19:58 Mahmyt Gaznalynyñ Hindistan ýörişi we hudaýýoly aýdyşynyñ hekaýaty | |
MAHMYT GAZNALYNYÑ HINDISTAN ÝÖRIŞI WE HUDAÝÝOLY AÝDYŞYNYÑ HEKAÝATY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmen taryhynyñ sahypalaryna ady altyn harplar bilen ýazylan beýik soltanlaryñ biri hem Mahmyt Gaznalydyr. Ol yslam taryhynda ilkinji bolup soltan titulyny göteren hökümdardyr. Bir gezek soltan hindileriñ üstüne eden ýörişleriniñ birinde duşmanyñ san taýdan has köpdügini görüp, dileg-doga etmäge durýar we hudaýýoly aýdýar. Ol eger bu söweşde ýeñiş gazansam gazanylan ähli oljany, altyn-kümüşleri garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere paýlaryn diýip niýet edýär. Uruş türkmenleriñ peýdasyna tamamlanýar. Ýeñiş gazanansoñ ýüregi suwlanan hökümdar aýdan sadakasyny bermäge ikirjiñlenen ýaly edýär we bir diwana geñeşýär. Diwananyñ beren jogaby soltany oýlandyryp taşlaýar. ■ Mahmyt Gaznalynyñ Hindistan ýörişi Soltanlar soltany Mahmyt Gaznaly hindilere garşy gaza edende, duşman goşunlarynyñ aşa köplügini görüp, aljyrajak bolupdyr. Onsoñ soltan "Eger bu goşuny yeñibilsem ele düşen ähli oljamy garyp-gasarlara paýlaryn" diýip niýet edýä. Uruş gutarýar. Mahmyt soltan ýeñiş gazanyp, ummasyz olja edinýär. Soltan dessine adamlaryndan birini çagyryp: – Bu oljalary ýoksullara paýlañ. Çünki söweş başlamanka men Allatagalanyñ ýoluna sadaka aýtdym. Indi beren sözümi ýerine ýetireýin - diýýär. Töweregindäkiler nägile bolýar: – Şunça baýlygy, şunça altyn-kümşi ezenegini agdyryp ýören bäş-on sany garyba paýlap bormy, heý-de? Bulary esgerleriñe paýlap ber, şat bolsunlar, duşmana garşy hasam ruhlanyp, söweşe taýýar bolsunlar, ýa-da äkitdir hazynaña, bas beýläñe! Soltan göwnüni bölüp başlaýar. Ol "beren sözümde durup, oljany garyplara paýlasammyka, ýa-da emeldarlarymyñ aydanyny etsemmikä?" diýip ikirjiñlenip durýar. Edil şol wagtam Ebul Hüseýin diýilýän akylly-paýhasly bir diwana goşunyñ ortasyny kesip, geçip barýan eken. Mahmyt soltan ony gören badyna: "Hä, bolaýdy şu! Şu diwanany ýanyma getirip, ondan soraýyn-la. Şo näme diýse, şonam edeýin. Çünki ol ne esgeri biler, ne soltany. Aýtjak sözüni çekinmän-etmän aýdar goýberer" diýýär-de, Ebul Hüseýini ýanyna çagyryp, bolan ýagdaýy düşündirýär. Diwana hökümdara: - Soltanym, siz indi şu ýerde ikisinden birini ýerine ýetirmeli bolýarsyñyz. Eger galan ömrüñe Hudaýa işiñ düşmez öýtseñ, alada etme-de bularyñ aýdanyny ediber, aýdan hudaýýolyñy-da ýatdan çykar. Ýok, ýene bir gün wagt geler, Oña ýene işim düşer diýseñ, onda bulara gulak asma, aýdan hudaýýolyñy ber-de dyn. Görýäñmi, Allatagala saña ýardam edipdir, işiñi şowladypdyr, diýmek Ol öz paýyna düşeni edipdir. Ýeri, onsoñ, indi seniñ paýyña näme düşýär? Näme üçin beren sözüñde durañok? Netijede Mahmyt Gaznaly oljanyñ barsyny garyp-gasarlara paýlapdyr. Soltan hem-ä şol gezekki Hindistan ýörişi bilen hindileriñ agramly böleginiñ musulman bolmagyna sebäp bolupdyr, hemem Hudaýa beren sözüni ýerine salypdyr. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |