09:47

Meniň iň gowy dostum / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 410 | Добавил: Bagabat | Теги: Etgar Keret | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024
Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024
«Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024
Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024
Mert işi / hekaýa - 17.08.2024
Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Diwana / hekaýa - 03.09.2024
Arap hekaýatlary - 15.10.2024
Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Etgar Keret, 1967-nji ýylda, Ysraýylyň Tel-Awiw şäheriniň golaýyndaky Ramat-Ganada dünýä inýär. Ol edebiýat işine 1991-nji ýylda başlapdyr. Soňky ýyllarda E.Keret Tel-Awiw uniwersitetiniň ýanyndaky Kinematografiýa mekdebinde sapak berýär we teleýaýlymlar üçin komediýa ssenariýalaryny, gysgajyk hekaýalary ýazýar. E.Keret mundan başga-da birnäçe librettolaryň, operettalaryň awtory. Onuň ssenariýalary boýunça düşürilen iki sany kinofilm birnäçe baýraklara mynasyp bolupdyr.

0
2 Bagabat  
43
Stilistikasyny, sýužet liniýasyny saklap, klassyky usulda gowy hekaýa ýazmagy başaryşyny, tutuş hekaýaň dowamynda sözüň äheňini saklap bilşini haladym. Birhili Buniniň, Çehowyň, Sergeý Dowlatowyň "ysy" gelip gitdi.

0
3 Bagabat  
43
Magtymguly: "sözüm gysga, şerhi köp..." diýýär-ä. Ine şonuň ýaly hekaýa ekeni.
Gysgajygam bolsa, örän köp gatly, çuň manyly, az gürläp, köp aýtmagy başarýan, üstesine-de aýdasy gelýänini aýtmagyň hatyrasyna "aýagyny ýerden üzmeýän" kämil hekaýa eken.
Okap, näme pikir etdiňiz, hormatly agzalar?!
Awtor näme diýdi?
Näme diýendirin öýdüp özi hasaplaýar?
Emma hakykatda näme diýdi ýa-da diýmedi?
Ýa-da onuň diýmedik, ýöne "diýen" zady näme?

0
4 Remezan  
1397
Iñ gowy dostunyn edenine hiç hili nägilelik görkezmändir we gaýta gyzyñ diýenlerine-de sabyrlylyk saklap bilipdir.

Ýekeje söz bilen iñ gowy dosdum diýip, üç söz bilen tarypyny ýetiripdir. Kyn günde kömek edip bilmedigini we çykgynsyz ýagdaýda bolup biljek hereketleri aýdypdyr.
Bu meniñ okap bar düşunenim.

0
5 Bagabat  
43
Meniň pikirimçe, bu hekaýanyň gatlaklary:

1. Çyn duýgy - dostluk, dosta wepadarlyk, dostlugyň hatyrasyna ony ähli kemçiligi-artykmaçlygy bilen kabul etmek;

2. Ýalan duýgy - gysga wagtlyk hyjuwa bolan ymtylyş, onuň geldi-geçer şama-şaýyrdylygy, şol duýgynyň seni ruhy taýdan kämilleşdirmän, gaýta seniň göwnüňe "ýara" salmagy, seni kemsitmegi;

3. Çyn dostlukda hatda ol nalajy ýagdaýda seniň işigiňe özüniň "peşewini" getirip gitse-de, ol bagyşlanýar we onuň yzy süpürilýär. Özem muny görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk görnüşinde däl-de, adaty bir bolaýmaly zat hökmünde berjaý edilýär;

4.Bimähremi "öý-göwnüňe" aralaşdyrsaň, ol seniň "öý-göwnüňdäki" bolan gowy-erbet zatlara pitjiň atyp, seniň kemiňi gözläp ugraýar, saňa gymmatly zatlary seniň kemçiligiň hökmünde görkezip, ony ýüzüňe bazyladyp basýar;

5.Hatda bimähremler goşulmasyz zadyna goşulyp, seni ynjydaýan ýagdaýlarynda olar bilen agyz deňäp, wejera bolman saklanmagam, seniň "söweşiň" we şol söweşiňde ýeňişiň. Şonuň üçinem sen "söweş aýdymyna hiňlenip", özüňe buýsanmaly we ş.m..

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]