23:59 Marsly diktatordan halas bolmagyñ ýollary | |
MARSLY DIKTATORDAN HALAS BOLMAGYÑ ÝOLLARY
Geň-taňsy wakalar
"Kosmosyñ alyslyklaryna gidip bilmesegem, ol ýerde gabat geljek problemalaryñ näme bolup biljekdigi hakda pikir ýöretmäge mümkinçiligimiz bar." Charles Cockell Londonda alymlardan, inženerlerden, sosiologlardan, ýazyjylardan, filosoflardan düzülen topar ("British Interplanetary Society") saýry dünýälileriñ despotik režim gurjak bolup dünýäni basyp almaga synanyşmasy ýaly wawwaly ähtimallygyñ üstünde "kelle döwýärler". Bu eýýäm Ýer togalagyndan daşarky dünýädäki ýaşaýyşyñ erkinligi bilen baglanşykly geçirilýän üçünji konferensiýa... Geçen ýyl kosmoslylar bilen ylalaşyk baglaşmak we ähli kosmos koloniýalarynyñ arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin kabul edilmegi hökmany kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Üstümizdäki ýyl bolsa gurlan hökümetden hoşal bolunmadyk ýagdaýda nämeleri edip boljakdygynyñ üstünde pikir alşyldy. Geçirilen duşuşyklar netijesinde gelnen çözgütler tezisler görnüşinde çap edilmegine garaşylýar. Şeýlelikde geljegiñ kosmos ýolagçylary üçin ýol görkeziji-gollanma çeşmeler taýýarlamak göz öñüne tutulýar. Cockell geçirilen bu çekişmeleriñ kosmosdan daşarky ýaşaýyşda erkinligiñ hatyrasyna orta atylan ilkinji pikirlerdigini aýdýar. Şeýtmek bilen duş gelip biläýjek kynçylyklary öñünden biler ýaly edilýär. Kosmos koloniýalarynyñ nämä meñzeş bolup biljegini çaklanymyzda, toparyñ orta atýan heläkçilik senariýalary aslynda göz öñümize ilkinji nobatda gelip biljek problemalaryñ başy bolaýmasa diýdirýär. Depämizde ullakan gorag gümmezini göz öñüne getiriñ: ol tozanly Mars atmosferasynyñ astyndaky binalary goraýar we dogduk mekany Ýer togalagynda galan adamlar bu "gümmeziñ" astynda dem alýarlar. Goragsyz adamlaryñ sorýan kislorodyny öndürýän generatoryñ gözegçiliginiñ rehim-şepagatsyz diktatoryñ eline geçmegi bu senariýalara mysal görkezilip bilner. Cockelliñ pikirine görä, bular ýaly ýagdaýda gahar-gazaba ýugrulan garşylyk bermegiñ hiç hili manysy ýok! Hökümetden nägiledigi üçin rewolýusion öwrülişigiñ başyny başlan biri ýaşaýan ýerini ýykyp-ýumrup başlasa - ýekeje ýerde penjirelere zelel ýetip döwüler we içerik şol saýýaranyñ howa basyşy kürsäp urar, netijede kisloroddan nam-nyşan galmaz, hemmeler gyrlar. Cockell kosmosyñ tolgunşygyñ dünýädäki bolşundan has ýykgynçylykly geçjekdigine ünsi çekýär. Protestleriñ uludan-kiçä hemmäniñ ölümine sebäp boljak ýagdaýynda, eýsem nädip garşysyna çykyp bolarka? Ilkinji nobatda diktatyñ hiç bir ýagdaýda orta çykmazlygyny üpjün etmek arkaly! Garşy çykma düzgünini döwletiñ kanunlary bilen kadalaşdyryp, eden-etdilik bolmazdan ýola goýmak gerek. Muny bolsa guramaçylykly işçi güýjüniñ (meselem, edara-kärhanalaryñ) ýa-da metbugatyñ öñbaşçy bolan şertlerinde amala aşyryp bolar. Kosmosda despot ýolbaşçylar bilen deñ derejede hususy firmalar hem howply bolar. Şonuñ üçin howa, suw, güýç rezerwlerine ýeke-täk merkezden gözegçilik edilmezligi, ätiýaçlandyrylmagy iññän möhüm. Şeýlelikde bu ähmiýetli zerurlyklara bagly goragsyzlyk we şowsuzlyk ähtimallygy ep-esli möçberde peseldiler hem-de merkezi gözegçilikden goralar. Hususy firmalaryñam azyndan diktatorlar ýaly wagşy bolup biljekdigi nazara alnanda, dünýädäki iş we işçi baradaky kanunlaryñ ýeterlik bolmajagy görnetin belli. Aýdaly, edara-kärhanalarda işçiler iş taşlaýyş yglan edýär. Kärhana "Iş göwnüñe ýaramaýan bolsa, islän ýeriñe gidip bilersiñ!" diýip, işçini kosmosdaky howa boşlugyna taşlap biler. Diýseñ çalt çözgüt! Dünýäde (iñ bolmanda demokratik ýurtlarda) azatlyklar we işçileriñ dürli hak-hukuklarydyr kanunlar kämil derejede ösenem bolsa, bulara kosmos şertlerine görä üýtgeşme girizmeli bolar. Kosmos şertleri dünýädäkiden kän üýtgeşik we gulçulyk bilen azatlygyñ arasynda inçe sazlaşyk bar. Hemmeleriñ uzakly gün işsiz oturyp, "ýatan çöpi galdyrman" wagtyny geçirjek kosmos koloniýasy bolsa, ýaşaýyşy dowam etdirmek üçin o diýen gowulyklary wada bermeýär. Hem-ä raýatlaryñ azatlygyny gorap, hemem kosmosyñ ölüm howply şertlerinden goranmak üçin juda oýlanşykly hereket etmeli bolar. Ylmy we resmi taýdan bu düşünjeleriñ üstünde ýañy-ýañy jedelleşilip başlananam bolsa, ylmy-fantastiki žanryñ ýazyjylary uzak wagtdan bäri bu temanyñ üstünde pikirlenýärler. Londonda geçirilen konferensiýa gatnaşan delegatlardan meşhur fantast ýazyjy Stiwen Baksteriñ 2010-njy ýylda çapdan çykan "Ark" romanynda bütin dünýäni holtumyna düýrläp dykan suw-sil joşguny netijesinde millionlarça adamyñ ölen ýagdaýynda, iñ bolmanda az sanly adamyñ halas edilip kosmosdaky koloniýa durmuşyna äkidilmeginden we ýokarda agzalanlara meñzeş hökümet meseleleriniñ orta çykyşyndan söz açylýar. Romanda ýaşlaryñ birnäçesiniñ kosmosa gitmek üçin meýletin ýüz tutuşy we gidenden soñ ol ýeriñ kyn şertlerinde kösenişleri gyzykly gürrüñ berilýär. Bakster romanyñ mazmunyny şeýle düşündirýär: "Ilkibaşda harby düzgün agalyk edip durka, taraplaryñ razylygy bilen has özygtyýarly hökümet iş başyna geçýär, emma pikir edilşi ýaly bolmaýar, suw rezerwini eýelän biri özüni lider diýip yglan edýär we gözegçiligi ele alýar." Konferensiýada ara alnyp maslahatlaşylanlara diýseñ meñzeş wakalar romanda-da bar. Romanda koloniýa durmuşynyñ ýagdaýyna nägilelik bildirýän ýaşlar gozgalañ turuzmaga meýillense, käbirleri kosmosda gezip ýörendiklerine-de ynanman, özlerini tussag edilendir öýdüp başlaýar. Bakster "kapasa gabalan jemgyýeti" kemala getirmegiñ görlüp-eşdilmedik derejede täsin inisiatiwadygyny aýdýar. "Añ-düşünje synaglary üçin diýseñ amatly tema!" Kosmos ynkylaby temasyndan ýazylan ilkinji eserleriñ biri-de Jack Williamsonyñ geçen asyryñ otuzynjy ýyllarynda ýazan "The Birth of a New Republic" romanydyr. Romanda jemgyýetde bolup geçýän tolgunşyklary Aý bilen Ýer togalagynyñ arasynda sýužetleşdirip öwrenýär. Robert Heinleiniñ 1966-njy ýylda çapdan çykan "The Moon is a Harsh Mistress" romanynda bolsa Aý tussaghana hökmünde ulanylýar we tussaglar kislorod rezerwini-de gözegçiliginde saklaýan rehim-şepagatsyz gözegçiniñ ygtyýaryna berilýär. Dünýädäki yklymara, tebigy şertler we energetika rezerwlerine bolan talaplaryñ çaltlyk bilen artmagy göz öñüne tutulanda, täze saýýaranyñ gözlegine çykmak gutulgysyz ýaly bolup görünýär. Ýöne ýapyk gapylaryñ añyrsyndaky käbir şahslaryñ we jemgyýetleriñ muña nähili garajagy häzirlikçe nämälimligine galýar. Täze saýýarada täze siwilizasiýa gurmak üçin kolonial düzgüne geçjek bolsak, ähli hasaplary öñünden doly we dogry oýlanyp-ölçermeli bolarys. Bolup biläýjek ähli ýagdaýlary nazara alyp, täze taslamalary işläp düzmeli we taýýarlykly bolmaly. Tersine bolanda, uly umyt bilen garaşylan bu maksatnamamyzam şowsuzluga uçrap biler. Şowsuzlygyñ getirjek ýykgynçylygynyñ öñünde durmaga bolsa çaklamalarymyz ejiz geler. 24.07.2015. Çeşme: bbc.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||