MASLAHATLAŞDYLAR
Direktor elinde saklap duran gazetinden ýüzüni aýyrman, kaşañ kabinete ýygnanyşanlara ýene-de bir gezek, öz aýdyşy ýaly, "açgisiniñ" üstaşyry göz aýlady-da, gapdala eglibräk, okuw işleri baradaky orunbasarynyñ gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Soñundanam, hemişeki edähetine görä, birki gezek batly ardynjyrap, söze başlady:
- Obşam ýoldaşlar, biz şu gün ör-rän wažnyý bir meseläni - dil hakyndaky kanunyñ proýektini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandyk. Nedawno şol proýektiñ gazetlerde çap edileninden-ä hemmäñiziñ habaryñyz bardyr. - Direktor elindäki epini ýazylmadyk gazeti ýokary galdyrdy-da, sözüniñ üstüni ýetirdi: - Obşam, ýoldaşlar, proýektde osnownoý rodnoý dilimizi ösdürmek barada aýdylýar. Men gürrüñi uzaldyp, olaryñ hemmesini size detalno gürrüñ berip durjak däl. Onu hemmäñizem okansyñyz gazetlerden. Şeýle dälmi?
Oturanlaryñ ählisi "hawa" diýen terzde baş atdylar. Direktor göwnühoş ýylgyryp, sözüni dowam etdi:
- Ta-ak, onda proýekt barada her kim aýdybermeli öz mneniýasyny. Hany, kim başlajak?
Birbada kabinetiñ içine ümsümlik aralaşdy. Hemmeler pikirini bir ýere çugdamlaýan ýaly, aşak bakyp dymdylar. Diñe niredendir bir ýerden aýnanyñ öñünde peýda bolan äpet gara siñek ilkinji sözi alan dek, düşnüksiz wyzzyldady. Emma oña diñe hol çüñkde gysmyljyrap oturan jaý süpüriji Näzik daýza mojugy bilen alarylyp bir seretdi diýäýmeseñ, epeý-epeý pyýadalaryñ hiçisi gabagyny-da galdyrmady. Gaýtam, her kim aşak bakyp oturyşyna düşnüksiz wyzzylda meýmiredi.
Ara düşen dymyşlygy ahyr direktoryñ özi bozdy:
- Nu-u, uzak dymdyñyz-la?! Neuželi, gürlejegiñiz ýok. - Onuñ nazary türkmen dili we edebiýaty sapagyndan okadýan mugallyma kaklyşdy: - Myradow, dawaý, sen aýt öz mneniýañy!
Bie gapdalda oturan orta ýaşlaryndaky daýaw adam göwünli-göwünsiz ýerinden galdy. Äpet kellesini göwresine birikdirip duran gysgajyk boýnundan asan galstugyny sag eli bilen düzedişdirdi-de, söze başlady:
- Karoçiý, ýoldaşlar, men bu proýekti podderžiwat edýändigimi srazu aýdasym gelýär. Potomu çto, proýektiñ birinji maddasyny okanyñdan biziñ näçe ýyllap meçtat edip gelýän zadymyzyñ hasyl bolandygyna göz ýetirýärsiñ. - Ol öz sözleriniñ täsirini bilmek isläp, oturanlaryñ ýüzüne birlaý seredip çykdy. Hemmeleriñ sessiz-üýnsüz, burny deşilen ýaly bolup aşak bakyp oturyşlaryny görende, ony kanagatlanmak duýgusy gurşap aldy. Birneme ekezlenip, gürrüñini dowam etdi: - Dil halkyñ baýlygy. Wot, şol baýlygam tas ýitiripdik biz, ýoldaşlar. Gorodlarda dagy käbir türkmen semýalarynyñ çagalary ýeke agyzam bilenoklar öz rodnoý dilini. Öñem haýsydyr bir uçýonyý aýdyp geçipdir ahyryn, dilini ýitiren halkyñ özem ýok bolar diýip. Ör-rän prawilno aýdypdyr şol, görseñiz. Biziñem dilimizi ýitirmegimize çud-çud galdy. Söz zapasymyz çereçur azaldy, birnäçe sözlerimiz arhaizmleşdi. Hälem şü perestroýka diräýdi mañlaýymyzdan. Öz nasionalnyý dilimize gosudarstwennhý status aldyk.
Ýoldaşlar, biz oba ýerlerinde peredowikler, intelligensiýanyñ beýik wekilleri hasaplanýarys. Şonuñ üçinem öz rodnoý dilimizi mundan buýana-da ösdürmek, çistilemek üçin aktiw göreşmelidiris. Bu işde bize uly rol degişli bolup durýar...
Soñam mugallymlaryñ birnäçesi çykyp gürledi. Olaryñ ählisi-de kanunyñ taslamasyny tekrarladylar. Şonuñ bilenem maslahat tamamlanyp, gapydan kim öñ çykmaşak başlandy.
Sähel salymdan kaşañ kabinetde jaý süpüriji daýzanyñ bir özi galdy. Her näçe üns berse-de, häliden näme hakynda gürrüñ bolanuma oñly düşünip bilmän oturan Näzik daýza "Owf-f" edip ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, eline sübsesini aldy. Ähli gaharyny henizem düşnüksiz wyzzyldaýan siñekden çykardy...
1990 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Satiriki hekaýalar