12:25 Köñüldeş şahyrlar | |
KÖŇÜLDEŞ ŞAHYRLAR
Edebi makalalar
Iki şahyry – Allaýar Çüriýew bilen Ýaban Sapary okyjylar, elbetde, öňdenem tanaýandyrlar. Sebäbi A.Çüriýew bilen Ý.Sapar telim kitabyň eýesi. A.Çüriýew diňe ezber şahyr däl, ol stalinçilik repressiýasy döwürlerinde ýazgarylan ajaýyp türkmen alymlary, ýazyjy-şahyrlary, döwlet işgärleri hakynda dokumental çeper eserler ýazybam özüni ile aldyrdy. Onuň köp goşgulary saza geçirilip, aýdyma öwrüldi. Olaryň köpüsi häli-häzirlerem radioda, telewideniýede, märekelerde aýdylyp ýör. Bu şahyryň «Alla birdir, Watan birdir, halkymyň Serdary bir» diýen aýdymy bolsa indi dabaraly baýramçylyk konsertiniň jemleýji mukamyna öwrüldi. Hatda bu buýsançly aýdymy tomaşaçylar köpçüligi hem ör turup, goşulyşyp aýdýar. Ýaban Sapar ozal goşgularyny, poemalaryny, kitaplaryny Ýaban Rozyýew diýen at bilen çykartdy. Şeýlelikde, Ýaban Rozyýew – Ýaban Sapar şol bir adam. Bu iki şahyryň döredijiligini söhbetimiziň esasynda goýandygymyzyň ýönekeýje sebäbi bar. Olar beýleki käbir şahyrlarymyz ýaly hemme ýere, hemme zada ýetişjek bolup ýörenoklar. Meşhurlygy ýörite maksada öwrenoklar. Her haýsy ukybyna, başarnygyna, göwün hyýalyna, zehin mümkinçiligine görä ýazyp, döredip ýaşaýar. Ikisem işine ak ýürekden ýapyşýar. Agyzda-da däl, aýakda-da diýilýänlerden. Beýle diýildigi olaryň adynyň il içinde az tanalýandygyny aňlatmaýar. A. Çüriýewem, Ý. Saparam eýýäm öz okyjysyny, öz şygyrlarynyň, ýazýan eserleriniň mukdaşlaryny tapan adamlar. Ýönekeýrägem bolsa, ikisiniňem özboluşly pikirleniş, dörediş, ýazyş usullary bar. Biri gözel Sumbar jülgesini, Garrygala etraplaryny, ol ýerleriň sergin howasyny, tanymal zähmet adamlaryny halkymyza tanatsa, beýleki Lebap boýlaryny, öz önüp-ösen obasyny, Köýtendag tebigatyny şygyr üsti bilen okyjylaryň kalbyna guýmaga çalyşýar. Garaşsyzlyk olaryň döredijilindäki şeýle ownuk temalylygy birleşdirip, olary uly bir akabanyň töweregine jemledi, olary köňüldeş şahyrlara öwürdi. Gönüsinden gelsek, öz göbek gany daman, ösen, okan ýerlerini ullakan Watanyň bir bölegi şekilinde iň bir şirin sözleriň üsti bilen taryplamaýan şahyr dünýä şygryýetinde-de ýok bolsa gerek. Ol her näçe kiçijigem bolsa, adamlary hernäçe sada-sähraýy-da bolsalar, barybir, şol ýeriň şahyr perzendi üçin olar diýseň mähriban, diýseň ajaýypdyr. Şahyrana görnüş bolsa mähriban hem ajaýyp zatlarda bolýar. Emma şeýle böleklenme Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi taglymatyna görä, umumy türkmen tebigatyny, umumy türkmen topragyny, umumy türkmen halkyny doly we hertaraply göz öňüne getirmäge gaty bir doly mümkinçilik bermeýär. Hut şu sebäbe görä-de, türkmen şygryýetinde şahsy ene-ata, dogan-dost, aýratyn alnan oba-şäherler, belli-belli adamlar, dagu-dereler dogrusynda ýazylan eserler gitdigiçe azalýar. Olaryň deregine Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy baradaky temalar – halk, Watan bähbitli, täze milli türkmen goşgusyny äleme göz edýän temalar rowaçlanýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi syýasatyndaky bu dogry ugur çeper pikirlenmäni umumy halk ösüşiniň hyzmatynda goýdy. A. Çüriýewiň hem-de Ý. Saparyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky döredijiligi şahyrlaryň şeýle köňüldeşlik ynamynyň barha kuwwatlanýandygynyň bir mysalydyr. A. Çüriýewiň «Ol gyz maňa nämä gerek?», «Dag obasyn sarsdyryp ýer titredi», «Gyzbibi çynary», «Şahyr Sapar Öräýewe», («Garagum», 1996, № 9), «Dünýäm», «Sülgünjemal», «Obadaş gözelim», «Men seniň öňüňde günäli, Sonam», «Ýadyňdamy?» («Garagum», 1999, № 9) ýaly goşgularynda Prezidentimiziň sabyrly-takatly, çydamly, wepaly bolmak, halkyňa, Watanyňa berilmek, ulyny sylamak kimin çykyşlarynda häli-şindi ýatladýan gylyk-häsiýetleri ündew hökmünde öňe sürülýär. Şeýdip, Türkmenbaşynyň syýasatyndaky pikirleri umumylykda beýan etmek bilen, şahyr anyklyga tarap ýuwaş-ýuwaşdan ymtylýar. Şol ymtylyş bara-bara öz netijesini berdi. Şahyr soňa-baka Garaşsyzlyk we onuň sarsmaz binýadyny tutan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy baradaky göwün göteriji temalara ýykgyn etdi. Onuň şonuň ýaly goşgulary ýurdumyzyň gazetlerinde hem-de žurnallarynda köpçülige yzygiderli ýetirildi. 1998-nji ýylda bolsa «Türkmenistan» neşirýaty onuň galamyna degişli şeýle anyk eserlerini «Serdar sahawaty» ady bilen kitap edip çykardy. Onuň şygyrlarynyň liriki gahrymany «Hak – hudanyň ýalkany, Türkmenbaşy Serdary», il-halkyň Baştutan hökmünde saýlap-seçen ogluny ak ýürekden, jany-teni bilen goldaýar, oňa guwanýar, ony özüniň buýsanjynyň, ylhamynyň çeşmesi, arkadaýanjy hasaplaýar. «Alkyşnama», «Serdar hakynda aýdym» atly goşgularynda şahyr özündäki şol ümmülmez ajaýyp duýgularyň ýöne ýere döremeýändigini nygtap, sebäplerini aýdyňlaşdyrýar. Garaşsyz, Bitarap, özbaşdak döwlet bolduk. Millet derejesine göterildik. Gadymy milli ýörelgelerimize dolandyk. Bu çaglar dymmaly çagmydyr, dostum Beýik Serdar elimize tar berdi. Ozal ady-sory çykmadyk türkmen Gaýşaryp gezmäge gül Diýar berdi. Ikinji goşgy öz-özüne jogap bolup duran ritoriki sowal häsiýetinde ýazylypdyr. Türkmeniň dana Perzendi köňül hem Watan düşünjeleriniň arasyndaky gapma-garşylygy ortadan aýyrdy, meşhur, zehinli adamlary «ýalan töhmetlere pida bolmakdan» dyndardy, il-ulusy gedaýçylygyň sowuk penjesinden halas etdi, ilat üçin «egnini gysyp ýörmez» ýaly şertler döretdi. Şo sebäpli-de, şahyr «Arkamyza ýel çaldyran şol dälmi?» diýip, Serdar hakda hakykaty sözleýär. «Serdarym», «Beýik Serdarym», «Saparmyrat Türkmenbaşy», «Saparmyrat Türkmenbaşynyň şanyna», «Toýuň gutly bolsun, mähriban Serdar», «Toý goşgusy», «Türkmenbaşy hakda kasyda», «Beýik hajy Saparmyrat Serdarym», «Gahryman Serdar», «Ýaşasyn, Serdarym – adyl Patyşam» zeýilli şygyrlarda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy we jemgyýetçilik durmuşynda häli-şindi döräp duran täzelikler teswirlenilýär. Ady agzalan odalarda açyk köňül hem edermen Soltanymyz «Han hanan», «Şamçyrag», «Kuýaş», «Nurdan doly şöhle», «Jemşit jamy», «Geniý», «Ýüzügiň göwher gaşy» ýaly epitetlere çolanyp «Rüstem Zal şekilli, Oguz han kökli...», Eflatun akylly», adalat, gudrat hem hakykatyň özi sypatynda suratlandyrylýar. Türkmen şygrynda bu möhüm temanyň iki hili işleniş usuly bar: köp goşgularyň liriki gahrymany ýa-da şahyryň özi içki duýgularyny, zamanabap pikirlenişi şygryň kasyda hem oda görnüşleriniň gadymy däplerine eýerip, öz öwgüsi üçin saýlap alan şahslaryna gös-göni ýüzlenmek arkaly ýüze çykarýar. Ikinji ýagdaýda ol şonuň ýaly şahslaryň durmuşyny, ýaşaýyş ahwalatyny, onuň häsiýetleriniň tutuş toplumyny we şolar bilen baglanyşykly özüniň görýän, duýýan, ýa hem bolmasa, arzuw edýän, göz öňüne getirýän zatlaryny owaza salyp, jemagata ýetirýär. Olaryň elbetde, parhly taraplary bar: Birinji ýagdaýda söhbet çynlakaý bolmaly. Şygyrda getirilýän esaslar hemme zatdan öňürti hut şol şahsyň özüni ynandyrmalydyr. Ikinji ýagdaýda göçgün, joşgun, oňaýly çeper ulaltmalar bolup, ol okyjynyň göwnüni galkyndyrmaly. Okyjyny hyjuwly, ylhamly ýazylanlygy bilen özüne çekmeli. Başkyda çeperleşdirilen mazmun soňkuda mazmunlaşdyrylan çeperçilik birinji orunda durmaly. Şahyryň «Toý» goşgusy ikinji ýagdaýy gowy aýdyňlaşdyrýar. Goşguda «Nişapur, Merwerud, Merwaş-Şahyjan, Nusaý hem Abywerd, Saraht, Jürjan, Tabarystan Hyrat... Gürgenç, Mawerannahr, Talakan, Balakan... Saparmyrat Türkmenbaşynyň gaşynda zybana gelýär, söz sözläp, alkyşlar aýdýar. Şeýle gadymy ýerleriň «dil açmagy» aýratyn çeperçilik önümidir. Beýik Serdaryň ady bolsa ony mazmunlaşdyrýar, oňa şu günüň ruhuny bagyşlaýar. Diýar üçin başyn goýan ärlermiz – Togrul, Çagry, Gorkut, Keýmir körlermiz... Başyn egdi Görogly deý ärlermiz Saparmyrat Türkmenbaşyň gaşynda. Biz ýokarda A. Çüriýewiň aýdymçy şahyrdygyny aýdypdyk. Kitapdaky «Watanym» (sazy Ö. Tekäýewiňki), «Diýarym» (sazy Weli Muhadowyňky), «Garaşsyzlyk şemaly» (sazy Batyr Rejebowyňky), «Türkmenbaşynyň çynarlary» (sazy Aman Ussaýewiňki), «Türkmen ilim» (sazy A. Çaryýewiňki), «Erkana Watan» (sazy D. Ökdirowyňky), «Diýarym», «Watannama» hem-de «Türkmenistan – bagy-bossan» (baýramçylyk kantatasy) (sazy Weli Muhadowyňky) ýaly aýdym üçin ýazylan şygyrlar şahyryň Türkmenbaşy, halk, Watan, Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, azatlyk, asudalyk, zähmet, halallyk baralardaky öňe sürýän ündewlerini hasam ösdürýär. Olaryň täsir edijilik tarapyny ýokarlandyrýar. Aýdym goşgularynda setirler, orta atylýan pikirler bütewi, baglanyşykly. Muny ýörite nygtaýanlygymyzyň sebäbi bar. Soňky ýyllarda täze aýdymlaryň sany artdy. Sazandalarymyzam köpeldi. Olaryň arasynda tejribelilerem kän, şägirtlerem. Şeýle bolansoň, käbir aýdymlarymyzyň setirlerinde baglanyşyk ýok. Dogrusyny aýtsak, efirde berilýän käbir aýdymlaryň tekstiniň näme hakdadygyny, nähili tema bagyşlanandygyny-da anyklamak kyn. Olaryň sazy-da göwnejaý däl. Hatda goşgy hökmünde, aýdym hökmünde ulanylýan ol setirler kapyýalaşmaýaram. Goşgynyň özünde-de owaz hem bolmaly ahyryn! Ine, bu babatda A. Çüriýewden görelde alarlyk zatlar az däl. Haýalrak işleýän-de bolsa, Ý. Saparam Garaşsyzlyk ýyllarynyň temalaryna çynlakaý çemeleşýär. «Halk, Watan, Türkmenbaşy» atly köp žiltlikde onuň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmen ilim», «Bitarap döwletim», «Bitaraplyk ýoly bilen» diýen şygyrlary hem-de «Bitarap Türkmenistanym» atly aýdym goşgusy ýerleşdirilipdir. Olarda: Sarpaly Serdaryň köpelip bady, Jahana ýaň salýar türkmeniň ady, Dilleriň senasy, göwünleň şady, Bitarap döwletim – türkmen döwletim! – – ýaly durmuş hakykatyny dogruçyl beýan edýän pikirler, şowly setirler häli-şindi gabat gelip dur. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýanbermez paýhasy bilen gazanylan Bitaraplyk edil Garaşsyzlyk kimin şahyryň kalbyny joşa getirýär, ony aňrybaş göçgünli derejede ylhamlandyrýar. Ýaban Saparyň göz öňünde tutulýan temalardan döreden eserleri onuň «Güýz güneşi» atly ýygyndysynyň ýörite başky bölümini düzýär. Şahyryň köp goşgularynda türkmeniň Altyn asyry, Türkmenbaşynyň gurdurýan belent hem kaşaň binalary, özgerýän obalar, sähralar özboluşly reňkler, gözellikler, suratlar bolup göz öňüne gelýär. Altyn asyr – Beýik döwrüm, Sensiň meniň röwşen ömrüm! Ýollar ýatyr öwrüm-öwrüm, Baky gülzarlarym bar. Men bu bagyň saýrak guşy, Il-günümiň göwün hoşy, Uzak ýaşa, Türkmenbaşy, Ganatym bar, perlerim bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň beýik taglymatyny, Garaşsyzlyk hem Bitaraplygyň beren bagtyny, asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, özüniň halk tarapyndan ykrar edilen hyzmatlaryny, ýaşyl Baýdagymyzy, päkize asmanymyzy, tenekar howamyzy, tutuş tebigatymyzy... taryplaýan söz zergärleriniň gadyryny bilýär, olary mynasyp atlar, sowgatlar, uly baýraklar bilen sylaglaýar. 2000-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «XXI asyr – türkmeniň Altyn asyry» atly yglan eden bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda A. Çüriýewiň-de bardygy biziň sözümiziň güwäsidir. Sözümiziň ahyrynda bolsa şahyrlarymyzyň ikisine-de şeýle möhüm temalarda ýene-de ajaýyp eserler ýazyp, okyjylary guwandyryp durmaklaryny arzuw edýäris. Ahmet MÄMMEDOW, «Mugallymlar gazeti», 31.10.2001 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |