14:32 Kafkanyñ hatlaryndan konslagere uzan ömür: Milena Ýesenskaýa | |
KAFKANYÑ HATLARYNDAN KONSLAGERE UZAN ÖMÜR: MILENA ÝESENSKAÝA
Edebi makalalar
Onuñ gözünde dünýä garawsyz adamlara sütem edip depgileýän göze ilmeýän iblislerden doludy. Ýaşamak üçin has öñdengörüji, has pähimli, söweşmek üçin has gowşakdy. Her ömrüñ düýpsüz guýusy ýa-da gyrak-bujakda galan ýatlamalardan doly ýüki bar. Biziñ hemmämiz Milenany diñe Kafkanyñ hatlaryndaky gahryman hökmünde tanadyk. Frans Kafkanyñ täsirinde galan, nasizme garşy alyp baran sosialistik göreşi, žurnalist aýratynlygy, makalalary we aýratyn edýän taryhy roly bilen ýaşan döwründe yza galdyran aýal... Milena diş lukmany we uniwersitetiñ mugallymy bolan Ýan Ýesenskiý bilen Milena Heýslarowanyñ ýekeje gyzy eken. Ol 1896-njy ýylda Pragada dünýä inipdir. Mähir-şepagatdan doly näzik ruhly ejesini birnäçe ýyla çeken we wagtal-wagtal düşekde ýatmaly eden ýarawsyzlygy zerarly 16 ýaşynda ýitiripdir. Ataly-gyzyñ bendiligiñ, gabanjañlygyñ, ýigrenje öwrülýän garjaşyk duýgularyñ, hormat-sylagyñ, söýginiñ buýr-bulaşyk bolan gatnaşygy bardy. Aslynda bu duýgy bulaşyklygynyñ içindäki söýgi Milenanyñ çagalygyndan galan ýeke-täk hazynady. Milenanyñ kakasy bilen oñuşmandyr. Ejesiniñ ölüminden soñ olaryñ oñşuksyzlygy hasam güýçlenipdir. Kakasynyñ soñabaka baýamagy we onuñ ýanynda hem-a güýje hemem buržuaziýa garşy alyp baran söweşiniñ dükürdisi bilen şol ýyllarda ruhuna perçinlenen ýalydy. Minerwa institutyndaky bilimini tamamlandan soñ kakasynyñ ýokary okuw jaý saýlap alma babatdaky pikirine garşy öz aýdanyny etdirip, medisinadan bilim almaga başlapdyr. Wagtyñ geçmegi bilen bu ugruñ özüne gerek däldigini pikir edip, okuwyny taşlapdyr. Ýigrimi ýaşynda edebi tankytçy Ernst Pollaga aşyk bolan Milena kakasynyñ bu ýagdaýa garşy çykmagy netijesinde dokuz aýlap Weleslawindäki psihdispanserde zor bilen saklanypdyr. Her dürli basyşa garamazdan söýgülisi bilen gatnaşygyny kesmändir. Göwreli bolup, çagasyny düşürdipdir. Kakasy gyzyny ýarym jöhit neberesinden bolan bu adamdan halas etmegiñ ýeke-täk ýoly hökmünde jemgyýetdäki at-abraýyny goramak üçin keselhanada saklamak ýaly özüçe pikire gelipdir. Emma ol şonda-da keselhanada gizlinlik bilen söýgülisini görüpdir, duşuşypdyr, onuñ bilen nikalaşypdyr. Milenanyñ jomartlygy äriniñ tükeniksiz islegleriniñ garşysynda bir ýylda gutarmaly bolupdyr. Äri öýüñ gerek-ýaraglary bilen gyzyklanmasa-da, mekdeplerde çeh dilinden okadypdyr. Alýan puly öýüñ güzeranyny dolamaga ýetmänsoñ, otly duralgalarynda hammallyk edipdir. Kakasyna boýun egmedik Milena söýgä, hususanam özüni söýmeýän we hiç wagtam söýmedik ärine kaýyl bolmaly bolupdyr. Milenanyñ terjimeleri we makalalary onuñ ýoluny açyp başlapdyr. Ony ömürboýy halap dowam etdirjek kärine gowuşdyrypdyr. Bu kär onuñ Kafka bilen tanyşmagyna, ikinji gezek durmuşa çykmagyna, ene bolmagyna, täzeden aşyk bolmagyna, hatda ölümine sebäp bolupdy... Galagoply we jahan uruşlarynyñ bolup geçen wagt ülşünde Kafka bilen tanşypdyr. Nemes dilindäki eserleri çeh diline geçirende iki ýyllap aralarynda edebi söhbetdeşlikler bolup geçipdir. Şunuñ bilenem dünýä edebiýatynyñ taryhynda ýerini alan "Milena hatlar" şol wagt ýazylmaga başlanypdyr. Ýönekeýje bir terjime bilen alşylmaga başlan hatlar uly söýgi gatnaşygyna öwrülipdir. Hemmämize tanyş bu hatlarda, aslynda nýuans bar. Kafka hatlarynyñ soñky böleklerinde Milena "indi gelme" diýýär. Bu "gelme" sözi ýöne bir gelme diýmek däl, tersine onuñ örän uly manysy bar. Ýazyjynyñ indi hat alyşasy gelenok. Ýarawsyzlygyna-da Milenany sebäpkär hasaplapdyr. Söýgüden we duýgularynyñ çuñlugyndan ýaña keselländigini hatlarynda agzapdyr 1923-nji ýyla çenli dowam eden söýgi ahyr soñlanypdyr. Bärde bir zat täsin ýagdaý bar: durmuşlarynda we praktikalarynda ýeri bolmadyk bu ikisiniñ gatnaşygyndan söz açmak ýerlikki bolar. Çünki Milena we Kafka öz durmuş ýollaryny dowam etdirip, özara söýgi gatnaşygyny daşyndan saklapdyr. Ýöne hiç wagtam Milena ärini söýşi ýaly Kafkany söýmändir. Kafka ömrüni ynanyp bolmajak tertipde ýaşapdyr. Her bir işde çeni bilen hereket etmegi gowy görüpdir. Milena bolsa çenden-çäkden çykyp, iñ soñky çygyrda ýaşaýan aýal eken. Hemme zatda bolşy ýaly söýmek-söýülmek meselesinde-de ruhuny we menligini orta atypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen durmuş we hemme zatdan doýmak Kafkany içiñi-bagryñy gemrip barýan keseliñ gujagyna atypdyr. Kafka keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrka Milenanyñ başujynda oturandygyny duýupdyr. Ýazyjy söýgülisiniñ özüni ömürlik söýüp bilmejekdigini jany-teni bilen aşyk bolan aýalynyñ sözlerinden añşyrypdyr. Bular Gmýuntda iñ soñky gezek ýüzbe-ýüz görşüpdir. Keselli we ölümi ýakynlaşan Kafkanyñ Milena ýazan şu setirleri diýseñ möhüm: "Ömrümde iñ köp gaýtalan sözüm "Diñe seni söýýärin" boldy, emma munuñ hakyky söýgi däldigini bilýärin. "Sen misli pyçak, menem durman şol pyçagy içime sünçýärin" diýsem, hakyky söýgini beýan edip bilsem gerek". Milenanyñ aslynda "Öýdäki şeýtan" makalasy ýagdaýy örän gowy suratlandyrýar. Bu makala Kafka bilen nämüçin goş birikdirmek islemeýändigi barada açyk gürrüñ edýär... "Adamlaryñ bile ýaşamaklarynyñ ýeke-täk sebäbi ýanynda biriniñ bolmagyna duýulýan zerurlykdan başga zat däl. Dünýäniñ şeýlekin boşlugynda we ýalñyzlygynda özleriniñ ähli ejiz taraplaryna we ýalñyşlyklaryna garamazdan özleriniñ bardygyny kabul edip hem-de tassyklap bilhek biriniñ bolmagyna duýulýan zerurlykdan başga zat däl. Miltden, ar almakdan, erbet düşünjeden, adalatdan, wyždan azabyndan gaçyp bilmekleri üçin ýanynda ýene birini goýma zerurlygyndan başga zat däl". Ýazan hatlarynyñ ýakylmagyny berk sarganam bolsa, ýazyjynyñ hatlary ýakylmandyr, gaýtam kitap edip çykarylypdyr. Ýöne Milenanyñ hatlary çap edilmändir. Makalalaryndan we edýän terjimelerinden başga-da, çeh raýatlaryny daşary ýurda gaçyrmaka aýyplanyp tussag edilmegi, pozisiýasy, ýaşaýyş-durmuş terzi, ideologiki pozisiýasynyñ yzynda durşy bilen, praktikasy, gumanistik duýgy dünýäsi bilen, özüni diñledip bilme ukyby bilen köpçüligi yzyndan giderip bilýän zenanyñ şahsyýetini ör-boýuna galdyrypdyr. Milena 1927-nji ýylyñ 30-njy aprelinde arhitektor Ýaromir Kreýser bilen nikalaşypdyr. 1928-nji ýylda gyzy Ýana dünýä inipdir. 1934-nji ýylda ol Ýaromir bilenem aýrylyşypdyr. Hem urşuñ, hem döwrüniñ adybelli žurnalistleriniñ biri bolup sosialistik ideýalary batyrgaýlyk bilen öñe süren Milena pikirleri bilen nasizmiñ garşysynda durup, göreşini dowam etdiripdir. Milena belli bir wagtdan soñ Birinji jahan urşundan soñ başdan geçiren maddy kynçylyklary we urşuñ psihologiki taraplart barada makalalary ýazmaga başlapdyr. Nasistleriñ häkimiýet başyna gelmeginiñ yzyndan nasistlere garşy "V boj" atly gadagan edilen neşirleri çykaryp, beter uly ýüküñ astyna giripdir we bu ýük onuñ arzuw-hyýallaryndan, hatda şirin janyndanam el üzdüripdir... Milena 1939-njy ýylda Gestapo tarapyndan tussag astyna alnypdyr. Ol ilki Pankrakda, soñra Drezdende türmä salnypdyr. Yzyndan Rawenbrukdaky konslagere ugradylypdyr. Konslagerde aýda 16 setirlik hat ýazma hukugynyñ bardygyny bilen Milena bu hukugyndan diñe gyzyna ýazyp peýdalanypdyr. Konslagerdäki gorkunç şertlerde böwrekleri dura-bara işlemeden galypdyr we böwrek ýetmezçiligi zerarly 1944-nji ýylyñ 17-nji maýynda aradan çykypdyr. Ýazyjy Margarita Buber-Neýman birnäçe ýyldan soñ şol ýerde başdan geçirenlerini ýazypdyr: "Türmäniñ onuñ meñzini soldurandygy, kösändigi belli. Onuñ güler ýüzüniñ añyrsyndaky ýagtylyk, seredişlerindäki güýç we hereketlerindäki janlylyk meni ýeke gezek seredende jadylapdy. Gorkunç düzgünler basyşlar bilen gurşalan bu zyndanda onuñ buýsanjy döwülmändir. Milena azat adamdy. Žurnalist Milena reportažçylygyny edip meni diñleýärdi, emma öz başdan geçiren horluklaryny agzamaýardy. Nikaplardan daş durmak, gürleşýän adamynyñ dünýäsine doly berilmek Milenanyñ özboluşly aýratynlygydy. Garşysyndakyñ gören kösenjini ýürekden duýup bilýän bu aýalyñ göwünlik berişi-de ýürekdendi". Yzyndan alyp baran ýadawsyz göreşi we taryhfa yz goýan zenan hökmünde hakydalara hemişelik siñdi... "Ömür utdurylan söweşdir" Frans Kafka. Wahap AÝDOGAN, suratkeş / @san_artt Ýekşenbe, 04.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |