1975-nji ýylyň sentýabr aýynyň soňky günleriniň birinde Balkan welaýatynda belli ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşyklary geçirilýärdi. Aşgabatdan Balkan welaýatyna öz döreden eserleri barada okyjylar bilen pikir alyşmaga gelen ýazyjy-şahyrlaryň arasaynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow hem bardy.
Bu döredijilik duşuşygyna gatnaşýan ýazyjy-şahyrlar Gyzylsuw obasyna motorly gämi bilen gitmeli boldular. Sebäbi bu ýarym adanyň gury ýer bilen çäkleşýän bölegi gämi gatnawy üçin gazylypdy. Ýazyjy-şahyrlar ilki bilen mekdepde, soňra medeniýet öýünde döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Çeper söze sarpa goýup, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan okyjylar köpçüligi olaryň öz döredijiligi barada berýän gürrüňlerini, täze döreden goşgularyny üns bilen diňlediler.
Sahna belli şahyr Gurbannazar Ezizow geldi. Uly zaly tutup oturan okyjylar şahyry uly şowhun bilen garşy aldylar. Ol öz döreden goşgularyny okady. Onuň goşgulary adamlaryň kalbyna ýol salýardy. Olarda millilik, türkmen halkyna, mähriban Watanymyza, owadan zenanlarymyza, ajaýyp tebigatymyza bolan söýgi öz beýänyny tapýardy. Ruhy lezzetden teşneligini gandyran okyjylaryň şatlygynyň çägi ýokdy.
Duşuşygyň ahyrynda şahyr: “Biz ýene-de Size täze goşgularymyzy okap bereris. Siziň bilen döredijilik duşuşygyny geçireris diýdi”. Soňra ol öz döreden “Dört gözel” goşgusyny okady. Goşgy akgynly okalýardy. Şahyr goşgyny labyzly okamagy ussatlarça başarýardy. Bu onuň täze ýazan goşgularynyň biri bolansaň, ol ony ilkinji gezek okaýardy. Ol goşgyny okap bolandan soňra zalda oturan okyjylar el çarpmak bilen şahyrdan ýene-de täze goşgularyny okamagy haýyş etdiler.
Talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýän Gurbannazar Ezizowy döredijilik bilen meşgullanýan balkanlylar “Edebiýat we sungat” gazetiniň şygryýet bölüminiň müdiri bolup işlän döwründen bäri tanaýardylar. Onuň «Türkmen sährasy», «Daglar» ýaly goşgulary halk arasynda söýülip okalýady. Olara meşhur sazanda Nury Halmämmedow saz ýazandan soň owazasy alyslara ýaýrady. Şahyryň «Güýz» we «Serpaý» atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, poemalary sahnalaşdyrylypdy.
Gurbannazar Ezizow çeperçilik serişdelerini, goşgy ýazylyş tärini ulanmakda özboluşlyly ugry saýlap alypdy.
2.
Megerem şonuň üçin bolsa gerek, onuň ýazan goşgularynyň her bir setiri çeperligi, çuň manylylygy bilen tapawutlanýardy. Gurbannazar Ezizow Ýazyjylar birleşiginiň Balkan welaýaty boýunça geňeşçisi, dürli ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň redaksiýalarynda, Ýazyjylar birleşiginde, Medeniýet ministrliginde dürli wezipelerde işlän, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýew bilen döredijilik duşuşyklaryny gurnap, olar bilen özara pikir alşardy. Zerur bolan halatynda ýaş awtorlara degerli maslahatlary, kömek- ýardamlary berip durýardy. Şol döwürde Sary Näzmeňliewiň, Baýmyrat Toýmyradowyň, Taganmyrat Goňurowyň, Annasoltan Gurdowanyň, Annagylyç Esenowyň, Amandurdy Gullaewiň, Orazmuhammet Begliýewiň döreden eserleriniň gazet-jurnallarda çap edilip, okyjylara ýetirilmegini gazanypdy.
Taganmyrat Goňurow geçen asyryň 70-njy ýyllarynda “Zähmetkeşler sesi” atly etrapara gazetiniň habarçysy bolup işledi. Şol ýyllarda etrapara gazetinde çap edilen degişmäm häzire çenli şahsy gaznamda saklanýar. Soň bir sapar atdaşym Baýramgulyýewiň “Mugallymlar gazetinde” “Gölejik”atly goşgusy, meniň “Pioner” jurnalynda “ Meniň ejem” atly makalam çap edildi. Şonda Taganmyrat aga bizden beter begenip bizi gutlapdy.
Zehinli galamgär Taganmyrat Goňurow bilen döredijilik aragatnaşygymyz onuň Berekediň medeniýet bölüminde, “Zähmetkeşler sesi”, ”Zähmet baýdagy”, “Halk sesi”, “Hazyna” gezetlerinde, “Nebitdag” telestudiýasynda, Balkan welaýat müdirliginde işlän döwründe hem saklandy.
...1975-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyrky günleriniň howasy çigrekdi. Türkmenistanda Rossiýa Federasiýasynyň medeniýet günleri dowam edýärdi. Ýazyjy-şahyrlaryň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Medeniýet öýünde , “Balkanbalyk” önümçilik kombinatynda bolup geçen çykyşlar halk tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Gyzylsuw adasynyň ilaty bilen geçirilen duşuşykdan soňra olar Bereket etrabynda döredijilik duşuşygyny geçirmelidiler.
Şol gün Taganmyrat Goňurow döredijilik bilen meşgullanýan adamlary şäher kitaphanasynyň okyjylar zalyna ýygnady. Duşuşyga gelýän döredijilik toparynyň arasynda gymmatly maslahatçymyz şahyr Gurbannazar Ezizowyň bardygy bizde uly gyzyklanma döredýärdi.
Gün öýleden agsa-da myhmanlardan habar ýokdy. Bir daşary çykyp, bir kitaphana girip, karar tapman ýören Taganmyrat aganyň aladasynyň ýetikdigini daşyndan aňmak kyn däldi.
3.
Etrabyň obalarynyň birinden gelen awtorlaryň biri gaýta-gaýta sagada seredýändigimi gördi-de:
- Söýgüliň bilen duşuşmaga howlugýarsyň öýdýän?-diýip, degişmek isledi.
- Dädem hassahanada, çaý-nahar eltmeli - diýip gönümden gelenimde, ol ýerliksiz degişmesi üçin ötünç sorady.
Tizara Taganmyrat Goňurow geldi-de, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygynyň başga bir güne geçirilýändigini habar berdi.
Şol gün, ýagny 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Eziziow aradan çykdy diýen ajy habary eşidenimizde ýüregimiz sarsyp gitdi.
Hawa, wagt garaşmaýar. Ondan bäri 43 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Göwnüme bolmasa, şol ýatda galan ýakymly günler edil düýn bolup geçen ýaly hakydamyzda saklanýar.
Bereket etrabynyň çäginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Eziziowyň hormatyna bina edilen ýadygärlik bar. Onuň daş-töweregin hemişelik gök öwüsýän baglar bezeýär. Bu ýere gelýänler halk şahyryny hormatlap onuň ýad ygärligine gül çemenlerini goýýarlar.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri gysga, emma manyly boldy. Ýaşan ömründe öz ajaýyp goşgulary bilen okyjylaryň, söýgüsini gazanmaga ýetişen halk şahyry baradaky ýakymly ýatlamalar kalplarda ýaşaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze röwüşde dikelmegi bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Eziziowy döredijiligi hem öz ähmiýetini ýitirmäni okyjylara täze işlerde badalga berýär.
Gurbannazar Ezizow barada megerem, ondan soňky türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ýazmadygy, oýlanmadygy ýok bolsa gerek. Türkmen edebiýatynda Gurbannazar Ezizowyň fenomeni barada meniň şahsy pikirim: Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň edebi-çeper beýany, Edebiýat Tükeniksizliginde Täze Älem; Gurbannazar Ezizow hem şeýle. Magtymguly Pyragydan soň türkmen şahyrlarynyň hemmesi şonuň ýolundan ýörediler, Mämmetweli Kemine aýtmyşlaýyn onuň orup giden şygryýet meýdanynyň hoşasyny çöplediler. Gurbannazar Ezizowdan soň her bir türkmen şahyrynyň diýen ýaly döredijiliginde şonuň äheňlerini duýmak bolýar. Ol ýa-da beýleki bir derejede...
Gynandyrýan ýeri, hakdan içen şahyrlaryň setirlerini näçe güýçli terjimeçi bolanda-da, ene dilindäki ýaly "jadysyny" saklap galyp terjime edip bolmaýar. Ine şol hem biziň Gurbannazarymyzyň dünýä meşhur bolmagyna biraz bökdençlik döredýär... Ýöne Magtymguly Pyragynyň adynyň dünýä jar bolýan döwrä gelip ýetdi. Gurbannazar neressäniň hem adynyň jahana doljak öz wagty bardyr-da...
Günde näçe düýş görülýär jahanda? Müňmi? Millionmy? Aslynda kim ony sanap bilipdir. Düýş bize gerekli iň zerur zatlaň Ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdir. Towuk dary görermişin düýşünde, Asman ýeri görermişin düýşünde; Söýmedikleň görýäni söýülmedik bir juwan, Şäherleriň görýäni çyg basan
uzak meýdan, Planeta şol aýlanar ýörermiş Hem düýşünde rahatlygy görermiş. Her kimiň öz iň zerur Düýşi bolýar. Geň zatlar! Geçen uly uruşdan gaýdyp gelýär düýşünde Ölen soldatlar.
Terjimesi: Эзизов Курбанназар Сны Сколько еженочно видят снов: Сотни, тысячи, миллионы?.. Отзвуки неизречённых слов, Зеркала поступков несвершённых… Небосводу грезится земля, А земле — бездонность небосвода. Ночью бредят городом поля Или снится городу природа. Только матерям и вдовам сны Бесконечно дороги и святы: В грёзах возвращаются с войны Наяву убитые солдаты. Перевод с туркменского Анисима Кронгауза
Ýer bilen gök ýaly. Türkmen dilinde jadyly mukam bolsa, başga dile geçýär welin, adaty bir kapyýalaşdyrylan, bogun sany, sazlaşygy saklanan setirlere öwrülýär. Özem bu terjimeçiniň günäsi däl. Bu ýerde başga bir zat bar. Şahyryň şol setirleri ýazandaky başyndan geçiren duýgulary ýitýärmi nämemi...
Dogry, şygyr, manysyny has anyk bermek maksady bilen terjime edilipdir. Ýöne onuň asyl nusgasynda "aýdylmadyk sözleriň ýaňy", "gaýrylmadyk işleriň aýnadaky salgymy", "asmanyň düýpsüzligini düýşünde görýän zemin", "gijelerine şäher bilen samraýan meýdan", "tebigaty düýşünde görýän şäher", "eneleriň we dullaryň düýşi", "olaryň tükeniksiz gymmatlygy hem mukaddesligi" barada hiç hili sözler ýok. Dogry asylky şygryň ritmi, gussaly pafosy birazajyk saklanyp galypdyr. Emma hakdan içen şahyryň genial hem üýtgeşik setirleri adaty bir, öňem köp gaýtalanandygy sebäpli ýitiligini ýitiren setirlere öwrülipdir.
Terjimede bolsa hany "düýşleriň bize gerekli iň zerur zatlaň ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdigi", "düýşünde dary görýän towuk", "söýmedikleň görýän söýülmedik bir juwany", planeta, rahatlyk, her kimiň öz zerur düýşi hakdaky çuňňur pelsepeden doly setirleri?! Aslynda bu goşgy diňe ýöne öňem köp gaýtalanan eneleriň we dul zenanlaryň uruşda wepat bolanlar baradaky agysymyka?! Ýok, asyl nusgasynda bu şygyr has çuňňur mana eýe. Üns berilse, hakdan içen şahyr "iň zerur düýşler", "iň zerur zatlar" diýen sözleri ýönelige gaýtalamaýar. Bu şygyrda wepat bolanlaryň hakydasyny mukaddes tutmakdanam has aňyrda ýatan has uly ideýa bar: Uruş bu - Aýylganç bela! Unutmaň! Wepat bolanlar düýşleriň üsti bilenem bolsa size - nesillerine iň zerur zadyň parahatçylykdygyny ýatladýarlar!
Aslynda, ýeri gelende bellemeli bir ýagdaý. Meniň pikirimçe, edebiýatyň haýsy žanrynda bolsun, tapawudy ýok, okyjyny aglatmakdan aňsat zat ýok. Duýgy gyjyklaýjy sözleri ulanmak hünärini çala eline alan islendik şahyr, ýazyjy, dramaturg okyjynyň gözüne ýaş aýlamagyň hötdesinden gelýär. Güldürmek ondan has kyn. Ýöne ony hem birnemejik zehiniň we azda-kän-de durmuşy tejribäň hem okumyşlygyň bolsa başaryp bolýar. Oýlandyrmak ol ikisine görä, çetinräk. Hasam okyja özüň şol eseri ýazýançydygyň berýän artykmaçlygyndan peýdalanyp, öz pikiriňi, dünýägaraýşyňy dakman, özüňi güberçekledip öňe çykarman, seniň nähili akyllydygyňy, köp bilýändigiňi, inçe duýgulydygyňy sereşläp oturman. Iň kynam okyjynyň ýüreginde ýumşak hem kinaýaly gussa döredip, öz isleýän pikiriňe (meseläňe) onuň ünsüni çekmek, şol meselä düşünmäge oňa ýardam bermek we onuň özüniň şol mesele boýunça adamçylyk kowahatyna sygýan netijäni çykarmagyna mümkinçilik döretmek. Şol bir wagtda-da okyjynyň ýüregine düşmezlik. Muny ine Kömek Kulyýew ýokary ussatlyk bilen başarýar. Rus edebiýatynda Puşkin, Turgenew, Çehow, Ilf we Petrow dagylaryň eserleri şeýle. Ýene-de Agageldi Allanazarowyň eserlerinde şu şertler berjaý edilýär. Gepiň kelte ýeri, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary hem şeýle.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]