12:21 Tut | |
TUT
Goşgular
(Magtymgula ýanama) Seni söýüp, merjenim, bir ajap iş kyldym, tut, Öz-özümden göwnühoş hem howaly boldum tut! Belki, başda sen diýip, bu jahana inip men, Ýigit çykdym, mähriñe suwsan teşne çöldüm, tut! Bäh, bäh, seniñ bolşuñy, bu bolşuñ hiç kesde ýok, Birde aglap kösendim, ýene birde güldüm, tut! Gatap galdym buz bolup, bir sowuk söz söýleseñ, Ýagşy bir sözleseñ, ýelek kibi ýeldim, tut! Sen - Pelek, men daşyñdan tupan turzup aýlandym, Hem buýrugña kaýyl men, göýäki bir guldum, tut! Näz eder sen, näz bolsa, gyşym ýaza ulaşar, Indi asla köşeşmen, söýýäniñi bildim, tut! Ýöne, indi bes et, ýar, Ahmediñe eset, ýar, Ýeri, saña ne peýda, diýsem bir gün "Öldüm!", tut! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |