22:06 Men gaýdyp gelerin | |
MEN GAÝDYP GELERIN
Goşgular
Ykbalyň çöwrülip, ýyllaň azalna, Boş hanada ýel däliräp hazanda, Düýnki dostlaň seni oka dözende – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Hiç haçan kalbyňa syraman syrgyn, Badhyz pissesi dek gurgun bol gurgun, Ummanda azaşyp ýitirseň ugruň – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Ýylylyk gidende göz bilen demden, Ýürek ýaralarňa Hak bermän hemdem, Derdiň paýlaşara tapmaňda hemdem – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Sende günä ýokdur – baryny alýan, Ýerler yrananda – balyny alýan, Bedewiň bagt saýyp – nalyny alýan – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Suw perisem gidýär ahyr kamatdan, Guşlaram çökýärler galyp ganatdan, Aýap, gorap, ýaman gepden, gybatdan – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Çig süýt emen adam pelegiň çarhyn – Aýlap, ýör goý munda ýagşylyk dursun, Oýnadanyň galar, bilmersiň ýarsyp – Men gaýdyp gelerin, Gaýdyp gelerin. Kämil tapyp, günä duzuňdan gitmek, Geçilmez jenaýat – ÖZÜŇDEN gitmek, Türkmeniň seň ýaly gyzyndan gitmek – Bolmaz. Men gelerin, Gaýdyp gelerin. Ýandyranyň üçin, ýananyň üçin, Daşa adyň aglap ýazanyň üçin, Meniň soňky söýgüm bolanyň üçin – Ölmesem gelerin, Gaýdyp gelerin… | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |