21:17 Mähir | |
MÄHIR
Goşgular
Gündiz dogmaýar Gün, Aý bolsa, agşam, Asman barda, neçüýn onna ýyldyz ýok, Ýyldyz baram welin, ýok onuň yşgy, Ýyldyrym çakanda onuň ody ýok. Gök gürledi, emma, ýagmady ýagyş, Ýagyş ýagdy ýöne çykmady goşar, Bu neneňsi boldy, nähili goşgy?! Tebigata, Ýa asmana, Ýa ýere? Bilmedim, men nämä etsemkäm bagyş?! Deňiz bar-da, Suw içinde balyk ýok, Tiken bar-da, Ýöne welin, ýok güli Baglar baram welin, ýokdur miwesi, Ýaplar jaýryk açdy, ýok onuň suwy, Diňe meň göwnüme şeýle hemmesi, Diňe meň gözleme şeýle hemmesi, Emma size ýalan, maňa bolsa – çyn, Ynanmasaň, gel-de, meň ornumda dur, Ýok, ýok meň gözüm bilen seret gowsy. Gülki bar-da, Men nämüçin gülemok?! Şatlyk baram bolsa, neçüýn bilemok?! Öňler beýle däldim aslynda ilki, Ne ýolukdy, ne döw çaldy halyma? Dälimi, Diwana – aýdarsyň belki! Telwas urup gürsüldeýär bu ýürek, Kalbymyň, aramy, didelem zary, Kapasa-da, urunýan men janserek, Ähli zat meň üçin gutaran ýaly. Söýgiň bolanda nä, - duýgy bolmasa, Zerreçe mähir ýok, ýok hat-da yşgam, Heserli gursagym aglady, hat-da, Sözler öýke edip aglady goşgam, Kalbym mätäç wagty ýyly sözlere, Mähir isläp ýaş aýlandy gözlere, Bagyşlaň siz meni owadan sözler, Çalyşanym üçin mähri gazaba, Ýol bermedi kalbym mahtap ýazara. Gurbanmämmet MEREDOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||