10:30 Mamatgeriý / abhaz ýazgylaryndan | |
MAMATGERIÝ
Hekaýalar
Dag jülgesinde ýerleşýän Lata obasynda Marşan Laşw atly atly bir adam ýaşaýardy. Ol betgörk adamdy, keltejikdi, bir gözem kördi. Muňa garamazdan ol batyrdy, garadangaýtmazdy, güýçlüdi. Onuň ýeketäk gowy görýän dosty Atajuk Mamatgeriý atly çerkesdi. Öýlenmegi ýüregine düwen döwri Laşwanyň otuz ýaşy dolupdy. Ol wagtlar abhazlylar maşgala gurmaga o diýen howlukmazdylar. Laşw, Marona atly ýaş gözeli söýýärdi we iki ýyl bäri şol gyzyň ýigidi hasaplanylýardy. Emma bellenilen toý gününe bir aý galanda Marona başga bir ýigide göwün berip, şonuň bilen hem gaçyp gitdi. Maronanyň göwün beren şol ýigidi bolsa Laşwyň iň ýakyn dosty çerkes ýigidi Mamatgeriý bolup çykdy! Maronanyň gaçyp gitmegi diňe bir Laşwyň şahsy betbagtçylygy bolman, eýsem Marşanlaryň tutuş kowumy muny özleriniň namysyna degildi hasap etdi. Şeýle bolansoň, olar Laşwa herhili igençli sözler aýdyp, aryny almagyny ondan talap edýärdiler. Marşan Laşwy “pislenen ýigit” diýip atlandyrdylar. Bu masgaralaýjy ady ol ep-esli wagtlap göterdi. Şonda-da Laşw kemsidilmäni sesini çykarman çekýärdi, ýöne ol adamlaryň arasynda görünmegini azaltdy. Emma bir gije Marşan Laşw hiç kime hiç zat aýtman obadan ýitirim boldy. Atajuk Mamatgeriý bolsa Laşwyň hökman ar aljakdygyny bilýärdi. Biriniň gelinligini elinden almakdanam beter kemsidilme bormy? Mamatgeriý howpuň öňçnden gaçmak niýeti bilen jaýynyň daşyna daşdan beýik haýat aýlady. Şeýle-de bolsa, Laşwa gijäniň içinde beýik haýatdan aşyp, duşmanynyň öýüne duýdansyz girmeklik başartdy. Ol Mamatgeriniň ýatýan otagyna sessiz golaýlaşdy-da, gapyny kakdy. Gapy açyldy. Laşwyň öňünde öý eýesi, onuň öňki dosty içki eşikde ukuly halda peýda boldy. Mamatgeriý Laşwy tanandan gorkdy-da, yza tesdi. Laşw bolsa onuň yzy bilen otagyň içine, Maronanyň ýatýan ýerine tarap ätledi. - Hoş geldiň! – diýip, Mamatgeriý gorkuly hümürdedi. - Hoş gelenimi-gelmänimi, ynhe, göreris – diýip, Laşw jogap berende, çala ýylgyran ýaly etdi. Soňra bolsa gorkudan ýaňa zähresi ýarylan Marona garap: - Sizi biynjalyk edenim üçin bagyşlaň! – diýdi. Ol ýene Mamatgerä garap, buýruk beriji äheňde: - Geýin çaltrak! Içki eşikdekäň seniň bilen gürleşip bilemok – diýdi. Mamatgeriý derrew geýindi. - Diňle – diýip, Laşw esasy meselä geçdi. – Bu aýal diňe daş görnüşiň meniňkiden artykmaçlygy üçin seni saýlady. Häzir bolsa kimiň güýjüniň artykdygyny görsün. Şert şeýle: eger sen ýyksaň meni nätseň şeýt. Ýöne weli – men ýyksam, onda seniň gulagyňy keserin. Daýaw Mamatgeriý çalasyn Laşw bilen uzak wagtlap göreşdi. Ýöne ahyry çydaman Laşwyň urgysyndan ýykyldy. Şondan soň ol boýun bolup dyzyna çökdi. Laşw bolsa pyçagyny çykaryp Maronanyň gözüniň alnynda äriniň sag gulagyny kesip aýyrdy. Soňra Laşw är-aýala baş egdi-de, şeýle diýdi: - Hoş galyň! Ynha, indi men siziň bilen hasaplaşdym. Marşan Laşw gitdi. Ol öz obasyna dolanyp geldi. Garyndaşlary ýene öňküleri ýaly “pislenen ýigit” diýip, onuň üstünden gülmeklerini goýanokdylar. Ýöne indi welin, ähli kemsitmeler Laşwyň piňine-de däldi. Şol günleriň birinde Mamatgeriý, Marşan Laşwyň öz ýeňşi barada öwünligini-öwünmeýänligini bilmäge Lata obasyna adamlaryny ýollady. Çerkesler öz garyndaşlaryna myhmançylyga gelýän hökmünde Lata obasyna geldiler. Laşwyň sesini çykarman, ähli kemsitmeleri çekip ýörendigini görübem, yzlaryna gitdiler. Günleriň birinde Mamatgeriniň baştutanlygynda birnäçe atlynyň Lata gelenini gören millet haýran galdy. Hemmeler muny görlüp-eşidilmedik gödeklik, özem adamy masgaralamaklyk bilen barabar gödeklik diýip hasaplady. Ähli kişi indi gutulgysyz gandöküşiklige garaşýardy. Goja Tapagwa Aýbanyňkyda düşlän Mamatgeriý garaşylman durka obanyň ähli erkek adamsyny nahara çagyrdy. Geň galan oba adamlary Aýbanyň howlusyna ýygnandy. Olaryň öňünden Mamatgeriý çykyp, söze başlady: - Adamlar, sizi bu ýere çagyrmagymyň degerli sebäbi bar. Men Marşan Laşwy kemsitdim, onuň öz kemsidilmeginden nähili ýol bilen halas bolanlygy barada bolsa siziň hemmäňize eşitdirip aýtmagy niýet edindim. Ol öz aryny bireýýäm alan-da bolsa, bu barada hiç kime hem aýtman, adamlaryň öz üstünden gülmegine döz gelip ýörüpdir. Ol aryny alanlygy barada öwünmändirem, men barada-da hiç zat aýtmandyr. Ynha, bu gün men size Laşwaňyzyň batyr hem kiçigöwünli adamdygyny, şeýle hem siziň bütin Marşanlar kowumyňyzy masgaraçylykdan dyndaranlygyny aýtmaga geldim. Mamatgeriý başlygyny sypyryp aýyrdy-da, adamlara özüniň sag gulagynyň ýerindäki elhenç ýara yzyny görkezdi. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |