00:28 Meledor / hekaýa | |
MELEDOR
Hekaýalar
1-nji bölüm Bu waka has irräk döwürde bolupdyr. Muny bir üýşmeleňde oturanlaryň arasynda, bedewli gürrüň gyzanda, atam pahyr ýatlapdy. Obamyzyň günbatar tarapynda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän gyrymsy we pürli agaçlardan ybarat gür tokaýlyk bardy. Onuň biraz içräginden günortadan demirgazyga uzaýan kerwen ýoly geçýärdi. Kämahallar şol ýoluň ugrunda birdenem duman ýaly bolup, ilki tozan göterilerdi, soňra düýe jaňlarynyň sesleri eşidilip, argyşa giden kerweniň öňi görnüp ugrardy. Kähalatlarda bolsa agyr kerweniň adamlary obanyň deňinde, golaýrak ýerde biraz wagtlyk düşlärdiler, şonda obanyň barlyrak adamlary ýörite ýola çykyp, olary myhman alardylar. Şonda bir gezek kerwen düşlände, uzyn boýly, agrasrak ýüzli, orta ýaşlaryndaky Kerwenbaşy Mollagarany uly iliň öňüne düşüp, köpüň garamatyny üstüne alyp ýören adamlaryň sargydy bilen ýanyna çagyryp: «Agam, seniň bilen maslahatlaşmaly derwaýys iş bar» diýip, ähli zatlary gürrüň berip, onuň uzak hem howatyrly ýola gitmegine sebäp bolupdyr. Onuň hakyky adyny tutýan ýokdy, ol Kerwenbaşy ady bilen tanalýardy. Mollagara şol wagtlar uzyn boýly, 55 ýaş töwereklerindäki daýaw adam ekeni. Onuň gelşikli, edenli syratyna, dogumly hereketine, gepine-gürrüňine Kerwenbaşynyň hem pisindi oturan bolara çemeli. «Bu möhüm iş saňa ynanylansoň, tabşyrylýandyr, senden kethudalaryň hem tamasy uludyr, hötdesinden gelersiň» diýen ekeni. Kerwenbaşynyň getiren habary Mollagarany gije köp wagta çenli ýatyrmady. Ol oýlandy, ýagdaýdan çykalga gözledi, etmeli işlerini akyl eleginden geçirip, ahyryn belli netijä gelip, giçden soň uka gitdi. Şol günüň ertesi daň saz beriberende, Mollagara ini-boýy metr ýarym ak ýüňe basylan keçäni açygrak dolap, bütinligine çykarylan goýun derisine saman dykylyp tikilen, ýedi-sekiz gulaç kementä baglanan derini hem atyň gerşine baglap, «Eý, Beýik Biribar, özüň goldaweri, aman-esen, abraý bilen işi bitirip gelmek hernä bize nesip etsin-dä» diýip, içini gepledip, atlanmakçy bolanda, obada «awçy» diýen lakam bilen tanalýan Toýly aga gelip, ony saklady: — Hany, dur, gel, şu töňňäniň üstünde oturyp, bir döwletli maslahat edeli, barýan ýoluň hatarlydyr, inim! — diýip, biraz eglenmegi towakga edýär. Mollagara: — Maslahat-a gowy-la, halypa, ýöne töwekgele Taňry ýardam edýändir-le — diýip, onuň ýüzüne seredip ýylgyrdy. Bu awçynyň özüniň köp ulanýan söz düzümidi. — Seniň juda dogumly häsiýetiňe men belet. Agşam Kerwenbaşy meni ähli zat barada habarly etdi. Bilýän, sen ugurtapyjy, gözsüz batyr, özdiýenli, ejizlejek gümanaň ýok, akylyňam ýetik, töwekgelçiligiňem. Bu bolşuň bilen, nesip bolsa, seniň işiň oňuna bolar. Ýöne şonda-da maslahatly gitseň ýalňyşmarsyň. Menem ýyrtyjy jandarlar bilen köp darkaş gurdum, ýöne, dogrusy-da, ýolbars bilen gabatlaşyp görmedim. Sen hany aýt, Sekillini iň soňky gezek haçan gördüň? — diýip, awçy köp manyly soragly nazaryny Mollagara dikdi. — Seniň diýjek bolýan pikiriňe düşünýän, halypa! Sekillini soňky ýola görenime bäş ýyl töwerek geçiberendir. Bu waka şeýle bolupdy. Şol gün awa säher çagy çykypdym. Tokaýyň içinden hyrlymy egnime atyp, pyýadalap ýarym gün ýol ýöredim. Yz çaldym. Aw ganly boldy. Ýöne garaşylmadyk ýerden öňümden çykan garagulak bar keýpimi uçurdy. Men bu duşuşygy şobada hem gowulyga ýormadym. Hereketimi dogumly hem taýýarlykly dowam ediberdim. Şonda atam pahyryň aýdanlary hakydama geldi. «Garagulak ýolbarsyň öňünden ýöräp, awuň üstünden eltip, hezzet edermiş. Ýolbars alan awundan garnyny doýransoň, seňkildäp ýola düşse, aňtap duran garagulak öwrülip gelip, galanyndan garbanýandyr» diýýärdi. «Gurt arkasyndan guş doýar» diýleni-dä. Soň ýene-de ol ýolbarsyň öňünden ýoluny dowam edýän ekeni. Gör-ä tebigatyň keramatyny! Şu pikirlere gümra bolup barýarkam, birdenem gözüm Sekillä düşmezmi. Ol äpet ýolbars çykypdyr. Ol meni görüp, hyrsyz hala geçdi-de, kellesini ýokary galdyryp, ses etdi. Aramyz on atanak çemesi bardy. Garagulak bolsa meniň çepimde, on bäş, ýigrimi atanak dagy gabat gapdalymdady. Olam ýyrtyjy jandar ahyryn, şeýle-de bolsa, men ondan gaty arkaýyndym, onuň ýolbarsyň awuna het edip bilmejegi anykdy. Aýaklarym diýenimi etmejek boldy. Eger ol Sekilli bolmadyk bolsa, sen-men ýok, maňa hüjüm edäýmegem gaty ahmal ahyryn. Şol pursat kelläme gelen pikir meni aljyraňňylykdan biraz saplady, ýa-ha gapdalymdaky agaja dyrmaşmalydy, ýa-da hyrla çalt erk etmelidi. Hyrlym çekime taýýardy, diňe gysajyny gysaýmalydy, seçmedan hem bilimdedi. Meniň mergenligime-de sen belet ahyryn. Bilmedim gorkudanmy ýa-ha begençden men: «Sekilli, bu men» diýip, iki ýola gygyrdym. Ýolbarsyň hyrsyz durky biraz gowşaşan ýaly hem boldy, men gymyldaman durdum. Aýaklarymda welin güýç-gurbat galmady. Çala gymyldasam, ol üstüme bökäýjek ýalydy. Ol biraz durup, meniň çal kelläme siňe seretdi-de, gahar bilen aýylganç arlady, soňam garaşylmadyk ýerden aňyrlygyna tarap ýoluny dowam etdi. Yzyna welin seretmedi. Men ýalňyşmasam, ol Sekilliniň hut özi. Ol tä gözden ýitýänçä, seredip durdum. Sekilli ýa-ha öýkeli, ýa-da meni tanamady, ýa-da ol meniň ýaragymdan howatyr edendir, howsala düşendir. Mahlasy, onuň hereketinden hiç zat aňlap bilmedim. Awçy Mollagaranyň sözüni böldi: — Hany şol wagtky goňşyň Hally çopan-a: «Onuň sekili çep aýagynda, dyzçanagynyň edil üstündedi diýýärdi» synlansyň-la? — Şonda birbada aljyrasamam, gitmänkä oňa üns berdim-le, ony ýaşajyk wagty öýde saklanymda, şol akja tüý ýalňyşmasam, dyzçanagyň biraz aşak eteginde ýaly-dy, aý, hawa-la, wagtam, ýaşam baryberdi-dä. Ol meni unutmaly-ha däl. Men ony iki aý ýarym töweregi saklap, ynjytman, alyp gaýdan ýerime — enesiniň meýdanyna eltip gaýdypdym, şol ýerde garnyny doýrup, bir gün iýerlik etini hem özüne görkezip, üýşüp duran çöpüň aşagyna ýerleşdiripdim. Ol maňa juda öwrenişipdi. Awdan nesibämi alyp, öýe gelenimde, paýyny bererdim, daşymdan aýlanyp, oýun edip, aýagymdan aslyşardy. Öýe girsem, çykýançam, gapa seredip ýatardy. Soň-soňlaram ony şol eltip gaýdan meýdanymdan köp idedim, göresimem geldi, goýberenime puşmanam etmän durmadym, dogrusy-da, gabatlaşmak nesip etmedi-dä. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýlen pähim ýöne ýere aýdylan däldir, bu-ha aýylganç ýyrtyjy jandar, muny öz ýoluna ugratmaly» diýip, köp adam maslahat berdi-dä, obanyň içinde ony saklamagam hatarlydy. «Ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa» diýleni-dä, şol wagtlar pederiniň idäp, ys alyp geläýmegem, töweregi agyr ýagdaýa salaýmagam gaty ahmal ahyryn. Aý, näme-de bolsa, şol soňky gezekki duşuşygymyzdan hem bir bähbit bardyr. Belki, bu gezegem garşydaşymyz şol bolsun-da — diýip, Mollagara halypasynyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Awçy: — Köpüň pikiri hem şeýle. Belki, şeýle bolsun-da, hany bu Kerwenbaşy näme maslahat berýär? — Kerwenbaşy taýçanagy diňe sen halas edip bilersiň, bu meselede seni men-men diýip döşüne kakyp ýören sebitiň awçylary hem soraglaýar, olar ýardam etmäge-de taýýar, ýöne Sekilliniň hem täleýiniň ters düşmezligini isleýärler — diýdi. Ol: «Gaýrat et, möhümi bitir!» diýip dur. Hally çopany ýanyma alyp gitmegi hem Kerwenbaşy maslahat berýär, ýöne «Barybir ýolbarsyň ünsüni sen sowmaly bolarsyň» diýdi. Belki, bu-da köpüň maslahatydyr-da. Hallynyň öň Sekilli bilen bolan duşuşygyny-ha eşidensiň-le — diýip, Mollagara gürrüňini soragly tamamlady. Toýly: — Ýok, eşitmedim. (Soňy bar). | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |