09:20 Tal ýap | |
TAL ÝAP
Goşgular
I. Meniň doglan ýerim gözel Akdepe, Göz gerek görmäge seniň tal ýabyň. Ýatlasam-da seni senden alysda, Gujagyňa düşen ýaly bolýaryn. Gök söwütler hyýalymda pyşyrdap, Ukladýarlar meni goýry kölgede. Akar bolsa akyp ýatyr näzirgäp, Oklaw ýaly uzap ýatyr salmada. Ýok, salma däl, onuň jüp ýakasyny, Keşdelän tallary ekipdir ilim. Onsoň ady Tal ýap bolup galypdyr, Barsynyň dilinde akdepeliniň. Ana, şol Tal ýabyň golaýjygynda, Dünýä inipdirin garly fewralda, Tallar hüwdüläpdir ejeme derek, Dünýäň gohly wagty, ol agyr halda. II. Soň eşdirp otursam şo jeňli günde, Gelip, urşa gitmeziniň öň ýany, Her goç ýigit maňlaýyna sylypdyr, Akdepämiň gözel görki - Tal ýaby. Ol bolsa hüýt gara bulduň derdini Gerdeninde çekip dymyp galypdyr. ...Men dogamda kirpikleri çalaryp, Hyýal derýasyna çümüp galypdyr. Aglapdyr, ýöne ol ejizlemändir, Saklapdyr - gyşlarda merdemsi - tabyn. Hem sowuk ýellere tutup döşüni, Gussaly heňini çalypdyr kä gün. Belki-de şondandyr: Ata hüwdüsi Gulagymda ýaňlanyp dur Tal ýabyň. Ol agyr günlerde enäniň ata Çalymdaş bolanyn aýtjak bolýanyn. III. Gujagy Tal ýaply eziz Akdepäm, Meniň seni mydam ýatlap ýörmegim Bolanyň üçindir pikirim-oýum, Mähir-muhabbetim, görküm-görmegim. Zähmet ädimlerňe başym gök diräp, Gezip ýörün ylham alyp adyňdan. ...Men seni ýadyma saljak bolamok, Sebäp, çykyp gideňok sen ýadymdan. Ahmet MÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 31.12.1982 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||