02:00 Pikassodan "Gernika"... Gandöküşligiñ we tragediýanyñ kyssasy | |
PIKASSODAN "GERNIKA"... GANDÖKÜŞLIGIÑ we TRAGEDIÝANYÑ KYSSASY
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Madridiñ "Reina Sofia" muzeýindäki orginal "Gernika" kartinasy / Çema Moýa. EPA Öz çagalarymyzyñ geljegi üçin başga çagalaryñ ölümine sesiñi çykarman oturmak... Gulaga juda täsin we eýmendiriji eşidilýär gerek? Birinji gezek öldüreniñde hamana birini däl-de, müñüsini öldüren ýaly bolýansyñ. Ýañy dünýä inen we ejesi tarapyndan emdirilip duran bäbejigi öldürensiñ. Kakasynyñ başyny sypan çagajygy-da, ýaş gyza söýýändigini aýdan ýigidi-de, biçäre aýalyñ ärini-de, uruşa barýarka maşgalasy bilen hoşlaşyp gelen bigünä esgeri-de... Bu adamlaryñ barsyny öldüren ýalysyñ. Ikinji gezek birini öldüreniñde bary-ýogy bir adamy öldürensiñ. Üçünji gezekde bolsa hiç kimi öldürmedik ýaly biperwaýsyñ. Ýazyjy Ihsan Oktaý Anaryñ "Amat" romanynda geçen bu setirler bizi şu günleriñ kartinasyna gipnozlaýana meñzeýär. Hut öz durmuşymyzda adaty ýagdaýa öwrülen uruşlar we şol uruşlarda öldürilen çagalar ýaly duýgy dünýämize-de aralaşan ýagdaýda... Duýgusyzlyk! Haýsydyr bir döwletiñ bähbidi, syýasaty, syýasy-ykdysady, milli ýa-da mezhepçi garaýşy bilen her uruşda wepat bolýan çagalar... Uruşlar hemişe bolup geldi... Belki-de, Abylyñ Kabyly öldüren gününden bäri dünýäniñ uruşsyz güni bolmady. Uruş şol bolýan bolsa, bu hemişe çagalara aýdylyp gelindi... Uruşy oýun hökmünde oýnardyk we ol oýny oýnanda tagtadan oýunjak ýaraglary ýasardyk. Soñra uruşdan dörän gahrymanlar biz şol ölen gahrymanlaryñ üstünden körpelere ertekipisint ölümleri gürrüñ berip gelerdik. Ölümiñ käte mertebedigi we şol mertebäniñ mukaddesligini gürrüñ bermek üçin käwagt wagyz-nesihat geçerdik, käwagtam gürrüñdeşlik agşamlaryny geçirerdik. Geçirmesine geçirýäsem welin... Biz her uruşy kanunylaşdyryp ýören wagtymyz dünýäniñ on müñlerçe çaga ölüp ýör... Emma biz ähli uruşlary çagalaryñ üsti bilen aklajak bolýardyk. Günämizi boýnumyzdan aýran bolýardyk... Näme etsegem çagalarymyzyñ geljegi üçin gahrymançylyk satýan ertekileri otarmagynyzy dowam etdik. Millionlarça adamyñ wepat bolan jahan uruşlarynda-da her döwletiñ berýän aýry-aýry düşündirişlerinde gahrymançylyk otarýan gumanistik hekgetler bilen çagalaryñ añyny zäherledik. Olaryñ geljegi üçin olaryñ deñ-duşlaryny öldürdik. Geljekki nesiller, ýagny çagalar üçin ölümi-de hapaladyk. Şeýdibem çagalarymyzy hapalandy, geljegimiz hapalandy, biz hapalandyk. Emma gandöküşlikleriñ, ganly uruşlaryñ obýekti ýeñişler bolansoñ, çagalar diñe matematiki jisimler hökmünde öñümizde durdy. Eýsem şeýle bulaşyk ölçegde uruşa garşy çykýanlaryñ ýa-da ýurtlaryñ nädogry hasaplanýan syýasatlarynyñ garşysynda hemmeler dymýarmy? Elbetde, beýle däl! Dünýäde we ýurdumyzda uruşa garşy çykylýandygy üçin birnäçe işler ýöredildi we häzirem ýöredilýär. Uruşa garşy çykmaklygy döwlet derejesinde simwolirizleýän eserleriñ barlygy-da az-uçuk hasaplanmajak möçberde. Emma gandöküşikli uruşlarda sungat we sungat işgärleri-de ymgyr uly missiýalary boýnuna aldy. Şeýle missiýanyñ iñ uly wekilleriniñ birem Pablo Pikassodyr. Taryhda ýönekeý ilaty ilkinji gezek howa arkaly bombalama işi Ispaniýanyñ Gernika posýologynda bolup geçdi. Dünýäniñ görnükli hudožnikleriniñ biri bolan Pikasso bu gyrgynçylyga sessini çykarman durmazlyk üçin dünýä taryhyna girmäge mynasyp we uruşy näletlemegiñ simwoly hökmünde şeýle eseri döretmäge girişipdir. Ol şeýle bir eser welin, ýakyn wagta çenli BMG-nyñ diwarlarynda ähli haýbaty bilen wagşyýanalygy gözümiziñ öñüne serip geldi. Birleşen Milletler Guramasynyñ baş sektetary Antoniu Guterriş BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşiniñ iş otagynyñ öñünde Pablo Pikassonyñ "Gernika" eseriniñ bir görnüşi bolan kendir diwar halysynyñ ýanyndan geçýär / Fotosurat: Mark Garte-BMG Fotosuraty Ýogsa-da, Pikassony bular ýaly äpet eseri döretmäge haýsy güýç iterdikä? Bu eser döredilmezden öñinçä dünýä iñ gandöküşikli uruşlarynyñ birini başdan geçirýärdi. XX asyrda, 1937-nji ýylyñ 26-njy aprelinde Adolf Gitlere we Benito Mussolinä arkalanýan Fransisko Franko nemes-italýan faşistleriniñ täze uçarlary bilen täze bombalama türgenleşigini geçirmek üçin Gernikany howadan bombalamaga başlady. Bombalama wagtynda harby güýji bolmadyk posýolok ganly köle öwrülipdir. Wagşyýanalygyñ bolup geçen ýeri Gernika üç gije-gündizläp ýandy, posýologyñ ilatynyñ ýarsy wepat boldy. Bir müñ ýedi ýüz adamyñ wepat bolan hüjümi taryha "gara tegmil" bolup girdi. Ispan hökümeti genosidiñ bolup geçen wagty Parižde ýaşaýan Pikassodan Pariž Bütindünýä sergisinde görkezmek üçin bir surat çekmegi haýyş edipdir. Pikasso entek näme çekjegini bilmän durka, hüjüm barada gazetde berlen habary okaýar we tema hökmünde Gernika gyrgynçylygyny saýlap alýar. Şeýdibem ispaniýaly hudožnik gana boýalan köçeleri, eneleriñ we çagalaryñ ahy-nalalaryny, bolup geçen ähli wagşyýanalygy "Gernika" eserinde suratlandyrypdyr. Kartina şindizlerem ýüregiñi para-para edýän şekilleri bilen dünýäniñ urşy näletleýän iñ uly sungat eseri bolmagynda galýar. Madridiñ "Reina Sofia" muzeýindäki orginal "Gernika" suraty / Fotosurat: Denis Doýl-AP Kartina barada aýdanda, boýy 3,5 metr, ini 7,8 metr bolan surat tomaşaçysyny bir görende özüne çekip bilýär. Kendiriñ ýüzüne diñe akly-garaly ýagly reñk bilen çekilen "Gernika" eseriniñ çep tarapynda kellesi yzda hasrata gark bolup jansyz göwräni saklap duran aýala gözüñ ilýär. Aýal obrazlar bilen birlikde kartinany ýagtylandyrýan ot yşyklary agdyklyk edýär. Eseriñ her garyş ýerinde Gernikadaky gyrgynçylygyñ yzy göze dürtülip dur. Kubik metaforalar we ispan halkyny alamatlandyrýan öküz motiwleri-de suratda öz ornuny tapypdyr. Şeýle-de kartinada ölen çagasynyñ ýasyny tutýan haly teñ ene, gury ýa-da aljyraññy nazar bilen onuñ egniniñ üstünden ýokary galýan öküz, wepat bolan esgeriñ göwresiniñ astynda gapana gysylyp urunýan ýaraly at ünsüñi çekýän başga epizodlardyr. Elbetde, "Gernika" eseri boýunça ýüzlerçe düşündiriş berip bolar. Surat çekilen badyna dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni çeken uruşy näletleýänleriñ simwolyna öwrüldi. Pikasso "Gernika" eseriniñ üstünde işläp ýörkä, şu sözleri bilen ünsi özüne çekýär: - Ispaniýanyñ göreşi, adamlara, azatlyga garşy edilen hüjüme garşydyr. Hudožnik hökmünde ömürboýy sungatyñ ölümine garşy çykmaga dyrjaşdym. Meniñ yzagalaklyk we ölüm bilen aramyñ sazdygyny kim ýeke pursatlygam bolsa pikir edip biler? Üstünde işläp ýören "Gernika" eserimde we soñky döwür döreden ähli eserlerimde Ispaniýany hasrata we ölüm ummanyna batyran harby ýygynçaga garşy duýýan ýigrenjimi aç-açan görkezýändirin. Bu eser hakda ýene bir gyzykly detal Pikasso bilen nemes generalynyñ arasynda bolup geçen gürrüñdir. Serginiñ geçirilýän wagty nemes generaly Pikassonyñ ýanyna golaýlaşyp: - Bu siziñ döreden eseriñizmi? - diýip sorapdyr. Pikassonyñ oña beren jogaby diýseñ çuñ manyly bolupdyr: - Ýok, bu siziñ döreden eseriñiz! Onuñ aýdan bu sözi taryha giren sözleriñ arasynda öz ýerini tapypdyr. Pablo Pikassonyñ uly gyzyklanma döreden "Gernikasy" dünýäniñ birnäçe ýurdunda görkezilipdir. Şeýdibem, Ispaniýadaky graždanlyk urşuna beýleki ýurtlaryñan ünsi çekilipdir. "Gernika" ýöne bir surat bolmak bilen çäklenmeýär. Ol tragediýanyñ we uruşyñ şahslaryñ üstündäki hasratly täsirleriniñen aýnasydyr. Surat wagtyñ geçmegi bilen uruşyñ döreden trawmalarynyñ ýatladyjysy, uruşy näletleýän we parahatçylyk söýüji düşünjeleriñ simwolyny añladýan kulta öwrüldi. Uruşlar boýunça şu bellikleri-de etmezden geçesim gelmedi. BMG-nyñ 1994-nji ýylda çap eden "United Nations Development Program, Human Development Report" maglumatnamasynda täsin deñeşdirmeler berildi: - Hindistan Russiýadan alýan 20 sany "MИГ-29" istrebitellerine berjek puly bilen mekdebe gidip bilmeýän 15 million gyz çagajygyñ bilimini ýola goýup bilýär; - Eýran Russiýadan alýan iki suwasty gämisine çykarýan çykdajysy bilen tutuş ýurda uzak wagtlap ýetjek derman-däri serişdelerini üpjün edip bilýär; - Nigeriýa Angliýadan alýan 80 tankynyñ çykdajysyna iki million çagasyna sanjym edip bilýär, 17 million maşgalasyna meýilnamalaşdyrylan maşgala bilimini berip bilýär. Şeýle hakykat bar: uruşlar indi diñe söweş meýdanlarynda bolanok, ýönekeý ilatyñ oturan oba-şäherlerini-de weýran edip taşlaýar. Özem indi munuñ görkezijisi 10%-den 90%-e galdy. Ikinji jahan urşundan soñ bolup geçen 200 çemesi uruşda otuz milliona golaý adamyñ ölendigini-de ýatdan çykarmañ. Ýañy 15 ýaşyndaka Liberiýadaky graždanlyk uruşyna seržant çininde gatnaşan Lourens Mur özünden uruş gutaransoñ näme etjekdigini soran žurnaliste hamana dünýäniñ başdan geçirýän ýagdaýyny suratlandyrýan ýaly: - Ejem Amerikada, şol ýerik gidip deñizçi esger boljak - diýipdir. Sungat bilen, sag-salamatlykda galyñ... Wahap AÝDOGAN, hudožnik. @san_artt Ýekşenbe, 19.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |