10:17 "Gorkut ata" taryhy çeşmelerde | |
«GORKUT ATA» TARYHY ÇEŞMELERDE
Taryhy makalalar
Ýurdumyzyň jemgyýeti öwreniji alymlarynyň «Gorkut ata» epiki eseriniň ylmy taýdan öwrenilişini gowulandyrmak, tankydy tekstini düzmek we ony ylmy düşündirişler bilen üpjün edip, halka ýetirmek ugrunda alada etmelidigini Garaşsyz ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy örän ýerlikli aýdyp geçdi. Şonuň netijesinde bu gün «Gorkut atany» öwrenmekligiň täze döwri başlandy. Bütin türk dünýäsiniň ortak motiwlerini özünde jemleýän, gadymy oguz-türkmen dessany hasaplanan bu «Gorkut atamyzy» belli bir döwürde totalitar režimiň demir zynjyryna berk baglapdylar, demir gözenege salyp, ýagty jahandan ömürlik mahrum etmek hem isläpdiler. Emma «Gorkut ata» özüni ne režim bilen, ne-de zynjyr bilen baglatmajagyny subut etdi. Sebäbi bu eser külli türkmeniň süňňüne, ganyna ornapdy ahbetin. Ony mahrum etmek üçin, elbetde, türkmeniň köküne azy salmaly. Emma munuň hiç bir kese, hatda adamçylyk sypatyny ýitiren, ynsan tohumyny gyryp gutarmaga höwesek ýeke gözli Depegöze-de başartmajagyny ýene-de biz «Gorkut atanyň» özünde görýäris. Durşy bilen tymsallardan, nakyllardan, akyl-paýhasa ýugrulan dana pikirlerden ýugrulan bu eseri türkmeniň durmuşyndan, hat-da şu gününden hem aýyrmak mümkin däl. Indi bize mälim bolşuna görä, «Gorkut ata» kitaby baryp-ha orta asyrlardan bäri gündogarşynaslaryň, türkmeniň taryhyny öwreniji alymlaryň ünsünden düşmän gelipdir. Bu däp henize çenli-de dowam edýär. «Gorkut ata» eseri, onuň ady, dörän döwri, ýeri Gorkut atanyň özüniň taryhy şahslygy baradaky dürli-dürli garaýyşlar bolsa hemişe hem ylmy çekişmeleriň obýektine öwrülip gelipdi. Bar bolan taryhy maglumatlaryň, rowaýatlaryň, şonuň ýaly-da golýazma nusgalarymyzyň berýän maglumatlaryna esaslansaň, eseriň özüniň gözbaşyny Orta Aziýadan alyp gaýdýan oguz-türkmen dessanydygy ylmy taýdan ykrar edilen faktdyr. «Gorkut atanyň» taryhy şahslygy baradaky ilkinji maglumatlary bize X asyr Wizantiýa imperatory Konstantin Bagrýanorodnyý: «Beçene taýpasynyň Kurkut atly serdary bolupdyr» diýip berse, pars taryhçylary tarapyndan (awtory näbelli) X asyrda ýazylan «Hudut al-alem» (Älem araçägi) diýen eserde, Abu-l-Hasan Aly ibn Zeýda Beýhaky (XII) özüniň «Tarih-i Beýhaky» eserinde, Fazlallah ibn Abu-l-Heýr Reşideddin özüniň «Jamy at-tawaryh» eserinde: «Oguzlaryň baýat urugyndan bolan Gorkut ata ...» diýip berýär. Arap taryhçylary Abu-Jafar Muhammed ibn Jerir at-Tabary (IX) özüniň «Taryh al-rusul wa-l-mülük» eserinde, Izeddin Abu-l-Hasan Aly ibn Muhammed ibn al-Asir (XII) özüniň «Al kamil fi-t-taryh» atly işinde Gorkut atany «oguzlaryň serdary» diýip atlandyrýar. Türkmeniň beýik şahyry Alyşir Nowaýy bolsa (XV) özüniň «Nesaýimu-l-muhabbe min Semaýimu-l-fütüwwe» atly işinde Gokut ata barada şeýle düşünje berýär: «Türk ulusy arasyda şöhraty andan artygrakdyr ki şöhratga yhtyýajy bolgaý. Meşhur mundakdyr ki niçe ýyl özüden burunkyny we niçe ýyl özüden soňky kylurny diýipdir. Köp möwjüze-amiz magzlyk sözleri aradadyr». Bulardan başga-da nusaýly türkmen taryhçysy Salar Baba Gulaly ogly (XVI), Dana ata tahallusly Yhsan şeýh (XVI), Hywa hany Abulgazy Bahadur han (XVII) hem özleriniň «Oguznamalarynda», «Nesil ýazgylarynda» bu şahsyýet dogrusynda gyzykly maglumatlar berýärler. Şolar ýaly-da biz «Gorkut ata» kitabynda duşýan şahslardyr ýer atlaryna Mahmyt Kaşgarynyň «Diwan-i lugat at-türk» eserinde duş gelýäris. Görnükli türkmen taryhçysy Salar Baba Gulaly ogly özüniň «Oguznamasynyň» «Dib Ýawguý han patyşa bolgany» atly boýunda Gorkut ata barada şeýle maglumatlary getirýär: «... erse ogly Inal Syru Ýawguý atasy ýerine olturyp, memäligi berkarar saklap, ýedi ýyl patyşalyk kyldy... Hyýal kyldy kim, öz haýatynda patyşalygyny El Bankerkes Deriklu Beni Inal hana bergeý. Ony patyşalyk tagtynda oturtdy. We bu patyşa döwründe Hezreti Muhammet salallahy wessellem zuhur kyldy (ýüze çykdy). We Marduda Kerijukny (geňeşdaryny) anyň hyzmatyga iberip, musulman boldy. We Gorkut Baýat neslinden turar, Gara Hoja ogly. We ol Azym (örän) akyl we dana we sahyp keramat erdi. We onuň ähdinde (döwründe) Inal han Syr Ýawguý (aradan) çykyp erdi. We bu rowaýat sahyby takryr kylur kim onuň ömri iki ýüz togsan bäş ýyl erdi we ýagşy sözler we keramat diýip, anuň hekaýaty köp turar we alahedde (aýratyn) gelgüsi turar». Maglumatdan görnüşine görä, Gorkut ata pygamber resulymyz Muhammet selallahy wessellemniň döwründe ýaşan bolýar. Mundan başga-da ýokarky maglumatdan Gorkut atanyň Inal hanyň aradan çykmagy bilen onuň agtygy Duman hanyň ýaşlygy mynasybetli onuň atasynyň weziri Kul Erkini hanlyga teklip edişi, özüniň hem şol Erki hanyň ýakyn maslahatçysy bolandygy barada aýdylýar. Gürrüňi edilýän Erki hanyň hem taryhy şahslygyny gaty köp çeşmeler tassyklaýar. VI-VIII asyrlara degişli Kul Teginiň hatyrasyna daşa ýazylan Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda-da ady geçýän «Kul Erki» garlyklaryň hany hökmünde görkezilýär. Bar bolan şol taryhy maglumatlarda Erki han hakynda şeýle diýilýär: «Ol iki sany köli süýtden we gymyzdan doldurardy. Bu onuň akylynyň köl ýaly dury, arassa we datlydygyny aňladýar. Şol sebäpli oňa Erki köl diýerler». Şu ýerde bir zada ünsi çekesimiz gelýär. Oguzlaryň üç taýpasyndan dörän etniki topara Garlyklar diýip at berilýär. Gadymy garlyklaryň nesilleri bolsa häzir biziň Çarşaňňy etrabymyzda ýaşaýar. Olaryň ýörite hala salýan gölleriniň atlandyrylşy-da şonuň ýalydyr. Türkmeniň el işlerinde hem taryhymyzyň şöhlelenýändigini ýatlatmak bilen şol «Garlyklaryň» uly hanlyklarynyň alamaty hökmünde gadymy «garlyk» gölüniň türkmen halysynda, galyberse-de türkmeniň öz milli tugunda ýerleşdirilendigini-de ýatlatmak artykmaçlyk etmese gerek. Türkmeniň şol gadymy «garlyk» gölüniň daşyndan aýlanýan gyra nagşy hem Erki köl (Erik köl) atlandyrylýar. Bu bir ýönekeý zat däl-de türkmeniň taryhynyň Gorkut ataly döwrüniň beýanydyr, türkmeniň gadymylygynyň hem subutnamasydyr. Hywa taryhçysy Abulgazy Bahadur hanyň «Şejere-i-terakimesinde» Gorkut atanyň ady bilen berilýän tartym «magtama gazaly» bar. Onda şeýle diýilýär: «... We täki Salur Gazan gaýy Gorkut ata birlen bir zamanda erdi. Gorkut atanyň Salur Gazany magtap (öwüp) aýtgan tartymy bu turur: Gazgurt tagdan öňer taşdy, ýogarlatdy, Salur Gazan ötri baryp, karbap tutdy, It beçene görüp any essi gitdi, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Bir gazanga kyrk bir atnyň etin saldy, Ol gazangy sol eligi birlen aldy, Sag eligi birlen ilge ulaşdyrdy, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Gök asmandan inip geldi tinli ýylan, Her atamny ýuwtar erdi görgen zaman, Salur Gazan başyn kesdi bermeý aman, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Otuz-kyrk müň leşger birlen Gazan baryp, It beçene illerini geldi gyryp, Birniçesi gutuldylar köp ýalbaryp, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Türku-türkmen, arap-ajam ragyýetler, Gazan kyldy musulmanga terbiýetler, Kapyrlarny gyrdy u şol köp pursatlar, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Andan hünär göterdiler barça ully, Bagzylarga orun berdi sagly-solly, Bizge boldy kamug ilniň orny teňli, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi. Seýýah Gorkut öler bolduň, imdi bilgil, Ol Gazannyň döwletige doga kylgyl, Kerwen gitdi, köp giç galdyň ýolga girgil, Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi». Şygyrdan görnüşi ýaly, Gorkut atanyň öz dilinden berilýän bu gazal «Gorkut atanyň» jemleýji boýy bolmagy ahmal diýen pikiri ündän merhum alym Ahmet Bekmyradow bu meselede müň kerem mamla. Şygryň Gorkut atanyň öz dilinden ýazylmagyndan, eseriň ýörite Salyr Gazanyň ölümine bagyşlanmagyndan hem ötri, bu gazalyň özünden görnüşine görä, häzir bizdäki bar bolan «Gorkut ata» kitabynyň nusgasynyň bitewi bir doly wariant däldigini, onuň ähli boýlarynyň, hekaýalarynyň heniz bize doly gelip ýetmänligini-de görkezýär. Sebäbi gazalda getirilýän Salyr Gazanyň gatnaşan söweşleriniň, onuň bilen bagly wakalaryň käbiriniň bizde bar bolan Watikan hem-de Drezden nusgalarynyň hiç birinde gabat gelmeýänligi görünýär. «Gorkut ata» kitabyndaky boýlaryň her biriniň aýratyn döwürlere degişlidigi, boýlaryň käbiriniň has irki, käbiriniň bolsa iki-üç ýüzýyllaryň dowamyndaky wakalary öz içine alýanlygy bolsa eseriň bir ýa iki ýylyň önümi däldigini görkezýär. Şonuň ýaly-da ol boýlaryň üýtgewsiz wariantlar däldigi, käbir boýlaryň ýitip gitmegi, käbiriniň az-kem hem bolsa üýtgemegi (mysal üçin Çowdur wariantlarynyň käbir boýlary − G.A.) muňa mysaldyr. Şeýle-de bolsa, bu eseriň tutuşlygyna ýitip gitmän biziň şu günlerimize gelip ýetmegi eseriň taryhylygynyň alamatydyr. Görnükli rus alymy W.M.Žirmunskiý «Gorkut atany» oguzlaryň döredenligini aýdyp, onuň beýik Seljuklar zamanynda Kawkaza, Kiçi Aziýa giňden ýaýrandygyny deliller bilen subutlandyrýar. «Gorkut ata» kitabynyň gadymy eserligi bilen birlikde onuň awtorynyň halkylygynyň sebäbi-de eseriň döreýiş zamanynyň dowamlylygyndan gelip çykýar. Eseriň baş gahrymany esasy şahsyýet Gorkut atanyň adynyň gelip çykyşy-da üns bererlik meseledir. Hut şu meselede iki-ýeke çaklamanyň barlygyny hem nazara almalydyrys. Türkmen alymlarynyň käbiri bu söze «gor» - gün, «kut» - bagt diýen sözlerden düzülip, öň türkmenler Güne çokunypdyrlar, oňa sežde edipdirler diýen çaklamanyň tarapdary bolup çykyş edýär. Emma bu çaklamanyň esassyzlygy türkmeniň beýleki bir ynançlara bil baglamajagy, «Ýüje Taňrydan» başga zada sežde etmejekleri bilen ynançlydyr. Ondan başga-da «Gorkut» adynyň pähim-paýhasyň, danalygyň simwolyna öwürmek pikiri-de alymlaryň käbiri tarapyndan ýada salynýar. Öz ömrüniň köp bölegini türkşynaslyk ylmyna, «Gorkut atany» öwrenmeklige bagyşlan türk alymy Fahretdin Kirzioglunyň aýtmagyna görä, Gorkut sözi «gorkmak» düşünjesi bilen baglanyşykly bolmaly. Emma bu ýerde alymyň öz aýdýan sözüni ylmy deliller bilen esaslandyrmaýanlygy meseläniň çig-çarsyrak bolmagyna getirýär. Ylymda bir sözi esas edinmek üçin sözüň düýp, kök diýen ýaly asyl düşünjesi gerek, şol sözüň bir anyk manyny aňlatmasy bolsa has hem derwaýys. Türkşynas A.N.Samoýlowiçiň «Türkmen diliniň düýp sözüni bilmedik adam türki dilleriň hiç birini-de bilmez. Türki dilleriniň düýp sözüni bilmedik bolsa türkmen dilini aňlamaz» diýmegi örän ýerlikli aýdylan sözdür. Türkmende «Gorkanyň gut bolsun!» diýen gadymdan gelýän bir söz bar. Bu sözüň aňladýan düşünjesi «gorkut» sözi bilen manydaşdyr. Gorkut «gork»-gorkmak, gorkuzmak, «kut» bolsa bagt diýen sözlerden düzülendir. Öz gezeginde «gorkuzmaklygyň» «mert, batyr, garadan gaýtmaz, çakdanaşa başarjaň» kişä mahsus häsiýete eýedigini-de biz bilýäris. Emma gürrüň bu ýerde biziň dile getiren ýokarky aňlatmamyzda. Geçmişde miras galan we biziň şu günlerimize ýetip gelen «Gorkanyň gut bolsun!» diýen düşünje türkmenleriň arasynda gadymdan bäri dowam edip gelip, ol haýsydyr bir gorkan, elhenç ýagdaýlara düşüp, ýa bir uruş-dawadan soň sag-aman galan kişä göwünlik, teselli bermek, şol gorkynyň ýa-da bolup geçen wakanyň ol kişä soňundan gowulyk bolup gelmegini, gorkan kişiniň ýüreginde onuň derde öwrülmän bagtly günler bolup gaýdyp gelmegini arzuw etmekligi aňladyp gelýär. Bu sözüň ähli türkmeniň ýadynda galmazlygy bolsa onuň has gadymylygynyň alamatydyr. Emma sözi altyna barabar saýýan kişileriň bu sözi ulanyşdan galdyrman gelýänliginiň subutnamasyny onuň türkmen şiwe dilleriniň üsti bilen biziň şu günümize gelip ýetmegi bilen esaslandyrsa bolar. Türkmen «Söz bilmeseň, ötenleriň sözün sözle» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Biziň mysal getirýän ýokardaky sözümiz hem ýönekeý bir sözlem bolman, durşy bilen akyla, uly mana ýugrulan dana pikiri aňladýar. «Gorkanyň gut bolsun!» diýen aňlatmanyň nakyla öwrülip gitmegi ýöne ýere däl. Onuň aňyrsynda ýatan umman ýaly giň manyny tirmek örän datlydyr. Özi-de onuň «Gorkut ata» bilen baglanyşykly tarapy has hem gyzyklydyr. Meşhur «Gorkut ata» kitabyndaky her bir boýlaryň hem nähili gorkunç, agyr söweşlerden, her hili mekir-allardan soň hem wakalaryň soňy diňe gowulyk bilen tamamlanýanlygy, onuň ahyrynyň bolsa «bagt» toýy bilen utgaşýanlygy muňa mysaldyr. Mundan başga-da, «Gorkut atadaky» gorkmak sözi, gorkmak manysy, beýik hem ýeke-täk ýüje Taňrydan gorkmaklygy, oňa iman getirip bilen kimsä hut Keremli Taňrynyň özüniň «bagt» eçiljekdigi dogrusyndaky düşünjä-de laýyk ulanylypdyr. Şu ýerde ýene bir zat bilen «gorkmak» sözüni esaslandyrsa bolar. «Gorkut atanyň» çowdur wariantynda uly alym Ata Rahmanowyň getirýän «Gorkudyň gabry gazylgy» bölümine, rowaýatyna esaslansak, onda Gorkut atanyň hemişe gulagyna, hatda ol doglan gününden ömrüniň tä ahyryna çenli «Gorkudyň gabry gazylgy» sözüniň eşidilip durmagy, Gorkut atanyň bolsa bu sözden gorkup, gaçyp dürli ýerlerde bolmagy bilen hem esaslandyrsa bolar. Bu hereket bolsa türkmeniň «ölümden gaçyp gutulma ýok» diýen düşünjesiniň emele gelmegine getirýär. Ölüm bilen baglanyşykly ýagdaýlarda türkmen ýitgi çeken adama göwünlik bermek üçin ýalňyz Taňrynyň adyndan gürläp: «Gork menden, gorkman senden» diýipdir, Beýik Taňry. «Toba» diý, «gorkanyň gut bolsun!», «galanlaryňyza uzak ömür bersin!» diýen ýaly teselli beriji sözleri aýdyp, şol bir wagtyň özünde-de «ýagşy» zatlary arzuw edipdirler. Ýene könelerimiziň şeýle sözlerinden, «ölüminden gorkmadyk, ölümini agzamadyk kapyr» diýen düşünjesine laýyklykda Gorkut atanyň adynyň gorkmaklygy aňladyp gelmekliginiň esassyz däldigine ynanasyň gelýär. Gepiň keltesi, uly gorky duýgularyndan soň bagt toýlarynda Gorkut atanyň ötenden-geçenden gürrüň edip, boý-boýlamagy, soý-soýlamagy, olaryň toý-toýlamagy bilen tamamlanýar. Biz şu ýerde ýene bir söze − «boý» sözüne-de ünsi çekesimiz gelýär. «Gorkut ata» kitabynda her bir bölümiň ahyry boý-boýlamak bilen tamamlanýar. Alymlarymyzyň käbiri şol «Gorkut atadaky» boý sözüni kitabyň içinde her bir bölümi aňladyp gelýär diýen düşünjeden ugur alýar. Emma gadymy we orta asyr edebiýatyny, taryhyny öwreniji alymlaryň işlerinde boý boýlamak − aslyňy yzarlamak, kimligiňi anyklamak, özüňi tanatmak üçin ulanylypdyr. Bu söze Mahmyt Kaşgary özüniň «Diwany lugat-at-türk» eserinde «oguzlaryň boý sözi − nesli-asly, urugbaşyny, tire-taýpany, tohum-tiji aňladyp gelýär» diýip, kesgitleme berýär. Öň zamanda, ýagny oguzlarda biri-birini tanamaýan iki adam duşuşan mahalynda olaryň biri beýlekisine «Boý kim?» diýip ýüzlenýär we beýleki biri oňa «salgur» diýip jogap berýär. Ýagny birinji adam ikinji birinden «Taýpaň kim?» diýip soraýar we beýlekisi oňa özüniň kimlerdendigini aýdýar. Haçan-da şondan soň olar özara gürleşip başlaýarlar. Diýmek, «Kitaby dädem Gorkutda» Gorkut ata şol toýa gelenlere boý-boýlap, özleriniň asly, öten-geçenleri dogrusynda dessan edip aýdyp berýän eken. Olaryň ata-babalarynyň gahrymançylyklary we gaýry hereketleri barada boý boýlar eken. «Gorkut ata» kitabynyň käbir boýlarynyň soňunda toýa Gorkut ata geldi, «oguznama» aýtdy diýen jümleler hem bar. Alymlar tarapyndan bu kitaby Gorkut atanyň «Oguznamasy» diýäýseň nähili bolarka diýen ýaly sowallaram bolupdy. Dogrusy, «Gorkut atanyň» kitaby atlandyrylýan bu eseriň awtory onuň özi bolsa-da, eser tutuşlygyna «Oguznama» däldir. Ýöne şol käbir boýlarda aýdylýan «oguznamalar» öten ata-babalarymyz bolan irki oguzlaryň nesli, urugbaşylary baradaky gürrüňler, kyssalar bolmak bilen, ol şol «Gorkut atadaky» toýlarda dessan edilip aýdylan boýlardyr. Diýmek, Gorkut ata her bir toýda türkmeniň geliş ugry boýunça öz nesline pent-nesihatlar edipdir. Şol däp bolan ýagdaýlary belki şu günki türkmenler hem şondan bäri dowam edip gelýändir. Eýsem, türkmeniň iň bir gadymy dessanlary, eposlary biziň şu günlerimize dessançylaryň dili bilen gelip ýetmedimi näme? Hut şu sebäpler arkaly biz Gorkut atanyň yzlaryny bu gün her bir türkmeniň öýünden, toýundan, däp-dessurlaryndan, dilinden, dininden, edim-gylymyndan tapýarys ahbetin. At dakmak, ogul öýermek, toýda zenanlaryň göreş tutmagy, baş saldyrmak, at münmek, aşyk oýnamak, aw awlamak, boý-boýlamak ýaly däpler; ar-namys, wepalylyk, mertlik, toba etmeklik bularyň hemmesi-de türkmeniň häsiýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Gorkut atanyň» yzy ýitmän, gaýtam türkmen eposlarynda, dessanlarynda, ertekidir rowaýatlarynda, folklor çeşmeleriniň her bir görnüşinde, öten taryhçylarymyzdyr şahyrlaryň döredijiliginde mese-mälim saklanyp galypdyr. Olary hiç bir zat türkmeniň taryhyndan, durmuşyndan öçürip bilmez. Eýsem, biziň bu gadymy mirasymyzyň şunça ýyllaryň dowamynda öçüp, ýitip gitmezligine näme sebäp bolduka? Muňa, öňi bilen, eseriň milliligi, türkmeniň ruhy bilen onuň ganyna, janyna siňenligi sebäpkärdir. Galyberse-de biz «Gorkut atanyň» yzlaryny öz taryhy çeşmelerimiziň her bir gatyndan, her bir sahabyndan tapýarys. Diňe bir taryh däl, eýsem, türkmeniň öz milli mirasyna siňip galan «Gorkut atanyň» meňzeşliklerini biz ýene bir zatda görýäris. Ol hem VI asyrdan bäri daşa ýazylyp galan runiki ýazgylarymyzdaky yzlardyr. Oguz-türkmen nesilleri bolan batyr kaganlaryň ölmez-ýitmez gahrymançylygyna bagyşlanan bu runiki ýazgylarda şeýle setirler bar: Geler erse − är köpeler, Gelmez erse − är tükener. (32-nji bölek) «Ol habary eşidip begler aýtdy: «Dolanyň, ýeňlip masgara bolandan ary utanç ýeg» (36-37-nji böleklerden) ýa-da: Garyp boldugyn baý etdim, Az boldugyn − köp etdim. (8-nji bölek) Görnüşi ýaly, Orhon-Ýeniseý ýazgylaryndaky bu tymsallary biz «Gorkut atada» açyk synlaýarys. Diýmek, «Gorkut atanyň» çeşmeleriniň gözbaşy alyslara ýaýrap, çuňluklara kök urup gidip otyr, gidip otyr. Bu gün totalitar düzgünden «gorkany gut bolan» Gorkut ataly türkmen öz mirasyna, geçmişine, öz aslyna eýe bolýar. Onuň başyny bolsa türkmene ýagşy günleri wada berip, uly ynamlara beslenen beýik Türkmenbaşy çekip barýar. Onuň dana paýhasy, dury akyly bilen bu gün «Gorkut atanyň» bir ýarym müň ýyllyk toýy toýlanýar. Gözel AMANGULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||