12:51 Ölmek islemedim... | |
ÖLMEK ISLEMEDIM...
Goşgular
Ölmek islemedim. Geçen uruşda Ýeriñ hem asmanyñ görmegi gaçan Pursatlary meniñ ýadymda galdy Hem ýadymdan çykyp gitmedi ajal. Ölmek islemedim - meniñ dostlarym, Penadaş, watandaş, ýaragdaşlarym. Ýöne olañ köpi bialaçlykda Ýüregmiñ üstüne goýdy başlaryn. Birinde aýak ýok, birinde el ýok, Birinde gulak ýok, birinde göz ýok. Heserimi getir ýaly beýana Kalbymda joşgun ýok, dilimde söz ýok. Söz bilen egserden apatdy ajal, Söz bilen egserden äpetdi ýitgi. ...Ölmek islemedim, emma jesedim Çeşmi derýam içre gark boldy gitdi. * * * Günbatar Ýewropa ýanýar ýalynda, Baltika kenary ýuwuldy gana. Bu ýerde Zemine rahatlyk ýok, Asudalyk ýat bolupdyr asmana. Eýsem, uruş şo ýerlerde gitdimi? Diñe Ýewropada döküldimi gan? Urşa pida bolan diñe esger däl, Aglady Garagum, epildi Mugan. Heniz ejir çekýär türkmen, gruzinem Uruşda teninde galan gülleden. Halas bolup bilemizok şindizem, Şo ýyllaryñ hasratyndan ölmeden. Niçe bir ülkäniñ, niçe bir obañ Baglaryny uruş berdi hazana. Urşa ogullaryn aldyran ýerler, Häli-hälem çümüp otyr gazaba. Çal saç ene sorap ýeke dikraryn, Elewreýär soñky demde, görsene: - Maña sen şol uzak lagnaty urşuñ Bolmadyk ýerini salgy bersene! Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |