09:13 Meşhur ýazyjylaryñ durmuşyndan: Onore de Balzak | |
MEŞHUR ÝAZYJYLARYÑ DURMUŞYNDAN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Okyjylar üçin käte ýazyjy-şahyrlaryñ eserlerinden olaryñ şahsy durmuşy has gyzykly, has özüne çekiji bolup görünýär. Amerikan ýazyjysy Robert Şnakenbergiñ birinji neşiri 2008-nji ýylda çykan "Meşhur ýazyjylaryñ syrly durmuşy" ("Secret Lives of Great Authors" / "Тайная жизнь великий писателей") atly kitaby hem hut şol nukdaýnazardan ýazylan kitap bolsa gerek. Aşakda şol kitapdan bölekleri siziñ dykgatyñyza ýetirýäris. ■ ONORE DE BALZAK (20.05.1799-18.08.1850) Onore de Balzak ilki-ilkiler özüne "O diýen üýtgeşikligim ýok" diýenem bolsa, "ýöne tutumym giñ" diýmegi ýadyndan çykarmandy. Ol muny diýmek bilen öz daşky keşbini göz öñüne tutup aýdypdyrmy, ýa-da ýazýan eserleriniñ intellektual göwrüminiñ uludygyna kakdyrypdyrmy, belli däl. Emma Balzagyñ meşhur prozaçylaryñ arasynda iñ çişigi bolandygy welin belli. Ol çakdanaşa iýermenligi, eksantrik geýnişi we gödekligi bilen ýaka tanadypdyr. Ýazyjy iýýän zadyny köplenç çemçeläp däl-de, pyçak bilen iýýän eken. Lukmasyny owurdyna alyp çeýnäp durka-da, daş-töweregine syçradyp iýipdir. Adamlar onuñ şahsy hüý-häsiýetleri, ýaramaz endikleri barada näme diýseler-de, nähili düşünseler-de, onuñ beýik ýazyjylyk sypatynyñ öñünde hormat bilen baş egseler gerek. Onuñ "Adamzat komediýasy" romanlar tapgyry Napoleondan soñky fransuz jemgyýetiniñ beletlik bilen ýakyndan synlanyp ýazylan çeper beýanydyr. Balzak ilkibaşda dramaturg hökmünde tragediýa žanrynda eserleri ýazmak isläpdir. Ýöne onuñ Oliwer Kromweliñ durmuşyndan söhbet açýan pýesasyny okan professorlaryñ biri Balzagyñ ejesine oglunyñ edebiýatdan başgaçarak bir ugur saýlasa gowy boljakdygyny aýdypdyr. Balzak lapykeçlige düşmändir we döredijilikden daşlaşmandyr. Ýazyjy 1822-nji ýylda bäş romany birden ýazyp gutarýar. Romanlaryna-da öz adyndan üýtgedip alan "Lord R’Hoone’" diýen toslama awtoryñ adyny goýýar. Ol mundan beýläk monah eşigini egninden çykarman, gijelerine diñe kofe içip, günüñ on bäş sagadyny ýazyp geçirýär. Hernä Balzak çilim çekmeýän eken. Ol çilimiñ ysgyndan gaçyrýandygyna ynanypdyr. Ýazyjy köpçülikleýin çärelere hem işjeñ gatnaşyp, ýazýan romanlaryna tema toplapdyr. Ol günde elli çaşka kofe içipdir. Kofesi öñüne getirilmedik halaty bolsa, bir gysym kofe dänesini aýasyny alyp owradyp agzyna atyp goýberipdir. Balzak "Kofe meniñ durmuşumyñ güýç çeşmesi" diýýän eken. Ýöne aşa köp mukdarda ulanýan ajy kofesi ýazyjynyñ saglygyna düýpli zyýan ýetirip başlaýar. Ýaşaýyş-durmuş şertinde we iýip-içmek düzgünlerinde belli bir kadanyñ bolmazlygy ýazyjyny döredijiliginiñ iñ bir kämil döwründe - elli bir ýaşynda aradan çykmagynyñ birinji sebäbidir. Üpül-süpül geýinýänem we hapysaragam bolsa Balzagyñ aýal-gyzlar bilen arasy saz bolupdyr. Eline düşen puly-da tarhandökerlik bilen sowmagy gowy görýän eken. "Şu gününi tapsa ertesini gaýgy etmän", begzadalar kimin ýaşamagyñ gerekdigine ynanan ýazyjy kitaplaryndan guýlup duran düşewündi ýerlikli ulanyp bilmändir we ömürboýy "ite bir sümek bergili" bolup ýaşapdyr. (dowamy bar)... Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |