanyndaky goş haltasyndan dag uçudyndan atyp alan, heniz arassalanmadyk dag mumiýasynyň bir tokgasyny alýar-da, barsa tarap oklaýar. Soňra bolsa çalasynlyk bilen yzyna dolanýar. Soňky aw saparlarynda bolanda şol alaja ene barsyň sagalyp, hemişe gapdalynda özüni gabatlap gezýändigini awdan gelen mahaly gürrüň berýän Hudaýguly mergen gün geçdigiçe onuň bilen dostlaşýar. Ene bars, köplenç, mergen dagdan yzyna öwrülen mahallary, tä oba golaýlaşýança, ýoldaşlyk eder eken. Ony dagyň özi ýaly wagşy haýwanlaryndan gorar eken. Mergeni hemişe oba golaý ýerde gapdaly barsly görenler, oňa indi Hudaýguly ata däl-de, Barsly ata diýip ugrapdyrlar. Bularyň dostlugynyň ynsan bilen ynsanyň arasyndaky dostlukdanam zyýada bolandygyny rowaýat edýän ýaşulular kazasy dolup aradan çykan Hudaýguly mergeniň öňki Akdaş diýip atlandyrylan öwlüýä jaýlanandygyny aýdýarlar. Haçanda Hudaýguly mergeni jaýlap, gölegçiler ol ýerden gaýdanlarynda, mergeniň söwer dostuna öwrülen bu alaja ene barsyň onuň guburyna zyýarat edendigini öz gözleri bilen gören ata-babalarynyň aýdyp gidendiklerini oba adamlarynyň ýaşuly nesilleri gürrüň berýärler. Barsly obasynyň gapdalynda ýerleşýän bu gonamçylygy şondan soň ýerli halk Barsly ata gonamçylygy diýip atlandyrypdyr.
Gözel AMANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Taryhy ýerler