19:11

"Men her gün jahyllygymyñ astynda ezilýärin"

Edebiýat täzelikleri
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 322 | Добавил: Gökböri | Теги: Wahap Aýdogan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024
"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Kitap arakesmesi - 14.05.2024
Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024
Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024
Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024
Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024
Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024
Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Haweran  
411
Käbir awtorlar bar...
Saýta agza bolmagyny, goşgularyny goýmagyny, teswirlerde okyjylar bilen pikirini paýlaşmagyny isleýäñ. Şeýle awtorlaryñ käbiriniñ agza bolubam ümsüm okamakdan başga zat etmeýändigini, ýazýan zatlaryny paýlaşmaýanyny görüp gynanýañ.
Saýtdaky jahyllardan we jahyl pikirlerden goranmak ü.nmikä? Bilemok.

* * *

Käbirleri bar, email, gmail poçtalaryña hapa-haşal ot-çöplerden enaýy däl "goşgularyny" ugradyp, saýtda çap etdirmek isleýärler. Şolaryñ "goşgularyny" çap etmek beýlede dursun, okamagyñ özi hem psihikaña ýaramaz täsir edýär. Şonda jahyllyga bir gez golaýlaşanyñy, özüñe jahyllykdan bir zatlaryñ ýokuşanyny duýýañ. Şoñ ü.n olary köplenç okamanyñy we jogapsyz goýanyñy gowy görýäñ. Netijede seni ulumsy, diñe öz tanaýanlarynyñ eserlerini saýtda çap edýär hasaplap ýörenlerem az däl.

* * *

Gurbannazar şahyrdan hemme eli galam tutýanlar bilen gatnaşyk saklamandyr, az sanly öz gatnaşýan şahyrlary boldy, hiç kime gaty-gaýrym dilini ýetirmedigem bolsa ulumsyrak gezdi diýip göwün edýänler bar. Şu babatda oña düşünmek kyn däl. Diýmek, seýrek zehinli şahyrymyz zehinini aýaýan eken, her bolar-bolmaz bilen hemsöhbet bolup, gyzyldan gymmat wagtyny, dürdäne pikirlerini bisarpa tutmajak bolupdyr.

* * *

Jahyllyk, jahylyýet her ýerde gözüñe dürtülip durýar. Ondan gaçyp gutulaýmak añsat däl.
Taksilere münýäñ, daşary ýurt sazlaryna düzülen bor-bolmaz şama-şaýyrdy aýdymlar gulagyñy kamata getirýär.
Taksistlere düşünse bolýar, döwlet taksilerinden başgasy, öz hususy awtoulagynda kireý edýär. Öz maşynynda-da islän "aýdymyny" diñläp biler. Emma, köpçülikleýin transport serişdelerine, meselem awtobusa münýäñ welin, köpçüligi sylamaýan sowatsyz sürüjiler taksistlerden kem galanok, hamana awtobusda bir özi barýan ýaly gulagyñy deşere getirip "aýdym" goýberýärler. Düşensoñam esli salym şaññy "aýdymlar" kelläñi zer-zaw edip, ýañlandyryp durýar.
Oña-muña jañ edeñde, käbiriniñ jañynda-da şolar ýaly äteñenälet aýdymlar "boýnuña bökýär"!
Hernä, öýde telewizoryñ pultuna erkimiziñ ýetýänem gowy zat. Halañokmy, ýüzünem görmeýäñ islemeýän kanallaryñ!
Çaltrak aýagulag alyp dynmasañ, estrada jahyllarynyñ sürüsi bizi köçede kese ýykjak, içigar galmyş! :)

0
2 baharaliyeva39  
1028
"Yaptığı cinsel tacizi normal bir şeymiş gibi anlatan Celal Şengör, "O kadar kızdırdı ki, Saniye'nin eteğini kaldırdım. Kıçına bir tokat attım. Bu dehşete düştü. Baktım böyle bakıyor bana. Bana bak dedim baban bunu yaptı mı dedim. Bana babam bile bunu yapmadı dedi. Heh dedim eksik kalmış, şimdi tamamlandı" ifadelerini kullandı."
Özüniň sosýal medýa hasabynda eden çykyşynda şeýle bir video paýlaşan Celâl Şengör hernäçe jahyllara depeden baksa-da özüniň hem jahyldan tapawudy ýok.

0
3 Haweran  
411
Ünsi çekmek islenýän jahyllyk (sowatsyzlyk, nadanlyk) düýbünden başgamyka diýýän.
Jelal professoryñ bu eden hereketi jahyllyk däl, edepsizlik bolýar.

0
4 baharaliyeva39  
1028
Eden aýyp zadyny uly iliň içinde hil zat eden ýaly aňlatmasy hem jahyllygyň aňrybaşy!!

0
5 Haweran  
411
Jahyllygyñ ýokundysy ýoksuz däl. Gepi süýndüribermeli. Professor "men her gün jahyllygymyñ astynda ezilýärin" diýip, muny boýnuna alyp dur, özüni elmydama iñ köp şunuñ biynjalyk edip gelendigini hem aýdýar.
Çünki ylym-bilimiñ, okagagyñ, öwrenmegiñ, kämilleşmegiñ çägi ýok. Meselem, men şu günki öwrenen zatlaryma garanda, düýn bu zatlary bilmeýändigim ü.n düýnki ýagdaýymy jahyl hasaplap bilerin. Ertir ýene şu günümi. Adamyñ ümzügi öñe, kämillige tarap bolmaly.

* * *

Bahar hanym, göwnüñize almañ, men aşakdaky pikiri umumylykda aýdýandyryn, özüñize çekmäñ:
Köplenç konserwatiw pikirleri adamlar dini ateistik pikirli adamlardan şular ýaly şahsy kemçilikleri tapmaga, hil bir zat aýdan ýaly aýtmaga höwesli bolýarlar. Emma hut uly iliñ işan-molla diýip sylaýan, pir diýip syýyna ýapyşan adamlarynyñ arasynda bu hereketlerden has mojugraklary bar. Munuñ ü.n biz diniñ päk ýoluny we oklaw ýaly göni wekillerini aýyplap ýa garjaşdyryp bilmeris-ä.
Jelal professor ateist. Ateistligi ü.nem köplenç konserwatiwleriñ hüjümine uçraýar. Bir gezek ol edepsizligini görkezipmi nämemi, ýa üýtgeşiklik edip ünsi çekjek boldumy, güldürmek isledimi: "öz bokumy iýip gördüm, adamyñ boky ýaman ajy eken" hem diýipdi. Ýa bolmasa ondan "dünýäde erkekleriñ tohumy gutarsa, ýaşaýyş dowam edermi..." we ş.m. bolgusyz sorag berilende, "dünýäniñ häzirki gidişi b.n hemme üýtgeşmelere garaşybermeli. Hawa, dinozawrlaryñ ýok bolup gidişi ýaly erkekler hem doly tükenip biler. Hemme zat bolup biler. Emma siz aýallar seks bolmasa oñup bilersiñizmi?" diýip, garşysyndaky zenany içini tutup güler ýaly edipdi.
Umuman, Jelal Şengör şolar ýaly birtüýsli, geñsi, gülkünç (ýokardaky suratlaryndanam añyp bolýar) adam. Onuñ geologiýa, ýeriñ gurluşyny öwreniş ylmy boýunça eden işleri, ýazan makalalary dünýä derejesinde ykrar edilen.
Jelal professor bilen taryhçy Ilber Ortaýlynyñ giñ düşünje berýän, dürli ylymlara baý, bilelikde çykyş eden gepleşiklerini diñlemek - bir kitap okan ýaly düşünjäñi giñeldýär. Hem irizenok, başyndan ahyryna gülüp, ýylgyryp diñleýäñ.
Biedepligi özünde galsyn. Ol öz meselesi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]