14:51 Mahmyt hakdaky heneklerden | |
MAHMYT HAKDAKY HENEKLERDEN
Degişmeler
Mahmytdan: - Sen öz gyzyñy haçan göçürjek? - diýip sorapdyrlar. Şonda Mahmyt: - Hyrydar tapan wagtym - diýip, jogap beripdir. * * * Bir gezegem Mahmyt dellekhana saçyny syrdyrmaga barypdyr. Sertaraş tötänlikden onuñ bir ýerini kesäýipdir. - Aý, samsyk, sen meñ kellämi kesip taşladyñ-la! - diýip, Mahmyt gygyrypdyr. Şonda sertaraş: - Otur, bedibagt! Kesilen kelle beýle gygyrmaz - diýip, onuñ gepine görä jogap beripdir. * * * Bir gezek Mahmyt tebibiñ ýanyna barypdyr-da: - Meniñ içim agyrýa, meni bejerewerim - diýip, haýyş edipdir. - Sen şu gün näme iýdiñ? - diýip, tebip sorapdyr. - Düýn galan kotlet iýdim. Tebip Mahmydyñ gözlerine nähilidir bir derman damdyrmaga başlapdyr welin, ol haýran galyp seslenenini duýman galypdyr. - Meniñ içim agyrýa, sen bolsa, meniñ içimi däl-de, gözümi bejerýäñ-le? Tebip: - Eger seniñ gözleriñ sagat bolan bolsa, düýnden galan kotletleri iýmezdiñ - diýip, jogap beripdir. * * * Mahmytdan: - Adam soñky ýoluna ugradylanda, gölegçiler oniñ sagyndan ýöremelimi ýa çepinden? Şerigat boýunça haýsy dogry? - diýip sorapdyrlar. Mahmyt: - Nireden ýöreseñiz, şondan ýöräñ, ýöne şol agaç atyñ üstünde bolmasañyz bolýar - diýip, jogap beripdir. * * * Agyr halda ýatan Mahmyt aýalyna: - Ýadyñdan çykarmawergin, Abdylla goñşynyñ bize elli manat bergisi bardyr - diýipdir. - Ýok, ýadymdan çykarman... - Biziñ Süleýmana üç ýüz manat bergimiziñ bardygyny hem unutmawergin. Aýaly: - Eý, Alla! Bu ýene samrap başlad-ow! - diýip, uludan demini alypdyr. Terjime eden: Gapur GAPUROW. "Garagum" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |