08:33 Minewranyñ baýguşy diñe alagarañkylykda uçýar | |
MINEWRANYÑ BAÝGUŞY DIÑE ALAGARAÑKYLYKDA UÇÝAR
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Surat: Wahap Aýdogan "Hiç bir güýç adamy dünýäniñ süññünden syzylyp çykýan dert-aladalardan gorap bilmez, emma adamy öz eli bilen döreden dert-aladalaryndan gorap saklajak iñ uly güýç sungatdyr". Zewsiñ söýgüli gyzy, Zews galkanyny we ýyldyrymyny şondan başgasynyñ götermegini islemeýär. Örän ukyp-başarnykly, urşujy we strategiki paýhasa eýe... Parahatçylygyñ tarapdary bolandygy üçin zeýtun şahasy ony alamatlandyrýar. Dogruçylygyñ we hakykatyñ hudaýy, pähimliligi bolsa baýguş bilen alamatlandyrylan obrazdy Afina... Şol bir wagtyñ özünde ol grek mifologiýasynda zehiniñ, sungatyñ strategiýanyñ, ylhamyñ we parahatçylygyñ hudaýy. Rim hudaýy Minewra gadymy grek mifologiýasyndaky Afinanyñ rim mifologiýasyndaky garşylygydyr. Minewra baýguşy alamatlandyrýar, baýguş pähimliligiñ we hiläni añşyrmaga ukyply aýratynlyklaryñ mugallymydyr. Çünki baýguş hiç kimiñ görmeýän zadyny görýär, bilmeýänini bilýãr, hemmeleriñ uka giden wagtynda ganatlaryny açýar we iñ dogry sözleri şomahal açyp berýär. Grek mifologiýasyndaky yrsgal-bereketiñ we ýeriñ hudaýy Demetere gurban edilen guş hökmünde agzalýar. "Minewranyñ baýguşy" metaforasyny Gegel "Hukuk pelsepesi" kitabynyñ girişinde ulanýar. "Minewranyñ baýguşy diñe tümlük çökenden soñ uçýar". Ähli akyldarlara ylham berjek bu metaforany şeýle düşündirýär: "Taryhyñ maddy praktikasy orta çykandan soñ Minewranyñ baýguşy ganatlaryny açýar we uçmaha hyýallanýar. Dünýäniñ nähili bolmalydygyny öwrenmek pikiri bilen ýene bir söz aýdaýyn: Filosofiýa bu boýunça elmydama gijä galýar. Dünýäniñ düşünjesi hökmünde pelsepe diñe reallygyñ döreýiş prosesini işläp gutaran wagtynda orta çykýar. Düşünjåniñ öwreden zadyny taryh birmeñzeş mejburylyklar bilen görkezýär. Emma barlyklaryñ kämillik çagynda ideal reallygyñ garşysynda dikilýär we şol bir dünýäni jöwheriniñ içinde añlandan soñ ony pikirler dünýäsi görnüşinde täzeden gurar. Filosofiýanyñ öçügsi reñki öçügsi zemine uran wagtynda durmuşyñ alamaty garrylyk günlerini tamamlaýandygydyr. Filosofiýanyñ öçügsi reñki bilen ol ýaşlaşdyrylyp bilinmez, diñe bilip bolar. Minewranyñ baýguşy diñe gün ýaşandan soñ uçmaga başlaýar. Siwilizasiýalardan göterilen we entek adam ýüzi görmedik onlarça ahy-nalalara beslenen adam kyssalary has gumanist we owadan döwre gönügen gözboýagçylykly illýuziýany açyp görkezýäne meñzeýär. Dünýäniñ medeni we magnawy çagşamalarynyñ derñew astyna alynan günlerini başdan geçirýäris. Tehnologiki üýtgeşmeleriñ görlüp-eşdilmedik derejede ösüşiniñ kollektiwleýin adam ýaşaýşynyñ çepbesine çöwrülen nesliñ dünýä deñlemesinde näçe peýdaly aýratynlyklary bilen mahabatlandyrylýandygyny hemmämiz görüp durus. Indi ne tehnologiýa adam durmuşyny arşa göterip bilýär, ne-de tehnologiýa bolan ynam öñegidişlik gazandyrýar. Minewra metaforasy ideologiýa, şatlyk, ynanç we duýgy dünýämiz boýunça başdan geçirýän her bir zadymyza häzirden düşündiriş bermegi we duýmagy öwrenmegiñ gerekgini sorag astyna alýar. Adamyñ bu prosesiñ içindäki roluna ünsi çekýär. Hiç zat etmezden yzy bilen pähimdarlygyñ gelmejegini öñe sürýär. Ýaşaýşa degişli wakalar baradaky pikirlerimiziñ diñe wakalar bolup geçenden soñ orta çykýandygy hakykat. Şonuñ üçinem baýguş metaforasy alagarañkylykda hakykaty has gowy analizleýär. Ýogsam bolmasa ýaşaýşyñ iñ ýöntem perspektiwasyndan seretsek, şolar ýaly añsat we ownuk kararlar gözümiziñ öñündekä etmedik işlerimiz üçin haýykmalarymyz, geçmişi derneýän düşünje bilen wagtda eglenmelerimiz esseme-esse artyp gidip dur... Hatda adam has ýokarky perdeden analizler hem edþär Iki deñlemäniñ arasynda birini saýlap almaly bolanymyzda saýlawlarymyz hakda-da real bolan proses gutarmanka sebäpkärini öz içimizden tapmaga synanyşýarys. Ýaşaýyşdaky analizleriñ we kararlaryñ ýönekeý "hawadan" ýa-da "ýokdan" ybarat däldigini iñ garañky wagtlarda görmäge başlaýarys. Prosesiñ gürsüldisi dowam etdigisaýy dünýewi şertlerden garaşsyz pikirlerimiz hakykatçyl bolmakdan daşlaşýar. Emma wakalar gutarandan, suwlar durlanandan soñ nämäniñ näderejede dogrudygyny ýa-da näderejede ýalñyşdygyny göreris. Taryhy wakany ýa-da başyñyzdan geçiren günüñizi düşündirip bolar, bu baradaky düşünjelerimizi waka gutarandan soñ şekillendirip bileris. Hemmämiz ýaşaýyşdaky dinamikalarymyz bilen öz taryhymyzy köpeldip, ýaşaýşyñ dürli-dürli ugurlarynda düşünilmäge garaşýarys, çünki durmuş suw ýaly akyp barýar we her bir adam taryh eleginiñ ýazgysyny ýazmaga, ony birikdirmäge, añlamaga dowam edýär. Hemmetaraplaýyn ýaşaýyş deñlemesinde taryhyñ maddy praktikalary orta çykandan soñ Minewranyñ baýguşy alagarañkylykda iñ reñkli we owadan ganatlaryny açýar hem-de iñ pähimdar tarapy bilen iñ arassa synlaryny edýär. Ömrümiziñ parametrleriniñ üstündäki näzijek peýkam iñ garañky döwürlerde orta çykýar we peýkamyñ añyrsyny açyk-aýdyñ analiz etmegimize sebäp bolýae. Iñ garañky wagtlarymyzyñ ýolgörkezijisi-de gürrüñsiz baýguş metaforasy bolar... Wahap AÝDOGAN, suratkeş, senetkär / @san_artt Ýekşenbe, 21.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |