MENIÑ PORTRETIM*
Portretim sorapsyñ,
Ynha, tüýs portretim.
Eziz dost, ol kyn zat däl,
Häsiýetim ㅡ belet zadym.
Mekdep ýaşymdan bäri,
Baryp ýatan garagol.
Garagolja bolsam-da,
O diýen bir samsyk däl.
Sorbonnanyñ doktoram
Däldir mençe geplemsek,
Ýa mençe ynjyk däldir,
Ýa-da mençe kejeñek.
Boýum misli çiññirik,
Ýañaklarym tep-terje.
Galpagym buýra-buýra,
Guzyñkydan beterje.
Söýýän şowhun-şatlygy,
Ýalñyzlygy halamok.
Gaçgynym dawa-jenjel,
Ylym bilen ugrum ýok.
Söýýän oýny, meýlisi
Hem meýlisiñ zadymy.
Liseýçi bolmasadym,
Wah aýdardym adyny.
Şu zatlardan çen tutsañ,
Tanajagna şekim ýok.
Tañrym şeýdip ýaratdy,
Üýtgemäge hakym ýok.
Arwah ýaly hars açan,
Ýüz-gözüm maýmyn kimin.
Ýeñlesräk hem göçgünli ㅡ
Ine, saña Puşkin.
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
■ BATÝUŞKOWA
Gowagynda Gikonyñ
Dünýä indim eýýäm haçan.
Hatyryna Apolonyñ
Tibulladyr bagtym açan.
Keramatly Ippokrena
Çeşmesine eñek basdym.
Ýaz bägülin eýläp pena,
Şahyr çykdym, erkin ösdüm.
Ermiý ogly şadyýan Pan
Meni başdan eziz gördi.
Dogumlyja bir çagakam,
Ol tüýdüjek ýasap berdi.
Irden ele aldym ony,
Herne dynman çaldym ony.
Öwrenje çalsam-da, owazy
Küýsetmeýär özge sazy.
Sen bolsañ, eý, şohlukbaşy,
Permes gyzlarnyñ syrdaşy,
Şöhrat gülün gözleý-gözleý,
Guş dek göge galmagymy,
Hoşlaşyp Anakreon bile,
Gol tutuşyp Maron bile,
Urşuñ ganly meýlisinde
Ylham sazyn çalmagymy
Isleýärsiñ, isleýärsiñ.
Gör, nämeler besleýärsiñ.
Feb zehini az beripdir:
Sähelçejik paýym meniñ.
Ykbal ara tor geripdir,
Ýat illerde jaýym meniñ.
Ikar bolup erjellikde,
Uçmakdan men gorkup gökde,
Ygyp ýörün ýolum bile:
Hor düşmez öz hetdin bilen.
Terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW.
■ PUŞINE
(4-nji maý)
Señ toýuñ sebäpli, mähriban Puşin!
Ak göwünli derwüş geldi gapyñdan.
Gujaklaş-da, görüş gelmişek bilen,
Ýöne ak ýürekli aýdymçyny sen
Garşylajak bolup azara galma,
Gapynyñ agzynda hasyrdan bolma,
Ol kiçi göwünli, ýönekeý myhman.
Alada, hasyrdy gerek däl oña;
Kabul et päkize alkyşyn hökman
Hem sada ýüregniñ söýgüsin saña.
Myhmanlary syla, jomartlyk eýle,
Piwodyr şeraby hatarla-da düz.
Köne saçakdaşym, gel, seniñ bile
Dünýäni birsalym unudaly biz!
Goý, akyl çyramyz häzirlik öçsün,
Wagt uçubersin ganatyn ýaýyp.
Sen ýürekdeş dostum, bagtly biçak,
Aladasyz günleriñ şat geçip dur.
Asuda, rahat durmuşyña bak,
Saña ýaz dek gujagyny açyp dur.
Başyñ dynç, kemiñ ýok, gaýgy-gamyñ ýok,
Günüñ geçýär sazdan-söhbetden gana.
Şahyr bolmasañ-da, Gorasiñ biçak
Ýaşaýşy dek ýaşaýarsyñ erkana.
Sen, dost, bu bezegsiz sada öýüñde
Gara ýürek Gippokratam ýatlañok.
Pygylsyz ruhanam ýok señ küýüñde,
Ýok, sen aladady gamly ätläñok.
Seniñ bosagañda itnişip duran
Saña gujak gerýär sapaly döwran,
Erot bilen Şatlyk pasylma-pasyl.
Sen söýýärsiñ bulutlaryñ sesini,
Hepbesiz arwahlar, bolgusyz myşlar
Ynjydyp birahat edenok seni,
Durmuşyñ kemi ýok, sen bir bagtyýar.
Indi näme arzuw edeýin saña?
Sözle hany, söwer dostum nämä zar?
Iñ gowusy, dymmak ýaraşar saña...
Dostlar bilen bile ýüzünji maýy
Saçym gara dönüp, garşylan wagtym,
Ýetirsin Hudaýym maña bir paýy ㅡ
Saña goşgy bilen ýüzlenmek bagtyn:
Ine, bulgur. Doldur, dostum, içeli,
Öçinçäk hemra bol, eý, şatlyk sazy!
Ölsegem, dünýäden bile geçeli,
Ýañ salanda doly bulgur owazy.
Terjime eden: Ata ATAJANOW.
■ MENIÑ EPITAFIÝAM
Şu ýerde Puşkin ýatyr, isleýänler seretsin:
Keýp çekdi, goşgy goşdy, yşka köýdi, ot aldy.
Eden ýagşylygy ýok ㅡ ýöne hudaýjan kessin,
Kuda gowy adamdy.
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
* * *
Şeýle hem men bagtlydym, şeýle hem keýp çekerdim.
Şagalañ-şatlyk içre kalbym suwa ýakardym...
Şady-horramlygym kaýana gitdi?
Süýji düýş-de menden arasyn ýoldy,
Keýpi-sapa güli, neýläýin soldy,
Ýene meniñ üstüme gussa labyryn atdy!..
Terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW.
■ OGARÝEWA ÜÇIN EKSPROMT ÝAZYLAN GOŞGY
Men dymyp otyryn seniñ gaşyñda,
Çekip duran azabymdan peýda ýok.
Bakyp duran nazarymdan peýda ýok.
Ýöne hyýalymyñ diýýän zadyny
Aýdamok men, aýdarynam öýdemok.
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
■ PENJIRE
Ol gün agşam çagy mawy asmanda
Solak ýagty saçyp Aýyñ bir özi
Ýüzüp barýan wagty ümür-dumanda,
Penjiräñ öñünde gördüm bir gyzy.
Bir özi otyrdy batyp hyýala,
Ýüreginde gizlin howsala bardy.
Baýryñ düýbündäki garañky ýola
Tolguna-tolguna nazar salýardy.
''Men munda!'' diýen ses çykdy endiräp,
Gyz çala titreýän elin uzatdy.
Penjiräni açdy ol çekinjiräp...
Aý ýüzüne gara nykabyn tutdy.
''Bagty gelen! ㅡ diýdim. ㅡ Wah, men biçäre,
Bu duşuşyk saña şatlyk eçiler.
Haçan şunuñ ýaly giç agşamara
Meñ üçinem bir penjire açylar?''
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ HAKYKAT
Gadymy danalar ozalbeletden
Ýiten Hakykatyñ yzyn çaldylar.
Köneleriñ öñden galdyryp giden
Sözlerini kän terezä saldylar.
Köp tekrarlap: ''Keramatly Hakykat
Gizlinlikde, meger, guýa gaçandyr.
Biz şundan taparys'' diýişip, hakyt
Guýyñ suwun düýbüne çen içenler.
Ýöne päk niýetli birisi olañ,
(Meger, goja Silen bolaýsa gerek?!)
Bu jemendäñ akmaklygyn görensoñ,
Suwuñ, gykylygyñ barysy telek
Hasaplap, bes edip bu boş pişäni,
Şerap hakda kän oýlanyp duranmyş.
Başa çekip, boşadansoñ çüýşäni,
Hakykaty şoñ düýbünde görenmiş.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
_________________
* A.S.Puşkin bu goşgusyny fransuzça ýazypdyr hem-de liseýçi dosty P.W.Grewenise degişme hökünde iberipdir.
Goşgular