03:44 Meşhur ýazyjylaryñ durmuşyndan: Oskar Waýld | |
OSKAR WAÝLD
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(18.10.1854-30.11.1900) "Zenan dünýäsi" ("The Woman’s World") žurnalyna redaktorlyk eden iki ýylyndan başga galan ömründe belli bir işiñ başyny tutmadyk Oskar Waýld "Adamyñ maksady medeniýetli bikärlikden başga zat däl" diýýän eken. Waýldyñ ekssentrligi maşgalasyndan geçen zat. Ol göz-gulak hirurgy bilen irlandiýaly şahyra zenanyñ maşgalasynda dünýä indi. Ýöne näsaglardan biri onuñ kakasyny anesteziýada ýatyrka namysyna degmekde degmekde aýyplap suda beripdir. Sud hirurgyñ garşysyna iş gozgaýar. Bu bolsa ýaşajyk Oskaryñ sud zallary bilen ilteşikli gelejegine ýaramaz tagma basdy. Waýld mekdepde okaýarka sportuñ oglanlara degişli görnüşlerini ýerine ýetirmekden gaça durupdyr. Munuñ tersine ol içki bezegler bilen gyzyklanyp, mekdebiñ ýatakhanasynyñ içini tawus guşunyñ perlerinden, iñ halaýan güli bolan liliýa güllerinden, gök farforlardan doldurypdyr. Oskaryñ geñsi gylyklary sebäpli, synpdaşlary onuñ otagyny dörýärler, ony zor bilen Çerwel derýasyna zyñýarlar. Oskar Waýld 1884-nji ýylda Konstants Lloýd bilen nikalaşýar, toýdan öñ köp wagtyny gelinliginiñ eşiklerini bezemäge sarp edipdir. Emma 1890-njy ýyllara gelinende, şan-şöhratyny mazaly perçinlän pýesalaryny ýazmaga başlan Waýld mundan beýläk döwrüñ ülñülerine gabat gelýän jynsy formasyny saklap bilmedi. Oskar Waýldyñ ejesi Jeýn Waýld üýtgeşik bezelen penjekleri geýinmekden lezzet alýan ekssentr häsiýetli şahyr aýal bolupdyr. Ol her penjeginiñ döşüne jöwherli, tüýli täç dakypdyr. Jeýn Waýld gyz perzendi bolmandygy üçin kiçijik Oskara gyzlara geýdirilýän etegi seçekli wiktoriýan köýnekleri geýdiripdir. Oskar Waýldyñ daşky keşbi boýunça iñ ynjalykdan gaçyryjy aýratynlyklarynyñ biri-de, ony betgelşik görkezýän garalan dişleri bolupdyr. Bu boluş oña ýetginjeklik ýyllarynda ýolugan merezýel (sifilis) keselinden saplanmak üçin edilen simap bejergisinden geçipdir. Şonuñ üçin Waýld özara gürrüñdeşliklerde hemişe elini agzynyñ üstüne goýup gürläpdir. Ýazyjynyñ garramajak bolup tebigatdan daşary ýollara ýüz tutýan gülkünç meýlishonlaryñ başdan geçirmelerini gürrüñ berýän "Dorian Greýiñ portreti" romany ýarym awtobiografiki häsiýetli eserdir. Waýld ak giren saçlaryny görkezmejek bolup, hakykardanam bolmajak ýollara ýüz urýar. Hatda ol saçyny boýanda ulanýan boýaglary sebäpli, gollary, ýüzi, döşi we arkasy ömrüniñ soñky on ýylyny hart-hart gaşanyp geçirmegine sebäp bolan gijilewük keseline ýolugypdyr. Robert ŞNAKENBERG. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |