17:45 Itlere | |
ITLERE
Goşgular
Üýrüberiñ, itler, näçe üýrseñiz, Durup üýrüñ, ýöräp üýrüñ, üýrüñ siz. Üýrüp-üýrüp, goýarsyñyz irseñiz, Irmeseñiz, selk-selk ýollar syryñ siz. Her "haw" diýenñize "ýit" diýip ýörsem, Siziñ ýitmän, meniñ ýitmegim ahmal. Zol gorkup, daşyma berk diwar örsem, Meni gurşap alar niçiksi ahwal! Günüme gyýylyp, kimler ah-wahlar?! Dogulsam-da dört diwaryñ içinde, Şonda galmak üçin dogulmandym men. Taplandym durmuşyñ otly pejinde, Göreşleriñ gudratyndan gandym men. Onsoñ ýykyp gözýetimi daraldýan, Dünýäniñ betgelşik diwarlaryny, Oýadyp aldawda keşbin saraldýan, Dünýäniñ gussaly bimarlaryny. Göreşiñ gaýduwsyz goşunna goşmak, Meniñ ýüregimde beslän niýetim. Güne-de ýaraşmaz dogmanka ýaşmak, Gözellige hyzmat eder senetim. Näçe hawlasañyz, hawlañ, siz, itler, Sizden gorkup durmaz durmuş kerweni. Sizdeb gorkup ýolda eglenjek günüm, Durşum bilen sokga sorsun ýer meni! Sapar ÖRÄÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |