12:18 Ahmet Mämmedow aradan çykdy... | |
• Şu gün - 18-nji maýda filolog alym, şahyr, mugallym Ahmet Mämmedow 80 ýaşynda aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Şahyr hakynda Ahmet Mämmedow ömrüniň soňky günlerine çenli döredijilik bilen meşgullandy. Halypanyň ady türkmen okyjylaryna gowy tanyşdyr. Ol türkmen edebiýatynda özboluşly ýol, öçmejek yz goýdy. Ahmet Mämmedowyň gysgaça terjimehalyna ser salsak, ol 1942-nji ýylyň 7-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda doguldy. Köneürgenjiň şol wagtky 14-nji ýediýyllyk we Akdepedäki 1-nji orta mekdeplerinde okady. 1960-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1965-nji ýylda tamamlady. Balkan welaýatynda az wagt mugallymçylyk etdi, Aşgabat telestudiýasynda, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynda işledi. 1969-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda kiçi, uly, esasy, baş ylmy işgär, bölüm müdiri wezipelerinde 2011-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli işledi. Filologiýa ylymlarynyñ doktory Ahmet Mämmedow birnäçe kitaplaryň, monografiýalaryň, broşýuralaryň, ylmy we edebi makalalaryň awtorydyr. • ÖLMEK ISLEMEDIM... Ölmek islemedim. Geçen uruşda Ýeriñ hem asmanyñ görmegi gaçan Pursatlary meniñ ýadymda galdy Hem ýadymdan çykyp gitmedi ajal. Ölmek islemedim - meniñ dostlarym, Penadaş, watandaş, ýaragdaşlarym. Ýöne olañ köpi bialaçlykda Ýüregmiñ üstüne goýdy başlaryn. Birinde aýak ýok, birinde el ýok, Birinde gulak ýok, birinde göz ýok. Heserimi getir ýaly beýana Kalbymda joşgun ýok, dilimde söz ýok. Söz bilen egserden apatdy ajal, Söz bilen egserden äpetdi ýitgi. ...Ölmek islemedim, emma jesedim Çeşmi derýam içre gark boldy gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||