11:21 Mäkiýan käkilik | |
MÄKIÝAN KÄKILIK / bolan waka
Hekaýalar
Bu wakany maña Serdar etrabynyñ Çerkezli etrabynyñ ýaşulusy, dokuz onlugy arka atan baýry çopan Gara aga gürrüñ berdi. - Bu gürrüñ bermekçi bolýan wakam mundan 25 ýyl öñ meniñ goýun çopany bolup işleýän wagtlarymda bolupdy. Şol wagtda häzirki Serdar şäherinden takmynan 300 kilometr demirgazykda kolhozyñ malyny bakýardym. Maña kolhozymyz täzeje 12-lik tüpeñ bilen 150 sany ok beripdi. Men ökde awçy bolmasam-da towşandyr, käkilik atan bolýardym. Çolugyma Berdi diýerdiler. Ol ýaş oglandy, bir aýdanymy iki gaýtalatmazdy, düşbüjedi. Günlerde bir gün nahar taýýarlap, Berdini çagyrmak üçin egnime ýeke nilli tüpeñimi alyp esli ýere gitdim. Ýol boýy aýdyma hiñlenip gelýärin. Goşa 300 metr çemesi golaýlaşanymda, meniñ gözüm kiçiräk tümmegiñ üstünde oturan iki sany maral käkilige düşdi. Käkilikler owadandy, dag käkiligine garanyñda tas iki essä golaý ulurakdy. Men olara tarap bilesigelijilik bilen golaýlaşsam-da, olar menden kän bir gaçyp durmadylar. Şonuñ üçin ur-tut käkilikleriñ golaýyna baryp tüpeñime ok saldym, soñra hem çakmagymy çekdim-de, nyşana aldym hem-de iki käkilik bir nokada gelen dessine mäşäni gysyp goýberdim. Ylgap tümmege barsam, bir käkilik ganatyny ýaýyp, ölüp ýatyr. Halallyk üçin damagyny çaldym-da, ony alyp, goşa tarap gaýdyberdim. Ýolda gelýärkäm "Etimiz-ä kändi, şu käkiligi atmaly hem däl ekeni, aý gara nebsimi saklap bilmän, ataýdym-da, aw eti delje etdir-dä" diýip, içimi gepledip gelýän. Onýança Berdijanam ýetip geldi. Bir seretsek, biziñ bäş-alty ädimlik gapdalymyzda ýañky meniñ atan käkiligimiñ taýy dur. Meniñ uran käkiligim erkek käkilikdi. Ol mese-mälim bildirip durdy. Mäkiýan käkilik bolsa taýyny ýitirip, meniñ yzyma düşüp gaýdyberipdir. "Taýymy aldyñyz, indi menem nätseñiz şeýdiñ" diýýän ýaly gös-göni goşa gelip, gorkman-ürkmän golaýjygymyzda dur. Men bu ahwalata bir hili bolup, elimdäki käkiligi taýyna tarap zyñyp goýberdim. Ýöne käkilik ýerinden gymyldaýynam diýenokdy. Berdi oña tarap birki ädim ätdi-de: - Muña seret-le, ol hakyt aglap dur - diýip, geñ galyjylyk bilen meniñ ýüzüme seretdi. Menem käkilige golaýlaşyp seretsem, hakykatdanam onuñ gözlerine ýaş aýlanypdyr. Ýüregim ersip gitdi. Ýöne etjek alajym ýokdy. Meniñ ýöwselläp durşuma gynanjyndanmy, nämemi, Berdi birden: - Gara däde, aý, bolanyna görä bu janawary-da tüpeñläýsek nädýä? - diýdi-de, tüpeñe tarap ýöneldi. Ol tüpeñi eline alyp, oña ok salmakçy boldy. Men öñki gynanjyma näderimi bilmän durkam Berdijanyñ bolşuna gaharlanyp, tüpeñi onuñ elinden aldym-da, hol beýläk taşlap goýberdim. Käkilik bolsa "Ýüregim-ä paraladyñyz, indi janymam alyñ-da" diýýän ýaly garaja gözlerinden ýaş döküp durşuna duran ýerinden gymyldanokdam. - Meniñ mäkiýan käkiligiñ bolup durşyna damagym dolup: "Eý Tañrym, men bir hata iş etdim. Bu bir tötänlikden boldy. Meni bagyşlaweri, eden günämi geçeweri" diýip pyşyrdadym. Eger men başarýan bolsam şol wagt ölen käkilige jan berip, deregine özüm ölmäge taýýardym. Emma tebigatyñ öz kanuny bar. Şol wakadan soñ ýene 3-4 gün dagy şu ýerde bolduk. Her günem mäkiýan käkiligiñ bize naýynjar seredip duranlygyna gözümiz düşýärdi. Goýun itlerimizem şol käkiligi gördügi bir çyñsaýardylar-da, ýatyberýärdiler. Haýwanlaram bir-biriniñ ýagdaýyna düşünýän bolara çemeli. Ona rehimleri gelýän ýaly azar bermeýärdiler. Bir gün Berdijana "Aý, şol guş ýaralanan bolaýmasyn, bar, gör" diýdim. Ol tutjak bolsa käkilik uçup añyrrak süýşdi. Sag ekeni. Onuñ saglygyna ikimizem begendik. Yzyndan hem ýanyna bir gysym tüwi ownugyny sepdik we bir taññyr suw goýduk. Hiç haýsyndanam datmady. Şundan soñ men çolugyma "Berdijan, bu ýerden göçelim men mundan artyk bu ýerde galyp biljek däl" diýdim. Şeýdip goşlarymyzy düýä ýükläp göçme bilen bolduk. Şonda men öz içimden galan ömrümde aw atmajaklygyma kasam içdim. Hawa, ondan bäri tegelek çärýek asyr geçdi. Onda-da men şol wakany asyl hakydamdan çykaryp bilemok. Özem göwnüme bolmasa şol mäkiýan käkilik häzir-häzirlerem şol goýun bakan gyrymda taýyny gözläp ýören ýaly bolup dur - diýip, ýaşuly çopan gürrüñini tamamlady. Nepesdurdy NURJANOW. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |