14:19 Men watan ogly | |
MEN WATAN OGLY
Goşgular
Men ene Watanyň eý görýän ogly, Onuň mähri bilen ösdüm, ulaldym. Watan ykbalyna ykbalym bagly, Watan duzun iýip kemala geldim. Aldym gujagyňda bagtdan paýy, Aldym gujagyňda çäksiz giň erki. Ýyllar näçe gelip-geçdigi saýy, Ösýär hem üýtgeýär bar zadyň görki. Maňa-da täsiri ýetip her günüň, Garranymda söýget bolar geregim. Biliň ömür baky üýtgemez meniň – Watana wepaly sarsmaz ýüregim. • ÝÜREKLER BIR URÝAR Baýram aga goşa gaýdyp gelende, Kreml sagady seslenip durdy. Ýerli wagt bilen sekiz bolanda, Çöli ýaňlandyryp batly zaň urdy. Goşaryna gözläp: - Deň! – diýdi Weli, Baýram aga diýdi: - Oglum, hak sözüň. Hut Moskwa bilen sagadyň ýaly, Ýüregmiz-de mydam bir urýar biziň. • GIJE ÝELI GÜÝJÄNDE Uzyn gün şatlykly şowhundan doly, Obam häzir süýji ukuda ýatyr. Postunda berk duran garawul ýaly, Diňe bir ak derek seleňläp otyr. Şemal ýapraklary şypyrdatmasa, Bilinjek bu wagt siňek uçsa hem. Guşlar şahalary şytyrdatmasa, Bilinjek bu wagt pişik geçse hem. Gije ýeli öz badyňy tijeme, Daňymyz şunuň dek asuda atsyn. Sykylyklap mundan artyk güýjeme, Säher bizi bilbil sesi oýatsyn. • MEN GANATLY Indi hyýalymyň uçan ýerine, Ýyldyrym dek süýnüp çalt galyp bilýän. Atlynyň kyrk günde geçen ýerine, Bir sagatda baryp hem gelip bilýän. Meň ganatym perden däl-de polatdan, Böwet boljak güýç ýok onuň öňüne, Dynman uçup, heder etmän hiç zatdan, Basym baryp biljek aýyň deňine. “TU-104”-leriň uçuşy bilen, Uzak gündogar hem uzak däl indi. Sowet alymynyň açyşy bilen – Dünýäniň bar ýeri ýakyna döndi. • ÇYNAR Gür ýapragyň agyp-dönüp, Öwşün atýar güne çynar. Her şahaňa bir guş gonup, Saýrap otyr ene çynar. Köpetdag hem senden ötmez, Boý derek hem sen dek bitmez. Biliň ýogyn, gujak ýetmez, Ýogna ýene, ýogna, çynar. Söýýän ýeriň daglyk seniň, Ösen ýeriň baglyk seniň, Salkyn saýaň saglyk seniň, Şypasyň sen jana, çynar. Ýaşap ençe ýyllar boýy, Görseň-de sen tupan-gaýy, Başyň ýygjam, saýaň goýy, Göwün hoşum, ene çynar. Näçe bitseň çäksiz erkiň, Betpäl tygyn görmez durkuň. Pöwriza görk berip görküň, Şaglap ösgün ýene, çynar. Sapar ÖRÄÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Taýlar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |