23:35 Meşhur adamlaryñ durmuşyndan: Lew Tolstoý | |
LEW TOLSTOÝ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(09.09.1828-20.11.1910) Baý pomeşigiñ maşgalasynda dünýä inen Lew Tolstoý mugallymlary tarapyndan ne okamaga, ne öwrenmäge höwesi bolan çöññe okuwçylaryñ biri hasaplanypdyr. Geljekki ýazyjy otuz ýaşanda özüni eýýäm garran we gelşikden gaçan hasaplap, öýlenmäge bolan höwesi gaçypdyr. 1862-nji ýylda Sofiýa (Sonýa) Andreýewna Behrs atly lukmanyñ gyzy oña durmuşa çykmaga razy bolanda öz-özüne geñ galýar. Otuz dört ýaşly Tolstoý toý gijesi on sekiz ýaşly gelnini hyzmatkärleridir her dürli aýal-gyzlar bilen arasynda bolup geçen jynsy gatnaşyklarynyñ iñ bir ownujak detallaryna çenli jikme-jikme ýazylan gündeligini okamaga mejbur edýär. Ýöne Sonýanyñ pikiriçe bu ýazgylar juda gereksiz we öte geçilip ýazylan zatlardy. Şonuñ üçinem ol ertesi gün öz gündeligine şular ýaly ýigrenji ýagdaýa duçar bolandygyndan nalap ýazypdyr. "Uruş we parahatçylyk", "Anna Karenina" ýaly eserleri oña şan-şöhrat we ummasyz pul gazandyranam bolsa, şol bir wagtyñ özünde öz durmuşynyñ o diýen öwerlik däldigi baradaky pikirini-de perçinläpdir. Ýazyjy ruhy taýdan ejir çekipdir, saglygy ýagdaýy mazaly ýaramazlaşypdyr. Şol döwür ol düýpli ruhy özgerişi başdan geçiripdir, toba gelen ýazyjy mundan beýläk takwalygy ýüz urup, yñdarma dindara öwrülýär. Ýazyjy öz baýlygyny boşadyp goýbeden hyzmatkärlerine paýlap hemmeleri haýran galdyrypdyr. Ýöne onuñ täze pukara durmuşy aýalynyñ göwnüne ýaramandyr. Sonýanyñ birgiden çagany dünýä inderendigine, onuñ "Uruş we parahatçylygy" tutuş ýedi gezek täzeden göçürendigine garamazdan, Tolstoý bir gezek "Meniñ keselimiñ başy Sonýa" diýip nalapdyr. Tolstoý ýaşan döwründe edebiýat boýunça Nobel baýragyny almandyr. 1901-nji ýylda bu abraýly baýragyñ ilkinji gezek gowşurylyşynda iñ güýçli talaşgäriñ Tolstoýdygyna garamazdan, baýrak fransuz şahyry Sýulli-Prýudoma berilýär. Soñ-soñlar Tolstoýyñ "Kreýser sonatasy" powestinde aýal-gyzlaryñ mertebesiniñ peseldilýändigi bu baýragyñ oña berilmezligine sebäp hökmünde görkezilipdir. Dindar bolan döwürleri werziş bolnan endiklere erk etmegiñ bagtyýarlygyñ açary hasaplan ýazyjy et iýmekden doly el çekip barypýatan wegetariana öwrülýär. Onuñ bar iýip-içýãn zady süle şülesiden, gara çörekden we käşirdir beýleki gök önümlerden taýýarlanan bulamakdan ybarat bolupdyr. Tolstoý spirtli içgilerdir çilimdenem ymykly arany açýar? "Adam näme sebäpli özüni süpüge öwrüp biler?" diýen makalasynda adamlaryñ arakdyr çilim ýaly zyýanly endiklere wyždanlaryny köşeşdirmek üçin Ýazyjy özara gatnaşygy añsatlaşdyrmak üçin halklaryñ parahatçylygyny üpjün etmek maksady bilrn döredilen halkara emeli dili bolan esperanto dilini wagyz etmegiñ tarapynda çykyş edipdir. Ol bu dili üç-dört sagadyñ içinde öwrenendigini ýazypdyr. Tolstoý bilen Iwan Turgenýew uzak wagtlap ýakyn dost bolanam bolsalar, kem-kemden, hususanam Tolstoýyñ göwnedegijilikli hereketleri sebäpli biri-birinden daşlaşypdyrlar. "Atalalar we ogullaryñ" awtory soñ-soñlar şeýle diýipdir: “Biz doly biri-birimize ters ýagdaýda. Men çorbany halasam, Tolstoý ony hökman ýigrenýär”. Iñ soñky dawalary dostlarynyñ biriniñkide agşamlyk iýenlerinde bolup geçipdir. Özara gürrüñ gyzyşanda Tolstoý gyzyna terbiýe berşinden nägile bolup, Turgenýewi ýepbeklemäge durupdyr. (Gyz Turgenýewiñ hyzmatkärinden bolan binika çaga eken). "Ol gyz seniñ aýalyñdan bolan bolsa, sen oña has gowy üns bererdiñ" diýip, Tolstoý oña soñky sözüni aýdypdyr. Iki ýazyjy dost biri-birileri bilen gyzyl ýumruga girer ýaly derejede ýakalaşýarlar, ahyrynda Tolstoý Turgenýewi duele (ikiçäk atyşyga) çagyrýar. Sapançalara ok sürülýär. Hernä edebiýat meýdanynyñ iki läheñi biri-birine ok atmakdan saklanypdyr, olar dagy-duwara biri-birlerini ýüzlerini görmezlige äht edip, ol ýerden aýrylypdyrlar. Robert ŞNAKENBERG. Terjime eden: Has TÜRKMEN. Surat: I.Repin "Tolstoýyñ portreti", 1887 | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||